08:17 ,,Dost'' diýmäñ maña!. | |
,,DOST" DIÝMÄÑ MAÑA!. ,,Dost" diýmäñ maña... Bu gün meniñ bilen duzum iýişip, Ertir bolsa, tapyp müñ bir bahana, Ýalanlañ içinde ýakjak bolsañyz, ,,Dost" diýmäñ maña. Goluñyz boýnuma atyşan bolup, Süýji sözi getirip şor dahana, Iñ soñy mugtyna satjak bolsañyz, ,,Dost" diýmäñ maña. Ugursyz beýnimiñ iglän mahaly, Ýürekdeş syraşyp batamda gama, Soñam duşman ýaly bakjak bolsañyz, ,,Dost" diýmäñ maña. Kim bilipdir geljeginiñ biçimin, Synag üçin inipdiris jahana, Alla zikir edip ýatsam agşamlar, Herne şükir bilen ýetemde daña, Ýürekden çykýan söz döndi lagyla, Köp ynsanyñ ýüzleri hem ýasama, Indi çyn dostluga ynamym öçýär, Müşgil işlem dönmese-de asana, Kemimi agtaryp, artygym gizläp, Kamaty çeýnelen sabrymy sana-, -Sala:mda, ýylan deý çakjak bolsañyz, ,,Dost" diýmäñ maña... 2014ý ©Baýram BEJIDOW | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |