Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:34
Ýalňyzlyk adasy
ÝALŇYZLYK ADASY

ÝALŇYZ okeanda ýalňyz ada bar,
ÝALŇYZ öý bar ortasynda adanyň.
ÝALŇYZ ýalňyz adam ýaşaýar,
ÝALŇYZ pişigi bar ýalňyz adamyň.
ÝALŇYZ adam ýalňyz pişigi bilen,
ÝALŇYZ adadaky ýalňyz öýünde.
ÝALŇYZ ýaşamakdan halys bez bolan
ÝALŇYZ kişi hakda hiňlenýär günde.
ÝALŇYZ gämi barýar ýalňyz ýelkenli,
ÝALŇYZ ada ýalňyz gäminiň ugry.
ÝALŇYZ adam bulap ýalňyz telpegni,
ÝALŇYZ halasgärin çagyrýar: "Bäri?!"
ÝALŇYZ deňizçi bar ýalňyz gämide
ÝALŇYZ ýolbeledi ýalňyz adamyň.
ÝALŇYZ ýeňipdir ol tupan-gomy-da,
ÝALŇYZ dosty çünki, ýalňyz adamyň.
ÝALŇYZ adam alyp ýalňyz pişigin,
ÝALŇYZ dosty - ýalňyz deňizçi bilen,
ÝALŇYZ öýüň ýapyp ýalňyz işigin,
ÝALŇYZ gämä münýär yzyndan gelen.
ÝALŇYZ ada dönýär ýalňyz nokada,
ÝALŇYZ gämi barha aldykça bady...
ÝALŇYZ okean ýok, ýok öý, ýok ada.
ÝALŇYZ wagtym tosladym beýle zady.

©Hemra ŞIR

Çylşyrymly "Kerkaw" tilsiminde ýazylan, sütünli goşgy.

Çeşmesi: https://dostluk.ru/mowzuk.php?id=12073. 29.03.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 Мango • 10:25, 29.03.2023
"ÝALŇYZ ada dönýär ýalňyz nokada,"
şu setiri bulaşdyrdäý ýene kelläni.
"ada" sözüni süýndirip okapdyryn, olam ters many berýär: yzyna ýalňyz ada tarap dönýär (gaýdýar)...
bulaşdyran zadyň birem "dönmek" sözi hem bolup biler.
olam iki many berýär.
1) dönmek - öwrülmek, bir zatdan başga zada öwrülmek
2) dönmek - dolanyp barmak.
setirde adanyň nokada öwrülenligi barada gep gidýä.
men bolsa ada tarap yzyna gaýdyp geldi (döndi) diýip okapdyryn.

Hemra kaka, gowja toslapsyň.
ýene ýalňyz galyber beýle zatlar çykjak bolsa.

kerkaw tilsimi bolanda näme bolýar diýäýsem Bagabat däde "şonam bileňokmy" diýip utandyrarmyka?
avatar
1
2 Мango • 10:37, 29.03.2023
surat barada.
ýalňyz adada bar ýalňyzlygy bulap taşlaýan iki sany palma we iki sany oturgyç bar eken. :-)
avatar
1
3 Bagabat • 12:48, 29.03.2023
Ikinji oturgyç goşgudaky "ýalňyz" adamyň "ýalňyz" pişigi üçindir.
...diýeýin-de suratyň çalaşşa arkasyny alan bolaýaýyn :-).
avatar
1
4 Pero • 14:19, 29.03.2023
Türkmen dilindäki iñ uzyn ýalñytmaç bolsa gerek. Ýok, beý diýmek bilen goşgy däl diýjek bolamok. Baryp ýatan goşgy eken. Ýöne Hemungueýçileri ýada saljak boldy bi
avatar
1
5 Pero • 14:23, 29.03.2023
Öýde "kame home" (come home-öye dolanmak) diyen yazgy bar eken. A ol gowja öýi taşlap nirä gitjekkä Ýalñyz?
avatar
0
6 Bagabat • 14:39, 29.03.2023
Awtor diýýä:
okean ýok, ýok öý, ýok ada.
ÝALŇYZ wagtym tosladym beýle zady.

Diýmek bolýa:

Toslap-toslap toslama,
toslamadan taslama,
taslasaň-da taslama,
tyssyk-tyssyk tyslama,
toslamaga gyssama.
avatar
0
7 Bagabat • 14:41, 29.03.2023
Heh.

Ýaňyltmaç-hekaýajyklar

Alaka, alaňňyrt, alasar

Akrapda, Arkajyň Akdaşaýagynyň arkasyndaky aňňat-aňňat, aklaň alaňlygyň aňyrsyndaky alaň-açyk adyrlykda, açylgan, ak asmanyň astynda, açgöz, akjymak-ala alaka, arkasyny alardyp, agras abşarylyşyna, alyn aýaklaryny apalap, adaja arassalaýardy. Akja akbaşyň aşagyndaky alaja alaňňyrt, ala alakanyň alyn aýaklaryny apalap, adaja arassalaýşyna, agzyny açyplar, aç-açan aňkarylýardy.
Abyrsyz akbaşlygyň arasyndaky akçöplükde, arymsy, alawuz alakadyr, aladasyz, aňkaw alaňňyrda aram-aram ajymtyk alarylýan, agymtyl, alabeder alasar, ajygyp, arasynda, alaňlaç alalygyň aňyrsyndaky, alys agaçlykdan alapasynyň alamatyny agtarýardy.
Alyn aýaklaryny alňasaman, allanäme arassalan aksowult alaka, aňkaragan, akmak alaňňyrtdyr, ajygan, awçy alasary aňyna alman, ajygýandygyny aňynda aýlap, alapalyk awunyň amadyny agtarmaga, adyrlygyň atgaýtarym aňyrsyndaky agaçlyga anjaýyn atlandy.
Alarman, aksowult alakanyň awa atlananyny aýtymyna alan alaja alaňňyrdam, akçöplükde alapasynyň ahmalyny araýan awçy alasara agras alaryldy-da, aram-aram assaja asgyryp, akjymak arkasyny akjardyp, akbaşlykdan arany açyşyna aklaň alaňlygyň aňyrsyna aşdy.

