Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:48
Geň-enaýy Mary gyzlary
GEŇ-ENAÝY MARY GYZLARY

Iki sany gözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.
Dillerinde sözi bardyr
Maryň gözel gyzlarynyň.

Gör, ellerem iki sany,
Hakyt gyzyl reňkli gany,
Iki däl-de, birdir jany
Maryň gözel gyzlarynyň.

Aýak bilen ädimleýär,
Gaýnan suwa çaý demleýär,
Gulaklary ses diňleýär
Maryň gözel gyzlarynyň.

Atlary hem geňdir, bilgin:
Maral, Aýna, Jennet, Sülgün...
Gaşam iki (gördüm hol gün)
Maryň gözel gyzlarynyň.

Sesi inçe, ýognasam däl,
Alçagam kän, agrasam kän.
Içýäni suw, iýýäni nan
Maryň gözel gyzlarynyň.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/22168-ge-enayy-mary-gyzlary-barada.html. 04.02.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 161 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Medicall • 19:35, 04.02.2023
Sapaň şuň ýaly erbetje ýazýanyna ynanasym gelenok-da, edil beýdamaz-a, belki degişmedir? (ýöne degişme bolaýanda-da saldamlyrak ýazaýjak ýaly öňki goşgularyny okanyňda..)
avatar
1
2 Kyyas • 20:20, 04.02.2023
Käbir goşgulara tankydy jogap edip ýazdy
avatar
1
3 Bagabat • 08:14, 06.02.2023
Goňşy saýtda "Jumaşahyrçylyk" moda bolupdyr. Birki gün bäri "Jumaşahyrçylyk" garaçyny bilen hekaýa öwrülesi gelip dyzap ýatyram welin, menem: "nätanyş bir bendäň göwnüne gaty degäýmäýin" diýen pikir bilen gaty bek ýazjakgäden otyryn :-).
Sapaň bu "namasam" şo "Jumaşahyrçylyk" "modasy" bilen "keselläp" ýazylan goşgy :-). Ilki okanymda gülüp-gülüp hezil etdim. Oň ýaly gülmek üçin bolsa bu goşgyň ýazylyşynyň "Jumaşahyrçylyk" kontekstinem bilmeli.
avatar
2
4 Мango • 10:37, 06.02.2023
goňşy oba-da gidemizok-da...
nämeler bolup ýö otaýlar-da?
bolmasa, haýsy awtobusly nirä gitmelidigini aýt.
baryp göreli o modany...
avatar
avatar
1
6 Мango • 11:11, 06.02.2023
"Dokma senagatyna bagyşlanan goşgy setirler"-den bir setir:
...Ajaýyp halylaň hemmäň öýünde..

we..."Beýik Magtymgulyň şygyrlary"-ndan setir:

...Ajaýyp kitaplaň hemmäň öýünde...

Juma şahyryň şablony bar ýaly, kim hakda, näme hakda ýazmaly bolsa, diňe sözi çalyşýaň, bolany... ýaly.
gyzykly...
avatar
1
7 Мango • 11:25, 06.02.2023
Juma şahyrdan setirler:
"Beýik Magtymgulyň şygyrlary
Şöhratyň belentdir dünýäň öňünde"

Türkmenistanyň gimninden setirler:
"Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur,
Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde"

häp-perekella!
avatar
0
8 Bagabat • 11:28, 06.02.2023
Bu ýanda senem başlaýsaň bolaýjak özi :-).
Degme ýagsyn-laý!
Zontik tutaýsana.
Hökmanmy ýagşyň aşagyna çykma? :-).

Edenine şükür, etjegine-de, biziň-ä "köne paket" bilen işimiz ýok :-).
avatar
0
9 Мango • 11:35, 06.02.2023
dogry aýdýaň.
degme ýagsyn.
avatar
0
10 Medicall • 21:25, 06.02.2023
Biziñ köçämizden ol köçä marşrut gitmän dun eken:))
avatar
0
11 atayeva • 06:53, 26.08.2023
Ýeri onsoň ýagyş bilen nädýäňiz ? :D Ay bu jumaşahyrçylyga bet ekenow. Øwrenaymeli zat eken.
Iller ýazyar, menem yazdym
Jumaşahyryňkydyr esli çyo
avatar

Старая форма входа
Total users: 203