Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:08
Baglylyk

BAGLYLYK


Söz­ler söz­le­mä­ge ber­len när­se­dir,
Oý­na­mak üçin däl,
Sö­gün­mek üçin däl,
Ýoý­mak üçin däl!
Dän, ýü­re­gim, ýa­man päl­le­riň ne­dir,
Heý, söz­ler bi­le­nem oýun edip bor­my?!
Ili ok­lar bi­len oý­na­dyp bor­my?!
Bar­my ýa­lan söz­den baý­na­ýan, ba­ýan,
Aýan, ýa­nan söz­den ýü­re­gi ga­na:n.
Söz ot­dur, söz köz­dür, söz­ler­de ýa­lyn,
Söz bi­len kal­by däl, pis­li­gi ýa­kyň,
Pes­li­gi ýa­pyň!
Ka­kyň söz­ler bi­len Ha­kyň der­gä­hin,
Ha­kyn alyň ejiz­le­riň, erk­le­riň.
Söz bal­dyr, söz gül­dür, ge­rek­se, gül­dir,
Ge­rek­se, ýe­ke­je özi hem öl­dir.
Ýok, söz bi­len öl­dür­mäň siz, gül­dü­riň!
Ýa­ma­na: «Ýag­şy» di­ýiň, gaýt­syn pä­lin­den,
Ýag­şy söz­läň, çyk­syn ýy­lan hi­nin­den.
Diň­läň ha­ky­ka­ty söz­län şa­hy­ry,
Hoş söz­den su­war­lan kö­ňül sol­ma­ýar,
Hak söz­le­ri ýa­zan şa­hyr öl­me­ýär.
Şy­gyr­da söz­le­riň en­we­ri ýa­tyr,
Hak söz­de şy­gyr­laň ser­we­ri ýa­tyr.
Öýt­me­gin söz­le­riň tä­si­ri ýet­mez,
Aý­dan sö­züň sen­den daş­la­şyp git­mez.
Gör, kim­ler hak sö­zi öçü­rip otyr,
Şa­hyr yk­ba­ly­ny gö­çü­rip otyr...

© Nury Sakçyýew
Bölümler: Goşgular | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Mekan2 • 15:59, 11.06.2024
şö:rde ýa iki a-nyňam yzyna-da iki nokat goýmaly ýa-da hijisine-de goýmaly dä.

Aýan, ýa­nan söz­den ýü­re­gi ga­na:n.

ýo, yrsaramok weli

osoňam, o ýeri sorag dämaý, nukta goýlupdyr 

Nury Sakçy kän eşidýän şahyrym dä, erbet ýazanokken.
avatar
0
2 Мango • 18:38, 11.06.2024
Söz diýildi welin REKLAMA etmeli boldy:

"SÖZLERDEN DERMAN"
avatar
0
3 Мango • 18:46, 11.06.2024
Ýewangeliýanyň ilkinji sözleri hem ýada düşdi...

В начале было Слово,
и Слово было у Бога,
и Слово было Бог.
Оно было в начале у Бога.
Все чрез Него на́чало быть,
и без Него ничто не на́чало быть, ...
avatar
0
4 Мango • 18:49, 11.06.2024
ýene bir zat ýada düşdi: söz diýlen zat agyzdan çykansoň barlyga öwrülýämiş, ýagny bir ýerlerde toplanýar (zat hökmünde)...
şoňçürip, ýagşy sözlemeli...
(sebäbi sözlenen sözler, seň peýdaňa ýa zyýanyňa...)
avatar
0
5 aygull • 22:23, 11.06.2024
Şahyr-a baýaky ykbalyny göçürýändir welin, beýleki adamlaram öz aýdan sözünden sowa geçýän däldirler...(-le)
avatar
1
6 Seýrаn • 07:52, 16.06.2024
Şu Söz barada her kim ýazyp çykdy öýdýän. Agramy güýçli bolmaly sözüň, berlen wagty dänilmez ýaly. Käbir ýeri estrada ýaňlansa-da gowy koşuk eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203