19:04 Ýürekler sowamasyn! | |
ÝÜREKLER SOWAMASYN! Has-da sowuk geldi bu gyş, Artdy ownuk gaýgylaram. Uçan şol durnalar bile, Gitdi käbir gargalaram. Aý, howaň sowany hiç-le. Ýöne kä gelýärsiň gabat, Kalby sowan adamlara. Ýeri, muňa näme diýjek, Aýdyň, sözlem bolsa galat. ...Düzedilmedik hatalar, Göwni aldan görksüz günä, Kalbyň ýylysyn ogurlap, Salýar bizi gör ne güne. Ýüregmizi sowadýarys, Göwnümizi tutup uly. Towugna tok diýilmedik, Gara nebsiň bolup guly. Ara düşse, öýke-kine Ýene bagyşlamak gerek. Gulplama:ly barylmaly gapyny açmaga derek. Dag başynyň doň gary deý Ýüregi gar eýlär gahar. Ýylylyk kalby ýylatmaz, Ony ýyldar diňe mähir. Söýeliň, päk söýgi başy belalardan sowup durar. Eger ýürekler sowasa, Söýgimizi sowuk urar. Bolubersin howalaram, Antarktidadan sowuk. Başaralyň, iň esasy, Ýürekleň sowugyn kowup. ...Galsak birden aýaz gyşda, Gülmese günleriň ýüzi, Mähir-muhabbetden doly Ýürekler ýyladar bizi! Nury SAKÇYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |