00:56 Beýikleriñ basdaşlaryna oda | |
BEÝIKLERIŇ BASDAŞLARYNA ODA Ol şeýle bir beýik, şeýle bir güýçli Hiç zat inkär etmez ony asyl-ha, Dirilikde depesinden basanlar, Ölenden soň götergiläp, asylýa. Şeýdip onuň bilen beýgeljek bolýa. Eý-ý, däli dünýä. Diri wagty onuň üstüne çykyp, Ondan beýik görünmekdir maksady. Ölenden soň beýikligine bakyp, Synyndan gaýym asylyp, bilýär bilmejegni ony düşürip, ýöne oň synyndan aslyşyp bilse köplerden beýigräk boljagyn bilýä. Şeýdip onuň bilen beýgeljek bolýa. Eý-ý, däli dünýä. 26.10.2017 | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |