Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
Küşt kyssasy / nowella

KÜŞT KYSSASY

Gijäniň ýarynda Nýu-Ýorkdan Buenos-Aýrese sary ugrajak mähnet gämide, ýüzüşiň soňky dakykalarynda hemişe bolşy ýaly, hysyrdyly gaýda-gaýmalaşyk höküm sürýärdi.
Ugratmaga gelenler gürmek mähelläniň arasy bilen çar tarapa itnişip geçýärdi; demir papajyklaryny ýeserlik bilen bir gapdala çümrüp geýen telegraf çaparlary ýolagçylaryň atlaryny tutup gygyrýardylar; goş-golamdyr güller geçirilýärdi; basgançaklardan bilesigeliji çagalar ylgaşlap ýördiler, gäminiň palubasynda bolsa üflenip çalynýan saz gurallardan düzülen orkestr dynuwsyz saz çalýardy...
Men özümiň ülpedim bilen palubada şu gaýda-gaýmalaşykdan yrakda durdum. Birdenem biziň edil golaýjagymyzda surata düşürýän enjamdaky magniý ikimi ýa-da üç saparmy ýylp etdi: çaky ýolagçylaryň arasynda meşhur kişilerden biri bar borly, megerem, iň soňky pursatda alnan söhbetdeşligiň ýany bilen onuň suraty-da gerek bolandyr. Gapdalymdaky dostum şo tarapa seretdi-de, kinaýaly gürledi:
— Siziň bilen bir gämide tebigatyň ýaradan täsin gudraty — Çentowiç barýa.
Ol bu adyň maňa hiç zatdan habar bermeýänini ýüzümden aňşyryp, gürrüňini ugrukdyrdy:
— Mirko Çentowiç — küşt boýunça dünýä çempiony. Ol ýap-ýaňy Amerikaň ähli küştçüsini paýhynlady, häzirem şoň ýelginine — ýeňişleriniň hözirini görmäge Argentina barýa.
Edil şu ýerde-de küşt täjine mynasyp bolan juwan ýigidiň diňe bir ady däl, eýsem, onuň ýyldyrym çaltlygynda belende göterilişiniň käbir jikme-jiklikleri-de ýadyma düşdi. Dünýäniň gazet-žurnallaryny maňa görä has dykgatly yzarlaýan ülpedim ol barada birnäçe ýomak aýdyp berip, bilýän maglumatlarymyňam üstüni ýetirdi.
Bir ýyl töweregi mundan ozal Çentowiçe bada-bat Alehin, Kapablanka, Tartakower, Lasker, Bogolýubow ýaly küştüň parlak ýyldyzlarynyň hataryna goşulmak başartdy. 1922-nji ýylda Nýu-Ýorkdaky ýaryşda ýedi ýaşly dogabitdi zehinli Reşewskiniň peýda bolaly bäri, döwrüň ajaýyp küşt ussatlary, öz hatarlaryna şonuň kibi şowhun turzup giren hem-de tutuş durky bilen ünsi özüne gönükdirmegi başaran başga ýekeje-de birini bilmeýärdi. Çentowiçiň kütek aňy ony şeýle belent derejelere göterer diýip kellä getirer ýaly däldi. Basym onuň sepem açyldy: dünýä täjiniň eýesiniň hiç bir dilde ýalňyşsyz hatda birnäçe sözi-de ýazyp bilmeýäni aýan boldy, onuň janyýangynly garşydaşlarynyň biriniň ýaňsy bilen belleýşi ýaly, «ol hemmetaraplaýyn nadandy».
Bir gije Dunaýda gatnaýan ýük gämisi garaňkylygyň içinde onuň kakasynyň — pukara ýugoslaw gaýykçysynyň kindiwanja gämisini gark edipdir. Şol wagt ýaňy on iki ýaşan ýetim oglanjyga çola ýerdäki obalaryň biriniň ýüregi ýuka ruhanysy howandar çykdy. Açyk göwünli adam okuw eýgertmeýän dikdüşdi, peltek, darmaňlaý oglanjygyň aňyna mekdep bilimini guýjak bolup, tapdan düşýärdi.
Ýöne ruhanynyň bar yhlasy puja çykýardy. Mirko bimany nazaryny gaýta-gaýta harplara dikse-de, olary hiç ýatda saklap bilmeýärdi. Onuň kütek aňy ýönekeýje zatlary tutmagy-da başarmaýardy. On dört ýaşynda ol henizem barmaklaryny büküp sanaýardy, kitapdan ýa-da gazetden çaklaňja bölegi okamagam güzap baryny berýärdi. Ýöne oňa biperwaý ýa-da aýdylanlar bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykýan çaga diýibem bolanokdy. Ol ähli buýrulan ýumuşlary berjaý kylýardy: suw daşaýardy, odun jaýyrýardy, meýdan işlerinde der dökýärdi, aşhanany ýygnaşdyrýardy. Oňa bil baglamak mümkindi; islendik tabşyrygy irde-giçde ýerine ýetirýärdi, ýöne haýal-ýagallygy, äwmezekligi welin sabyr käsäňi pürepürledýärdi. Ýöne açyk göwünli ruhanyny bar zatdan beter gynandyrýan bir ýagdaý bardy: keçjal, dikdüşdi jahyl dünýädäki ähli zada biparh garaýardy. Ol buýruk almazdan burun hiç haçan hiç bir işiň başyna barmaýardy, hiç haçan özi ýaly deň-duşlary bilen oýnamaýardy, tä näme etmelidigini aýdýançalar hiç haçan nähilidir bir işiň ugruna çykmaýardy. Öýüň işlerini gutarandan soň Mirko otaga geçip oturýardy, oturyşam bir geň-taňdy, parhsyz gözlerini sonarlap ýören goýnuňky ýaly, alyslara dikip, daş-töwerekde gopýan wakyýalara birjik-de baş galdyrmaýardy. Agşamlaryna ruhanynyň žandarm wahmistri bilen endige öwren üç döw küşt oýnaýan mahaly agymtyl sary saçly ulalyp-oňalmadyk oglan sessiz-üýnsüz oýunçylaryň gapdalynda ornaşýardy, güberip duran gabaklaryny galdyrmanam, oýaly-ukuly, biparh görnüşde owadan küşt tagtasyndan nazaryny sowmaýardy.
Gyş agşamlarynyň birinde, iki şepäniň eýýäm özleriniň adaty oýunlaryna gyzygan mahaly penjiräniň aňyrsyndan düwmeleriň jyňňyrdysy eşidildi. Oýe tarap çakganlyk bilen buz arabasy — sani ýakynlaşyp gelýärdi. Telpegi gar basan daýhan alakjap otaga girdi-de, eňek atyp ýatan ejesine iň soňky patasyny bermäge ýetişeri ýaly, mümkin boldugyndan, onuň ýanyna tizräk gitmek üçin ruhana aldygyna ýalbarmaga başlady. Ruhany oýurganyp oturmazdan, derhal onuň yzyna düşdi. Pyýalasyndaky çaýy doly içip ýetişmedik wahmistr az-owlak oturdy, soňam içi sütükli uzyn gonçly ädigini aýagyna sokmaga çemelenip duran mahaly birden Mirkonyň gutarylman galan döwli küşt tagtasyna gözüni aýyrman seredip duranyny gördi.
— Näme, döwüň yzyny oýnaýsam diýýäňmi? — diýip, wahmistr degişmä salyp gürledi. Ýogsa, ol kelesaňrak ýigdekçäniň küştüň göçümlerini-de bilmeýänine doly ynanýardy. Jahyl ynamsyzlyk bilen onuň ýüzüne äňetdi, ýöne makullaýjylyk bilen baş atdy hem-de ruhanynyň ýerine geçdi. On dördünji göçümde wahmistr ýeňildi, özem utulmagynyň sebäbiniň haýsydyr bir atdanlykda goýberilen säwligiň netijesi däldigini-de boýun almaly boldy. Ikinji döwem şonuň ýaly tamamlandy.
— Waalyň eşegi bol-a! — diýip, yzyna öwrülip gelen ruhany haýran galmakdan ýaňa haýkyryp goýberdi, soňundanam Mukaddes kitaba onçakly belet bolmadyk wahmistre düşündiriş berdi: iki müň ýyl mundan ozal şu kybap gudrat ýüz beripdir, ömrüniň durkuna dilsiz-agyzsyz bolan jandar — eşek birden-bire gürläberipdir, özem ýöne-möne däl, hakyt akylly-başly dür saçypdyr.
Wagtyň gijigendigine garamazdan, açyk göwünli ruhany özüniň çalasowat şägirdi bilen darkaş gurman durup bilmändir. Mirko onam öňki ýaly ýeňillik bilen utup goýberipdir. Ol kellesini küşt tagtasyndan ýeke saparam galdyrmazdan alňasaman, haýaljakdan göçýärdi, ýöne oýnaýşy welin berkden-berkdi, dürsdi. Şondan soňky günlerde-de ne ruhany, ne-de wahmistr ony ýeke saparam utup bilmedi.
Şägirdiniň tüntligine ilden gowy belet ruhany öz-özüne sowal berdi: şu birtaraply, üýtgeşik zehin has çynlakaý synaga döz gelip bilermikä? Oba dellegi Mirkony birneme gelşikli görnüşe getirenden soň, ruhany ony buz arabasynda goňşy şäherjige äkitdi. Şu ýeriň küşt söýüjileri şäherjigiň esasy meýdançasyndaky çaýhana üýşerdi, olar ruhanydan kän gowy oýnaýardylar, muňa ruhany ozal öz tejribesinde mazaly göz ýetiripdi.
Ýany sarymeňiz, al ýaňak jahylly ruhanynyň peýda bolmagy ähli kişini gyzykdyrdy. Mirkony entek küştüň başyna çagyrmankalar, ol ýüzüni sallap otyrdy, içmegini, uzyn gonçly çopan ädigini çykaraýynam diýenokdy. Ol ilkinji döwi utdurdy, çünki sada ruhany hiç haçan sisiliýa goranyşyny ulanmaýardy. Şäheriň iň güýçli küştçüsi bilen oýnan indiki oýny deňme-deň gutardy. Emma Mirko üçünji, dördünji hem-de soňky döwleri yzly-yzyna utmagy başardy.
Ýugoslawiýanyň welaýat şäherjiklerinde üýtgeşik, tolgundyryjy wakalar gaty seýrek duşýar. Şondan ötri oba çempionynyň bada-bat zoruny görkezmegi özüne göwni ýetýän adamlaryň arasynda gowur baryny döretdi. Onsoň, olaryň barysy-da bir çukura tüýkürdi: ýaşajyk zehin ertir irden küşt guramasynyň ýörite ýygnanyşygy gurnalýança şäherde galaýmaly. Şonda küştüň ölemeni, golaýdaky galanyň eýesi, goja graf Zimçis onuň bilen güýç synanyşyp biler. Ruhanynyň kalbynda iki duýgy darkaş gurýardy — şägirdine bolan buýsanç hem-de borç duýgusy, şol borç duýgusy-da ony yzyna, oba, ýekşenbe ybadatyna çagyrýardy. Borç duýgusy rüstem geldi. Ýöne ruhany Mirkony mundan beýläkki synaglar üçin şäherde goýup gitmäge razylyk berdi. Küştçüler ýaşajyk Çentowiçi myhmanhanada ýerleşdirdiler, şol ýerde ol ömründe ilkinji gezek häzirki zaman hajathanasyny gördi.
Dynç güni günorta şamyndan soň küşt otagy agzy-burny bilen doldy. Mirko dört sagadyň dowamynda küşt tagtasynyň başynda gymyldaman, agzyndan ýeke sözem gaçyrman, gabaklaryny galdyrman oturyşyna garşydaşlaryny ýekänme-ýekän dargadýardy. Ahyry oňa bir zarbadaky köpçülikleýin oýny teklip etdiler. Mirkonyň birbada birnäçe küştçiniň garşysyna oýnamaly boljakdygyny oňa düşündirmek üçin ýoňsuz wagt gerek boldy. Özünden näme islenilýänine aň ýetiren badyna-da, ol müň tüýünden bir tüýüni-de gymyldatman işe girişdi hem-de agyr, ýaglanmadyk ädigi bilen haýaljak ädimläp, ol stol bilen bu stoluň aralygynda ýöräp ugrady. Iň soňunda-da sekiz döwden ýedisini ýeňdi.
Şundan soň çynlakaý maslahat başlandy. Dogryny dogry aýtmaly, täze çempion bu şäherde dogup-döremändi, bu bolsa ýerli adamlaryň watançylyk duýgusyna agyr täsir etdi. Emma kartada-da bardygy-ýokdugy näbelli kiçijik şäherjigiň ahyryn meşhur kişiniň watany diýlip adynyň tutulmagyna mümkinçilik döräpdi.
Ýerli serkerdeler humarhanasyny degişme aýdymjyklaryny aýdýan zenanlardyr balerinalar bilen üpjünleýän Koller atly impresario* küşt oýnundan mazaly başy çykýan Wenadaky tanşyna jahyla küştden sapak bermegini gurnamagy, soňy bilen özüniň çykdajylarynyň üstüni ýapmak şerti bilen, ýaş Mirkony bir ýylyň dowamynda ekläp-saklamagy boýnuna alýandygyny mälim etdi. Şertnama graf Zimçis gol goýdy. Altmyş ýyl bäri her gün küşt oýnap gelýän graf ömrüniň durkuna şeýle ökde garşydaş bilen darkaş gurup görmändi. Şol günden başlabam dunaýly gaýykçynyň oglunyň haýran galdyryjy derejedäki ýokary göterilişi başlandy.
Küşt tilsimleriniň ähli syrlarynyň magadyna ýetmek üçin Mirko bary-ýogy alty aý gerek boldy; emma bir zatda welin ol kemter gaýdypdy. Bu küşt söýüjilere birneme soňrak belli bolupdy hem-de olara kinaýa oklamaga bahana öwrüldi. Çentowiç oýnan döwleriniň hiç birini-de ýadynda saklap bilmeýärdi — ussat küştçüleriň dili bilen aýdanyňda, aňy bilen küşt oýnamagy oňarmaýardy. Onuň öňünde hökmany suratda akly-garaly altmyş dört öýjükli dörtburç tagta hem-de otuz iki sany küşt çöpi duraýmalydy. Hatda ady arşa göterilen meşhur kişä öwrülenden soňam, ol islendik mahaly özüne zerur bolan ajaýyp bir döwi görnetin suratlandyrmak üçin ýa-da özüni gyzyklandyran meseläni çözmek üçin hemişe ýany bilen jübi küştüni göterýärdi.
Aslynda bu kemçiligiň ullakan bir ähmiýetem ýokdy, ýöne şonda-da, munuň özi, onuň akylynyň kemterliginden habar berýärdi. Şeýle ýagdaý küşt söýüjileriniň arasynda gowur baryny döredýärdi. Şunuň ýaly gowurlar, mysal üçin, saz sungaty bilen iş salyşýanlaryň arasynda ady dünýä dolan meşhur sazandanyň ýa-da dirižýoryň ýatdan, notasyz saz çalyp ýa-da dirižýorlyk edip bilmeýän mahaly döreýär. Dogrusy, bu nogsanlyk Mirkonyň ajaýyp üstünliklerine aýakbagy bolup bilmedi. Eýýäm on ýedi ýaşynda ol her dürli onlarça baýragy eýelemegi başarypdy, on sekiz ýaşynda-da Wengriýanyň çempiony, ahyrky netijede-de ýigrimisinde dünýä çempiony boldy. Napoleonyň ätiýaçly Kutuzowa, Gannibalyň – Fabiý Kunktatora garşy durup bilmeýşi ýaly, — aslynda Liwiniň tassyklamagyna görä, Kunktatoryň aňsyzlygy baryp çaga döwründe ýüze çykypdyr, — akyl babatda, batyrgaýlykda Mirkodan, gürüňsiz, rüstem gelýän oýunçylar onuň berk, sowukganly pikir ýöredişine garşy durup bilmediler. Saýyrdyň küştçüleriň saýlantgy toparynyň hatarlarynda akyl zähmetiniň her dürli pudaklarynyň görnükli wekilleri — dana kişiler, matematikaçylar, sungata üşükli, oýlap tapyşlara ukyply, hatda döredijilik ugrundan zehinli adamlaram bardy, şolaryň arasyna-da bütinleý keseki biri — tutuksy, dymma, nadan oba ýigidi sümlüp girdi oturyberdi. Iň ýeser žurnalistlerem onuň agzyndan ýeke sözi-de çekip alyp bilmeýärdiler, ýogsa, şolar ýeke sözdenem aňk ediji bir zat çyrşamagy başarjakdy. Gazetler şeýle mümkinçilikden gatumytdy, ýöne Çentowiç barada ýomak köki döräp, dilden-dile geçýärdi, şolaram metbugatyň sahypalaryny bezeýärdi. Küşt tagtasynyň başynda oňa taý tapdyranokdy, ýöne küşt stolundan turaýan badyna hökman gülki ýassygyna öwrülýärdi, tas masgarabazyň derejesine ýetýärdi.
Birkemsiz penjek-balagyna, döwrebap galstugyna hem-de çendenaşa iri dür bölegi oturdylan sanjagyna, yhlas bilen hynalanan dyrnaklaryna garamazdan, ozal nähili bolan bolsa şonlugyna-da — ýap-ýaňylaram ruhanynyň aşhanasyny ardyp ýören dar çäkli, görüm görmedik ýigitligine-de galypdy. Ol öz zehininden hem-de şöhratyndan peýdalanyp, mümkingadar köpräk pul gazanmaga çalyşýardy, munuň üstesine-de juda ownaýardy, aram-aram gysyklygyň gözüni çykarýardy. Özem muny hiç bir gypynçsyz aç-açan edýärdi, şeýtmek bilenem kärdeşleriniň janyny ýakýardy, olaryň yzygiderli kinaýalarynyň ojagyna öwrülýärdi. Şäherden şähere syýahat edip ýörşüne ol iň arzan myhmanhanalarda düşleýärdi, özüne hak-heşdek tölemäge döwtalap islendik klubuň haýryna oýnamaga razylyk berýärdi, sabyn çykarýan kärhananyň hojaýynyna belli bir tölege mahabat bildirişlerinde öz suratyny ýerleşdirmäge ygtyýar beripdi, özüniň idili iki sözüň başyny çatyp bilmeýänine gaty belet garşydaşlarynyň ýigrenç bilen seňriklerini ýygyrmaklaryna garamazdan, ol haýsydyr bir çemeçi neşirýatçynyň buýurmagy esasynda galisiýaly bir pukara talybyň ýazyp beren «Küşt oýnunyň filosofiýasy» atly kitabyny-da öz adyndan çykartdy.
Köplenç şeýle pisint adamlarda bolşy ýaly, Çentowiçde-de bütinleý gülki damary ýokdy, küşt täjini alandan soň-a ol özüni dünýädäki iň bir ketde adamlaryň biri hasaplap ugrady. Ähli akylly-başly, aň-düşünjeli, gepe çeper adamlardan, ýazyjylardan üstün çykmagy başarandygy, üstesine, olardan köp gazanç edýändigi baradaky düşünje onuň ozalky ýaýdanjaňlygyny perwaýsyz gedemlige öwürdi.
— Elbetde, garaşylyşy ýaly, aňsatlyk bilen ýetilen şöhrat boş kelläň başyny aýlady — diýip, dostum netije çykardy hem-de Çentowiçiň tüýs çaganyňky ýaly aň bilen jemgyýetde nähili orun almaga ymtylyşy barada birnäçe jaýdar mysal getirdi. — eýsem, näme üçin ýigrimi bir ýaşly ýigit çensiz-çaksyz şöhratparaz bolmaly dälmiş? Ol küşt tagtasynda çöpleri eýläk-beýläk göçüp, bir hepdäň dowamynda tutuş obaň aýylganç güzaply şertlerde doly bir ýylyň dowamynda tokaý çapyp gazanýan hakyndanam köp gazanýar ahyry! Onsoňam, özüňi beýik adam saýmagyň ýönekeý sebäpleri-de bar. Haçanam bolsa bir wagt ýagty jahanda Rembrandt, Bethowen, Dante, Napoleon ýaşap geçipdir diýen düşünje beýniňe agram salmaýan mahalyň, dünýä täjine ýetip, döşüňe kakmajak gümanyň barmy?! Onuň darajyk aňynda diňe ýekeje pikir höwürtgeleýärdi: indi köp aýyň dowamynda ol bir döwem utduryp görmändi. Dünýäde küştdür puldan başga ähmiýetli zatlaň bardygyny hiç hili göz öňüne getirip bilmänsoň, onuň öz-özünden göwni hoş bolmagyny, öz-özüne aşyk bolmagyny geň görüp oturasy iş ýok.
Dostumyň gürrüňi, elbetde, bilesigelijilik damarymy tirpildetdi. Meni tutuş ömrümiň durkuna bir pikiriň köýünde kellesini aldyranlaryň dürli görnüşdäkileri gyzyklandyryp gelýärdi. Bu kybap adamlary ýeke-täk düşünje gurşap alýardy. Çünki ynsan özüni çäklendirýän çygry näçe daraltdygyça, ol şonça-da çäksizligiň kerebine çolaşýar. Hut şunuň ýaly, meger, dünýädäki ähli zada parhsyz adamlaram, misli, garynjalar dek, nähilidir bir aýratyn «çig maldan» öz şahsy, hiç bir zada meňzemeýän, özleriniň göz öňüne getirýän äleminiň kiçeldilen kysmy dünýäjigini erjellik bilen gurýarlar. Şonuň üçinem men öz niýetimi — Rio çenli on iki günlük syýahatyň dowamynda juda birtaraply, çäkli zehin paýy berlen bu şahsyýet bilen ýakyndan tanyşmaga çalyşmakçydygymy dostumdan gizläp oturmadym.
