Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:23
Göwün / hekaýa

GÖWÜN

Dördünji klasyň okuwçysy Baýmyrady çeper höwesjeňleriň toparyna kabul etmediler. Seçilişik bolanda diňläp gördüler-de: «Buw-w, bu sesiň bilen seni iliň öňüne çykaryp aýdym aýtdyryp bolmaz» diýdiler. Baýmyrat muny öler ýaly gaty gördi. Gyssanjyna baryp kakasyna arz etdi. «Menem aýdym aýtjak!» diýdi. Näme üçin almadyklarynam aýtdy. Kolhozyň saraýynda ýükçi bolup işleýän Agaly çagasynyň dolup-daşyp durşuna dözmän, agşamaralar ýüzüni garaňka tutup aýdym mugallymynyň öýüne bardy. «Şeýle-şeýle» diýip näme üçin gelendigini düşündirdi. «Aňrujy bor ýaly bolsa aýtdyryň, boýnuny burup otyr, çaga gaty höwes edýä» diýdi. Aýdym mugallymy şunça düşündirjek bolsa-da, Agaly bir tutan ýerini tutdy oturdy. Mugallym birmeýdan böwrüni diňläp oturdy-da, çykalga tapan ýaly «ziňk» edip Agala seretdi.
- I-i... Horda duruzaýaly-la şony bolmasa!
- Horda durulsa nirde durulýa? – diýip, Agaly mugallymyň özüne sorag berdi.
- Neme-dä, köpçüligiň arasynda durup aýdybermeli-dä.
- Aýdym aýtmaly dämi özi?
- Hawwa-la.
- Bor şol. Bir ýerde durup aýtsa bor.
- Ertir sapakdan soň gaýtalamamyz bardyr, baraýsyn, şonda-da bir synap göreli hany.
Ertesi Baýmyrady horuň in yzky hatarynda oturgyjyň üstünde duruzdylar. Ýaňy bir aýdyma başladylar welin aýdym mugallymy Baýmyrada elini serip «uwlaberdi».
- Goýaweri, goýaweri! Düş! Düş jigim, düş! Bütin hory bulaşdyrýaň. Seňki boljak däl. Sesiň düýbünden bolanok. Düş, düş!
Baýmyradyň bokurdagy doldy. «Nämesi bolanokmyş şunuň? Hä? Nämüçin bolmyýamyşyn?» diýip gygyryberesi geldi. Emma ýekeje agyzam gepläp bilmedi. Burnuny sallap barşyna özüniň «hatardan» çykarylanyna öler ýaly namys etdi. Öýe baransoňam iýip-içip ugry bolmady.
- Neneň, bu gün aýdym aýtdyrdylarmy? – diýip, kakasy işden gelşi ýaly sorady.
Baýmyrat aşak bakyp oturşyna sesini çykarman keçäni dyrmalady. Kakasy soragyny gaýtalansoň: «juk» etdi-de, burunjygyny çekdi. Çygjaran gözlerini galdyryp, kakasynyň ýüzüne mölerildi. Agalynyňam barja keýpi gaçdy. Ynjap gürledi.
- Nämuçin aýtdyrmadylar?
Baýmyrat eginlerini gysdy. Gepiniň tutulmandygy üçin Agalam aýdym mugallymyndan kinedar boldy. Öz ýanyndan öýkeledi.
- Ertir direktiriň ýanyna baraýaryn oglum men. Gatam aýtdyrlar. Näme aýtdyrman. Sen nä bi höküwmediň adamy dämi?
Baýmyrat tisgine-tisgine sowuk demini aldy.
- Agaly ertir şähere ýüke gitdi-de, mekdebe gijara, direktor gaýtjak bolup durka bardy. Ýagdaýyny aýtdy. «Gaýrat ediň, çagaň göwni galmasyn» diýdi. Direktor aýdym mugallymyny ýanyna çagyryp, Agalynyň näme üçin gelendigini gysgajyk düşündirdi. «Bilýän, bilýän» diýip, mugallym görgüli elewräberdi.
– Hiç bolanok, ýoldaş direktor. Öňki agşam Agala boýunam boldum welin, hiç bor ýaly dal. — Ol aşak bakyp sesini ýuwaşatdy. – Çagada-da beýle zoňtar ses bor eken-ow. – Soň ýene ellerini ýaýdy. «Men-ä nätjegimi bilemok».
Agaly zol-zol «Gaýrat ediň-de, bir ýagdaýyny tapyň, ýogsam çaga gaty gyýylýa» diýip duransoň direktoram aýdym mugallymyna ýalbaryp başlady. Olaryň ikisem gara çynlary bilen bu çykgynsyz ýagdaýdan çykalga gözlediler.
- Nemetsek näderkä?! – diýip, aýdym mugallymy ýerinden turdy. Möhüm bir uly işi çözýän ýaly iki ýana gezmeledi. Oturanlaryň hersiniň ýüzüne bir seredip az-kem durdy-da, ýene öňküje ýerine geçip oturdy. Içine ýel sordy. Şol ýeliň kükreginden çykaryna mähetdel «hm-m» edip söze başlady. — Şeýdäýmesek, men-ä başga näme etjegimizi bilemok. Halys höwes edýän bolsa, näme, dursun horda, ýöne sesini çykarman dursun. Uluraklaryň ýanynda, yzky hatarda duruzarys welin, kän bir görünibem durmaz.
Agalynyň ýüzüne seredişdiler. Ol aşak bakyp oturyşyna çalaja seslendi:
- Bolýa-da onda, men şeý diýipjik aýdaýyn oňa.
Agaly agşam öýüne baranda Baýmyrat ýaňy ýerine geçen ekeni. Kakasy içeri girenden ol boýunjygyny galdyrdy. Gözüni tegeläp onuň bir zat diýerine garaşdy. Agaly pejiň gapdalyna çökdi-de, ädigini çykardy. Dolagyny aýryp, ädiginiň içine sokuşdyryp otyrka direktoryň ýanyna barşyny ogluna birin-birin howlukman gürrüň berdi.
- Şol hor diýilýäninde duraýsyn diýdiler. Ýöne sesini çykarmasyn diýdiler. Onam ýöne men bolamsoň ýüzümden geçip bilmän diýäýdiler öýdýän. Al-aýt, ala-böle seň sesiň köpçülige bolman durşuny. – Agaly böwrüni diňledi. – Sen kakam pahyra çekensiň. Şo bendäňem bokurdagy jäheksizdi. Gürlände arslan arlan ýaly «gübür-gübür», sesinden goňşular arkaýyn ýatybilmezdiler. Atam pahyr-a asyl gadym wagtlar obanyň jarçysy ekeni. Üh-he! Ertir baraý onda sen arkaýyn.
Baýmyrat bu habara diýseň gynandy. Dodagyny kemşerdip dişini gysdy.
Kemsinendigini kakasyna-da bildirmejek bolup, ýorganyny ýüzüne çekdi. Kakasy çaýyny içip boluberende bir zat ýadyna düşen ýaly usullyk bilen ýüzüni açdy. Gara der bolan maňlaýyny aýasy bilen süpürdi. Başdakysy ýaly boýnuny galdyrdy-da, ýuwaşja, basyk, ýadaw sesi bilen:
- Kaka-a! – diýdi. Peje bakyp çaýynyň iň soňuny käsesine sarkyryp oturan kakasynyň özüne tarap gaňrylanyny görensoň bolsa daljygyp birnäçe gezek ýuwdundy. Has naýynjar gepledi. – Agzyňy gymyldatsaň bolýamyka?
Agaly birmeýdan dik depesine bakyp pikirlenip oturansoň çalaja gozgandy. Ardynjyrady. Oglunyň ýüzüne seredibilmän kesä bakyp jogap berdi.
- Bor-la. Näme bolman. Sesiňi çykarman nädeniňde nä.
Ogly üçin Agalynyň özem çaga ýaly kemsindi. Gynandy. Galan çaýyny iki owurtda içdi-de, düýbüni pejiň aşagyna serpip goýberdi.
Baýmyrat welin şondan soň birneme ynjaldy. Sähel salymdan bolsa çuňňur uka gitdi. Uzak gije derçiräp hezil edip ýatdy. Ertir deň-duşlary bilen bir hatarda durup il deňinde «aýdym aýtjakdygy» üçin tüýs ýürekden begendi.

1982 ý.

© Juma HUDAÝGULY
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 157 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
1
1 sussupessimist • 03:46, 10.12.2023
Ine, ýene bir güýçli hekaýamyz. Ýönekeýje, ýöne görnüşinden has uly many göterip bilýän hekaýa.

Prozada ýekeje-de artyk sözüň gerek däldigini subut etmek üçin bir ýola eksperiment geçiripdim. Şu hekaýany okan, juda halan okyjylardan, ýazýan-pozýanlardan: "Eser nähili gutarýa? Soňky sözlemi ýadyňa düşýärmi?" diýenimde, tas hemmesi: "Agzyňy gymyldatsaň bolýamy diýen sözlem bilen gutarýa" diýip jogap berdiler (statistikamy diňe ýatkeşligi öte gowy Merdan Baýat bozdy). Menem onsoň: "Ähä, gördüň gerek? Aslynda okyjy üçin eser şo ýerinde gutardy, şo ýerde ony nokauta gidirdiler, emma awtor şondan soňam birgiden sözlem bilen ýatan okyjyny ýumruklajak bolýar. Şo ýerinde gutarsa-da hiç zat ýitmezdi" diýýärdim. Meňki ýalňyş bolmagam ahmal, her kimiň öz ýazyş stili, döredijilige bolan öz çemeleşmesi bar, hemmämiz minimalist bolmaly diýen zat ýok.

