01:39 Birtöwra | |
BIRTÖWRA (hekaýa) Birwagtlar dünýädäki iň uly güýç hasaplanan pula boýun egmän, adamlaryň arasynda ýekeje-de duşman gazanman ýaşamak ýaly, durmuşda iň müşgil bolan iki ýörelgäni maňa öwreden adamy unudaýsam, gadyrbilmezlik etdigim bolar. Onuň ýaly adama aňsat-aňsat gabat gelip bolanok, menem ol adama tötänden duş geläýdim. Şo mahallar etrap merkezinde ýaşaýardym. Bir gün agşamara itimiň aýagyny ýazaýyn diýip, ony daşaryk alyp çykdym. Gidip barýarkak, it birden birgeňsi hereketler etmäge, ýerde çabalanyp, agaçlara süýkenmäge başlady. Zarynlap çyňsaýardy. «Näme bolduka?» diýip aljyrap durkam, kimdir biriniň ýanyma ýakynlaşyp gelýänini duýdum. Ol otuz ýaşlaryndaky, pukaraja geýnen, ýakabagsyz, başy telpekli adamdy. Oňa gedaýdyr öýdüp, elimi jübime uzadanymam şoldy welin, onuň parahat terzde, gök gözlerini çiňerdip, edil köne tanşyna seredýän ýaly, maňa garap ýylgyryp durandygyny gördüm. Ol: — Bu janawara bir zad-a bolupdyr - diýdi. Soňra ite tarap öwrüldi-de: — Gel bärik, hany. Häzirjik biläýeris ony - diýdi. Özem maňa ýüzlenende, hamala, ikimiz öňden bäri dost ýaly, «sen» diýip ýüzlenýärdi. Ýöne onuň beýdip içginsiremegine gaharym gelmedi, sebäbi onda ýasamalyk ýokdy, özüni alyp barşy akýürekli, dostana adamdygyndan habar berýärdi. Çasly sygyryp, iti çagyrdy. Itim ylgap gelşine, bu nätanyş adamyň dyzynyň üstünde öňki aýaklaryny goýdy. Ol mähirli elleri bilen itiň ýagyrnysyny sermäp ugrady. Az salymdan: — Ine, tapdym - diýip gygyrdy. It şol barmana çyňsady, oňa bir zat edendigini aňdym. Ýöne janawar şonda-da gaçjak bolmady. Ol adam ony öz ugruna goýberdi. Ol elindäki zady ýokaryk galdyrdy-da, ite ýüzlenip: — Ine, sen ondan gutuldyň, indi arkaýyn ötägit — diýip ýylgyrdy. It ylgap gidensoň, olam ýerinden turdy. Başyny egip, maňa salam berdi-de, öz ýoluna ýöräberdi. Ol şeýle çalt uzaklaşdy welin, sagbolsun aýtmaga-da ýetişmedim. Öýe dolanyp gelenimde, henizem şol adamyň geň hereketleri hakdaky pikirlerden aýňalyp bilemokdym. Duşuşygymyzy hyzmatkär aýala gürrüň berdim. — Oňa Anton diýýärler, ol şol zeýilli işlere ökdedir - diýdi. Näme iş bilen meşgul bolýanyny, näme bilen eklenýänini soradym. — Ol pula-beýlekä gyzýan adam däldir - diýip, hyzmatkär aýal jogap berdi. Eýsem, pul hemme ýerde bolşy ýaly, bu kiçijik etrap merkezinde-de gerekli dälmidi: çörek alanyňda, ýatara ýer peýläniňde, geýim-gejim aljak bolsaň... Onuň durmuşynyň syryny çözmegi ýüregime düwdüm. Salym geçmänkä, hyzmatkär aýalyň aýdanlarynyň janynyň bardygyna göz ýetirdim. Hakykatdanam, Antonyň bellibir pişesi ýok eken. Ol daň saz berenden, tä agşama çenli, göräýmäge, bellibir köçelerinde geçirýärdi, diýseň eserdeňlik bilen maksatsyz, gününi şäherçäniň gezip ýörkä-de, daş-töweregini synlaýardy. Şeýdip, käwagt ötüp barýan arabaçyny saklap, atynyň esbabynyň ykjam däldigini aýdýardy; käwagtam biriniň melleginiň gyrasyndan baryp, eýesine mellegiň haýatynyň opurylan ýerlerini görkezýärdi. Adamlaram ol işleriň köpüsini onuň özüne tabşyrýardy; sebäbi olar Antonyň bu zatlary hak-heşdek üçin etmeýänini bilýärdi. Bir gezek bolsa men onuň bir ädikçiniň ussahanasynda ädik bejerip oturanynam gördüm! Garaz, gyssaga düşen kişi Antonyň üstüne eňäýýärdi. Hatda bir sapar onuň aýallar bilen bazarda alma satyp oturanyna-da şaýat boldum. Satyjy aýallaryň biri näsaglyk tapynyp, Antondan ýerine göz-gulak bolmagy haýyş eden eken. Elbetde, islendik şäherde her bir işiň hötdesinden gelýän birgiden adam bolýar. Antonyň olardan tapawudy, näçe agyram bolsa edýän işi üçin diňe bir güne ýeterlik pul alýanlygydy. Şol bolşuny-da üýtgetmeýärdi. Bir güne ýeterlik pul gazanansoň, näme iş etsede, eden işi üçin hakalmaýardy. Iş buýran kişä-de: «Pul gerek bolsa, meň özüm seni taparyn» diýýärdi. Kän wagt geçmänkä, hemme kişä kömek etjek bolup jan edýän bu birtöwra adamyň özüne düýpgöter başgaça durmuş ýoluny saýlap alandygyna göz ýetirdim. Ol adamlaryň wyždanyna bil baglaýardy. Köp pul gazanyp, olary bankda saklanyndan, adamlaryň wyždanynda saklamagy has ýeg görýärdi. Hemmeleriň Antona nähili ynanýandygyna göz ýetirmek üçin, oňa köçede gezip ýörkä, ýöne bir syn etmek ýeterlikdi. Ähli adam oňa ýürekden salam berýärdi, bar kişi onuň bilen elleşip görüşýärdi. Sada, göwnaçyk, pukara eşikli bu adam şäheriň köçelerinde, öz mülkünde aýlanyp ýören baý emeldar ýaly salykatly we asuda gezip ýördi. Onuň üçin hemme gapy açykdy. Kimiň saçagynyň başynda oturasy gelse, oturyp bilýärdi. Hemme zat öz elindedi. Ertirini alada etmän, diňe Gudraty Güýçlä bil baglap ýaşaýan adamyň nähili uly güýje we söýgä eýedigine ömrümde birinji gezek anyk göz ýetirýärdim. Bir gün jaýymyň ternawy jaýrylyp, aşak suw geçirip başlady. Muny bejertmek üçin hyzmatkär aýala Antony çagyr diýdim. — Ol beýdip çagyrylanok, onuň nirede bolýanyny bilýän adam ýok - diýdi. Diýmek, bu täsin adamyň belli mekany-da ýokdy. Ony tapmak üçin islendik adama: — Antony tapyp bolmazmyka? Bir işjagaz bardy welin... - diýmek ýeterlik eken. Aýdylyşy ýaly, ol şol günüň özünde geldi. Dykgat bilen töweregi synlap, mellegiň içinden geçýän ýodadan ýöräp gelşine, pudamaly agaçlary görkezýärdi. Agaçlaryň birini görkezip, ony başga ýere göçürmelidigini aýtdy. Soňra ternawy oňarmaga durdy. Iki sagat soň işini dynandygyny aýdyp, eglenmänem çykyp gitdi. Ýene-de sagbolsun aýdyp ýetişmedim. Ýöne hyzmatkär aýala gören wagty oňa artykmajy bilen pul bermegini tabşyrdym. Hyzmatkär aýal Antona alty şilliň uzadypdyr, ol welin, diňe iki şilliň alyp: — Şu maňa ertir agşama çenli ýeterlik. — Ýöne lukmanyň köne penjegi dagy bar bolsa... — diýipdir. Yzyndan ylgap, baýyrdan aşaklygyna bakan gygyrdym: — Anton! Anton! Gel, saňa penjek bereýin! Hyzmatkär aýal ähli köne-küşülimi orta döküp, dörmäge başlady. Anton üýşmek bolup duran bu geýim-gejimleri birlaý gözden geçirdi. Bir penjegi egnine sokup, deňäp gördi. Parahat äheňde: — Şu köwşi duzçy petigindäki Juja sowgat edip bilersiň. Şoňa bir jübüt aýakgabam zerur. Şu taýdaky köýnekleri uly ýoldaky Žozefe beräý, çatyp geýer-dä. Isleseň, seň ýeriňe olary meň özüm eltip bereýin — diýdi. Ondan bäri ýyllar geçdi. Antony, teý ýadymdan çykaryp bilmedim. Sebäbi ahlak babatynda edil onuňky dek maňa uly ýardam eden adam bolmandy. Ownuk-uşak pul dawalaryndan ýadap, içim gysan wagty, köplenç, Antony ýatlaýaryn. Bir günlük sowjagyndan artygyny hiç haçan islemändigi üçin, arkaýyn hem parahat durmuşda ýaşap ýören ol adamy ýatdan çykarar ýaly däldi. «Ähli adamlar bir-birine edil şonuň ynanyşy ýaly ynansady, polisiýa, kazyýete, türmä we pula zerurlygam bolmazdy. Hemme kişi ile-güne hyzmat etmek üçin ylgap ýören, muzdundanam diňe gerejigini alýan şol adam ýaly ýaşasady, dünýä düýbünden düzelmezmidi?!» diýip pikir etdim. Ençeme ýyl geçdi, ýöne Anton barada hiç zat eşitmedim. Oňa näme bolanyny-da bilemok. Ýöne ol barada alada etmek hökman dälmikä diýýärin, sebäbi Taňry ony hiç haçan tenha galdyrmaz diýip pikir edýän. Onsoňam adamlar-da ony hiç haçan ýeke-ýalňyz goýmaz. © Stefan SWEÝG Terjime eden: © Azat KULYÝEW Çeşme: https://br.com.tm/sections/5/6038 | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |