20:28 At tapmadym | |
Eje! Meni äkitsene bu ýerden, Ynsan ýok, biliñi baglamana-da, Her dogan günümiñ, gussasy ýetik, Sebäp tapylyp dur aglamana-da. Eje! Meni alyp gidäý bu ýerden, Diýenlerim üçin, diýjegim üçin, Ýene sadalygmy öñe tutunyp, Senden özgesini söýjegim üçin. Kalbymda kinelem mekan tutupdyr, Ornuny berenok şatlykly güne, Tomusda titrän tämiz duýgylam, Garrylyk goşup dur jahyl görküme. Eje! Meni äkitsene bu ýerden, Ýylylyk tapamok mähriñden gaýry, Her salam berenler peýda araýar, ,,Dost" diýip ýüzlenen gözleýär haýry. Düýşüme giripsiñ, perişde ýaly, Garañky otagym ýagtyldy birden, Howlugyp geplänim ýadymda şonda, ,,Eje! Meni äkitsene bu ýerden". Ruhymy ruhyña baglaýyn käbäm, Dirikäñ gadryñy bilmänim üçin, Hemem dünýe hakda pirkrimi goldap, Senden özgeleri diñlänim üçin. Sen bagyşla meni, bagyşla eje!, Gep beren duýgylam, hekgeren göwnüm, Bu gün ýoklugyñda ejir berip dur, Çözüşip oñarman geljegiñ düwnün. Umydym umyda tirkäýin ýene, Ynamym ynama sapyp ber käbäm, Ýa-ha öz ýanyña müdümi äkit, Ýa-da bir yşarat tapyp ber käbäm!. Ýadadym ýamanlañ ýalanyn diñläp, Äkit öz ýanyña rahatlyk tapsañ, Gaşymy çytmanjyk yzyna düşjek, Ezraýyl perişde gapymy kaksa. Şeýle bir irizdi ýasama ýüzler, Aýtsana! Syrymy gizläýin nirde? Sen başarýañ ahyr, ruhyñ bilen, Maña göwünlik ber içime girde. Alnymy alnyña diräýin käbäm, Gutarma ýokmuşyn arzuw-islege, Diñe düýşüme däl huşuma gelip, Meni bu ýerlerden alyp gitsene!... Goşgy haýyş boýunça ýazylan. © Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |