Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:15
Maňa ejizdir öýtdüler
MAŇÄ EJIZDIR ÖÝTDÜLER

Maňa ejizdir öýtdüler,
"Beýiklikden gorkýan"diýsem,
Maňa ejizdir öýtdüler,
"Käteler darykýan"diýsem.

Maňa ejizdir öýtdüler,
Sadalaň tarapyn tutsam,
Maňa ejizdir öýtdüler,
Terk edenleri unutsam.

Maňa gorkakdyr öýtdüler,
Gep gaýtarman dymanymda,
Oňa erkekdir öýtdüler,
Kişä kesek zyňanynda.

Säginende täleý otlym,
Saga çekdiler, çep ýanym,
Duýmadylar kine bilen,
Gussany içe çekýänim.

Bu ömrüň tanapy çüýrük,
Umyt bar, ynam ýok ertä,
Güneşe çüýredi duýgym,
Aňmadylar ynam terkä.

Gyýylanda ýuka göwnüm,
Başymy sypan ejemdi,
Tümlüge gaplap gitdiler,
Ýagty ýatlanjak geçenmi.

Tenimden burugsan tüsse,
Dem bolupdy käbirine,
Niýetime ýaplanypdym,
Emma bakdylar hilime.

Maňa bahyldyr öýtdüler,
Dogrulap, baksam ýüzüne,
Oňa jahyldyr öýtdüler,
Bal garanda zäher söze.

Ýalňyzlykdan haraý isläp,
Dilime dakdym ýaşmagy,
Päk ýüregmi çepe süren,
Iki ýüzlüleň paşmagy.

Gaçyp gutulma çok eken,
Hyýallarym salgym ýaly,
Ýene umyda ýapyldym,
Olam menden argyn ýaly.

Ýaşamagy dowam etsem,
Arzuw ýüregmi tüýtdüler,
Kyn günümde doga etsem,
Maňa ejizdir öýtdüler.

Çeşmesi: http://yashlar.ru/m/blogs/show/?id=192. 25.11.2022ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Medicall • 13:41, 25.11.2022
Şu awtor gowy ýazýar, öñ bir ýerde-hä okapdym goşgularyny. Manyly, çeper, duýguly ýazýar.

Ýöne ähli zady içiñe salmak kine  saklamaklyga getirýär, bu bolsa  gowy däl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203