17:21 “Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara...” | |
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.” (“Görogly” eposyndan) Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym, “Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.” “Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn Başyna täç etdi” diýgil daglara. “Özün aýamady, çekdi ah baryn, Diňe maňa diýip bildi ahwalyn, Arzuwy gezmekdi arşy, asmany, Onsam çüte bitdi” diýgil daglara. “Deňizde gulaçlap, ýeňip tolkuny, Ýaşajakdy yşkdan ýasap ýelkeni. Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy gezjek ýanar o:tdy...” diýgil daglara. “Ýellere harpyk deý sowruldy” diý sen, “Söýgüde armanly gowruldy” diý sen, “Maksady ullakan oglandy” diý sen, “Şatlyk hem hesretdi” diýgil daglara. “Aý kimin arzyly, Gün deý ýagtydy, Arzuwçyldy... Hyýallary tagtydy, Behişti gözeliň duşjak bagtydy, Bagtydy... Bagtdy!” diýgil daglara. Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |