Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:51
Awgustyñ gussasy

AWGUSTYŇ GUSSASY

Göwnüm kibi sowap barýar gijeler,
Gündizler ýanyp dur ýüregim deýin.
Arzuwlarmyñ mazaryna öwürdüm,
Nirä gadam ursam aýagmyñ teýin.

Men kysmata, kysmat maña bigäne,
Irdim ömrüñ ümür basan huşundan.
Duýgularym magma kibi gaýnap dur,
Goşgulam petirdir hamyr ujundan.

Ne sebäpden galam berdi elime
Ysmaz günler tirsegine galmagaý!?
Hüwülere mesgen köñül harabam,
Ýüregimde dowzah kibi galmagal.

Iki paslyñ sepgidinde - gaýlarda,
Ýat ýurtlaryñ öwlýäsine gonmuşam.
Gyza däl-de, şygra emendi göwnüm,
Yşka däl-de, eşke duçar bolmuşam.

Ýyllar bilen ölçenmeýär uzak ýaş,
Hem ýaşyñy bilip bolmaz keşbiñden.
Hasratly günleri ýyllara öwrüp,
Asyrlardan-asyrlara geçdim men.

Çeksem-de men bu durmuşda ýegşerlip,
Ykbalynyñ egne atan keşgini.
Durmuş sahnasynda ussatlyk bilen
Ýerine ýetirýän bagtyñ keşbini.

26.08.2024ý. 23:34

© Akmyrat JUMAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 89 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Akmyrat Jumaýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 10:20, 27.08.2024
Yşka däl-de, eşke duçar bolmuşam.

eşk nämekä?
avatar
1
2 Seýrаn • 10:31, 27.08.2024
Köne dilde eşk göz ýaş diýmek.

Saçma, eý göz, eşkden köňlümdeki odlara suw
Ki bu denli tutuşan odlara kylmaz çare suw
avatar

Старая форма входа
Total users: 203