Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:11
Küşt kyssasy [soňy] / nowella

KÜŞT KYSSASY (soňy)

Birdenem gapdalymda adam sesleri ýaňlanan ýaly boldy, ýuwaşjadan, seresaplyk bilen gürlenilişi eşidildi. Siz kalbymyň nähili heýjana gelenini göz öňüne-de getirip bilmersiňiz! Özüme jebir berýänleň gödek, agyr, ýakymsyz, gaharly sözlerinden başga zat eşitmänime indi gaty köp aý, belki-de, bir ýylam geçipdi ahyry.
Öz ýanymdan: «Sen ýatyrsyň» — diýip pikir öwürdim. — «Sen ýatyrsyň. Gözüňi açyjy bolaýmagyn, goý, bu düýş, mümkingadar, uzak dowam etsin, ýogsa, sen ýene şol kürsüli, el-ýüz ýuwulýanly, stolly, ýüzüne nagyş çekilen diwar kagyzly şol bir näletsiňmiş tussaghanaňy görersiň. Sen ýatyrsyň, oýanma-da ýatyber».
Ýöne bilesigelijilik üstün çykdy. Haýaljakdan, seresaplylyk bilen gabagymy galdyrdym. Bu ne gudrat! Men başga otagdadym, ol myhmanhanadaky tussaghanamdan has giňdi; penjirede gözenekler ýokdy, ýagtylyk bolluk bilen eçilýärdi, penjiräň aňyrsynda kerpiç diwara derek daragtlar, göm-gök öwsüp duran daragtlar görünýärdi, şemal olaň şahalaryny yralaýardy, otagyň diwarlary akdy, ýalpyldap durdy, potologam akdy, beýikdi. Men täze, ozal görmedik düşegimde ýatyrdym, aý, ýok, özem bu düýş däl eken — gapdaljygymda bir pyşyrdy eşidilýär.
Haýran galmakdan ýaňa, özüm bilmezden, silkinip gidipdirin, şobada kimdir biriniň krowatyma tarap ýöräp gaýdanyny eşitdim. Başy ak saçlykly zenan — şepagat uýasy ýeňiljek gopup, ýanyma geldi. Begenjimden ýaňa özümi dürsäp bilemokdym. Zenan ýüzüne nazarym düşmänine tutuş bir ýyl bolupdy. Bu geň-enaýy ahwalata gözümi aýyrman seredýärdim, megerem, garaýşymda üýtgeşik tolgunma duýlandyr-da, zenan: «Biynjalyk bolmaň, rahatja ýatyň» diýip köşeşdirdi.
Men diňe aýal sesini eşidýärdim: ynsan bendesiniň meň bilen gürleşýäni çynmyka? Eýsem-de bolsa, dünýäde meni soraga çekmek islemeýän, ejir çekdirmek islemeýän başga adamlaram barmyka? Onsoňam — akyla sygar ýaly däl! — bu aýal sesi, ýumşak, näzik, hatda mylaýym, mähirli ses. Men nazarymy sowman onuň dodaklaryna höwes bilen seredýärdim — bir ýyllyk dowzahdan soň, bir adamyň başga biri bilen mylakatly gürleşmegi meň üçin bolup bilmejek zat ýalydy. Zenan maňa seredip ýylgyrdam, hawa, hatda ýylgyrdam! Diýmek, entek dünýäde güler ýüz bilen ýylgyryp bilýän adamlaram bar eken-dä. Soňra ol barmagyny dodagyna degrip, ses-selemsiz yza çekildi. Ýöne oňa boýun bolup biljek däldim. Henizem gudraty synlamakdan ganyp bilmändim. Dik oturasym, Biribaryň ýaradan bu aýperisini gözlem bilen ugradasym geldi. Ýöne krowatyň arkasyna ýaplanjak boldum welin, başartmady. Sag elime derek nähilidir bir başga zady — uly, agyr ak zady gördüm. Çaky tutuş elim ak hasa bilen saralypdyr. Şol ak zada geňirgenme bilen seredip durşuma, özüme zor salyp, oýlanmaga başladym: men nirä düşüp ýörün, maňa nä döw çaldy? Bir sebäp bilen meni şolar ýaraladylarmyka ýa-da elime öz-özüm şikes ýetirdimmikäm? Özümiň hassahanada ýatandygyma düşündim.
Günortan ýanyma lukman geldi, ýaşy durugşan mylakatly adam eken. Biziň maşgalamyzy tanaýan bolup çykdy, megerem, özüme garaýşynyň gowudygyny duýdurmak isländir, ol köşk tebibi bolan agamy hormat bilen ýatlady. Maňa birnäçe sowal berdi, şolaň biri meni hasam geň galdyrdy: ol meniň kimdigimi sorady — matematikmi ýa-da himik?
«Olam däl, bulam» — diýip, jogap berdim.
«Geň göräýmeli — diýip, ol hüňürdedi. — Samran mahalyňyz siz nähilidir bir nämälim kesgitlemeleri gygyrdyňyz — «С3», «С4». Biz hiç zada düşünmedik.
Men ondan özüme näme bolanyny soradym. Ol syrly gülümsiredi.
«Aldajy bir zat ýok. Beýniňiz erbet çaýkanypdyr. — Daş-töweregine ýaltaklabam, ýuwaşjadan sözüniň üstüni ýetirdi. — Bu bir bolup biläýjek ýagdaý. Siz... on üçünji martdan bäri bärde ahyry?..».
Men baş atdym.
«Olaň beýle çemeleşmesi bilen geň görüp oturasy iş ýok. Bärik düşýän ýeke siz däl. Ýöne ynjalykdan gaçmaň».
Onuň hoşniýetli äheňi hem-de duýgudaşlyk bilen ýylgyrmagy özüme hiç hili howp-hataryň abanmaýanyna ynandyrdy.
Iki gün ötenden soň näme bolanyny lukmanyň özi elin aýdyp berdi. Türme gözegçisi tussaghanamda gykylyk sesini eşidipdir-de, ýanyma giren kimdir biri bilen jedelleşýändirin öýdüpdir; ýöne ol ýaňybir bosagada görnen badyna onuň üstüne ýumruklammy düwüp topulypdyryn-da: «Nejisiň biri, warryk diýsänim, göçüm et!» diýip haýkyrypdyryn. Soňam onuň bokurdagyndan tutup, gazap bilen bogup başlapdyryn welin, ol gygyryp, kömege çagyrmaly bolupdyr. Men köşeşmändirin, gaýtam beter guduzlapdyryn, lukmana görkezmäge alyp barýarkalar, dälizde olaň elinden sypypdyryn hem-de penjireden özümi oklamaga çytraşypdyryn, aýnany döwüp, elimi erbet kesipdirin — bärde, ynha, şondan çuň ýara yzam galypdyr. Hassahana düşen mahalym, ilki günler birhili beýnimi sowuk alan ýaly bolup görünýärdi, ýöne indi, lukmanlaň pikiriçe, meň akylym durlanypdyr, özümi bilip başladym. «Hiç bir bassyr-ýussursyz aýdaýyn — diýip, ol pessaý gürledi. — Muny ýolbaşçylaň dykgatyna ýetiremok, şeýtdigim olar gelip, sizi yzyna alyp gitmegi ahmal. Maňa bil baglap bilersiňiz, elimden geljek bar zady ederin».
Aňtaýjylamma, ýanaýjylamma göwnaçyk lukmanyň näme diýip-goýanyny entegem bilemok. Nähili bolanlygynda-da, ol gepini gögertdi: meni boşatdylar. Belki-de, ol meň öz hereketlemme jogap bermäge ýagdaýym ýok diýip habar berendir. Onuň başga bir sebäbi-de bolup biler: gestapo maňa gyzyklanmasyny goýandyr, çünki şo wagta çenli Gitler eýýäm tutuş Bogemiýany* eýeläpdi, şonuň bilen birlikde Awstriýa-da birýanýüzli edilipdi. Maňa diňe iki hepdäň dowamynda ýurdy terk etmeli diýen borçnama gol çekäýmek galypdy. Şu wagtyň barysy hat-petekleri düzetmäge gitdi, özüňiz bilýäňiz, biziň döwrümizde daşary ýurda aşjak bolsaň, ýagdaýlar çylşyrymlaşdy: harby häkimiýetleň hem-de polisiýaň rugsadyny almalydy, salgytlary tölemelidi, saglyk hakdaky şahadatnamany, pasporty, wizany hem-de gaýrylary düzetmelidi, şondan ötri başymdan geçen zatlar barada pikir etmäge wagtymam ýokdy. Megerem, haýsydyr bir syrly güýçler adamzadyň beýnisiniň işleýşini kadalaşdyrýan hem-de onuň aňy üçin hatarly ýatlamalary öz-özünden öçürýän bolmaly. Nähili bolanlygynda-da, tussaghanada bolanymy ýadyma salan badyma, aňymda pikir garjaşmasy döreýär, diňe niçeme hepde geçenden soň, dogrusyny aýtsam, diňe häzir, gämiň üstünde, başdan geçirenlemme akyl ýetirmäge gaýratym çatdy.
Dostlaryňyz küşt oýnan mahaly özümi geň-taň, üýtgeşik alyp barmagym indi size düşnükli bolaýan bolsa gerek. Men ol çilim çekilýän otagyň deňinden tötänlikde geçip barýardym welin, birden küşt stolunyň başynda ýoldaşlaryňyzy göräýdim. Haýran galmakdan hem-de gorkudan ýaňa doňňara daşa dönäýipdirin. Sebäbi men hakyky küşt tagtasynyň başynda hakyky küşt mallary bilen küşt oýnap bolýanyny düýbünden unudypdym, iki sany bütinleý aýrybaşga adamyň birek-biregiň garşysyna küşt dikip bilýänini unudypdym. Çynymy aýtsam, erkinlige çykmaga güýjüm ýetmeýän mahaly şunça wagtlap oýnan oýnumy bu adamlaňňam oýnaýandygyna aň salýançam ýoňsuzja wagt gerek boldy. Diýmek, şertli belgiler arkaly ýatdan oýnan oýnum, ynha, şu saldamly küşt mallarynyň emeli, ýasama görnüşinden başga zat däl eken-dä. Küşt tagtasyndaky çöpleri hem-de mallaň göçüşini görüp, onuň aňymda orun alan, göz öňüme getirip göçen oýnuma doly laýyk gelýänini görüp, haýran galdym. Megerem, älemşynasam çylşyrymly matematiki hasap-hesip çykarmalar arkaly täze saýýaraň bardygyny nazaryýet jähetinden subut edip, soňam birden asmanda ony gözi bilen, aýdyň, hakykat ýüzünde görende şeýle ýagdaýa düşýändir. Men küşt tagtasyna jadylanan dek seretdim, şo taýda öz diagrammamy gördüm ― at, ruh, şa, perzi, pyýada mallar ― barysy hakyky, agaçdan ýasalan çöpler; ýagdaýa göz ýetirmek üçin men, biygtyýar, ilki özümiň hyýaly matematiki küşt meýdançamdan küşt mallarynyň hakyky hereket edýän tagtasyna nazarymy dikmeli boldum.
Ýuwaş-ýuwaş bilesigelijiligim zol böwrüme dürtdi durdy, iki garşydaşyň hakyky oýnuny göresim geldi. Ine, hut şulam siziň oýnuňyza juda zoňtar, ýerliksiz goşulmagyma sebäp boldy. Dostuňyzyň nädürs göçümi meň üçin ýüregime hanjar urlan dek boldy. Men ony germeçden geçjek bolýan çagany saklaýyşlary ýaly, özümden ygtyýarsyz sakladym. Diňe soňra özümiň gödeklik bilen oýna sokulmagymyň gelşiksizdigine düşünip galdym.
Hakykatda bu bolup geçen waka barymyz begenipdik, şony doktor B-e aýdyp, ony ynandyrmaga howlukdym, üstesine, eger şu ýagdaý ýüz bermänliginde, onda biz onuň bilen tanşybam bilmezdik. Men şu eşidilen gürrüňlerden soň-ha ertirki howul-hara gurnalan ýaryşa gatnaşmak hasam gyzykly bor diýibem, sözümiň üstüne goşdum.
Doktor B. ynjalyksyzlyk bilen ýerinden gozgandy.
― Dogrusy, menden çendenaşa uly zada garaşmaň. Bu meň üçin ýöne bir synag, başararmykam beri... küştüň başynda oturyp, özüm ýaly adamyň garşysyna hakyky çöpleri göçüp, idili küşt beri oýnap bilermikäm? Çünki şol ýüzlerçe ýa-da müňlerçe döwi küştüň düzgünlerine laýyk oýnadymmykam-oýnamadymmykam diýip gitdigiçe şübhelenip başlaýan. Belki-de, olar bulaşyk hyýalymyň ýönekeý bir netijeleridir? Adam ukudaka üznüksiz öňe towsup-towsup gidýär, meňkem şoň ýaly ukudaky samrama bolaýmasyn, küşt keseli bolaýmasyn? Küşt täjiniň eýesi bilen deň derejede güýç synanyşyp bilerin öýdüp, siz çynlakaý pikir edýän dälsiňiz-dä hernä. Meni şol oýna iteleýän diňe bilesigelijilik. Indi şunça wagt geçensoň, tussaghanada mahalym maňa, hakykatdanam, näme bolanyny anyklasym gelýär: akyly üýtgemek derejesine golaý barypdyrynmy ýa-da eýýäm şol hatarly çäkden geçipdirinmi. Bar bolany şu, başga artyk-süýşük zat ýok.
Edil şu wagtam ýolagçylary günortanlyk şamyna çagyrýan zaň kakyldy. Biziň gürrüňçiligimiz tas iki sagada çekipdi: doktor B. öz başyndan geçen wakanyň taryhyny meň beýan edişimdenem has jikme-jik gürrüň berdi. Oňa halys ýürekden minnetdarlyk bildirip hoşlaşdym, ýöne heniz paluba çykyp ýetişmänkäm, ol yzymdan ýetdi. Aşa tolgunandygy mese-mälimdi, gürlände-de biraz peltekledi:
― Ýene bir zat. Dostlaňňyz maňa hormat-sylagsyz adam ekendir öýdäýmesinler, haýyş edýän, olara öňünden duýduraweriň, men diňe ýekeje döw oýnajakdyryn. Meň üçin esasy zat ― şu meseläni bir gezekde gutarnykly çöp döwlen ýaly çözmek, ýagny doly netije çykarmak. Baryny täzeden başlamak meýlim ýok. Küşt keseline ikilenç ýolugasym gelenok, şo ýadyma düşdügi häzirem saňňyldaberýän. Ondan başga-da... Ondan başga-da lukmanam berkden-berk tabşyrypdy. Beýnisi çaýkanan adam üçin onuň gaýtalanmak howpy hemişe saklanýar, şondan ötri, «küşt keselinden» ejir çekene ― hatda meni dertden doly saplanan hasaplasalar-da ― küşt tagtasyndan çeträkde durmagym gerek. Sizem indi ýagdaýa dogry düşünensiňiz: synag üçin diňe ýekeje oýun, şondan artyk bir oýnam oýnamok.
Şol günüň ertesi laýyk bellenilen wagtda, sagat üçde, biz ýene küşt oýnan şol bir çilim çekilýän otagymyza ýygnandyk. Biziň sapymyza bu ajaýyp oýnuň muşdaklarynyň ýene ikisi goşuldy, olar gäminiň iki sany serkerdesidi. Oýny synlamak üçinem kapitandan ýörite haýyş edip, nobatçylyk gulluklarynyň wagtyny süýşürdipdirler. Bu gezek Çentowiç özüne garaşdyryp durmady, bije atylan soň üýtgeşik oýun başlandy: Homo obsсurissimus* meşhur küşt täjiniň eýesiniň garşysyna.
Biz ýaly küştden onçakly baş çykarmaýan adamlaryň gaty az sanlysynyň bu döwüň şaýady bolany öte gynançly ýagdaý, Bethoweniň fortepianoda ýüzüniň ugruna döreden sazlarynyň taryh üçin ýitip galyşy ýaly, bu oýnam küşt sungatynyň sahypalaryndan gutarnykly öçdi. Dogry, ertesi güni biz jemlenip, bu oýny ýatdan göz öňüne getirmäge çytraşdyk, ýöne azabymyz puç çykdy. Onuňam sebäbini şundan gördük, kellämiziň göçgünine, bar üntüşigimizi oýnuň özüne däl-de, eýsem, oýunçylara gönükdiripdiris, oýun ýaýbaňlandygyça-da olaryň ussatlyk derejesiniň tapawudy gitdigiçe mese-mälim duýdurýardy.
Tejribeli Çentowiç, misli, daşdan ýasalan heýkel kimin, sarsman otyrdy. Onuň nazary küşt tagtasyna gönügipdi, aň dartgynlylygy oňa dagdan daş goparýanyňky ýaly ezýet berýäne ogşaýardy. Tersine, doktor B. özüni erkin hem-de parahat alyp barýardy. Sözüň doly manysynda öwrenje hökmünde, höwesjeň hökmünde onuň üçin küştüň bar gyzygy hem mazasy oýnuň özündedi, şonuň üçinem ol daşyndan dynç alýana meňzeýärdi. Oýnuň başynda ol biz bilen arkaýyn gürleşýärdi, özüniň göçümlerini keýpihonluk bilen düşündirýärdi, göçüm gezegi gelende-de küşt tagtasyna çalasyn nazar aýlaýardy-da, çöpleri göçýärdi. Ol garşydaşynyň nähili göçüm etjegini her sapar öňünden bilýän ýalydy.
Oýnuň başy çalt ýöredi. Altynjymy ýa-da ýedinji göçümden soň belli bir ugur görnüp başlady. Çentowiç göçümlerini köpräk oýlanyp ugrady, ynha, şundanam biz oýny öz eliňe almak üçin hakyky göreş başlandy diýen netijä geldik.
Ýöne, açygyny aýdanyňda, döwüň ýuwaş-ýuwaş ýaýbaňlanyşy, çynlakaý ýaryşlarda aram-aram gabat gelşi ýaly, biziň, höwesjeň küştçüleriň, dogrusy, hatda lapynam keç etdi. Oýnuň gidişi çylşyrymlaşdygysaýy, biz üçin garşydaşlaryň tarapy şonça-da düşnüksiz bolup başlady. Kimiň artykmaçlyk gazananyny seljermäge güýjümiz ýetenokdy. Biz diňe käbir küşt mallarynyň garşydaşyň hatarlaryny böwüsmäge çalşyp, gözsüz batyrlyk bilen öňe zomaýanyny görýärdik, ýöne ussat oýunçylaryň her bir göçümi emel-pirimiň diňe bir bölegini, her bir emel-pirimiňem maksat-hyýalyň diňe bir bölegini düzensoň, olam öz gezeginde diňe birnäçe göçümden soň amala aşansoň, onda olaryň daşdan aýlaýan oý-hyýallaryna görä, mallaryny bir öňe, bir-de yza göçüp durmaklary biz üçin bütinleý düşnüksizdi.
Soňra ýadawlyk halys barymyzy bürüp taşlady, munuň esasy sebäbi-de Çentowiçiň her bir göçümini çakdanaşa uzak pikirlenýäni üçindi. Oýnuň uzaga çekdigisaýy, doktor B-niň şonça-da ynjalykdan gaçýanyny duýup, howsala düşdüm: ol kürsüde zol-zol gozganjyraýardy, tolgunma bilen çilim yzyna çilim otlanýardy, aram-aram galamyna ýapyşyp, nämedir bir zatlar belleşdirýärdi, mineral suw getirmeklerini buýurýardy, göni gatan dek, bulgur yzyna bulgur boşadýardy. Onuň beýnisi Çentowiçiň beýnisinden her dürli tilsimleri ýüz esse çalt düzýändigi göz-görteledi. Çentowiç her gezek uzaga çeken oýlanmasyndan soň oňaýsyzlyk bilen çöpi alyp, ony göçmäge hyýallanan mahaly, biziň dostumyz ýylgyryp, nämedir bir zada köpden bäri garaşyp ýören ýaly, ýylgyryp, derhal göçüm edýärdi. Megerem, ol özüniň kesgir, ýiti aňy bilen garşydaşyna açylan ähli mümkinçiligi öňünden ölçerip-dökmäge ýetişýärdi. Çentowiç her göçümini köp oýlandygyça, doktor B-de şonça-da sabyr-takadyny ýitirýärdi, gaharly, içinde kitüw saklaýan ýaly, torsarylýardy. Emma Çentowiç howlugarly däldi. Ol göçümlerini oýlanyp, erjellik bilen dommarylyp otyrdy, küşt tagtasynda mallaryň sany azaldygysaýy-da, böwşeňlik uzaýardy. Dogry iki sagatdan soň, kyrk ikinji göçüme çenli, biziň barymyz halys surnugypdyk, oýna-da biperwaý boluberipdik, näme-nämeleň bolýany bilenem işimiz ýokdy. Serkerdeleriň biri eýýäm gidipdi, beýlekisi kitap okaýardy hem-de diňe oýunçylaryň haýsydyr biri göçüm edeninde, küşt tagtasyna nazar aýlaýardy. Ýöne Çentowiçiň nobatdaky göçüminden soň birden garaşylmadyk ýagdaý ýüz berdi. Ol göçüm etmek üçin aty ellän badyna, doktor B. awynyň üstüne topuljak pişik deýin ykjamlandy. Ol süňňi bilen sandyraýardy, Çentowiç göçjek malyny ýerinde goýup-goýmanka, doktor B. perzisini öňe sürdi-de, dabaraly sesi bilen gygyryp goýberdi:
― Ine, indi boljagy boldy.
Soňra ol kürsä ýaplandy, ellerini döşüne gowşurdy-da, Çentowiçe dikarynlap seretdi. Onuň gözleri ýitelip gitdi.
Onuň dabaraly sözleriniň änigine-şänigine ýetmäge çalşyp, barymyz, biygtyýar, küşt tagtasyna egildik, emma şanyň gös-göni ýatuw ýagdaýyny görmedik. Dostumyzyň heşelle kakyp gygyrmasy, megerem, oýnuň ýaýbaňlanyşyna dahylly bora çemeli, ýüzleý oýunçylar bolan bizem oňa düşünen däldiris. Diňe Çentowiçiň müň tüýünden bir tüýi-de gymyldamady. «Indi boljagy boldy» diýlip göwün syndyryjy sözleri, hamala, eşitmedik ýaly, ol bütinleý parahat görünýärdi. Hiç zat bolmandy. Ýöne barymyz, demimizi alman diýen ýaly, ses-selemsiz oturdyk, bada-badam küşt üçin işläp duran sagadyň jykgyldysy eşidildi. Üç minut, ýedi... sekiz minut geçdi ― Çentowiç gozganman otyrdy, diňe burnunyň giň ýelpezeginiň nähili ýellenişinden onuň gursagynda üýtgeşik harasadyň gopýandygyny aňşyrmak mümkindi.
Dostumyzam, edil biz ýaly, dym-dyrs, ýüregedüşdi böwşeňligi gaty kynlyk bilen çekýäne meňzeýärdi. Ol duýdansyz ör turdy, kürsini itiberip goýberdi-de burçdan-burça ýöräp başlady, ilki haýaljakdan, soňra bolsa ädimini durdugyça gataltdy. Bärik ýygnananlaryň ählisi oňa geň galyşyp äňedýärdi, ýöne onuň özüni alyp barşyna menden beter ynjalykdan gaçýan ýokdy: süňňüni howsala gaplandygyna garamazdan, ol bütinleý çäkli giňişlik boýunça ýöreýärdi, göýä, öz aňynda her gezek göze görünmeýän diwary süsäýjek mysaly, hyrra yzyna öwrülýärdi. Onuň, özi aňşyrmazdan, ozalky tussaghanasynda ýöreýän mysaly hereket edýänine düşünenimde, inim tikenekläp gitdi. Zyndana gabalan mahaly-da, megerem, kapasa salnan ýolbars deýin, edil häzirkisi ýaly, bükülip, düwülgi ýumruklaryny saňňyldadyp, öňe-yza ýörändir. Şo taýda ol hut şunuň ýaly doňup galan nazary bilen müňlerçe sapar o burçdan-bu burça ýelkildändir, galagoplulyk bilen ýanyp duran gözlerinde-de telbeligiň gyzyl uçganajyklary ýylpyldandyr.
Ýöne, göräýmäge, onuň akyly heniz doly ýerindedi, çünki Çentowiçiň nähilidir bir göçüm etmegiň kararyna gelenini-gelmänini bilmek üçin aram-aram sabryny suwa gaçyryp, stola garşy öwrülýärdi. Wagt gidip barýardy ― dokuz minut, on... Soňra hiç birimiziň garaşmaýan wakamyz ýüze çykdy. Çentowiç ýoňsuz wagtlap stoluň üstünde duran agralyp giden goluny haýallyk bilen göterdi. Damarlarymyz dartylan kirşe dönen ýagdaýda, howsala bilen, netijäniň nähili çözülerine garaşýardyk. Emma Çentowiç göçüm etmedi. Alňasaman, ýöne aýgytly görnüşde eliniň arka tarapy bilen küşt tagtasyndaky ähli çöpleri syryp taşlady. Biziň barymyz Çentowiçiň utulanyny boýun alýanyna bada-bat düşündik. Ol ýeňlipdi, özüniň doly utulanyna biziň şaýat bolanymyzy islänokdy. Garaşylmadyk ahwalat ýüz berdi: küşt täjiniň eýesi, san-sajaksyz ýaryşlaryň ýeňijisi ýigrimi ýa-da ýigrimi bäş ýyllap küştüň garasyny görmedik adamynyň öňünde ak baýdagyny galdyrdy. Hiç kime mälim bolmadyk, ady-sory eşidilmedik dostumyz başa-baş darkaşda dünýäniň iň güýçli oýunçysyndan rüstem geldi.
Näme edýänimizi özümiz duýmazdan, barymyz tolgunmadan ýaňa ýerimizden bökäýdik. Biziň süňňümizi gurşap alan garaşylmadyk begenç duýgularymyzy nähilidir bir tär bilen daşymyza çykarasymyz gelýärdi, nämedir bir zatlary aýdasymyz ýa-da edesimiz gelýärdi. Diňe ýekeje adam sarsman, parahat durdy ― olam Çentowiçdi. Ol biraz garaşyp, başyny göterdi-de biziň dostumyza sowuk nazaryny gönükdirip sorady:
― Ýene bir döw dikýäsmi?
― Dagy näme! ― diýip, doktor B. birhili gelşiksiz hereket bilen haýkyrdy. Soňra ýerine geçip oturdy, oňa özüniň şerti ― diňe ýeke döw oýnamak baradaky şertini ýatlatmaga ýetişmänkäm, ol eýýäm kellesi göçüp, alňasaklyk bilen çöpleri dikişdirmäge başlady. Özem şeýlebir gozgalaňa düşýärdi welin, çöpleri ýerli-ýerinde goýýan mahaly pyýada iki sapar onuň sandyraklap duran barmaklarynyň arasyndan sypyp, ýere gaçdy. Ozalky parahat hem-de asuda adamyň birden kellesi göçüp gidipdi, agzynyň gyrajygy-da çalt-çaltdan dartylýardy, üşüdýän ýaly, tutuş süňňi bilen saňňyldaýardy.
― Gerek däl ― diýip, men oňa pyşyrdadym. ― Gerek däl! Şu günlükçe ýeterlik. Beýtseňiz, beýniňize aşa agram düşer.
― Agram düşer? Ha-ha-ha! ― Ol äsgermezlik bilen seňrigini ýygryp, gaty-gaty güldi. ― Ýap-ýaňy dähedem-dessemläp oýnap, wagt baryny ýitirdik, şu döwrüň içinde men arkaýyn on ýedi döw oýnap ýetişerdim. Ýeke-täk kynçylyk çekýän zadym ― şuň ýaly haýal depginde oýnaýan mahalymyz uklap galmazlyk. Niçik, siziň bu gün göçüm etmek hyýalyňyz barmy?
Soňky kesgin, tas gödeksi äheňde aýdylan sözler Çentowiçiň çetine degerli göründi. Ol garşydaşyna arkaýyn, ýüz-gözüni çytman äňetdi, onuň tutuksy, sowuk nazary ýumruk bilen urandan enaýy däldi. Oýunçylaryň arasyna bada-bat şeýtan düşene döndi, nähilidir bir hatarly dartgynlylyk, ýakymsyz ýigrenç döredi. Indi olar garşydaşynyň sungatyny synagdan geçirjek oýunçylar däldi-de, birek-biregi ýoklamaga ant içen ganym duşmanlar ýalydy. Çentowiç birinji göçümi wagty bilen göçmän, kän eglendi, onuň bilkastlaýyn, ýöriteläp şeýdýändigine-de şek-şübhäm galmady.
Söweşlerde synag geçen bu serkerde özüniň hallyň-sallyňlygynyň garşydaşynyň jykyrjygyny tutdurýandygyna, gürrüňsiz, birmahal düşünipdi. Adaty birinji göç üçin ― şanyň öňündäki pyýadany sürmek üçin oňa azyndan dört minut gerek boldy. Biziň dostumyzam öz tarapyndan şanyň öňündäki pyýadany eglenmän öňe sürdi, Çentowiç jogap göçümini bu saparam çydap bolmaz derejede haýallatdy. Güýçli ýyldyrym çakanda yz ýanyndan boljak gök gürlemesine ýüregiňi çat açara getirip garaşýansyň welin, gögem şol gürleýän däldir, gürleýän däldir ― häzirki pursadam edil şoňa ogşaýardy. Çentowiç bütinleý doňňara daşa öwrülen ýalydy. Ol her bir göçümi arkaýyn, alňasaman oýlanýardy, indi-hä onuň muny bilgeşleýinden şeýdýänine doly ynanyp ugradym. Onuň howlukman göçmegi maňa gözümi aýyrmazdan, doktor B-ni synlamaga maý berýärdi. Ol eýýäm üçünji bulgurly suwuny taňkyradypdy, şonda onuň tussaghanada mahaly teşnelikden ýaman kösenişi barada gürrüň bereni ýadyma düşdi. Kadasyz ýagdaýyň ähli alamatlary göz-görteledi: onuň maňlaýy mazaly çygjardy, elindäki ýara yzy gyzardy hem-de hasam aýyl-saýyl seljertdi. Ýöne, herhal, özüne erk edip bilýärdi. Diňe dördünji göçden soň, Çentowiç ýene-de tükeniksiz oýa çümenden soň, doktor B. elden-aýakdan çykdy hemem ganyny gaçyryp gygyrdy:
― Siziň göçme niýetiňiz ýokmy?
― Ýalňyşmaýan bolsam, biz her göçümi on minutdan artyk pikirlenmeli däl diýip şertleşipdik. Men şu şerti ýöriteläp saklajak.
Doktor B. dodagyny dişledi. Ýuwaş-ýuwaş hasam sabyr-takadyny ýitirip, aýagy bilen ýeri tyrkyldadyp ugransoň, menem indi özümi gurşap alan howsaladan saplanyp bilmedim: ol ýene telbeligiň girdabyna dolaşar diýen duýgy ýaramy duzly çöp bilen dörjelän ýaly edýärdi. Sekizinji göçümde ýene-de sene-mene döredi. Sowukganlylygyndan nam-nyşan galmadyk doktor B. öňküdenem beter gozgalaň tapdy. Ol bir dakyka-da ynjalykly oturyp bilenokdy, häzirem, özi duýmazdan, barmaklary bilen stoly tyrkyldadýardy. Çentowiç ýene-de özüniň agras ýüzüni göterdi.
― Stoly tarkyldatmasaňyz-a gowy bordy. Bu maňa päsgel berýär. Men beýdip oýnap bilemok.
― Ha... ― diýip, doktor B. jogabyny sugşurdy. ― Oýnap bilmeýäniňiz görnübem dur!
Çentowiç gyzaryp gitdi.
― Siz näme diýjek bolýaňyz? ― diýip, ol gödeksi sorady.
Doktor B. ýene-de çalaja ýaňsyly güldi:
― Siz juda tolgunýan bolmaga çemeli, şondan başga aýtjak zadym ýok.
Çentowiç ýagşydan-ýamandan dil ýarmady hem-de ýene küşt tagtasynyň başyna egildi. Diňe ýedi minutdan soň ol jogap göçümini etdi. Oýun şol bir haýal depginde barýardy. Çentowiç misli daş heýkele öwrülen ýalydy. Indi ol malyny sürmezden ozal kesgitlenen wagty doly saklaýardy, dostumyzyň geň-taň hereketleri göçümsaýy öňküsindenem beterleşip barýardy. Ol oýna bolan gyzygyny bütinleý ýitirip, nähilidir bir başga pişe bilen güýmenýäne meňzeýärdi. Indi aladaly eýläk-beýläk ýöremesinem goýdy, parhsyz, tas däliniňkä çalymdaş nazaryny boşluga gönükdirip, öz-özüne nämelerdir bir zatlary hüňürdäp sarsman otyrdy. Ýa-ha ol haýsydyr bir tükeniksiz tilsimli göçümleriň pikirine çümüpdi, ýa-da ― hut şoňa-da şübhäm bardy ― nähilidir bir başga-başga döwleri oýnaýardy. Näme bolanlygynda-da, Çentowiç her sapar göçüm eden mahaly ony aýňaldyrmaly bolýardy. Şonda oňa ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin indi bir ýa-da iki minut gerek bolýardy.
Doktor B-de çalarak kakyn-silkin başlapdyr diýen pikir gitdigiçe berkeýärdi, şonuňam islendik pursat beterleşmegi mümkindi. Ol, göýä, bizi-de, Çentowiçi-de unudan ýalydy. Hakykatdanam, on dokuzynjy göçümde jygba-jygly ýagdaý döredi. Çentowiç ýaňybir göçüm eden badyna, doktor B. küşt tagtasyna çalarak göz aýlap, birden özüniň pilini üç öýjük öňe süýşürip, barymyzyň ýüregimizi ýaryp, bokurdagyna sygdygyndan gygyrdy:
― Küşt, küştden aýryl!
Nähilidir bir garaşylmadyk bir zada garaşyp, barymyz küşt tagtasyna garagymyzy dikdik. Çentowiç gaty haýallyk bilen kellesini göterip, birlaý bizi gözden geçirdi. Mundan ozal ol ýeke saparam şeýtmändi. Nämedir bir zat onuň gaty göhüni getiripdir, dodaklary kem-kemden süýndi welin, ýüzünde ýaňsyly ýylgyryş görnäýdi. Ol ýeňşinden lezzet alýana meňzeýärdi, biz üçin welin beýle ýagdaý düşnüksizdi, Çentowiç ýasama sypaýyçylyk bilen töweregindäkilere ýüzlendi:
― Bagyşlaň, ýöne men-ä hiç hili «küşt» göremok. Jenaplar, belki-de, araňyzdan biriňiz meň şama küşt berilýäniniň nämeden ybaratdygyny aýdyp berer?
Biz küşt tagtasyna, soňam howsala bilen doktor B-e seretdik. Çentowiçiň şasy pilden pyýada bilen goranyp durdy, ― muny çaga-da görüp biljekdi, ― şondan ötri «küştüň» hiç hili gürrüňi bolmaga-da haky ýokdy. Barymyz ynjalykdan gaçdyk. Belki-de, dostumyz aljyrap, çöpüni bolmalysyndan bir öýjük aňryk ýa-da bir öýjük bärik süýşürendir? Biziň dymyşlygymyz doktor B-niň ünsüni çekdi, ol küşt tagtasyna dykgat bilen seredip, sakynyp, şeýle diýdi.
― Ýöne şa «f7»-de durmaly ahyry. Ol ýalňyş dur, bütinleý ýalňyş. Siz nädogry göçdüňiz!.. Ähli çöplerem ýerli-ýerinde däl: şu pyýada «d4»-de däl-de, «d5»-de durmaly. Aslynda bu düýbünden başga döw. Bu...
Ol tapba sesini kesdi. Men onuň elinden berk ýapyşdym, has dogrusy, şeýlebir aldajy çümmükledim welin, ol hatda muny aňrybaş telbe bolanlygynda-da duýaýmalydy. Ol yzyna gaňryldy, goýanyny-göterenini bilmeýän aňsyz adam ýaly bolubam, maňa äňetdi:
― Size... näme gerek?
― Ýadyňyzdamy! ― diýip, men diňe ýekeje sözi agzymdan gaçyrdym hem-de barmagymy usullyk bilen elindäki ýara yzyndan ýöretdim.
Olam, özi bilmezden, meniň hereketimi gaýtalady hem-de aňsyz nazaryny gyzylymtyl zolaga dikdi. Birdenem ol tutuş durky bilen galpyldady, maňlaýy çygjaryp gitdi.
― Eý, Hudaý ― diýip, ol solgun dodaklaryny müňküldedip pyşyrdady. ― Eýsem, men samsyk gürrüň edäýdimmikäm ýa-da nähilidir bir kelesaň hereket etdimmikäm? Ýene şeýlemi... Dogrudanam?
― Ýok ― diýip, men ýuwaşja jogap berdim. ― Ýöne siz häziriň özünde oýny gutarmaly. Wagty boldy! Lukmanyň näme diýenini ýadyňyza salyň.
Doktor B. laňňa kürsüden dikeldi.
― Özümiň sammyk ýalňyşym üçin bagyşlaweriň ― diýip, ol sypaýyçylykly gürledi hem-de Çentowiçiň öňünde baş egdi. ― Elbetde, men halys warsaky otardym. Hiç hili gep-gürrüň ýok, bu döwi siz utduňyz.
Soňra ol bize öwrülip gürledi:
― Jenaplar, sizem meni bagyşlaweriň. Ýöne menden uly tama etmäweriň diýip öňünden duýdurandyryn. Oýny şeýle wejeraçylykly gutaranym üçin ýazykly bendäňiziň günäsini öteweriň. Şu meň küşt oýnamaga töwekgellik eden iň soňky gezegim.
Ol baş egdi-de biziň aramyzda ilkinji gezek görnendäkisi ýaly, salyhatly hem-de syrly görnüşde bärden garasyny saýlady. Bu kişiniň dagy-duwara küştüň çöpüne barmagynam batyrmajagynyň sebäbini diňe men bilýärdim, beýlekiler welin alasarmyk halda öwelişip galypdylar, nähilidir bir gümürtik hem-de zabun zat hernä özümize degmän duşumyzdan gyratlap geçip gitdi diýşip olar garjaşyk pikirde iki jähennemiň owarrasy bolupdylar.
― Häý, jyn uran kelewiň biri! ― diýip, MakKonnor lapykeç halda hüňürdedi.
Çentowiç iň soňundan kürsüden turdy hem-de soňlanmadyk döwe ýene bir gezek nazar aýlady.
― Arman, gutarylman galdy-da ― diýip, ol haýpygelijilik bilen gürledi. ― Hüjümiň gurnalyşy-ha hiç neneň däldi. Höwesjeň küştçi üçin bu adam çakdanaşa zehinli oýnaýar.

Soňy


© Stefan SWEÝG
Terjime: © Çary GELDIMYRADOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 112 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Stefan SWEÝG, Çary Geldimyradow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 sussupessimist • 11:22, 01.02.2024
çykgyt (terjimeçiden):
Bogemiýa ― Merkezi Ýewropada, häzirki Çehiýanyň ýerleşýän ýerinde bolan taryhy künjek.

Homo obsсurissimus ― näbelli adam (latynça).
avatar
1
2 Çary5306 • 11:30, 01.02.2024
Şu nowella barada bir zatlar ýazasym gelýär welin, ol kän zatlar bolaýjak eken. Okamadyklara okamagy maslahat berýän, terjime edene, goýana-da minnetdarlyk!
avatar
0
3 medi • 12:34, 01.02.2024
Ohow @sussupessimist sende bar bolsa öň kösenjekdälä. Elleriňe saglyk. Şu nowelläni 3-4 gün iş edindim. Bilýänsiňiz dünýäedibiýaty žurnalyndan zat kopýalap bolanok. Söz tekstleriň arasyna probel göýberýär ýada kese çyzyk goýýar. fotokopia edip soň tekstini göçürdim. Žurnalda bilýänsiňiz kitapdaky ýaly yzy gider göýberlenok. Şonuň üçin setirleri sazlamaly diýdim. Başgada bar bolsaýgoýuberiň.
avatar
0
4 medi • 12:54, 01.02.2024
Soňky oýun gutarnsoňam Çentowiç garşydaşyny höwesjeň küştçi hasaplaýar. (― Hüjümiň gurnalyşy-ha hiç neneň däldi. Höwesjeň küştçi üçin bu adam çakdanaşa zehinli oýnaýar. ) Men ýazan bolsam baş hili tamamlardym.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203