P.S. Nokautly pikir meniňki däl, halypam Hulio Kortasaryňky. Şol: "Maksat jan, inim, ýadyňda sakla, roman mydama utuk boýunça ýeňýär, hekaýa - nokaut bilen basmaly" diýipdi maňa galdyran wesýetnamasynda (Pariždäki birgiden towşanly kwartirasyny miras galdyrypdylaý maňa).
avatar
2
2 sussupessimist • 03:58, 10.12.2023
Hehe, gyzykly maglumat.
Ýaňy-ýakynda hekaýa bir ýerde çap edilipdir. Ýöne esere birneme üýtgeşme girizilipdir. Mysal üçin:
"Baýmyrat muny öler ýaly gaty gördi" diýen sözlem "Baýmyrat muny gaty gördi" diýen görnüşde gidipdir. Düzedenler ölüm-ýitimden öler ýaly gorkýan borly. Menem gorkýan. Oňarypdyrlar. Şeýdip ýeňäýmesek, halys janyňy alyp barya.

Ýene bir üýtgeşmejik:
"Ertesi Baýmyrady horuň in yzky hatarynda oturgyjyň üstünde duruzdylar. Ýaňy bir aýdyma başladylar welin aýdym mugallymy Baýmyrada elini serip «uwlaberdi».
- Goýaweri, goýaweri! Düş! Düş jigim, düş! Bütin hory bulaşdyrýaň. Seňki boljak däl. Sesiň düýbünden bolanok. Düş, düş!
Baýmyradyň bokurdagy doldy. «Nämesi bolanokmyş şunuň? Hä? Nämüçin bolmyýamyşyn?» diýip gygyryberesi geldi. Emma ýekeje agyzam gepläp bilmedi. Burnuny sallap barşyna özüniň «hatardan» çykarylanyna öler ýaly namys etdi. Öýe baransoňam iýip-içip ugry bolmady.
"

Şuň ýerine şeýle abzas:

"Ertesi Baýmyrady horuň yzky hatarynda, oturgyjyň üstünde duruzdylar. Ýöne, mugallym ony näçe ugrukdyrjak bolsa-da bolmady. Tutuş hor birýana, olam birýana boldy durdy. Baýmyradyň ýeke özüni çykaryp goýberäýmäge-de ýüregi gyýman, mugallym bir bahana bilen gurnagy wagtyndan ir tamamlady. Çaga-da bolsa ýagdaýy aňandyr-da, Baýmyrat gaýdyp barýarka indiki sapaga gelmelidigini-däldigini sorady. Mugallym bu gezegem zordan çykalga tapdy: «Köşek, bahym dutarçylar gurnagyny açjak, sen ana, şoňa gatnaý, bolýamy. Hemme aýdym aýtmaly diýen zat ýog-a, arasynda sazanda-da gereg-a, şeýle dälmi?» diýdi."
avatar
0
3 Medicall • 21:21, 10.12.2023
Waheyy, çagajyk... Göwün üçin diyip süyrap ýörseñem çagadaky başga zada bolan zehini açyp bilman galynaýarda...
Gysgada bolsa güýçli, ýiti hekaýa
avatar
3
4 Medicall • 21:41, 10.12.2023
Sussubeterpesimezis doganym, şu gün irräk ýurdumyza belli şahyrlarymyzyñ biri jañ etdi. Edebiýat Kafesinde goýulýan eserler üçin uly sagbolsun aýtdy. Siziñ adyñyzy agzalardan aýratyn tutdy: "Maksat edebiýata hakyky hyzmat etjek gaýratly oglandyr, bileräk işläpdik, oñ ýetirýan hekaýalaryny, goşgularyny esasanam Seýran Otuzdan, Nejep Baýatdan, Merdan Baýatdan... Ahmet Meleden
we beyleki ýetirýan täze stil hekaýalaryny hezil edip okaýarys. Edebiýat Kafede Mangonyñ,Hydyr Amangeldiñ, Mukam Muhamowyñ, Umyt Küläniñ we beýleki aktiw agzalaryñ bolmagy, olaryñ eserleri bizi begendiryar. Teswirlerem diyseñ gyzykly, okap özüñem teswirlerede jogap ýazyberesiñ gelýar. Seýran Otuzyñ "Bosgun duýgular" goşgusundaky ak baýdakly teswire meñem pikir ýazasym geldi...
Edýan işleriñiz üçin ähliñize minnetdardyrys... " diyip begenjini paylaşdy..

Size menem ony şu ýerde ýetirayeyin diydim. Dogry zady dogry aytmaly: sissubeterpesimezist dogan! Berekella! Sizden diñe sayt agzalaryndan däl, eysem daşundan okayan okyjylarymyzam örän hoşhal. Işleriñiz ugruna, maşgalañyz abat bolsun! Eserlerini paylaşyan awtorlaryñyzyñam ählisine hormatlar! Sag boluñ, bar boluñ ähliñiz!

(bellik: jañ eden şahyrymyzyñ gürrüñinden ýazan zatlarymda hiç hili ulaldyp ýazan däldirin, kemeldip, yarsyny aýyryp ýazandyryn gayta)
avatar
2
5 sussupessimist • 21:53, 10.12.2023
Bäh, yakymly. Minnetdar, aydanam, yetirenem sag bolsun!
Dogrusy, özümem bellibir derejede, esasan, bu saytda teswir yazmasa-da, agza bolmasa-da, belki, daşyndan okap, özi bilen yürekdeş adamlaryň bardygyna, yeke däldigine, ruhuny iymitlendirmäge zat tapandygyna begenjek nätanyş okyjy üçin paylaşyan ol eserleri.
avatar
0
6 Мango • 22:18, 10.12.2023
gowy hekaýa.
80-nji ýyllaryň hekaýasy bolansoň çykalga tapmandyrlar.
waka bu ýyllarda bolýan bolsa-ha çykalgasy bar: çaga rok aýdymlaryna ugrukdyrmaly.
Высоцкий, Цой... şulaň sesem beýle bir ýakymly däl.
ýa Magtymguly Garlyny diňläňde-de "ýaşula rok aýdymyny aýtdyraýsaň" diýdirýär. özüm-hä owadan görýän gyryk sesleri...

sesiň köpçülikden tapawutly çykjak bolsa - bolmaýançy bolup dur. halys sesiňi çykarasyň gelse-de ses çykarýan ýaly agzyňy gymyldadyp, sesiňi içiňden çykarmaly.
avatar
0
7 Мango • 22:23, 10.12.2023
öňem bir okuwçy aýal mugallymyna gahary gelip "ejeň..." diýip söwüpdir.
olam direktoryň kabinetine eltenmiş.
direktor soraýar: näme üçin söwdüň?
çaga aljyrap: men aslynda içimden söwdüm. nädip daşyna çykanyny bilemok... -diýýämiş.

içiňden söwmek, içiňden pikirlenmek, içiňden getirmek... umuman içiňe çöwrülmek köp zatdan halas edýär öýdýän.
avatar
0
8 Medicall • 23:16, 10.12.2023
Aytmagy undupdyryn, goýulyan eserler barada, täze döredijilik birleşmäñiziñ hekaýalary barada, umumy teswirler barada öz aralarynda-da pikir alyşyandyklarynam, özünden başgada okayanlañ bardygynam aytdy.

Bu teswirlerem okayandyr olaram, sagboluñ!
avatar
0
9 sussupessimist • 16:30, 02.04.2024
Şu gün şum habar aldyk. Juma Hudaygulyyew pahyr bolupdyr.
Imany hemra bolsun.
avatar
0
10 Medicall • 16:36, 02.04.2024
waheý, baran ýeri berilsin, imany hemrasy bolsun!
avatar
0
11 Mekan2 • 17:00, 02.04.2024
imany äkidenden bolsun!

täzeden kitap okamagyma höwes döreden ýazyjy. "ýere gaçan ýyldyzlar", "söýgüde serhet ýok", "ömrüzaýa"... ýaly uly göwrümli, "garawulçylykda ýazylan ýazgylar" (adyny ýalňyşýan bolup bilerin) hekaýalaryna çenli, tas hemme eserini diýen ýaly okandyryn. hatda "salyr soňy sarahs" ýaly taryhyrak, "aşyk merdan", "döwür kyssasy" ýaly şahsyrak eserlerinem okadym.

bir adamyň eserini köp okasaň, gaýtalanýan ýaly, köp gepleýän ýaly bolýan eken, serewno gaty gowy ýazýa(dy).

ýene bir gezek iman dileýän, ýaşula.
avatar
1
12 Mekan2 • 17:06, 02.04.2024
ertirden başlap "döwür kyssasyndan" parçalary paýlaşaýmaly diýip pikirlenýän şumat.
avatar
0
13 aygull • 17:37, 02.04.2024
"Bir görüp geläýsedik" diýdim ýördüm
Ölensog-a gidilerem...
avatar
0
14 janjennet • 17:53, 02.04.2024
esli ýyl bäri göresim gelýän adamlardandy. iman äkidenden bolsun.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203