00:10 Hoşlaşyk | |
HOŞLAŞYK Ýaşlykdanmy, daşlykdanmy?, Bilemok, Ikimizem aýry ýola ýolukdyk, Bahanamyz, biz pikirdeş dälmişik, Öñler-ä biz ýürekdeşem bolupdyk. Sansyz, soñsyz duýgylara uýupdyk, Söýüpdigem bir-biregi jan bilen, Gür şatlyga umyt eden hyýallam, Tamam boldy bu gün ýene gam bilen. Kalbyma dökülen ajylar bilen, Dost tutundym ýalñyzlygy özüme, Indi meni otlar sençe ýakanok, Öwrenişdim ataşlaryñ közüne. Belki, senem küýsegimde ýörensiñ, Gözleriñe gussa bolandyr hekem, Dünýede iñ uly ezýetleñ biri, Hiç soñy gelmedik ýalñyzlyk eken. Ýandaklary ýorgan edip ýapynýan, Gijeleñ tümlügi göwnüme urna, Ýörän ýollaryma ýalanyñ düşap, Haýyş edýän durmuş, ýüzüme urma!. Bagt meniñ mañlaýymdan öpmedi, Ne-hä söýgim galdy ne-de höwesim, Ýer hopan-da tisginmedik ýüregim, Sen gideñde doldurypdy öwezin. Gursagyma zäher bolan günleriñ, Baryny unytjak başyndan başlap, ... Bolýa-da hoş gal...! GITME Men ynanjañ, gel ynandyr, Soñam oduña ýak meni, Öwrenşen tenim, ýanmasam, Zäheriñ bilen çak meni. Ýuw ýüregmi, ýa-da kirlet, Gül açmaz çöllükde gunçam, Ýöne gitme durmuşymdan, Ömür ýetmez unydynçam. Diý, diýiber näçe diýseñ, Kemsitseñem, kemsinmerin, Ýöne bilmänler gezmäýin, Sensizlikde nä ederim. Ur dulugma, ýumruk bilen, Tenim awasyn, ynjaman, Diýsem bir gezek diýerin, Durmuş ýaly zol ýanjaman. Isle, erkimi ýitirip, Erkiñe baglaýyn ýüp ber, Zor bilen saklamok, ýöne, Eý söýenim! Haýyş gitme!... ÄHTIMAL Wulkan ýaly ýanyp duran hesermiñ, Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal, Pesdir öýtme, söýgim üçin peselsem, Ykbalymyñ maña eden ähti bar. Bilýäñ ahyr, duýgylamda meslek ýok, Arzuwlarma umyt bilen çyrmaşdym, Başarsañ-a ynamymy berçinläp, Heşdek ýaly dogumymy ornaşdyr. Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma, Garaşma sen çogly günüñ dogarna, Ykbal, täleý, ýazgyt bile birigip, Iñ soñunda alyp gider owarra. A soñra-da ne men, ne-de sen meni, Tapyşmarys, Idemersiñ, idemen, Seniñ üçin tüme dönen dünýäni, Görmezligi arzuw eder dideleñ. Öwrenşeris, ,,Ýazgyt" diýip oñarys, Başyñ alyp durmazmyşyn ähli zat, Bu güneşiñ ýaşmagyna garaşma, Wulkan ýaly öçmegi-de ähtimal... © Baýram BEJIDOW Nesil gazeti 22.07.2023ý | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |