Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:19
Dözümli «eksperiment» - hekaýa

«ELEGANT ESER»
baýragyna hödürlenýär


DÖZÜMLI «EKSPERIMENT»

Işden gelip içki jaýa giren badyma «Däde-e!» diýip, bäş ýaşly gyzym ýeňsesinde boglan bir garyş saçyny iki ýana bulaýlap, ala-güpürdi bolup ylgap geldi. Onuň yzyndan apreliň tüweleýi ýaly bolup gelnim dişini gyjap jaýa towsup girdi. Gyzymyň eýýäm arkamda bukulanyny görüp çişip gelen ýüreginiň ýelini gapynyň agzynda ahmyr bilen boşatmaly boldy.
˗ Serediň şoňa...
˗ Näm boldy?
˗ Ne enesiniň diýenini edýä, ne meniň...
˗ Sesiňi bir peselt, işden gele-gelmän...
˗ Meň ýanyma goýberiň şony. –Gyzymyň ýanymy gaçybatalga edeniniň sebäbi, oňa ýanymda wagty zat diýdirmeýärin. Etmişjikleri üçin boş goýmajagymy-da bilýä. ˗ Goýberiň meniň ýanyma şony, almytyny bir bereýin.
˗ Gidiber, özüm gepleşerin.
˗ Daňdan bäri bizi gygyrtmak boldy işi, şunuň, bileni-biteni oýun, jigisine eger-eger seredeýin diýenok.
˗ Gidiber, özüm gepleşýän diýdim-ä.
Gapynyň agzyna gahardan ýaňa od aljak bolup duran ejesini arkamda durup çalaja peýleýän gyzymyň ejesine gaty ýokuş degdi öýdýän. «Sen daşa bir çyk bakaly» diýip, oňa hemle baryny atyp yzyna köwlendi.
«Däde-e!» diýip, özüni aklamak üçin jedirdäp başlan gürrüňine pitiwa etmän, boýnumdan galstugymy aýryp durşymy synlan gyzym damjadan gaçyp, çagba uçranyna düşündi. Jigisi bilen özüniň eşikleri durýan çekme bilen diwaryň çüňküne gysylyp, badam barmagyny dişiniň arasynda çalaja gysyp durşuna, çytylan gaşlaryma assyrynlyk bilen seredýärdi. Galstugym bilen penjegimi asawaja geçirip, şifonere saldym-da, halynyň üstüne çök düşüp, gyzymy golaýyma çagyrdym.
˗ Gel-any bäri. Otur, şu ýerde. Süýüş, süýüş bäri. Eliňi gözüňden aýyr. Eliňi gözüňden aýy-yr. Häzir men näme diýsem şoňa jogap ber. Düşündiňmi? (Bolýa diýen terzde baş atdy). Düşündiňmi diýýän men saňa?
˗ Hawa-a!
˗ Häzir men näme diýsem, diňe söz bilen jogap ber, baş ýaýkap kelle bilen jogap berme, düşündiňmi?
˗ Hawa-a, düşündi-im!
˗ Çagalar öýi diýip eşitdiňmi?
˗ Çagalar öýi-i?
˗ Hawa.
˗ Sadikmi?
˗ Sadik däl, ýöne, sadik ýaly. Ýetimler öýi hem diýilýä oňa. Düşünýäňmi, ýetimiň nämedigine?
˗ Ýok.
˗ Düşünmeseň diňle. Enesiz, atasyz çagalara ýetim diýilýär. Şäherde bir jaý bar. Şol jaýda do-oly çagalar bar. Ýöne olaryň ene-atasy ýok. Ýetimler ýaşaýar.
˗ Näme bolan olaryň ene-atasyna?
˗ Näme bolan?! Köpüsiniňki ýok, dünýäden ötüpdir. Köpüsiniňki bar. Bar, ene-atasy, ýöne olar çagalary juda-a bitertip bolana (hakykaty başgaçarak röwüşde öz bahbidime gysyp başladym) şo taýa taşlap gaýdýalar. Soň şo taýda seredýän adamlar bar olara, edil seniň sadigiňdäki totýalaryň ýaly. Göz öňüňe geldimi?
˗ Howwa. A soň öýündekiler taşlap gaýdan soň haçan alyp gaýdaýalar?
˗ Alyp gaýdanoklar. Olar bir taşlap gaýdan soň alyp gaýdanoklar. Hemişelik taşlap gaýdýarlar. Diňle, diýjek bolýanym, ejeň ursa, ýa sögse gaharyň gelýä, dogrymy? Seni oýu oýnamaga goýanok dogrymy...
˗ Dogrudäni-i...
˗ Diňle, di-iňle-e. Seni beýdip oýundan zatdan sakap kösäp ýörmäli, seni hem şo taýa taşlap gaýdaly (oýun edip aýdýan bolsamam, gorkudan ýaňa ýüregim gyzyp gitdi). ˗ Gyzym sesinde baryndan «Ýo-ok. Ýo-o-ok!» diýip eliniň tersi bilen gözlerini owkalaşdyryp başlady. Onuň sesine ýüregim gyýlyp gitse-de, özümi giňlige salan boldum. Ýylgyrdymam. ˗ Dur ho-ow, aglama diýdim-ä, a-gla-ama-a. Men saňa gowusyny etjek bolýan...
˗ Ýok, ýo-ok...
˗ Dur, dur, men gepläp bolaýyn-a. Hany gözüň ýaşyny süpür, men saňa gowuja düşünişeli diýdim-ä, uramok, sögemok... Ana, boldy, indi aglanjyrama, diňle. O taýda çagalar diňe oýun oýnaýarlar, diňe oýun. Olara iş buýurjak ýo-ok, daňdan turandan oýun, agşam ýatynça oýun, edil seniň sadigiňdäki ýaly gowy-gowy iýmitler, şerbetler, baýramçylyk çäreleri hem ba-ar. ˗ Şu ýerde ýüregime düşen elhenç gorky gözümiň owasynda howur döretdi: kän bir mahabatlandyrmaýyn, birden, «gitjek» diýip razy bolsa nämetjek?! Şu gorkudan soň sözümiň hörpüni üýtgetdim ˗ Ýöne, olaryň birje kemçilikleri ene-atalary ýok. Olary sadikdäki ýaly agşam öýlerine alyp gidenoklar. Olar my-yda-ama şo ýerde. Öýlerine gidesleri gelse-de olary hiç kim diňlänok. Aglasalar-da känbir köşeşdirip duranoklar. Ene-atasy tertipsiz diýip taşlap giden soň, yzyndan gelenoklar. Senem şo taýa taşlap gaýdalymy-ýa?