Böwürslenlikde bukulýan bedenäniň balasy

Baharda, Balkandan Bama, Bamydan Börmä, Börmedenem Bäherdeniň bärisindäki baýyrlygyň buljum böwründe, böreň-böreň bulanýan, büklem-büklem batly bulagyň, belent bendiniň beýlesindäki böwürslenlikde bukulan boz bedenäniň biý balasy, biweç bigamlyk bilen, bulutly bipaýan beýiklige bagjyksyz baglanan bedeneçi bazygär balamanyň bähresi bolmajak bolup, byzbyldaman, boýa-boý bolan balgazlardyr-boýbodranlaryň, bugratikendir-burçalaryň baldaklaryny barha beter bagyrtlap, bükgüldäp, burulyp-busulýardy.
Baharyň başynda, balamandan başga-da bedenejigi bölek-bölek bölekläp, bährelemekçi bolýan biwaz betpygyllar, bu böwürslenli-bulakly baýyrlykda boldan-boldy. Bürgütlermi, bahrylarmy, bazylarmy, baýguşlarmy, börülermi…bu betpälleriň barysyndan bedenäniň boz balajygy, boýnaklyk bilen buljumlarda bukdaklap, boýdan-başa busurylyp, boýunalyk bukulmaly bolýardy.
Bedenäniň bilnikli balasy, bazygär balamanyň birsalymdan birmeňzeş bulutly belentlikden bizar bolup, beýikligini başgalajakdygyna beletdi. Balaman bedenäniň balasyny böwürslenlige bagjyksyz baglaman, bahym beýleligine baka badyna bat berdi.

Çekene çopan Çary

Çerkezli-çomuçly, çaýyrly çägeligiň çetindäki çetiden çatmada, Çalyşyň çekene çopany, Çendirli çelteklerden çepbekeý Çary Çepekliniň çep çekgesinden çakgan çekirtge çemelenip çakdy. Çekirtge çakan çekene çopan Çarynyň çypbakaý-çyndan çygyran çykylygy çyrslandan çykdy. Çillede çagarygy çatylanda çekeligi çigdem çekilmän, çala çigilen, çalajan çamalagy çaşan çatmadan çygyryp çykan çekene çopan Çary çeltek, çekgesiniň çepinden çakyp, çawlan, çeýeden çalasyn çekirtgäni, çemesini çemeläp, çepbekeý çümmükledi. Çekirtgäni çümmükleýşine Çary çopan çermegini çyzgap, çommaldy-da, çepegini çykaryp, çekirtgäni çepekläp-çepekläp çägä çyrşady.

Gurdy gultundyran garga

Garaganyň günortasyndaky gyragy giň gyryň günbatar gyrasyndaky gaýanyň gerşine golaý gögeren gyrymsylygyň güneý gapdalynda gyzylymtyl gyňagy görnen Günüň gowşaksy gyzgynyna güneşleýän galtaman gurt, goýunlaryň goragçy gaýyňlarynyň gözüne güýdüşip, geçen gije gapan guzusyndan galan galak-gaçagyna gümrady. Gyrymsylygyň güzaýyndan gelen galagoply gagyldy, gurda garbanmasyny goýduryp, göwnüne gozgalaň girizdi. Gurt gagyldy gelen gyrymsylyga garşy gaňrylyp, gulaklaryny gerdi.
Gagyldy gaýtadan gaýtalananda, gurduň girre gahary geldi. Gaharyny getiren gagyldaýany gabyrdadyp garbamakçy gurt, garsa galdy-da, gagyldy gelen gyrymsylyga garşy gönüledi. Gyrymsylykdan geçende-de gaýanyň gerşinde gaty-gaty gamsyz gagyldaýan gap-gara gargany gördi. Gazabyny gursagynda gaýnadýan gaýduwsyz gurt, gür gyrymsylygyň gyrasynda gögeren gandyma gandyzyny golaýladyp, gargany gabyrdatmaga garşy gozgananda, gandymyň gymyldap-gozganjyrap gideni garganyň gözüne galtaşdy.
Garga gatydan gamsyz gagyldamasyny goýdy-da, ganatlaryny galgadyp, gaýa-gopuzly gerşiň güzaýyndan göge göterildi. Gökde gap-gara ganatlaryny giň gerişine gyjalatly gagyldaýan garga garşy gultunyp garap galan gurt, gandymyň gabygyna gandyzyny gart-gart gaşaşdyrdy-da, gyrymsylyga götinjekläp, garganyň gözünden gitdi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203