Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:57
Ýaşasym gelýär.
Şeýle bir kalbyma, heýjana salyp,
Şatlanyp umman deý joşasym gelýär,
Özümi şindizem oglanjyk saýyp,
Juwanlyk çagynda ýaşasym gelýär.

Bezzat çagalaryñ betligin görüp,
Gykuwlap sesimi goşasym gelýär.
Daş atyp, Goñşymyñ penjiresine,
Şarpygyndan dadyp, ýaşasym gelýär.

Deñimden geçende ýaş gelin gyzlar,
Bälçiräp lak atyp, geçesim gelýär.
Göwre garrasa-da, Göwün garramaz,
Ýigitlik çagynda ýaşasym gelýär.

Aýlanyp dur heññam, geçip dur wagt,
Wagty saklap, göwnüm açasym gelýär.
Elbetde, ýatlanmak ullakan bagt,
"Ebedi" ýüreklerde ýaşasym gelýär.
Remezan Mämetgurbanow
08.12.2022ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 3.5/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 20:43, 09.12.2022
"Juwanlyk çagynda ýaşasym gelýär." - iki gezek gaýtalaýaň.
jemleme:
Elbetde, ýatlanmak ullakan bag:t bagt,
Müdümilik galyp ýaşasym gelýär.
düşünüşime görä, öleňsoňam müdümilik ýatlanylmagyňy isleýäň. "galyp" sözündenmikä, bir hili ölmän galmak, garrap gitsemem ölesiň gelmezlik ýaly manylaram çykarsa bolýar.
belki, bilemok "müdümilik ýüreklerde ýaşasym gelýär" ýalyrak diýseň, ölmezligiň däl-de ýatlanylmagyň gürrüňi dogry boljak ýaly....

hä. o iki ýyldyzam basdym.
öz derejäňde bunyň ýene ýagşyrak hasapladym.
üstünlikler.
avatar
0
2 Kyyas • 20:53, 09.12.2022
Minnetdar düzetdim bagt- bir bogun kemlik etýär we bagyt bolup eşdilýän ýaly...
avatar
0
3 Мango • 21:01, 09.12.2022
ufff...
diýenimi, diýişim ýaly geçiräýipsiň.... :-)
beýtme. men ýöne ugrukdyryjy pikir aýtdym....
aýraweri, ýa-da täzeden pikirlen....
beýtmäň bolanok. :-)
avatar
0
4 Kyyas • 21:03, 09.12.2022
Ok. Häzir bir täzeden bir göreýin. Ýene-de ullakan minnetdar
avatar
0
5 Kyyas • 21:13, 09.12.2022
Indi boljakmyñ:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203