18:42 Yrymçyldyň... | |
...Ýok, ýok! Men-ä ynanamok. Ýöne sen yrymçyldyň (görseň, edil ejem-dä!). Gorky bilen tisginerdiň käte bir Öňümizden gara pişik geçende. Ýyldyzly asmana seredip siňe, Balkyldadyp jeren bakyş dideleň: “Erte howa gowy bolar, ýyldyzlar patrak ýaly seçilende gijeler” — diýip, ýorumyňdan göwnüň hoş bordy. Çagaňkydy ýüregiňem, päliňem. Ýöne seniň bilen galmaklyk üçin Men yryma ynanmajak däldimem... Birden dünýämizde boşluk döredi Ýyldyzy patrak deý seçilen gije, Ykbalmyzyň çatrygyndan gap-gara pişik geçen hemem hijran derdinden Ýüz-müň ýola ýanyp-öçülen gije. Hany, ilki arzuwlaryň başgady, Dilegleriň gowulykdy ahyry! Yrymçylym, ýüregiňe dönenim, Şol gün jäjem döwülipdi ahyry!.. Sapa HOMMADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |