Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:10
Keteni / hekaýa

KETENI

Şol ýyl pagta şeýle bir bitginli boldy welin, kolhozymyz pagta planyny bary-ýogy ikije ongünlügiň içinde doldy oturyberdi. Şonda başlyk Aşgabatdan telim maşyny dolduryp birgiden zat getirdi-de, ýygyma gatnaşan ähli daýhanlara, okuwçylara uçdantutma diýen ýaly sylag paýlady. Kime haly, kime radiopriýomnik, kime tikin maşyny, kime keteni…

Bellenilen iki dekadada-da hem ýeňiji bolup çykandygy üçin özümden uly uýam Gurbantäje hem-ä tikin maşyny, hemem bir kişilikden gowrak ýalpyldap duran, gyrasy sary zolakly gyrmyzy ketenini sylag berdiler. Öýmüze duýdansyz giren iki sany bu uly baýlyga begenişip, biz bolubilenimizi bolduk. Öýe gelenimizden soň uýam ýaňky keteniden ejeme we kiçi gyz jigimize köýnek tikjekdigini, özem hut şu günki alan tikin maşyny bilen tikjekdigini aýtdy. «Ýöne ýygym gutarsyn, şoňa çenli howlukmaň!» diýdi. Ejem-ä howlukmady welin, şol kiçijik jigimiz bökjekläp heläk boldy. Olar ýaly lowurdap duran keteni, mytgaldan boýamyş geýip ýören çaganyň nirede gören zady. Umuman, ol wagtlar hiç kimem bir üýtgeşik zat geýip ýörenokdy. Dogrusyny aýtsaň, geýeýin diýeňde-de zat ýok. Agyr uruşdan soň halk ýaňy aýaga galýardy. Duluňda ýarty halta unuň, atara çaýyň, ýakara-da odunyň bolsa, başga zat gerekdirem öýdülmezdi.

