Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:00
Atsyz goşgy...
Sowuk ýel ýüzümi dyrmaýan wagty,
Barmagymam ýitirende özüni,
Agaran ýüzümde çaýsa gan reñki,
Bukmak üçin ýumanymda gözümi.
Iki ýana artdyramda ädim san,
Şykyrdyñ sesine diñ salsa gulak
Köpelende öz özümi aldamam,
Öfhüldäp ellerimi owkalap...
Çommalyp dem alsam,
Hapa tüsseden,
(Belki gomalmaga öwrenen endik,
Dert goşmasa gutaranok gussadan,)...

Sümmül çeken bugdaý ýaly sonañam,
Seniñ üçin aldap ene-atasyn.
Pynhan duşuşyga gijigip gelse,
Giç geldiñ diýmezden geçip hatasyn,

Hatamy ýa sebäp, onuñ parhy ýok,
Senin üçin geldi,
Şol ulakan bagt...

...Ýene-de kän zatlar hakda oýlansañ,
Şu günki günimi başgaça edip,
Agaýunus periden kem däl peýkermiñ,
Sensor çeken dyrnagyña seredip.
Täleýimden gözleýärkäm men bagtym...
Göreçleñde özüm synlap durmagym,
Şonda duýmandyryn bagtly wagtym,
Aldan eken reñk çalynan dyrnagyñ.

© Remezan Mämetgurbanow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 1.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 01:04, 12.01.2024
birinji topbakda - panika
ikinjide - gelýä, gijä galyp gelse-de
üçünjide - oň üçin geldi, şoň üçinem şol ullakan bagt.
dördünjide - peri-peýkeriniň sensor dyrnagyna bakýar.
----
soragam çykýa:
"Seniñ üçin aldap ene-atasyn" gelen bilen "Agaýunus periden kem däl peýkeriñ" ikisem bir adammy. ýa aýry-aýry kişilermi?

höweslenniriji iki ýyzzyl.
avatar
0
2 sussupessimist • 09:24, 12.01.2024
ýalňyş ýamman kän. "Agaran ýüzümde çaýsa gan reñki," şu günki günimi... diýen ýaly.
ýapyşara zat görmedim. çommalyp, hapa tüsseden dem alyp garaşýardym, garaşdyryp gelýärdi, ene-atasyn aldap gelýärdi welin gelýärdi, şolam ulakan bagt eken, ýöne reňk çalynan sensor çeken (munuň manysyna-ha Apple-ň inženerleri düşünäýmese) dyrnagy aldan eken...

fransuzlaň bir kinosynda gyza garaşyp duran ýigit:
- eglenýär, mydama şeýdýär - diýip hüňürdäp durka, muny eşiden bir goja:
- ýigidi garaşdyrmaýan gözeldenem heý-de bir gözel bormy? - diýýär. nämüçindir, şol sahna ýadyma düşdi.
avatar
0
3 Kyyas • 19:39, 12.01.2024
Daltonist tebigatyñ reñkini hemme kişi meniñ görşüm ýaly görýändir diýip pikir edýär. Belki standart ýagdaýda görýän adamlardan daltonistleriñ sany köp bolsady onda tersineadaty göruşdäkilere daltonist diýilmegi mümkin.
Ýalñyş barada gowy sorag berdi biri. Harp ýalñyş ýa gramatika ýalñyş di6ýäñ welin sakawyn sözünde harp ýalñyş ýa gramatika bozulma nähili bolýar. Diýip.
Dogurdanam köp okaýanlara düşündürmek üçin özüñem köp okamaly bolýan ekeni...

Suratçylaryñ ählisi bir görnüşli suraty dürlüçe garaýyş bilen çekýär. Islege görä çekseñ ýa gazanmak üçindir ýada bähbit aramadyr. Özüm üçin ýazýan (emma näme üçin, soraga jogap berip bilemok. Onda näme üçin saýtda paýlaşýañ diýen ikinji sorag ýüze çykýar.) Şonuñ üçin bolmagy mümkin, men suratlandyrmam nähili bolsa, şol hilem goýýan. Surat çekende adamyñ ähli synasyny özi ýaly etmekligi başaramok şonuñ üçin Agaýunus periniñ dyrnagynda görüşi ýaly menem dyrnagynda görjek boldum...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202