Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:37
Agam...

AGAM...

Agam, sen tanaýan dälsiň iniňi...
Tanyş bol: men — iniň...
Aslynda
Siziň gara diýýäniňizi ak bilýän,
Ak hasaplap ýöreniňize “gara” diýýän;
Halalyňyzdan uzak,
Haramyňyzy özüne siňdiren,
Ýagşu-ýaman işlerden gaça durmadyk
Hem gorkmadyk deňdirinden hasaplaň...
Azaplaň ýüzüne ýylgyryp bakan,
Geçmişini alga alman,
Geljegine biparh bolan iniň men...
Atamyz bir bolsa-da,
Hatamyz dürli-dürli;
Enemiz bir bolsa-da,
Bir ojakda boý alsagam,
Ýigit çyksagam,
Topragymyz şol bir toprak bolsa-da,
Adyň Wepa, adym Sapa ahyryn...
Sen wepaly ojaga.
A men — Sapa.
Ömrüm — sapa.
Durmuşym — sapa.
Gurluşym — sapa.
Derdim — sapa.
Dermanym — sapa.
Armanym — sapa.
Sen — ojagyň guwanjy, agam.
Sen meniňem guwanjym.
A men...
mundan buýana-da
Sapa bolsam,
Sapa bolup ýaşasam,
Ýazgarmaň...
Sebäbi
sen tanaýan dälsiň, Wepa, iniňi...
Sapa iniňi...
Ömri, köňli, dünýäsi
durşuna jepa iniňi...

© Sapa HOMMADOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 99 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Medicall • 20:18, 05.12.2023
Ady Wepa bolany bilen hökman wepaly bolaýmaly bolsa bolyaram ol, ýöne... ýõne... ýönesi bar-da şoñ...
Gowy goşgy, Sapa, wepaly, sapaly ömrüñiz owadan bolsun!
avatar
1
2 tmpoet • 21:33, 05.12.2023
Gowy goşgy. Goşgy "Sapa" iniň häsiýeti ýaly erkin ýazylypdyr.
avatar
1
3 tmpoet • 21:34, 05.12.2023
A men — Sapa.
Ömrüm — sapa.
Durmuşym — sapa.
Gurluşym — sapa.
Derdim — sapa.
Dermanym — sapa.
Armanym — sapa.

Gowy!
avatar
0
4 Мango • 22:00, 05.12.2023
Bäää….
Ýüzleşme dowam edýär öýdýän.
Düýn kakasy bilen ýüzleşen boldy, bu gün bolsa Sapa agasy bilen ýüzleşýär…
Ertir kim kim bilen ýüzleşerkä?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202