Gytçylyk, ýetmezçilik, edil öňküleri ýaly üstüňi alyp durmasa-da, garaz, mahal-mahal gapyňdan boýnuny uzadyp, bardygyny bildirip gidýärdi. Mätäçlik biziň hojalygymyzam ýatdan çykaraýanokdy. Biz esasanam Aşgabatda okap ýören agama pul iberjek bolanymyzda ýa-da ol rugsada gelip, yzyna gitjek bolanda, ýol harjy tapman kösenýärdik. Ine, şol harjysyzlyk zerarly, ýygym gutararyna howlugyp, bökjekläp ýören gyz jigim özüniň her dürli öwsüp duran gyrmyzy ketenisini hem geýip bilmedi. Satmaly bolduk. Agam okuwdan geldi-de, yzyna gidere pul tapylmady. Kakam başlykdan awans dilese-de bermän, gaýtam: «Ogluňy iberme diýsem, kolhozda işletmän okuwa iberdiň, eýgeribilmeseň gözüň çyksyn!» diýip oňa gyjalat berip goýberipdir. Agşamaralar, onluk çyranyň daşynda aýamyzy eňegimize direşip otyrkak, ertirden bäri hiç kimiň agzap bilmän oturan sözlerini ejem uklap ýatan gyz jigime ogryn-ogryn garap oturyşyna, kynlyk bilen aýdyp goýberdi: «Bolmasa, ketenini sataýalyň?» Muny hemmelerem goldadylar. Gaýtam şeýle kyn pursatda çykalga tapylandygy üçin begendiler. Kakamam: «Gerek deregi ýykar diýipdirler, nätjek-dä. Ýöne Enebaýa duýdurmaň, ýüregi süýşer» diýip, eşiklerini geýmäge durdy. Menem hem-ä begendim hemem gynandym. Agama ýol kireý tapylandygy üçin-ä begendim. «Ketenim, ketenim» diýip, her gün diýen ýaly köneje sandygymyzy açdyryp, onuň içindäki lowurdap duran ketenini gözi bilen görüp, eljagazlary bilen sypalap-sypalap ýatan jigijigimiň köýüp gitjek çaga höwesi üçin bolsa gynandym. Onuň ertir ýene-de turşy ýaly ketenisini sorajakdygy, sandygy açdyrjakdygy ýadyma düşende, ýüregim awap-awap gitdi. Bu hakda hemmelerem oýlanan bor-a çemeli, agam-a kibtini gysyp nirädir bir ýana çykyp gitdi. Kakamam ejemiň sandykdan çykaryp uzadan ketenisini ýatanda kellesine oraýan ak ýaglygyna düwdi-de: «Rejep dükança beräýmesem…» diýip ýaýdandy. Süýji ukuda dünýeden bihabar ýatan jigime tarap seretmäge-de bogny ysman, şemal öwüsse-de, jygyldap açylyp-ýapylyp duran gapymyzy, agyr bir derwezäni açýan ýaly zor bilen iterdi. Ýapanda ondanam kynlyk bilen ýapdy. Bir sagat ýaly wagtdanam yzyna dolanyp geldi. Kükürdiň gaby ýalyjak ululykdaky kagyza dolangy bir zady ejeme uzatdy. Özem sesini çykarman, pejiň aňyrsyna geçdi. Howlukman dolagyny çözdi. Ejeme: «Ertir meni irräk turuzgyn!» diýdi-de, çaýam içmän, aňyrsyna öwrüldi ýatyberdi. Ejem bilen Gurbantäç bolsa şondan soňam tikine-çatyna güýmenişip ep-esli oturdylar. Men bolsam, Gurbantäç dagynyň kölegesi düşüp duran garaňky gap böwre geçdim-de, ýyrtygyndan goňrumtyl, mele ýüňler sallanyşyp duran köneje ýorgany başyma çekdim. Hiç kime bildirmänem agladym. Ediljek meniň çak edişim ýaly, jigim ertir ir bilen turup ejemden ketenisini sorady. «Haçan tikjek?» diýip, işe gitmek üçin hyk-çoklap ýeňsesi ýyrtyk köneje esgi köwşüni geýip bilmän aljyrap oturan Gurbantäjiň egninden aslyşdy. Olam geplejek bolup, ilk-ä esli wagt bokurdagyny arçap bilmän kösendi. «Kh-he, kh-he» diýip, durşuna aglap goýberäýmekden zordan saklanyp: «Aýtdym-a jigim, ýygym gutarsyn diýip. Onsoň tikerin. Indiki ýyl birinjä gideňde geýip gidersiň, bolýamy?» diýdi-de, Enebaýyň ýene bir zat diýerinden ätiýaç eden ýaly, işikden zarp bilen atylyp çykdy. Buz ýaly şemal ýaňy bir ýylap ugran içerini köwsarladyp goýberdi. Şondan soň jigim: «Hany görkez!» diýip ejeme ýalbarmaga başlady. «Sypalap göreýin, onsoň, ýene ýapaý!» Bolsa-da ejem çykalga tapaýdy. «Düýn sandygyň açaryny ýitiräýipdirin gyzym, saçbagymyň ujundan gaçyp galaýypdyr. Şu gün guşluk çaýa-da çykman şony gözlejek, tapsam, agşam sandygy açarys. Senem keteniňi görersiň» diýdi. Jigim her näçe gynansa-da, bialaç ylalaşmaly boldy. Ýöne sandyk agşamam açylmady. Ejem görgüli ýüzüni duw-ak edip: «Tapmadym gyzym. Howlukma hany, ertirem ýene bir gezek gözläp göreli, belki tapylaýady-da» diýdi. Günde-günaşa şu sözler gaýtalanyp duransoň, soňabaka açarsyzlyga jigimiň özem öwrenişdi. Soramasyny azaltdy. Kem-kemdenem unutdy. Ýöne şondan soň ol elmydama bir zadyny ýitiren ýaly sus gezmäni çykardy. Çaga mahsus bolmadyk agraslyk aralaşdy. Gijäniň bir mahallary turup, hiç kime bildirmän sandygyň daşyndan dyrmalap oturanyny, kiçijik eljagazlary bilen demir gulpy açjak bolup ysgynsyzja silkeleýşini özümem telim gezek gördüm.

…Agam okuwyny gutaryp gelensoň, ilkinji aýlygyndan jigime edil şol öňküjesi ýaly lowurdap duran, gyrasy sary zolakly gyrmyzy keteni alyp berdi. Göwni ýarym naçar diýip oňa soňam, her aýlykda nämedir bir zatjagaz äberdi ýördi. Ýöne… Ýöne jigim öňküleri ýaly begenip bökjeklemedi, «ketenim, ketenim» diýip ir ertir, giç agşam enaýy owazlar bilen saýramady. Daşyna dürli lybaslary üýşürip oturşyna süýem barmajygyny dişläp, dulda duran sandyga birsyhly seretdi oturdy. Delmurdy. Ýuwdundy. Emma sesini çykarmady…

Şondan soň ylaýyk ýigrimi sekiz ýyla golaý wagt geçdi. Geçmişde gabat gelen ownukly-irili wakalaryň köpüsi unduldy. Ýöne şol hemmämizi otlara salan gyrasy sary zolakly gyrmyzy keteni bilen baglanyşykly waka welin, asyl-ha ýadymdan çykyp gidäýenok. Çünki şindi-şindilerem çagalary bilen öýe gezmäge gelen wagty jigim açary ýiten şol syrly sandyga seretse, (men ol sandygy könelerden ýadygärlik hökmünde henizem saklap ýörün) göwnüme, gözleri bilen göwnünde arman bolup galan şol gyrmyzy ketenini gözleýän ýaly, süňňüm gowşap ýüregim gyýym-gyýym bolup gidýär. Edil şol gezekkim ýaly, gara çynym bilen oňa nebsim agyrýar. Bozulýan. Hamala jigim menden: «Jan dogan, şonuň agzyny indi bir aç, seredip bir göreýin» diýip, haýyş edäýjek ýaly, usullyk bilen ýerimden turýan-da, beýleki jaýa geçýän. Ýa-da bir bahana bilen öýden çykyp gidýän. Soňam esli wagtlap girip bilemok. Çünki jigimiň sandyga salýan nazary göýä biz ony «açary ýok» diýip henizem aldap ýören ýaly şeýle bir naýynjar, şeýle bir gamly welin, meniň kürsäp öýe girägede, sandygyň agzyny açasym, «Jan jigim, ine, gör! Sandyk boş. Biz seniň ol keteniňi zerur bolup baryp-ha şol mahallar satdyk ahyryn» diýip, ulilim bilen gygyraýasym gelip dur. Ýöne indi telim ýyldyr şol sandygyň açary mende dogrudanam ýok. Men, ony baryp-ha kakam ýogalan ýyllary ýitiripdim. Indi hiç mahal açylmajak şol sandygyň içinde bolsa jigimiň çaga kalbynda ömürlik arman bolup galan köýen höwesjigi, gör, näçe ýyl bäri gum basyp ýatyr. Indi onuň öwezini hiç bir zat, hatda dünýädäki iň bir gymmat bahaly zerli parçalar hem tutup bilmez. Eger tutup bilýän bolsady, onda jigim döwletli, döwranly ullakan hojalygyň keýwanysy bolup, bolçulyk bulagynda gulaçlap ýüzýän halyna, her gezek şol köneje sandyga tarap beýle naýynjar bakmazdy.

1984 ý.

© Juma HUDAÝGULY
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 04:16, 10.12.2023
Bu hekaýany edil özüm-ä birneme sentimental hasaplaýan, ýöne gowy görýän duýguçyl okyjylar kän. Iň güýçli ýeri - tutuş hekaýaň manysy eseriň birinji sözleminden soň hasam aýylganç görünýär. Pagta bitgin, keteni - elýetmez gymmatlyk.
Suraty - Gurbantäjiň amala aşmadyk arzuwy hökmünde kabul edip bolýar.
avatar
0
2 Pegas • 09:59, 10.12.2023
A men hekaýaň iň güýçli ýeri gyzjagazyň gijelerine sandygy dyrmap oturmasy hasaplaýan.
avatar
0
3 Seýrаn • 22:44, 10.12.2023
Duýgusy bir döwürleriň ýagdaýyny göz öňüme getirdi.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202