Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:06
Küşt kyssasy [dowamy] / nowella

KÜŞT KYSSASY (dowamy)

[başlangyjy]

Şeýle ýagdaý iki hepdeläp dowam etdi. Men wagtdan üzňe, durmuşdan üzňe ýaşaýardym. Eger uruş başlan bolanlygynda, men muny ömrylla bilmezdim: meň dünýäm stol, gapy, krowat, el-ýüz ýuwulýan, kürsi, penjire, diwarlar bilen çäklenýärdi. Her sapar diwar kagyzynyň nagyşlaryna sereden mahalym, göwnüme bolmasa, kimdir biri olaň egri-bugry şekilini polat kesgiç bilen beýnimde gaýtalaýan ýalydy.
Ahyry soraglar başlandy. Duýdansyzlykda çagyrýardylar ― men muň gündiz bolýanynam, gije bolýanynam bilemokdym. Birnäçe insizje dälizler arkaly nämälim bir ýerlere gitmeli bolýardy. Soňam nirededigi nämälim ýerde garaşmaly. Ahyry stoluň öňünde sömelýäň, onuň aňyrsynda harby lybasda iki kişi oturandyr. Stoluň üstünde içi maglumatly top-top kagyz ýatyr ― olaň mazmunyny biljek gümanyň ýok; soňra soraglar başlanýar; gereklisem bar, gerekmejegi-de, gönüden-gönüleri-de bar, ugrukdyryjylary-da, hileli sowallaram bar, duzaga meňzeşleri-de. Olara jogap berýän mahalyň, keseki kişiň niýeti ýaman barmaklary kagyzlary waraklaýar, senem şo taýda nämeler ýazylanyny bileňok, keseki kişiň ýaman niýetli ellerem siziň görkezmeleňňizi ýazýar, senem, aslyýetinde, onuň nämeler ýazýanyny bileňok. Ýöne şu soraga çekmelerde özüm üçin iň aýylganjy meň edaramda nämeler amala aşyrylany barada hut gestapo üçin eýýäm nämeleň mälimdigini, olaň menden ýene nämeleri aňmak isleýänini bilemokdym, asyl biljek gümanymam ýokdy. Iň soňky pursatda iň wajyp hat-petekleri agama bermek üçin hyzmatkär zenana gowşurandygymy hälem bir size ýaňzydypdym. Şol hat-petekler agama ýetdimikä beri? Şugulçy gullukçym nämeleri anykladyka? Ol haýsy hatlary alyp ýetişdikä? Olar biziň keşişhanalaň biriniň işlerini alyp barýan haýsydyr bir tünträk ruhanysyndan osmakladyp nähili syr alyp bildilerkä?
Bular welin zol soraga çekýärdiler, üznüksiz soraga çekýärdiler. Haýsydyr bir keşişhana üçin nähili gymmatly kagyzlary satyn aldyň diýip soraýardylar. O tükini ýa-da bu tükini bilýänmi-bilemok? Banklaň haýsy biri bilen aragatnaşyk saklapdyryn? Şweýsariýa bilen hem-de Hudaý bilsin başga näjüre ýer bilen hat alşypdyrynmy? Olaň eýýäm nämeleri dörjeläp, aňyrsyna ýetendiklerini öňünden duýup bilemokdym, şondan ötri her bir jogabym meň üçin ölüm howpludy. Olaň magadyna ýetmedik bir zatlaryny boýun alyp, hiç bir hajatsyz kimdir birini pitige mündürmegim ahmaldy; ähli zatlary ret edibem, öz-özüme zyýan ýetirýärdim.
Soraga çekilmeler entek wiýçjikdi. Soraglardan soň boşluga ― şol bir stolly, şol bir krowatly, şol bir el-ýüz ýuwulýanly, şol bir diwar ýüzüne kagyz çekilen baýaky otaga öwrülip barmak ondan has beter ejir berýärdi. Tenha-täk özüm galamsoň, men bada-bat soraga çekilmede nämeler bolup geçenini aňymda aýlap başlaýardym, akyllyrak jogap berip biläýjek ýerimi ölçerip-dökýärdim, özümiň oýlanyşyksyz belligim zerarly, şübheleri başymdan sowmak üçin indiki sapar näme aýtmalydygymy saldarlap görýärdim.
Şolaň baryny aňymda aýlaýardym, sülçä aýdan her sözümi çintgeýärdim, hertaraplaýyn ölçerýärdim, onuň sowallarynydyr özümiň jogaplammy ýadymda dikeldýärdim. görkezmelemmiň haýsy böleginiň bellige alynýanyndan baş alyp çykjak bolýardym, ýogsa, şulary düýbünden hasaplamagyňam, kesgitlemegiňem mümkin däldigine gaty gowy düşünýärdim. Boşlukda täk özüm galanja badyma, beýnide täze-täze çaklamalar döräp, pikirler kellämde dynuwsyz at salmaga başlaýardy, hatda şolar ukyny-da harama çykarýardy. Her sapar gestapodaky soraga çekişlikden soň özümiň oý-hyýallam rehimsizlik bilen işe girişýärdi; olar soraglaň jebir-jepalaryny hem-de ezýet-horluklaryny ýene gaýtadan dikeldýärdiler; muň özi, dogrusy, hasam eýmençdi, sebäbi sülçiň ýanynda bu, bolmanda, belli bir wagtda gutarýardy, ýap-ýaňy gören görgülemmiň aňymda gaýtalanmagynyň welin öňi-ardy görnenokdy, içiňi byjykladyp alyp barýan ýalňyzlygam muň üstesine. Aýrylmaz hemram ozalkylary ýaly stol, el-ýüz ýuwulýan, krowat, diwar kagyzy, penjire. Ünsüňi sowup biljek zat ýokdy, ne kitap bardy, ne-de žurnal, ne del adam ýüzi bardy, ne-de nämedir bir zat belleşdirer ýaly galam bardy, ne-de barmaklaňda aýlar ýaly otluçöp, hiç zat, bütinleý hiç zat ýokdy.
Ynha, hut şu ýerde-de myhmanhanadaky ýeke adamlyk gazamat düzgüniniň nähili şeýtany oýlap tapyjylygy bilen, ynsan ruhyýetine nähili inçeden yzarlanylýan beletlik bilen mazaly ölçerilendigine doly düşündim. Konsentrasion lagerde, gürrüňsiz, tä aýaklaň gatap galýança, ganjaran gabarçakly elleriňi pakgardyp, galtakda daş çekmeli bordy, dymyljyk, sowuk öýjagazda özüň ýaly ýigrimä ýakyn betbagt bilen ýaşamaly bordy. Emma şo taýda ― daş-töweregiňde ynsan keşpleri, giňişlik, galtak, daragtlar, ýyldyzlar bardy ahyry, o ýerde nazaryňy egläre zat bardy... bärde welin gapdalyňda hiç haçan hiç zat üýtgänokdy, barysy kelläňi üýtgeder derejede öňki-öňküsi ýalydy. Oý-hyýallamda-da, ýüregiňe-bagryňa düşüp barýan, iriziji pikirlemde-de, hetdenaşa hasap-hesiplemde-de üýtgeýän zat ýokdy. Olara geregem şudy: olar oý-hyýallammyň meni bogaryny, tä demigip başlaýançam bogaryny isleýärdiler. Şonda bialaç ylalaşmakdan hem-de boýun synmakdan, olara gerek zatlaň baryny boýun almakdan, adamlaň hem-de hat-petekleň üstüni açmakdan başga çykalga galmaly däldi.
Ýuwaş-ýuwaş boşlugyň aýylganç basyşy netijesinde elden-aýakdan çykyp barýanymy duýup ugradym. Muň nähili hatarlydygyna düşünemsoň, men bar güýjüm bilen erkimi tijeýärdim, bütinleý akylymy ýitirmezlik üçinem, nähilidir bir pişe bilen meşgullanmaga çalyşýardym. Goşgulary sesli okaýardym, haçanam bolsa bir mahal ýat tutan zatlammy ― halk aýdymlaryny, çaga ýyllarymyň goşgularyny, gimnaziýada okan döwrümizde öwrenen Gomerimi, raýat kanunlar ýygyndysynyň böleklerini ― hakydama getirmäge çytraşýardym. Soňra arifmetika meselelerini çözüp ugradym, aňymda her dürli sanlary goşýardym hem bölýärdim, ýöne boşlukda meň aňyma ýapyşalga, tutalga ýokdy. Men indi hiç zatda ünsümi jemläp bilemokdym. Beýnide ýeke-täk, şol bir pikir döreýärdi hem-de okgunlylyk bilen işläp başlaýardy. Olar nämeleri bilýärkä? Düýn näme diýdim, indiki sapar näme diýmeli borun?
Aýdyp-düşündirip bolmajak şeýle ýagdaý dört aýa çekdi. Dört aý ― muny ýazmak itiň aňsady, bary-ýogy alty harp; diliňde aýtmagam şoň ýaly aňsat ― bary-ýogy iki bogunlyk jümle; bu sesler dem salymda dahandan şaglap çykar: dört aý! Ýöne ne döwri, ne giňişligi bolmadyk şu wagtyň nähili tükeniksiz uzaga çekenini kim gallap hem ölçäp biler? Daş-töweregiň diňe boşluk bolan mahaly, boşluk hem-de şol bir stol, şol bir krowat, şol bir el-ýüz ýuwulýan, şol bir diwar kagyzy, şol bir ses-selemsizlik, gabaklaryny galdyrman gapydan nahar uzadýan şol bir gullukçy, tä aňyňy ýitirýänçäň gijelerine günüňe goýmaýan şol bir pikirler adamyny heläk edýärdi, ýalňyzlyk ony sandan çykarýardy, muny dil bilen aýtmak, söz bilen beýan etmek, hiç kime düşündirmek mümkin däl.
Käbir ownuk alamatlar boýunça beýnimiň kadaly işlemeýändigine göz ýetirip, tas ýüregim agzymdan çykypdy. Ilki-ilkiler soraga çekilmelere bütinleý dury beýnili barýardym. Parahatlyk, seresaplylyk bilen görkezme berýärdim hem-de özümiň nämeleri aýtmalydygymy, nämeleri aýtmaly däldigimi anyk bilýärdim. Indi bolsa, bar oňarýan zadym ― ýönekeýje jümleleň-de sakynyp-sakynyp başyny çatýardym, çünki görkezmelemmi aldygyna kagyza geçirip duran per galamdan gözümi aýryp bilemokdym, öz sözlemmiň yzyndan ýüwrüp-ýüwrüp, gidiberesim gelýärdi. Öz-özüme erk edip bilmän başlanymy duýdum. Başymy gutarmak üçin bilýänlemmiň baryny, belki-de, şolardan artykmajyny-da aýtjak pursadymyň golaýlaýanyny syzýardym. Şu demikdirip barýan boşlukdan dynmak üçin men on iki adamyň sepini açaryn, özüm üçin jinnek ýaly bähbidim bolmazdan, olaň syryny paş ederin, şeýdenim üçinem, gyzyp gitse, sähelçe wagt idemelerini goýarlar.
Günlerde bir günem iň soňky çäge baryp ýetendirin-dä, türme gözegçisi nahar getiren mahaly şeýlebir lapykeçlik kakyn-silkinim tutdy welin, birden onuň yzyndan gygyraýdym:
― Sülçiň ýanyna eltiň! Baryny boýun almakçy. Olara hat-petekleň, pullaň nirededigini aýtjak! Barysyny aýtjak! Barysyny!
Hernä, bagtyma, ol sesimi eşitmedi ýa-da eşitmezlige saldy.
Ynha, şunuň ýaly juda çykgynsyz ýagdaýda görlüp-eşidilmedik waka ýüz berdi. Gutulmagyň çalarak ujy göründi, wagtlaýyn bolsa-da, herhal, şol derdimi gutarjakdy. Iýulyň ahyrydy, gözedürtme garaňky, ýagyşly gün. Şulaň bary jikme-jikligi bilen ýadymda, sebäbi däliz bilen soraga alyp barýan mahallary ýagyş damjalary penjiräni şabyrdadýardy. Men sülçiň otagynyň öňündäki dalanda garaşmaly boldum. Soraga çekişligiň öňüsyrasy mydama köp garaşmaga mejbur edýärdiler. Şeýtmek olaň düzgünine giripdi. Ilki gijäň içinde duýdansyz ýerden çagyryp, iki aýagyňy bir gonja sokýardylar, soňra özüňi dürsäp, synaga taýýar bolaňsoň, erkiň hem-de aňyň garşylyk görkezmäge häzir bolansoňam, ýapyk gapyň öňünde bir sagatlap, iki sagatlap, üç sagatlap garaşmaga mejbur edýärdiler. Bu bimany böwşeňlik seni surnukdyrmaga, ruhuňy syndyrmaga niýetlenilýärdi. Şol penşenbede, 27-nji iýulda ― şu güni mazaly ýadymda saklamagymyň aýratyn sebäpleri bar ― olar meni gaty köp sakladylar; sagat iki gezek zaňyny kakdy, men bolsam, dalanda şol dik durup garaşyp durdum. Maňa oturmaga rugsat berilmeýäni öz-özünden düşnükli, onsoň, iki sagadyň içinde aýaklam bütinleý saňgaty bolup gidipdi. Garaşyp duran otagymda senenama asylgy durdy. Nähilidir bir çap edilen, nähilidir bir ýazgyly zady göresimiň gelip ölüp barýanymy size düşündirmek kyn düşýär, şol sebäpden, misli jadylanan dek, şol sanlara hem-de harplara tiňkämi dikip durun ― «27-nji iýul». Olary gözüm bilen iýäýsem diýýärdim. Soňra ýene garaşýan, gapa garap, haçan açylarka diýip şol garaşyp durun. Janalgyçlar bu sapar nähili sowal bererkäler diýibem kellämde ölçerip-dökýän, ýöne olaň özümiň taýýarlyk gören jogaplammyň düýbünden tersine nähilidir bir başga zatlary sorajaklaryny-da gaty gowy bilýän. Şonda-da, hiç zada garamazdan, bu jebir beriji nämälimlige-de, sütünimiň süýnmegine-de şükür edýärdim: men öz otagymda däl-de, başga bir otagdadym! Bu otag meňkiden sähelçe ulurakdy, bir penjiräň ýerine ikisi bardy, krowatam, el-ýüz ýuwulýanam, sekirtmekdäki million sapar görlen jaýryklammam ýokdy. Gapyň reňki başgady, diwaryň ýanynda başga kürsi durdy, çep tarapda kagyzlar üçin yşgapjyk hem-de asawaç bardy, asawaçda-da maňa jebir berijileň üçmi ýa dörtmi şineli sallanyp durdy. Öňümde nähilidir bir täze ― birsydyrgynlykdan aran gözlem üçin üýtgeşik tomaşa bardy, maňa şondan doýma ýokdy.
Men şinellerdäki her bir epinjige deňiç gözden geçirýärdim; ynha, ol ýakalaň birinden damjajygyň sallanyp duranyny gördüm ― bu size, megerem, gaty gülkünç eşidiler ― hemem ahyrsoňunda şu damja üzülip, aşak syrygarmyka ýa-da ýeriň dartyş güýjünden rüstem gelip, duran ýerinde saklanyp bilermikä diýip bimany howsala bilen garaşýardym. Çypbakaý çynym, birnäçe dakykaň dowamynda, hamala, şu damja ömrüm baglanan ýaly, demimi alman, şondan gözümi aýyrmadym. Damja ahyry togarlanyp gidensoň, şinellerdäki ilikleri sanamaga girişdim ― birinde sekiz, beýlekisinde-de ― şonça, üçünjisinde ― on sany ilik bardy. Soňra tapawutlandyryş nyşanlaryny deňeşdirdim. Bu samsyklaç, gerekmejek, ähmiýetsiz maýda-çüýdeler özümi nähili güýmeýändigi, olaň bu golaýda del zada nazary düşmedik gözlemmi gyjyndyryşy hem-de gandyryşy barada aýdybam oturmaýyn. Birden duýdansyz ýerden bütinleý üýtgeşik zady gördüm, şolam meni gutarnykly jadylady. Şinelleriň biriniň gapdal jübüsiniň çalarak güberip duranyny aňdym. Men ýakynrak süýşdüm. Kisedäkiň gönüburçly suduryndan çen tutup, onuň kitapdygyny güman etdim. Dyzlam saňňyldap gitdi. Kitap! Ynha, indi dört aýyň içidir, elimde kitap saklap görmändim, şondan ötri sözleň setirlere düzülýändigi, setirleňňem sahypalary, çap kagyzlary, ahyrynda-da kitaby emele getirýändigi ― şol kitapdanam mundan ozal özüme belli bolmadyk, geň-enaýy, gyzykly pikirleri tapyp hem-de ýat bekläp bordy ― bu baradaky pikirleň bary hem-ä duýgulammy dörjeleýärdi, hemem melul edýärdi.
Men, doga-jady edilen mysaly, güberip duran kisä, içi kitaply kisä şeýlebir hyjuw bilen seredýärdim welin, hamala, öz otlukly nazarym bilen şineli çürüşdirip, deşäýjek ýalydym. Ahyrynda-da halys sabyr-takatymy ýitirdim. Kitaby iň bolmanda şineliň daşyndan elläp görüp biljegim baradaky pikir hyýalyma gelende, ellem saňňyldap gidipdi. Näme edýänimi özümem bilmän, hasam öňe süýşdüm.
Hernä, bagtyma, türme gözegçisi özümi alyp barşymyň üýtgänine ünsem bermeýärdi; megerem, ol iki sagatlap aýak üstünde dik duran adamyň diwara direnesiniň gelýänini adaty bir zat hökmünde kabul edäýdi öýdýän. Ine, indi men şineliň edil golaýjagyna-da bardym. Oňa bilniksiz el degirmäge ýagdaý döretmek üçin elimi arkama aýladym. Jübini daşyndan sermeleşdirdim, onuň içinde, hakykatdanam, gönüburçly, gyşarýan, çala şatyrdaýan zadyň ― kitabyň, kitabyň bardygyna göz ýetirdim! Birdenem beýnimi bir pikir çokalap gitdi: «Kitaby çil. Bardy-geldi şeýtmek başartsa, onda sen ony öz otagyňda gizläp bilersiň hemem okap, okap, okap, soňra ýene-de gaýtalap okap bilersiň!». Şu pikir ýaňybir kellämde peýda bolanda, onuň awuly güýji ýyldyrym çaltlygynda täsir edip ugrady. Gulaklam şaňlady, ýüregim tarsyldamaga başlady, doňan barmaklam diýen etmejek bolýardy. Ýöne başky saňsar daşyna öwrülip duran ýagdaýymdan aýňalamsoň, duýdansyz şinele gysyldym, türme gözegçisinden ýeke pursadam gözümi aýyrman, arkama aýlan ellem bilen kitaby jübüden ýokarlygyna itmäge durdum. Ýokaryk, ýokaryk, ýene ýokaryk, soňam birden silkip goýberdim ― seresaplylyk hem-de ýeňillik bilen çekdim, ana, şonda elime çaklaňja kitapjyk ildi.
Şu ýerde eden işimden ýaman gorkdum. Ýöne indi yza ýol ýokdy. Mende başga alaç galmandy. Kitaby bilim saklar ýaly arka tarapdan balagymyň içine dykdym, ýuwaş-ýuwaşdanam ony bykynyma süýşürdim. Indi ellemmi harbylarça gysyp, kitaby duran ýerinde saklap bilýärdim. Synag edäýmek galypdy. Asawaçdan iki ädim, üç ädim ýöredim. Gül ýaly! Eger bykynymy berk gyssam, onda kitaby gaçyrman ýanyň bilen alyp gitmek mümkindi.
Soňra soraglar başlandy. Ol adatdakylardan has köp güýjümi aldy: sowallara jogap berip durşuma öz jogaplamma ünsem bermeýärdim, kitabyň sypaýmagyndan ätiýaç edip, ähli güýjümi şony saklamaga gönükdirdim. Hernä, bagtyma, bu gezek soraglar uzaga çekmedi, onsoň, maňa kitaby öz otagyma sag-aman eltmek başartdy. Jikme-jiklikleri bilen sizi ýadadyp durmaýyn: diňe yzymyza inçejik däliz bilen barýarkak gaty hatarly ýagdaýyň ýüz berenini dile getiräýeýin: kitap bilimden balagyma gaçdy, ana, şonda üç eplenip, kitaby ýene bilimiň aşagyna sokmak üçin tükeniksiz üsgülewüge tutduryp, jögülik etmeli boldum. Ony dowzahyma getirip, ahyry ýeke özüm galan pursadymdaky begenjimi aýdyp-diýer ýaly däldi. Indi men ýeke däldim.
Siz, megerem, bar arzuwymyň hasyr-husur kitaba ýapyşaga-da, ony gözden geçirmek, okamak diýip pikir edýänsiňiz. Ýok, beýle däl. Ilkinji nobatda ony gola salanymyň keýpini görmäge başladym; uzak-uzak wagtlap süýt kölüne batasym gelýärdi ― hernä ogurlan kitabymyň harplary ownuk, süre-sümek bolsady, içi harplardan ýaňa dykylyp-doldurylan bolsady, ony mümkingadar uzak wagtlap okarym ýaly sahypajyklary-da ýukajykdan-ýukajyk bolsady. Onuň okanymda kesgir akyly talap edýän, oýlandyrýan kitap bolaryny isleýärdim ― maňa ýeňil-ýelpäý, warraý-şarraý edebiýat derkar däldi. Eger onuň içinden nämedir bir zady ― aýdaly, şygyrlary ýat tutup bolýan bolsa, ýagşy bordy. Bardy-geldi kitap ― arzuw kemi ýokdur! ― Gomeriňki ýa-da Gýotäňki bolsa dagy, nähili gowy bolar. Ahyry özümiň açgöz bilesigelijiligime erk edip bilmedim. Birden türme gözegçisi duýdansyz gapyny açaýanlygynda, onda şübhe döremezi ýaly, krowatyň üstünde süýndüm-de, bilimden kitaby çykardym.
Ýüzüne seredenje badyma lapym keç bolany-ha hiç welin, dogrusy, myrryhymy tutdurdy; oljam oňmady, ýogsa, ogurlyga baş goşup, kellämi etegime salypdym, iň ýokuş degýän ýeri şo kitap mende umyt uçgunjyklaryny oýarypdy, arman, ol belli küşt ussatlarynyň oýnan ýüz elli sany döwüniň ýygyndysy bolup çykdy. Beýewbar daş-töweregim diwardyr demir gözeneklerden gabalmadyk ýagdaýym bolanlygymda, kakynym tutup, bu kitaby penjireden zyňyp goýbärdim. Hany, aýdyň, beýle ugursyz zatdan maňa ne peýda, dogrudanam, ne peýda? Gimnaziýaçylaň galapyny ýaly, men wagt geçirmek üçin gaty seýrek küşt oýnardym. Ýöne muň ýaly küşt düzgünlerini derňeýän warsaky nämäme gerek?
Küşti öz-özüň bilen, has-da beteri, küşt tagtasyz, çöpsüz oýnap bolmaýar. Men kitapdan haýsydyr bir okar ýaly ― nähilidir bir girişi ýa-da düşündirişi taparyn diýen niýet bilen ony ganygyzgynlylyk bilen waraklaýardym. Ýöne ussatlaň döwlerini özüm üçin nämälim alamatlar bilen aňladylyp görkezilýän göni dörtburç jedwellerden başga hiç zat tapmadym; «a2–a3», «f1–g3» hem-de şolara meňzeş. Bulaň bary meň üçin algebraik kesgitlemelere çalymdaş bir närsedi, mende olary çözmegiň täri ýokdy. Diňe dura-bara «a», «b», «c» harplaň dik hatarlary aňladýanyna, «1» ― «8» sanlarynyňam kese hatarlary aňladýanyna, olaň her bir aýry çöpüň häzirki pursatdaky ýagdaýyny görkezýändigine düşündim. Diýmek, bu arassa grafiki diagrammalar nämedir bir zatdan habar berýärdi.
«Kim bilýä ― diýip, men oýlandym. ― Eger küşt tagtasyna kybap bir zat ýasamagy oňarsam, belki-de, maňa bu döwleri oýnamak başardar». Düşegümiň üstüne ýazylan gözenek çyzmykly mata maňa ýokardan sallanan peşgeş bolup göründi. Ony kesgitli derejede epledim, şeýlelikde, altmyş dört öýjük çyzylan meýdança emele geldi. Kitapdan bir tagta goparyp aldym-da, özüni düşegiň aşagynda ýygşyrdym. Soňam çöregiň maňzyndan şany, perzidir galan çöpleri (netijesi, elbetde, gülkünçdi) ýasamaga girişdim hemem ahyrsoňy tükeniksiz kynçylyklary ýeňip, matanyň ýüzünde kitapda getirilen küşt oýunlarynyň birini görkezmegi başardym. Ýöne tutuş döwi oýnamaga çytraşamda, «ak çöplerden» beýleki çöpleň ýarysyna çaň çyrşamsoň, şol gara mallary aňlatmaly betbagt çöpler meň maksadyma bütinleý ýaramsyz bolup çykdy. Ilkinji günler oýna derek durşy bilen bulam-bujarlyk döreýärdi, men gaýta-gaýta täzeden başlaýardym, bäş, on, ýigrimi sapar «küşt dikýärdim». Daşymy gurşap alan boşlugyň ýesirliginde meňki ýaly birgiden artyk wagt başga kimde bolsun diýsene?! Özüniňkini gögertmek üçin şeýle erjellik hem-de çydamlylyk başga kimde bolup biler?
Döwleň birini ahyryna çenli ýalňyşsyz alyp gitmek üçin maňa alty gün gerek boldy. Sekiz gün geçenden soň, küşt mallarynyň düzülişini ýadymda saklamak üçin düşegüsti matany diňe ýekeje sapar ulandym, ýene sekiz günden soň onuň geregi-de çykmady. «a1», «a2», «С3», «g8» ýaly umumy aňlatmalar meň aňymda takyk ölçegdäki görnüşe girip barýardy. Şeýle öwrülişik hiç bir kynçylyksyz amala aşdy; öz aňymyň güýji bilen küşt tagtasyny, çöpleri hyýalymda janlandyrmagy başarýardym hem-de berk kesgitlenen düzgüne laýyklykda küştüň islendik pirimini bada-bat göz öňüme getirip bilýärdim. Muň özi, ussat sazandaň nota çala seredip, her bir saz guralynyň hem-ä aýratynlykdaky sesini, hem-de bilelikdäki owazyny eşidip bilşi ýaly bir zatdy.
Ýene iki hepdeden soň, men kitapdan her bir döwi hiç bir kynçylyksyz aňym bilen, ýa-da küştçüleň dili bilen aýdaňda, gözümi ýumubam oýnap bilýärdim. Men diňe şonda kellämi etegime salyp eden ogurlygymyň özüme niçigsi sowgat bolanyna doly düşündim. Goý, bimany, bimaksat bolsa-da, güýmenje tapylypdy, şol güýmenje-de daş-töweregimdäki boşlugy doldurýardy. Ussatlaň oýnan ýüz elli döwi bilen ýaraglanyp, men indi gysyp-gowrup barýan birsydyrgynlygyň hem-de aldajy boşlugyň garşysyna göreşip bilýärdim.
Şondan bäri täze duýgynyň ýesir edijiligini saklamaga dyrjaşyp, öz günümi laýyk kesgitlemäge başladym: irden iki döw, günorta şamyndan soňam iki döw hem-de agşamara oýnalan döwleň gysgajyk derňewi. Şunlukda, mundan ozal duzsuz tagam deýin geçen günlem, indi süýjäp ugrady. Täze pişäm meni irizmeýärdi; küştüň ajaýyp aýratynlygam şonda — hereketiň berk çäklenendigine seretmezden, aňyň hatda juda güýçli dartgynlylykda-da ýadamaýar, gaýtam, tersine, başarnygy artýar, has berdaşlanýar, berkeýär.
Ilkibaşda döwleri känbir oýlanmazdan oýnaýardym, ýöne ýuwaş-ýuwaş, ussatlyk bilen gurnalan küşt tilsimlerini hem-de hüjümlerini yzygiderli, dynuwsyz gaýtalap, men ondan üýtgeşik ruhy lezzet almaga başladym. Hüjümiň hem-de goranyşyň inçeligini, mekirligini, ýeserligini seljermegi öwrendim, oýnuň gidişini nädip birnäçe göç öňünden görüp bolýandygyna, hüjümdir garşylyklaýyn hüjümi nädip taýýarlamalydygyna, amala aşyrmalydygyna akyl ýetirdim, tizara-da her bir çempionyň oýnaýyş tärine göz ýetirdim, şonuň ýaly-da, olaň oýnuny — birnäçe setiri boýunça goşgyň haýsy şahyra degişlidigini aýdyp bolşy ýaly — göçümlerinden tanap başladym.
Başda diňe wagt geçirmegiň serişdesi bolan bolsa, soňra ol lezzete, maza öwrüldi, Alehin, Lasker, Bogolýubow, Tartakower ýaly küşt sungatynyň deňi-taýy bolmadyk aznawurlary, misli, gadyrdan dostlam ýaly, meň bilen birlikde bendilikdäki ýalňyzlygyň derdini çekişýärdiler.
Hawa, indi yns-jynssyz zyndanymda tenha-täk däldim. Küşt bilen yzygiderli meşgullanmagym aňymyň gowşap ugran ukyplarynyň dikelip başlamagyna ýardam etdi. Serim durlanansoň, beýni ýene öňki kaddynda işleýärdi, hatda öňküdenem beter ýitileşdi hem-de kesgir boldy. Ozalky durkuna gelen ukyplam, ilkinji nobatda, soraga çekişlik mahaly aýdyň hem-de dürs işläp başlady. Küşt tagtasynyň başynda men, özüm aňşyrmazdan, boş, pagtabent haýbatlardan hem-de bilniksiz, ýaşyryn hüjümlerden goranmak başarnygyny aňyma siňdirýärdim, şondan bäri-de sülçüler gapyllykda üstümi basyp bilmeýärdiler. Göwnüme bolmasa, gestapoçylar maňa azda-kände hormat goýýan ýaly bolup göründi. Yzygiderli garşylyk görkezmek üçin niräň näbelli çeşmesinden güýç susup alýanym, mümkin, olary geň galdyrýandyr, sebäbi olar eýýäm birgiden adamy ruhdan düşürip syndyrypdylar, dyza çökeripdiler.
Şu ýüz elli döwi yzygiderli, gün yzyna gün yrman oýnan bagtly döwrüm iki ýarym-üç aý dowam etdi. Soňra, duýdansyz ýerden, ýene togtaýyş nokadyna diredi. Gözümiň öňünde ýene-de şol boşluk peýda boldy. Şu döwre çenli men eýýäm her bir döwi ýigrimi-otuz gezek ilikdüwme öwrenipdim. Täze duýgyň ýakymy ýitipdi, küşt tilsimleri indi oýa batyranokdy, hyjuwlandyrmaýardy, heýjana salmaýardy. Döwleri tükeniksiz gaýtalap oturmagyň peýdasy, netijesi ýokdy, olardaky her göçümi bir wagt ýat bekläpdim. Oýna başlaýan welin, ähli zat eliň aýasyndaky ýaly, göz öňüme gelýärdi, onda hiç hili garaşylmadyk, çözülmedik, bilinmedik göçüm galmandy. Eger içi küşt oýunly täze kitap tapyp, beýnini ýene-de işlemäge mejbur edip bolsady! Ýöne bu mümkin däldi, indem mende diňe ýeke çykalga galypdy: köne, tanyş döwlemme derek özüm täzelerini oýlap tapmaly. Öz-özüm bilen, ýa-da, has dogrysy, öz garşyma oýnamalydym.
Siziň haçanam bolsa, bir mahal, ähli oýunlaň arasynda küşt ýaly iň gözeliniň, iň ajabynyň adamyň aňyna nähili täsir ýetirýäni barada oýlanyp-oýlanmanyňyzy bilmedim. Ýöne kellä sähelçe agram salsaň, bu oýunda tötänlik ýok, küşt arassa paýhas oýny, öz garşyňa özüň oýnamagyň manysy ýok. Küştüň bar ýakymy, keýpi, esasan, ilkinji nobatda, oýnuň iki sany dürli adamyň aňynda birbada ýaýbaňlanýandygyndan ybaratdyr, üstesine, olaň her biri-de öz ýoluny saýlaýar. Şu akyl çaknyşygynda gara mallar häzir ak mallaň nähili ýörejegini bilmezden, onuň niýetini aňmaga hem-de şoňa päsgel bermäge çalyşýar, şonda ak mallaram, öz tarapyndan, gara mallaň gizlin maksatlaryna göz ýetirmek üçin elinden gelenini edýär, şoňa gaýtawul bermäge taýyn bolýar. Bardy-geldi şol bir adam birbada hem gara çöpi, hemem ak çöpi alanlygynda, onda bimany ýagdaý dörärdi, ýagny şeýle ýagdaýda şol bir beýni şol bir wagtda nämedir bir zatlary bilerdi, kä zatlaram bilmezdi; ak mallaň haýryna göçüm edeninde, ol, hamala buýruk esasynda, göçüm etmezden öňürti gara mallaň eýesi hökmünde nähili göçüm etmekçidigini unutmalydy. Şeýle ikä bölünme aňyňy diňe bir jaýyrman, ony gerek ýerinde işläp, gerek ýerinde-de togtap bilýän gurala döndermelidi; gepiň külesi öz-özüňe garşy oýnamak, muň özi, kölegäňden bökjek bolmak ýaly bir geň-taňlykdy. Şonda-da uzak aýlaň dowamynda bolmajak, bimany zatlary etmäge çytraşyp, arrygymy gynaýardym. Mende başga alaç galmandy, ýogsa, akylymy gutarnykly ýitirmage hem-de ruhy täýdan doly lagşamaga töwekgellik edýärdim. Özümiň jygba-jygly ýagdaýymda, gaýtadan daşymy gabap ugran aýylganç boşlugyň holtumyna dolaşmazym ýaly, iň bolmanda, ak mallar bilen gara mallaň arasynda ikä bölünmäge synanyşyp görmäge mejbury dyrjaşmalydym.
Doktor B. şezlonga ýaplandy-da, bir dakykalyk gözlerini ýumdy. Ol beýnisini çogduryp barýan ýatlamalardan saplanmak isleýäne ogşaýardy. Agzynyň uçjagazy ýene, ygtyýarsyz, dartyldy. Soňra ol ýene-de dikeldi.
— Hawa, şeýle, häzirlikçe size barysy düşnüklimikä öýdýän. Ýöne, gynansam-da, soňraky wakalar edil şular ýaly aýdyň bolar diýen tamam ýok. Bar gep şunda: bu täze pişe beýnini durky bilen bir ugra jemlemeli boldy welin, ony beýleki işlere gözükdirmek bütinleý mümkin däldi. Meň pikirimçe, öz-özüň bilen küşt oýnamak — bu bir akyla sygmaýan närse, ýöne, herhal, nähilidir bir çäkli mümkinçilik şeýle oýun üçin mydar bordy, ýagny öňümde küşt tagtasy bolan ýagdaýynda, çünki küşt tagtasy mese-mälim göze görnüp duran zat, ol «garşydaşlaň» arasynda nähilidir bir maddy giňişlik duýgusyny oýarardy. Hakyky küşt mallary bilen hakyky küşt tagtasynyň başynda oýnaňda her bir göçümi oýlanmak üçin kesgitli wagty bellemek mümkin, ilki bir gapdalda oturyp, gara mallaň ýagdaýyny doly göz öňüne getirip bolýar, soňra — şol ýagdaýyň ak mallar üçin nähilidigini göz öňüne getirip bolýar. Eýsem-de, öz-özüme garşy ýa-da, eger isleseňiz, öz-özüm bilen oýny göz öňüme getirýän küşt tagtasynda alyp gitmeli bolanymdan soň, onda altmyş dört öýjükdäki ähli mallaň ýagdaýyny aňymda üznüksiz saklamaga mejburdym, üstesine, diňe bir şo dakykadaky ýagdaýy däl, eýsem, garşy taraplaň ikisiniň-de her dürli göçlerini öňünden hasaplamalydym. Şulaň barynyň däliň gürrüňleri ýalydygyna gaty gowy düşünýän; özümiň iki sany «menim» üçin her bir ýagdaýy iki, üç, aý, ýok, has köp — alty sapar, onki sapar, üstesine, ýene dört ýa-da bäş göç öňünden hyýalyma getirmeli bolýardym.
Bu birgiden bimany bulam-bujarlyk bilen siziňem başyňyzy gora sokýanym üçin meni bagyşlaweriň. Bu howaýy döwleri hyýaly giňişlikde oýnamak bilen, men ak mallar üçin birnäçe göçümi, gara mallar üçinem şonça göçümi öňünden hasaplamaly bolýardym, ähli döreýän tilsimleri bir gara mallaň nukdaýnazaryndan, bir-de ak mallaň nukdaýnazaryndan ölçerip-dökmelidim, başgaça aýdaňda, özüňiň bir beýniňde hem gara mallaň aňyny, hemem ak mallaň aňyny utgaşdyrmaly bolýardym. Emma bu elhenç synagyň iň düýpli, esasy howp-hatary özümiň ikä bölünmegim däldi. Ýagdaý şundan ybaratdy: öz oýlap tapan döwlemmi özbaşdak oýnamalydym, şonda häli-şindi özüme bolan ynamy ýitirýärdim hem-de misli, haýsydyr bir uçuda güwläp gaýdýan ýalydym. Çempionlaň döwlerini oýnan mahalym barysy gülala-güllükdi: men bary-ýogy diňe oýnalan oýunlary gaýtalaýardym, ozalky bar zatlary ýaňadan göçýärdim. Muň özi, aýdaly, goşgulary ýa-da haýsydyr bir kanunyň maddalaryny ýat bekläniňden kyn düşenokdy. Ol yzygiderli, birsyhly, gyzyklydan düzgünleşdirilendi, şondan ötri, beýni üçin gözel bir maşkdy. Günorta naharyndan öň iki döw, soňundanam iki döw kesgitli bir ýumuş ýalydy, men ony bütinleý arkaýyn berjaý edýärdim; ol ozalky gündelik güýmenjelerimiň ornuny tutýan ýaly bir zatdy. Mundan daşgarynam, eger oýnuň gidýän mahaly ýalňyşsam ýa-da indiki göçümi unutsam, hemişe kitaba seredip bilýärdim. Hut şu sebäpden-de, iliň oýunlaryny derňemek hiç bir weçden beýnimi çokalamaýardy, gaýtam ol bozulan aňymy ynjaldýardy, rahatlandyrýardy, köşeşdirýärdi. Meň üçin gara mallar utdumy ýa-da ak mallar – bütinleý parhy ýokdy, çünki birinjiligi almak üçin Alehin ýa-da Bogolýubow göreşýärdi, özüm, paýhasym, aňym bolsa, diňe başa-baş oýunlaň inçeliginiň mazasyny görýärdi. Ýöne öz-özümiň garşyma oýnap başlandyrynam welin, men, aň ýetirmezden, öz-özüm bilen bäsleşip ugradym. Ikä bölünen aňym — ak mallar hem-de gara mallar — biri-biri bilen ýaryşmalydy, olaň her haýsy-da birbada utarmandy, ýeňermendi, sabyr-takatyny ýitirendi, şöhrata kowalaşandy. Özümiň gara mallamma derek göçüm edip, özümiň ak mallam nähili göçüm ederkä diýip elden-aýakdan çykyp garaşýardym, haçan mallarymyň biri nädürs göçende, iki tarapam gezekli-gezegine heşelle kakýardy, özleri şeýle säwlik goýberen mahallary bolsa kejigýärdiler.
Bu zatlaň bary bütinleý geň görünýär, elbetde, bu bir öz-özünden dörän ruhy keseldi, soňy juda hatarly netijä eltýän aňyň şeýle bile-görä ikä bölünmegini kadaly düzgünde ýaşap ýören adamda dörejegini göz öňüne getirer ýalam däl. Ýöne kadaly şertlerden zoňtarlyk bilen çekilip çykarylandygymy, ýersiz-ýere, hiç bir günäsiz gözenegiň aňyrsyna dykylanymy, köp aýlaň dowamynda öte inçe jeza — ýalňyzlyk jezasyna sezewar edilenimi unutmaň. Kekirdegime deňiç gelen gahar-gazap iru-giç ýarylmalydy, bir ýerlerden çykmalydy. Ýöne ýeke-täk güýmenjäm öz-özüm bilen bimany küşt dikmekdi, şeýle bolansoň, bar gahar-gazabym, ar almak hyjuwym köre-körlük bilen hut şu oýunda ýarylýardy. Ar alasym gelýärdi, emma ar almak üçin diňe özümiň ikinji bölegim bardy, şoň bilenem dyngysyz, üznüksiz göreş alyp barmalydym. Ine, şu sebäpdenem, oýun mahaly guduz açana dönýärdim. Ilkiräkler parahat, paýhasly oýnamagy başarýardym, kellä dynç bermek üçin döwleň arasynda arakesme edýärdim. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan näsag beýnim şu böwşeňligi-de götermän başlady. Ak «men» göçüm edip-etmänkä, gara «men» eýýäm alňasaklyk bilen malyny süýşürýär, bir döw gutaryp-gutarmanka-da, men şo pille özümden ikinji döwi dikmegi talap edýän, has dogrusy, özümiň küşt «menimiň» biri utulan badyna, ol beýleki «menimden» haýdan-haý ýene bir döw küşt dikmegi gyssaýar.
Uzak aýlaň dowamynda tussagda bolan mahalym, şu doýmaz-dolmaz hyjuwdan humarlanyp, öz-özümiň garşyma näçeräk döw oýnanymy hatda çen bilenem aýdyp biljek däl — belki, müň döwdür, belki-de, şondanam agdykdyr. Ol bir şeýtan urdumydy, onuň garşysyna göreşip bilmeýärdim. Daň agarandan tä gijäň ýaryna çenli atdyr pyýadalar, ruhdur şalardan başga hiç zadyň pikirini etmeýärdim. Beýnimde «a», «b», «С», ýatdy hem-de rokirowka* üznüksiz pyrlanýardy, bar durkum, bar pikir-zikirim altmyş dört öýjüge bölünen küşt tagtasyna dyzaýardy. Oýundan maza almak serden geçmä öwrülipdi, serden geçme-de guduzlama, was-waslyga, telbelige öwrüldi; bular diňe bir oýa mahalym däl, eýsem, soňabaka ukuda ýatan mahalymam günüme goýanokdy. Men diňe küşt hakynda, küştüň göçümleri hakda, küşt meseleleri hakda pikir edip bilýärdim. Aram-aram endam-janyma sowuk der inip, ukudan oýanýardym hem-de aňşyrmazdan, oýnuň düýşümde-de dowam edýändigini duýýardym. Bardy-geldi düýşde adamlary dagy göräýsemem, olar at ýa-da ruh ýaly hereket edýärdiler, küşt mallary mysaly hüjüm edýärdiler, yza tesýärdiler.
Soraga çekilenimde indi özümiň gep-sözüme hem-de hereketlemme jogap berýänimi-de unudypdym. Çaky garjaşyk, düşnüksiz jogap berýän bora çemelim: sülçüler öz aralarynda birek-birege birhili geňirgenme bilen seredişýärdiler. Hakykatda bolsa, olar ma[a sowal berip, jogaplammyň üstünde oýlanýança, men basymrak tussaghanama äkidilerime takatymy ýitirip garaşýardym, şo taýda ýene-de bimany pişäm bilen meşgullanyp biljekdim. Oýnuň arasyndaky arakesmeler meni barha kejikdirýärdi. Hatda türme gözegçisiniň otagy ýygnaşdyrýan on bäş minudyna, maňa iýgi-içgi berýän iki minudyna hem çydaman, sabyr käsäm püre-pürlenip, içimi it ýyrtýardy. Käwagtlar ertirlik naharym agşama çenli el degrilmän galýardy, sebäbi oýna kellämi gyzdyryp, nahary iýmegem unudaýýardym. Bedenime ýetmeýän ýeke-täk zady duýýardym — olam aldajy teşnelik. Iki owurtlamda bir çüýşe suwy boşadýardym-da, türme gözegçisine ýalbaryp, ýene suw getirdýärdim, ýöne bir salymdan bokurdagym tüýdük ýaly guraýardy.
Oýun mahalynda men assa-ýuwaşdan şeýlebir göçgünli ýagdaýa baryp ýetýärdim welin — ol günler ir ertirden tä gijäň bir wagtyna çenli başga hiç zadyň pikirini edip bilemokdym — indi bir dakyka-da rahatlanyp, ynjalyp bilmeýärdim. Göçümi oýlanyp, otagda dyngysyz ýöreýärdim — eýläk-beýläk, beýläk-eýläk, gitdigiçe öňe-yza, yza-öňe çalt, hasam çalt gatnaýardym. Oýnuň ykbaly çözüliberdigiçe, öňküdenem beter burçdan-burça pelesaň kakýardym. Ýeňşe bolan teşnelik, öz-özümi ýeňmäge bolan teşnelik meni gazap atyna atlandyrýardy, çünki özümiň küşt «menlemmiň» biri hemişe beýlekisinden asgyn gelýärdi. «Menleň» biri beýlekini gyssaýardy — muň özüniň size tenteklik ýaly bolup görünjegini aňýan — öz göçümime ýeterlik derejede çalt jogap göçümini etmedik ýagdaýymda, öz-özüme «çaltrak göç, çaltrak göçsene!» ýa-da «bol-bol, oýna-da!» diýip gaharly gygyrýardym. Elbetde, häzir özümiň şol wagtky ýagdaýymyň ruhy keselden başga zat däldigine doly düşünýän, oňa-da lukmançylyga heniz mälim bolmadyk «küşt zäherlenmesinden» başga idili adalga tapyp bilemok.
Ýalňyzlykdan dörän bu kesel, şeýtan urdumy indi diňe bir beýnimi däl, eýsem, tutuş süňňümi berbat etmäge başlady. Horlanyp, çöpe döndüm, ukymyň mazasy gaçdy; irden oýanamda agralan gabaklammy zordan galdyrýardym. Özümi saňsar ýaly duýýardym, ellem şeýlebir saňňyldaýardy welin, agzyma bulgury ýetirip bilemokdym. Emma oýun başlandygy meni guduz açanyňky ýaly gujur gurşap alýardy. Ýumruklammy düwüp, otagyň içinde at salýardym, aram-aramam gyzylymtyl dumanyň arasyndan öz sesim gulagyma ýetýär — gaharly, boguk ses bilen «küşt» ýa-da «ýatdy» diýip haýkyrýan.
Bu aýylganç, söz bilen düşündirip bolmaýan ýagdaýyň nähili bela-beter bilen geçip gidenini bilemok. Diňe bir gün irden turanymda, ukudan oýanyşymyň bütinleý başgaçadygyny bilýän. Indi endam-janym gysyp-gowrup baranokdy. Özümi ýeňil hem-de rahat duýýardym. Indi köp aý bäri duýmaýan ynjalykly ýadawlyk gabaklamda bildirip durdy, özümi şeýlebir parahat duýdum welin, asyl gözümi açasym gelmedi. Birnäçe wagtlap sarsman ýatdym-da, gymyldy-hereketsizligiň mazasyny görüp, meýmiremekden lezzet aldym.

[dowamy]

© Stefan SWEÝG
Terjime: © Çary GELDIMYRADOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 80 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Çary Geldimyradow, Stefan SWEÝG | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 sussupessimist • 11:21, 01.02.2024
çykgyt (terjimeçiden):
Rokirowka — küşt oýnunda taraplaryň diňe bir gezek şa bilen ruhuň ýerini çalyşmasy.
avatar
0
2 Балканов • 19:20, 20.04.2024
Meşhur Stefan Sweýgiň eserlerini terjime etmeklik--ussatlygyň alamaty.
Terjimeçi bu eseri haýsy dilden terjime etdikä?
avatar
0
3 sussupessimist • 00:08, 21.04.2024
Rusçadandyr. Yone terjimäni taraşlan redaktor ony suahili, tamaşek, iwrit, idiş, esperanto, şumer-akkad hem sanskrit dilindaki nusgalary bn degşirdi))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203