˗ Ýok, däde-e, taşlap gelmäň, taşlap gelmäň, däd-e... Däde-e-e – ol halys horkuldap başlady. Iňleýärdi, eňreýärdi. Indi suratlandyran ýerimiň göz öňünde göwnümdäki ýaly janlananyny bilip, ýüregimi bire baglap, ýene azajyk hüjüm etdim – Nämüçin taşlap gelmäli, aýdany?
˗ Ýo-ok däde, aýtmaň indi! (ses edip aglaýar)
˗ Nämüçin taşlap gelmäýin, sebäbini aýt?
˗ Ýo-ok...
˗ Sebäbini aýt diýýän men saňa.
˗ Göresim geler-ä...
˗ Kimi?
˗ Öýdäkileri.
˗ Yzyňdan baryp durarys...
˗ Ýok, ýo-ok, däde-e-e (ol halys eňräp başlady).
˗ Bärden gowy o ýer, hiç kim iş buýurmaýa, wagtymyz bolsa hepdede bir görüp gaýdarys. Ýa bolmasa, başga bir çaga gerek adam bolsa seni alyp gitmeklerem mümkin. Şeýdip saňa täze ene-ata bolar belki...
˗ Ýok, ýo-ok, däde-e-e...
˗ Onda nämüçin öýdäkileriň diýenini edeňok, ä? ˗ Azymly çykan sesime tarpba sesini kesip, gözünden akýan ýaşlary sylyp ýetişenokdy. ˗ Saňa zorlap iş buýurjak däl indi biz, özüňden bilip eneňe, ejeňe kömekleşseň-ä bir gezeklik bu etmişiňi geçirjek, ýok, bolmyýa diýseň-ä, bol, gowy gören eşikleriňi saýlap topla, häzir seni şo taýa taşlap geljek.
˗ Ýok, ýok, kömekleşjek, işlejek, näme etmeli?
˗ Men bilemok, häzir men eşiklermi çalşyrynyp daşa çykynçam eneň bilen ejeňden ötünç sorap, olaryň işine kömekleşip başlamasaň, gör özüň.
«Ine bardym» diýip ýerinden guş ýaly galkyp, gapa ylgandan yzyndan gygyrym:
˗ Men daşa çykamdan ejeň etmişleriňi geçiren geçirmänini hem aýtmalydyr.
˗ Bolýa, bolýa.
Howla çykanymy gören gyzym, kiçijek plastmaz legende ala-şakyry bolup ýuwýan zatlaryny goýdu-da, eliniň köpügini silkip, enesiniň ýanyna ylgady.
˗ Ene, ene, ana dädem çykdy, aýdyň!
˗ Nämeni?
˗ Bagyşlanyňyzy aýdyň, geçireniňizi aýdyň!
Ejem: «Şuny şu gezek geçir, indi aýdylany iki gaýtalatman etjekmiş» − diýip, gyzymyň garaşýan sözlerini aýtsa-da, nämeniň-nämedigine doly düşünenokdy. Soň ejesini çagyryp geldi-de, bu epizody onuň ýanynda-da gaýtalady. «Meseläniň» oňyn çözülenine gözi ýeten soň, çala goýup gaýdan işiniň başyna geçdi; kiçijik legende uly güpürdi turdy: içinde näme bardygyny-ha bilemok, tertipsiz hereketlerinde syçran soda köpürjikleri gyzymyň ýüzlerine kebelek ýaly gonup ýarylýardy-da ýene-de damja öwrülip ýuwaşlyk bilen legene damýardy (jigisine seredişse bolany, başga zähmetine hantama adam ýok, şonda-da özüniň haýyşy boýunça bir işjagaz tapyp berendirlerdä häzir)...
Agşamlyk naharynyň başyna üýşdük. Telewizorda gowy konset başlady. Gyzym «Däde!» diýdi. Onuň bu ýuwaş çagyrmasyna pitiwa-da etmän nahar iýip, telewizora seredýän. Bu gezek«Däde-e!» diýen sesi gatyrak ýaňlanyp, soňy aga garyşyp gitdi. Seretsem, «Meni şo ýere taşlap gelmäň!» diýýän gyzymyň owalaryna örtülen çygy kirpikleri kesimläp, damja öwrüp goýberdi. Maňa derek kakam «Taşlap gelmez, taşlap gelmez, arkaýyn naharyňy iý» diýip, jogap berdi-de, maňa «Gaýdyp şoň ýaly biderek zadyň gürrüňini etme» diýip ýüzüme nägile nazaryny dikdi. Gyzymy göz astyndan synladym. Işdämänlik bilen iýip duran naharyma gyzymyň göz ýaşynyň tagamy gatyldy.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 237 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Akmyrat Jumaýew, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 2.8/12
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 20
avatar
1
1 sussupessimist • 07:44, 19.02.2024
Yaryşa gatnaşjak eserlere 10 ballyk şkala boyunça baha berjek.
Eserde gowy zatlar aydyljak bolnupdyr, yone aydylşy aşa süyndurilipfir. Dialoglara, hasam çaga bn aradaky gepleşige edip bolayjak originallyk yetenok. Okyjynyň ünsüňi çeňňege ildirjek, soňam lak-luk atayan badyna suwdan alyp, bedrä dykjak, janymyzy karkara getirjek detallar yetenok. Eseriň şowly çykmagy uçin ideyaň bir özi (nahili peydaly, ahmiyetli bolsa-da) yeterlik däl. Yogsam awtoryň sözlem gurşunda hiç hili problema yok. Öňden yazyp yoren biri bolmaga çemeli.

3/10
avatar
0
2 Pero • 09:12, 19.02.2024
10-luk şkala boýunça bermeli bolsa bereliñ:
4/10

Hekaýañ ortalaryna ýetenimde birazajyk irizjek boldy, 2/10 dagy goýaryn diýip durdym. Emma jemlemesi gowja gutaransoñ,bahany galdyrdym.

Ylhamyñyza bereket!
avatar
0
3 Mekan2 • 09:41, 19.02.2024
bälseşigiň bismillasy bolansoň, indiki eserleri, isleseň-islemeseň, şuňa beren ba:lyň esasynda bahalandyrmaly boljak. balans bolar ýaly ýokarda-da, aşakda-da ýer bolmaly.

şoň üçrip 4/10

sussupes aýdyşdyrypdyr. + gepleşigiň kä ýerinde orfoepiýa, kä ýeride-de orfografiýa uýlupdyr. gürrüň berýän ýerem şeýle. özüm-ä gepleşikde aýdylyşy ýaly, gürrüň berýän ýerinde dürs ýazuwy saklamaň tarapdary.

üstünlik.
avatar
0
4 garagar • 13:40, 19.02.2024
Mendenem 5/10 bal.
avatar
2
5 Rowaç • 13:55, 19.02.2024
Sözlemleri iki-ýeke timarlamaly, ýöne ýene-de ýaman däl. Munda ýazuwa geçirmegem möhüm weli, şony nädip berşiňe-de bagly. Belki, känbir aýdylman aýdylmalydyr aýdyljak zat. Oňam ugruny tapmaly. Sebäbi hem ynjyk, hem agyr tema. Muňa meňzeş agyr trawmalar köp çagalaryň ruhunda uly tagma bolup, uly adam bolansoňam, çagalykda galan yzlar mesaňa bildirip durýar.
Esere baha bermeli bolsa, ki biziň bahamyzam möhüm saýylsa, 5/10 diýerdim. Bolmanda, agyryly ýere dözümlilik bilen barmak basyp bilipdir.
avatar
0
6 derwushhana • 15:25, 19.02.2024
2/10

Mazmundaky gödeklik şundan aňry bal goýmaga mümkinçilik bermedi.
avatar
0
7 Hyýalbent • 17:44, 19.02.2024
Ýokarda halypalar öz pikirlerini aýdypdyrlar menem bir agza hökmünde gatnaşýanlara berjek sesim möhümmikä diýdim şonuñ üçin 5/10 baha berýän gatnaşýanlara üstünlik
avatar
0
8 LegLek • 20:04, 19.02.2024
Çaga, hakykatdanam, ýagyşdan gaçyp, damja uçrapdyr (damjadan gaçyp, çabga däl-de).
Kakasynyň hereketini düýbünden halamadym. Ejesi dagy tutsa, urjagam çagany. Bolmaz-a beýle-de daramak.
Bu çykalga-da däl, terbiýe-de.
Umuman, mazmun taýdan, meniň pikirimçe, ýaramaz, hatda gaharymy getirdi.
Sözleýşi: ýöntem.
Grammatik ýalňyşlar barada: sanasaň sogaby kän. Emosiýa-da ters täsir edip bilipdir grammatik ýalňyşlary: aýy-yr, Bar, ene-atasy, ýöne olar çagalary juda-a bitertip bolana (hakykaty başgaçarak röwüşde öz bahbidime gysyp başladym) şo taýa taşlap gaýdýalar. aýdany — kimiň aýdany?! «Aýt hany» bolmaly dälmi? we ş.m.

Garaz, 1/10
avatar
0
9 garagar • 22:42, 19.02.2024
"Kakasynyň hereketini düýbünden halamadym. Ejesi dagy tutsa, urjagam çagany. Bolmaz-a beýle-de daramak.
Bu çykalga-da däl, terbiýe-de.
Umuman, mazmun taýdan, meniň pikirimçe, ýaramaz, hatda gaharymy getirdi..."
Her kimiň öz penjiresiniň bardygyny nazarda tutup, ýazylanlaryň psihologiki maslahat däl-de, hekaýadygyny nygtasym gelýär. @Leglek dost, şeýle wakalaryň maşgala durmuşynda köp gabat gelýändigi üçin men-ä gowy gördüm. Gaýta, awtor hekaýaň üsti bilen gaharymyzy getirip bilýän bolsa, onuň utuşy hasap edýän. Belki-de, şeýle bolmaly däldigini görkezýändir.
avatar
-1
10 Jadygöý • 00:13, 20.02.2024
10/10
avatar
0
11 aygull • 15:17, 21.02.2024
Her hili okap, ähmiýetli zat tapmadym. Çaga nebsim agyrdy diňe. Bu-da 2/10 dan aňryk geçmäge esas däl.
avatar
0
12 paragraph • 04:52, 23.02.2024
6/10
avatar
0
13 Мango • 15:26, 23.02.2024
2/10 (2-nem zordanjyk berýän)
11-nji teswiri gaýtalap durmaýyn. aýtjaklarymy aýdypdyr.
üstüne goşjagym: beýle-de bir sadizm bolarmy?
avatar
0
14 Sylapberdi • 12:35, 25.02.2024
4/10
avatar
0
15 Küle • 19:14, 25.02.2024
1/10
avatar
0
16 Lacrymosa • 19:31, 25.02.2024
çagada eksperment geçirmeg-ä ýalňyş. awtor neýtral bolan bolsa biraz gowşardy. iň pes balym 8.
avatar
0
17 Kyyas • 21:23, 25.02.2024
Şu hekaýa bir tüýsli täsiri ýok däl. Okap otyrkañ, Kakasynyñ häsiýetine, gaharyn gelýär, ejesinin bolşunada, okyja terbiýe beriji dälde çaga gödek daraýan ýaly (adyna görä dözümli) bolany üçin bolmaly. Umuman erbet däl, üstünlik!
avatar
0
18 Gerceknazar96 • 21:20, 27.02.2024
Ilki özüňiz çaga ýalan sözleýäňiz (ýa-da ýalan sözlemegi öwredýäňiz ) soňam çagam ýalan sözleýär diýýäňiz. Ilki çaga sögmegi öwredýäňiz soňam näme üçin sögünýär diýýäňiz . Kemçiligi çagamyzdan dälde özümizden gözlesek gowy bolmazmy. Hekaýany düýbünden halamdym 1/10
avatar
0
19 janjennet • 18:43, 17.03.2024
şeýdip terbiýe berjek bolýanlary ýigrenýän-aý. Çaga ejesinden mollumyndan tyotyasyndan çekinse: "seni kakama etdirşime seret" dp biljek kakasy bolmaly pikirimçe....

1/10
avatar
0
20 Gülkamat • 17:10, 21.03.2024
2/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203