14:53 Maña garaşmañ!.. | |
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR MAÑA GARAŞMAÑ!. Hanha seret!, çogly güneş dogupdyr, Bilmen, nireleri büräpdir tümlik, Bor-bolgusyz pikir doly başymy, Edil şuhal gurşap aldy ümsümlik. Ýoluñ soñy gelen ýaly, hamala, Häzir ömrüñ soñky duralgasynda, Sürüji ,,düş" diýip seslenjek ýaly, Men taýyn durun ruhymy gysymlap. Uzak gije uklamadym, oýadym, Kalbym hiçzat hakda hiçzat syzmady, Dymmaşak oýnadyk hyýallam bilen, Şu gezegä bir sözünden jyzmady. Ejem geler ýene birazsalymdan, Soragly dideler didäme bakar, Jogap berjek sözlerimiñ deregne, Bir damjajyk ajy gözýaşym akar. Başym sypar, meni gepletjek bolar, Men näme hakynda näme gepläýin?, Öñler selkilleýän ýañra dilimiñ, Men nädip aýdaýyn hata geplänin?!. Täsirinden täsin eý tämiz säher, Ukymy ogurlan garañky gije! Begeniñ, Ýüregme howsala salyp, Gurnan güýmenjäñiz çykmady puja. Bir zat pikir etmän, bir zat gürlemän, Bolup oturyşym dälä ýaraşýar. Men kime garaşýan, nämä garaşýan, Maña kim garaşýar, nämä garaşýar?, Men şu güni özüm bilen ýaşajak, Maña garaşmañ!... | |
|
Ähli teswirler: 13 | |
| |