20:29 Mende bolýan dürli pikir öwürme... | |
Mende bolýan dürli pikir öwürme, Her kesde bolup geçýändir hökman. Zory görsem guýruk bulap ýygrylýan, Ejizi görsem, äsgermän geçýän. Beýige syn salyp edýärin höwes, Peslige gum atyp, üstünden basýan. Özümde ýok zada gidäýýär gözüm, Menden nep aljagyñ ryskyny kesýän. Bu nä durmuş! Bu nähili guruluş? Naçaryñ kemini dörjeläp ýörün. Özi baýdyr welin sähel zat diýse, Özüme zor salyp agras ýüzümi, Ýasamalyk bilen ýylgyryp ýörün. © Remezan Mämetgurbanow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |