Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:31
Gar ýagýar...
Gar ýagýar,
Gar ýagýar,
Ýagýar akja gar!
Sowuk, doñakçylyk,
Ýerem agarýar.
Göwnüme aralaşýar, sowujak aýaz,
-Hernä, gowy bolsun!
Göwnüm alaýaz.
Duýmadyk bolýaryn,
Ýagýar sepeläp,
Kä syrgyn bolýar,
Kä-te peselip,
Gaýyp düşýär,
ýüzüme...
Ereýär.
Ýylgyrýaryn çala,
Umyt döreýär.
Belki, gün çykar,
Howa-da maýlar,
Tüssesini keser, parawoz jaýlar.
Ýene-de ýaşyl ösüp janlanar dünýä,
Ýel öser,
Gül çykar,
Agaç pyntyklar.
Kebelekler uçar,
Garlawaç geler...
Ynha şeýle,
Bu zatlar aýdyñ görünýär...
Sowukjak şemal..
Gar ýagýar.

Remezan Mämetgurbanow

09.12.2022ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Kyyas | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 19:52, 09.12.2022
ýaňy bir birinji gar ýagdy.
sen bolsa eýýäm bahary küýseýäň inim Remezan. :-)
goşguda hiç üýtgeşiklik aýtmaýaň.
pyrlampaç setirler, owadan öwrümlerem ýok...
täzeje goşgyňy täzeden göz gezdirmeli.
esasam näme diýjek bolýanyňy unutmaly däl.
üstünlikler.
avatar
0
2 Kyyas • 19:57, 09.12.2022
Minnetdar! Ýaza çykmagyñ aladasy her bir adamyñ arzuwy, ( ömür paýawlaýar, indi ýaşlyk küýseýär) diýen manyda getirjek boldum sagbolyñ. Bellikleriñiz üçin. Bir üýtgeşme goşjak bolup pikirlenerin.
avatar
0
3 Kyyas • 20:22, 09.12.2022
Umumulykda düşündireýin, Gar ýagýar - Ömür paýawlap barýar, ölüm golaýlaşýar, garrylyk golaýlaşýar.
Hernä gowu bolsun göwnüme teselli berýän, wagt geçýär kä çalt ýaly kätede haýaljyk, ýöne şol günleriñ biri kalbymda umyt döretýär, Belki gün çykat- Çagalaryñ geljegi gowy bor, Göwünlerdäki tütünleri amala aşar, kalby rahatlanar, Yzymy dowam eder, dünýä- Çagalar. Meni giderin - ýel öser, Gül çykar -yzymda galanlar ýaşar, Olaram pyntyklar, Gyzyñ gelin bolup gider, Garlawaç geler- Gelin geler. Ynha şeýle, bu zatlar aýdyñ,...
Sowujak şemal Gar ýagýar - A men bolsa, garrap barýan.
avatar
0
4 Kyyas • 20:26, 09.12.2022
Mango aga, özümçe özümçeläpdim belki ol derejede aýdyñlap bilen däldirinde. Oñ üçin ötünç soraýan, Okyja düşüniksiz bolanlygynda onda oña goşgy diýip bolmaz. Mümkin bir gün kämilleşerindä:)
avatar
0
5 Мango • 20:32, 09.12.2022
Remezan göwnüme bolmasa Musa Ýusubyň "Gyşdan soň bahar bar..." diýip başlaýan goşgysyndan täsirlenipsiň.
ýöne Musa aýtmak isleýän zatlaryny ol gyşy, bahary, kebelegi, ýyllary, kitaby... ulanmak bilen aýdýar.
ýagny, "gyşdan soňky baharda kebelek bary-ýogy birje gün ýaşaýar, men welin 24 ýyl ýaşap ýörsemem isleýşim ýaly birje günem ýaşap göremok. Ýaşap ýören durmuşym özümki bolsa-da, şonça ýylyň birje güninem özümki hasaplamaok, islän durmuşymy ýaşap bilemok. Ine goşguly kitap satyn aldym, kitap meniňki, ýöne içiniň goşgulary meniňki däl.." diýen ýaly özünden närazylykly oýlanýar.
saňa dolansok: Musaň "Gyşdan soň bahar bar..."-ny alýaňda özüňçe gaýtalaýaň "Gar ýagýar (Gyş), ýöne belki, gün çykar, ýene-de ýaşyl ösüp janlanar dünýä (Bahar) - diýýäň.
ýöne... gynansakda many çykarmak kyn.
hawa, "Ýaza çykmagyñ aladasy her bir adamyñ arzuwy, (ömür paýawlaýar, indi ýaşlyk küýseýär) diýen manyda getirjek boldum" -diýýäň. ýöne ömür paýawlaýanyň bahar aladasy bolmaýmasa, ömrüniň soňunda bahara garaşmak manysyz.
bizden gaty görmäweri.
okujyň belligi diýip düşün.
avatar
0
6 Kyyas • 20:39, 09.12.2022
Minnetdar! Gaýta maña gowy sapak bolýar. Siziñ her ýazanyñyz, bellikleriñiz gowy netije berýär. Onuñ üçin uly sag bolsunymy aýdýan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203