Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:01
Pikir / Çözgüt

ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤPIKIR

Men — dünýäde ýiten gowak,
Dünýä — mende ýiten ada.
Duýgularym kalba gonak,
Umydymda öçmez wada
bolsa-da, ýetermi dada?!
Sada günler tagam-dada
dolmasa, düşerler oda
Ýa-da
ㅤㅤýadym ýada döner,
Belki, älem,
ㅤㅤㅤㅤpälem däner...
Pikirleriň saçy kelte,
Bolmasyn ol goňak-goňak.
Bilmen, şu günmi, erte
Haýsymyza ýeter gezek.
Belki, maňa,
ㅤㅤㅤbelki, saňa
Belki, daňa,
ㅤㅤㅤbelki, tüne...
Barybir giderin mundan,
Ýüregmi şygrymda goýup,
Meni öz şygrymda goýup,
Jahandan doýmankam doýup,
Bolman müň aglap-gülünse,
Arkaýyn gezer ömürem,
Oňam aladasy ýetik.
(Ah, men işýakmaz diýsänim...).
Adada gowak görünse,
Ne başararyn men gidip...

ㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤㅤÇÖZGÜT

Men özümi gözläp, azaşdym öýdýän,
Nirede sen, meni gussa goýan men?
Deň bolduňmy ýa bir ünjä,
Reň bolduňmy ala üljä,
Heň bolduňmy gülli gülkä?
Gün kän...
Gel-dä!
Amanat berlen eýäňi gör-äý!
Ýogsa-da: «Men bärde!» diýip seslen-äý!
Ynan, hiç zadam diýjek däl,
Degjek däl göwnüňe, goýjak günüňe.
Ýörjek däl men indi özümi tapman,
Men menli ýaşamaly durmuşda hökman.
Bakman özgeleriň
başga biriniň menin
Ogurlap ýaşaýşyna,
Dogrulap ýasaýşyna.
Gör sen şony!
Gel sen, hany!
Ýogsa, özüm özüme ýat,
Ýadadym men başgalary gaýtalap.
Ynanýan, ahyr taparyn,
Ýitirmedik ýalňyz menim.
Ýüregimde dözüm bolup,
Akyl başda düzüm bolup,
Aýranynda ýaşmagyny.
Bilýärin, bilýän, barybir
Men men bolup, özüm bolup
Ýaşamaly!

© Nury SAKÇYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 19:43, 19.04.2024
Şowly setirler bar. Meselem, 1-njiň iki setiri. Nähili gowy başlaýar...
avatar
0
2 ToylyOraz • 21:24, 19.04.2024
Гаты говы Эсер! Миннетдар !
Сонкы довур гынанчлы эсерлере копирак душян я олар мени тапяр...
Нетиже
шунда рухы беленлик Дуййан олам говунлери гандыряр!

Миннетдар автор Шу мовзуга лайк басмалы ерини билемокда болмаса коп гезек лайклары басардык..!
Хова Мен сози кан говам далмика диййан Мен менлиге итержегем Менлилик мика диййан.

Коп коп миннетдар автор окап дынч алдык!
avatar
1
3 sussupessimist • 22:56, 19.04.2024
Ok, ToylyOraz, keep calm
avatar
0
4 ToylyOraz • 02:59, 20.04.2024
Сорри Суссупессимист олвейс калм!
avatar
0
5 Rowaç • 12:00, 20.04.2024
Birinjini rep etseňem bolman durjak däl, sesler oňat sazlaşdyrylypdyr. Ýöne şol "gülüm-ýalyma" aldanyp, asyl manydan daşlasylmasa kem däl. Men gaýta birinjiniň başlanyşyny erbet görmedim. Ikinji her kimiň şol özüni gözläp ýörşi hörpünden, wah, tapyp bilenliginde weli bolmajakmy diý?! Maladys, oňat synanyşyk.
avatar
0
6 Pero • 15:51, 23.04.2024
Ikinjini gowy gördüm,Nury.
Birinji gaty "turşy",dişiñi gamaşdyrya
avatar

Старая форма входа
Total users: 203