Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:09
Aýuw - kinopowest - 1
AÝUW

Aýuw hakyndaky kä gorkunç, kä diýseň gülkünç gürrüňleriň döremegine sebäp bolýanlar esasan “Köwli” obasynyň adamlarydy. “Arada Köwli oba Aýuw gelipdir”, “Hol gün Köwli obadan birini Aýuw alyp gitjek bolupdyr”, “Köwli obadan pylany Mergene awdaka Aýuw duşupdyr” diýen ýaly gürrüňleriň arasy kesilenokdy. Esasanam şol obadan ir döwür Aýuw tarapyndan alnyp gidilen adamlar hakdaky gürrüňler ýörgünlidi. Aýdyjylar hatda şol adamlaryň kim-kimleriň ata-babalarydygyna çenli, wakanyň haçanlar bolup geçendigine çenli jikme-jik gürrüň berýärdiler. Özem Aýuw diýlen zat adamzat bilen çörňeşmese biri-birinden önüp-ösmeýärmişin. Şonuň üçinem olaryň erkegi gyz-gelini, urkaçysy bolsa erkek adamy alyp gidýärmişin.
Mysal üçin bir gezek Köwli obadan Mamuna hala diýen bir aýaly erkek Aýuw alyp gidipdir-de, özüne aýal edinipdir. Ýaşaşyp ugransoňam: “Egerde ogul dogrup berseň öýüňize goýberjek, bolmasada ömürboýy saklajak”, diýipdir. Mamuna hala-da nätsin, allany çagyrypdyr-da, aýynyň-gününiň dolaryna garaşyberipdir. Wagty ýetip çaga dogrupdyram welin, görse gyz diýýä. “Wah, gara bagtym!” diýip, Mamuna hala aýasy bilen maňlaýyna ýelmäpdir. Hern-ä şol wagt Aýuw gowakda ýok ekeni. Il-güne gowuşmak, maşgalasynyň arasyna barmak höwesi Mamuna halany hilegärlige ýüz urmaga mejbur edipdir. Ol: “Aý bu bir sada işigaýdandyr, bilibem durasy ýok-la” diýipdir-de mumyýadan erkek oglanyň jüllügini ýasap gyzyň uýat ýerjagazyna goýupdyr. Eteginden sähelçe ýyrtyp alypdyr-da, biliner-bilinmez daňypdyr. Aýuw gelendenem: “Gözüň aýdyň, ogluň boldy, indi meni öýümize goýberäýseňem bor”, diýipdir. Aýuw diýseň begenipdir. Sözünde durjakdygynam aýdypdyr. Soňundanam: ýöne çaga birneme özüni tutýança gowuja seret, emdir, onsoň gidiber, diýipdir. Mamuna hala-da içinden: “Häý, görýän welin sen gaty bir sada-da däl ýaly-la” diýipdir. Ýöne, onuň aýdanlary bilen ylalaşmaly bolupdyr. Gyzdygyny bildirmejek bolup telim wagtlap çagany Aýuwyň elinede bermändir. Ahyram çaga ony-muny garbanmaga, emedeklemäge ýaransoň, Aýuw Mamuna hala hakykatdanam rugsat beripdir. Aýuw syrymy biler-de yzymdan kowalar diýen gorky bilen Mamuna hala dynman ýol ýöräpdir. Ölümiň öýünde özüni oba atypdyr. Edil göwnüne getirişi ýaly, baran gijesi eýýäm obanyň çetinden Aýuwyň sesi eşidilip ugrapdyr. “Aýu-u-uw-w, Mamuna hal-u-uw-w, oglanyň jüllügi han-u-uw!” Mamuna hala bolsa oba gelşi ýaly erbet syrkawlapdyr-da, o wagt eýýäm ýanar oduň içinde samrap ýatan ekeni. Aýuwam bir gün gygyrypdyr, iki gün gygyrypdyr, ahyram özünden-özi bizar bolup gidipdir. Ol ýuwaşragy ekeni. Umuman olaryň erkegi ýuwaşrak, urkaçysy şermenderäk bolýarmyşyn.
Ana, şolar ýaly şermende urkaçy Aýuwlar hakdaky gürrüňlerem Köwli obasynda azlyk edenok. Şol gürrüňleriň biri awçy Ýoldaş Hemra bilen baglanyşykly.
Günlerde bir gün Ýoldaş Hemra awdan gelýärkä öňünden urkaçy Aýuw çykypdyr-da, sen-men ýok, ony gowagyna tarap alyp gidiberipdir. Ýoldaş Hemrada oňa aňsat el bererli-hä däl ekeni welin, arman, awda-da bars bilen urşan ekeni-de, bir eli ýaradar ekeni. Üstesine-de ýadaw, näçe günüň ukysyzlygy. Garasaý bolmandyr-da! Ine, onsoň Aýuw Ýoldaş Hemrany gowagyna eltip: “Sen maňa är bol, ýogsam duran ýeriňde öldürin” diýipdir. Bir ýyl geçip-geçmänkä-de ogullary bolupdyr. Şondan soň Aýuwyň ýüregi ýumşapdyrmy ýa Ýoldaş Hemranyň iňirdisine çydamandyrmy, garaz, ony öýüne görme-görşe iberipdir. “Ýöne gelgin, gelmeseň barybir ýene-de baryp alyp gaýdaryn” diýip öwran-öwran sargapdyr. Ýoldaş Hemra-da öýüne baransoň obanyň batyrlaryny ýygnapdyr-da: “Gowusy özüňiz öldüriň, ýöne, meni indi bir şoň eline berip goýbermäň” diýipdir. Özem ömründe etmedigini edip aglapdyr. Batyrlaram: “Bolşuň nähili Ýoldaş, hiý bizem bir seni Aýuwyň eline berip goýbärismi, öňem ät galdyk” diýşip öňe-öňe omzaşypdyrlar.
Ýoldaş Hemra barar wagty barmansoň, Aýuw hakykatdanam dagdan inipdir. Tüm garaňky gijeleriň birinde obanyň çetine gelipdir-de: “Aýuw-u-uw, Ýoldaş-u-uw, ýör-u-u-uw” diýip tä daňdana çenli gygyrypdyr. Obanyň batyrlary, işekçer jahyllary ujuna ýanyp duran ýagly letdeler daňylgy taýaklaryny gollarynda galgadyşyp çar tarapa her näçe ylgaşsalaram Aýuwy ele salyp bilmändirler. Ele salmak däl, asly garasynam görübilmändirler. Jeňňeliň ep-esli ýerini otlabam görüpdirler. Sesiň çykýan ýerine bäş-üç mergen bolup bilelikde atypdyrlaram. Bolanok diýýä. Ind-ä agzy gum garbandyr şuň diýip diňşirgenýäň welin, sesi oslamadyk tarapyňdan çykaýýar diýýä. Soň bir gije gaýtam Aýuw çagasynam alyp geläýipdir. Özem indi: “Aýu-u-u-uw, Ýoldaş-u-u-uw, amanadyňy al-u-u-uw” diýip gygyrýarmyşyn. Çaga-da sesiniň ýetdiginden aglaýarmyşyn. Telim günläp Köwli oba ýatuw bolmandyr. Ahyram bolmajagyny bilensoň, Aýuw Ýoldaş Hemranyň bosagasynda peýda bolupdyr-da: “Haý, Ýoldaş, oňarmadyň, ýüregimde dag goýduň, ýöne saňa gerek-gä bolsa maňa-da gerek-gä, me, paýyňy al ýarysy saňa, ýarysy maňa” diýipdir-de, her eli bilen bir satanyndan tutup, bir çekende çaganyň çatyny aýrypdyr. Dikligine deň ikä bölüpdir. Ýarysyny Ýoldaş Hemranyň gapysyna taşlapdyr, ýarysynam egnine atypdyr-da, dabanlarynyň düňküldisi bilen dünýäni sarsdyryp ötägidipdir. Şondan soň obada onuň sesi eşidilmändir. O hakda: “Bagyr awusyna döz gelibilmän sowuk ýerde syryljyrap ölendir”, “Ýoldaş Hemra gahar edip özüni gaýadan oklandyr” diýen ýaly gürrüňler ýaýrapdyr. “Aýuwyň ähli tohmy tükenen bolaýmasa, diýip çaklanlaram, “Aý bardyr-la, wagty bolanda bir ýerden gara berer-le” diýenlerem bolupdyr. Agyzlyrak heleýleriň arasynda: oýunmy-çyn bilen: “Ýoldaş Hemradan soň obada erkek göbekliniň gutaranyny bilendir olar, şoň üçin gelýän däldirler” diýenlerem tapylypdyr. O sözi obanyň batyrlary ýokuş görüpdirler. “Onda erkegi geläýmeli ekeni-dä diýşip dişlerini gyjaşypdyrlar. Aýuwa sataşmak üçin daga, düze, jeňňele ýörite ýatymlyk gidipdirler. Çünki, Aýuw adamyň ýanyna ýeke bir höwür gözläp däl, jeň gözläbem gelläýýärmişin. Özüniňem gözlegi mergen, awçy, pälwan, batyr adamlarmyşyn. Çölde-gyrda şolar ýalynyň birine duşsa dagy: “Bir güýç synanyşaly-la, halys bagrym gijäp alyp barýa” diýip, tä oba girýänçä gapdalyndan galanokmyşyn. Ýöne, olaryňam gorkagraklary bolýarmyşyn. Şolar ýalysy duşsa welin ýanyňa gelibilmän şo-ol, sesýetim ýerden: “Aýuw-u-uw, pylany-u-uw...” diýip daň atýança adyny tutup ýürege-bagra düşýärmişin. Asyl olara Aýuw adam şondan galanmyşyn.
Howwa, Köwli obanyň Aýuw hakdaky gürrüňlerini sanap tükederden kän, ýöne gözüm bilen gördüm diýýän welin ýok. Onuň näsypatdadygynam takyk aýdybilýän ýok.
Ýogsa-da, Aýuwly gürrüň nämüçin ala-böle Köwli obadan çykýarka?
Bu düşnükli zat. Köwli oba köwüň gyrasynda ýerleşýär. Köwüň içi bolsa oý. Oýuň içi ýylgynlyk, gamyşlyk. Aňryk geçiberseň gür-gümme toraňňylyk. Jeňňel. Ondan aňyrsy derýa. Derýanyň boýuny syryp jeňňeliň içi bilen ýokarlygyna ýöräberseňem göni daga barýaň. Dagam näme, Aýuwyň mekany. Ýeri, onsoň şol Aýuw diýýän belalary aňrujy bar bolsa, özem hökman wagt-wagt adamlaryň arasyna gelip-gitmeli bolsa, onda onuň üçin şondan amatly oba bolup bilermi? Bolup bilmez! Şondan başga oba Aýuw gelipdir diýseň asyl hiç kim ynanmazam. Haku- nähak Aýuwly gürrüňleriň hut, Köwli obadan çykmagam, ana, şol zatlar bilen bagly bolmaly.
Aýuw hakdaky gürrüňleri Köwlilileriň içinde iň köp bilýänem, iň köp aýdýanam Elmaýyş ene. Segsene ser urandygyna, ýaşlykda ýetim galan agtyklary Atamgyzydyr, Jahangiri ýeke özüniň gol zähmeti bilen ekläp-saklandygyna garamazdan garry entegem daýaw. Hamyram ýugryberýär, nanam ýapyberýär, içerini kakyşdyryp, nahar-şoram ediberýär. Agşamlaryna bolsa indi birkemsiz kemala gelen agtyklaryna, henizem şo-ol, çaga döwürlerindäki ýaly, täsin-täsin hekaýatlaryndan aýdyp berýär. Her gezegem Atamgyzy ondan, Aýuwyň haýsy keşpdäki mahlukdygyny soraýar. Olam çalarak eginlerini gysýar-da endigi boýunça “kih-kih” gülüp: “Näbileýin-dä, gyzym. Öz-ä adamdan azanmyşyn olam-a. Keşbem adamyňky ýalymyşyn. Asyl oba gelende-de höwür gözläp, adamzady göwni küýsäp gelýämişin – diýýär. – Ýöne, nätsin-dä, ogurlamasa ýa zor bilen äkitmese, kim oňa eli bilen ogul ýa gyz berip goýberjek...” Atamgyzy ýene-de Aýuwy göz öňüne getirjek bolup dyrjaşýar. Ony durşuna tüý edip göz öňüne getirse-hä adama däl-de maýmyna ýa goňur aýa meňzeýär, tüýsüz, adam sypatynda göz öňüne getirse-de, eşiksiz zatsyz birhili bisyrat bolup dur. Eşik geýdirseňem onda: eşigi nireden alypdyr diýen sorag ýüze çykjak.

Dowamy bar

© Juma HUDAÝGULY
Bölümler: Powestler | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202