— Häý, näbileýin şeýtmek size başardaýsa — diýip, söhbetdeşim duýdurdy. — Maňa belli bolşuna görä, ondan nähilidir bir çolpyňa iler ýaly — heňe gelýän pikir-garaýşy çeňňegine ildiren ýok. Özüniň öte dar düşünjesine garamazdan, bu mekirje daýhan gowşak taraplaryny ýaşyrmaga gezek gelende gaty akylly. Onuň usuly ýönekeý: Çentowiç arzan bahaly myhmanhanalarda duşuşýan obadaşlaryndan, üstesine, öz töwereginiň adamlaryndan öňňe kimdir biri bilen gürrüňçilige girmekden gaça durýar. Öňünde aň-düşünjeli adamyň durandygyny duýan badyna ol derhal, balykgulak deýin özüniň çaňňalagynda gizlenýär; şondan ötri hiç kim ondan nähilidir bir bolgusyz gep eşitdim diýip magtanyp bilmez, onuň nadanlygynyň tutuş öýjügine baha kesip bilenem tapdyrmaz.
Ülpedim mamla bolup çykaýdy öýdýän. Syýahatymyzyň ilkinji günlerinde Çentowiç bilen tanyşlyk açmak eýgertmedi, ýüzüňden utanç perdesini syryp, bihaýaçylykly hereket etseň, belki, başardardam. Ýöne men beýle usullaryň tarapdary däl. Käwagtlar ol palubada görünýärdi, şo taýda-da ellerini arkasyna tutup, edil Napoleonyň belli suratyndaky ýaly, pikir derýasyna gark bolup gezmeleýärdi. Ýöne gezelenç mahaly ol hemişe alňasak hereket edensoň, maksadyma ýetmek üçin onuň yzyndan ýorgalap çapmaly bolýardym. Ol hiç haçan myhman otaglaryna, bara ýa-da çilim çekilýän ýere barmaýardy. Men gäminiň hyzmatçy ýigidinden Çentowiç barada ygtybarly maglumatlar aldym. Onuň aýtmagyna görä, ol günüň agramly bölegini öz aýratyn otagjygynda geçirýär. Şol ýerde uly küşt tagtasynyň başynda oýnalan döwleri derňeýär ýa-da küşt meselelerini çözýär.
Üç gün geçenden soň Çentowiçiň goranyş täriniň ebeteýini tapyp onuň bilen tanyşlyk açmak islegimden güýçli çykmagy meni kejikdirip ugrady. Henize bu güne çenli görnükli küştçiler bilen duşuşmak miýesser gelmändi. Şu kysmy adamlara näçe köp düşünmäge çytraşsam-da, şonça-da altmyş dört sany akly-garaly dörtburçluga bölünen çaklaňja giňişlikde doly jemlenen adam beýnisiniň bu işi maňa akyla sygmaz ýaly görünýärdi. Bu «şalar oýnunyň» syrly ýesir ediji owsuny, gudraty maňa öz tejribämdenem mälimdi. Ol adamzadyň oýlap tapan oýunlarynyň arasynda tötänlik ýagdaýyna bagly bolmadyk, diňe paýhasy ýa-da has dogrusy, aň zehininiň aýratyn, üýtgeşik görnüşini gül täji bilen bezeýän oýunlaryň ýeke-tägidir. Ýöne «oýun» diýen dar kesgitleme küşte şek ýetirildigi bolaýmasyn? Emma ol ne ylym, ne-de sungat, has takygy, Muhammet pygamberiň tabydynyň asman bilen zemin aralygynda gerlip durşy ýaly, şu iki düşünjäniň aralygynda gerlip duran ortalyk bir närse. Bu oýunda iň bir gapma-garşy düşünjeler utgaşýar: ol hem gadymy, hemem müdimi täze; küşt düýbi-teýkarynda hereketli gurluş, ýöne diňe pikirleniş ukyby güýçlä ýeňiş getirýär, geometriýa giňişligindäki çygry gysby, dar — şonuň bilen birlikde-de emel-pirim babatda çensiz-çäksiz; üznüksiz, yzygiderli ösýär, — bütinleýem önelgesiz; netijesiz pikir, çözgütsiz matematika, esersiz sungat, binasyz ymarat. Ýöne şonda-da bu oýun ähli kitaplara, ynsanyň döredenlerine garanyňda, wagt synagyna has gowy döz geldi. Ol ähli halklara, ähli eýýamlara degişli ýeke-täk oýundyr, gam-gussadan saplanmak, aňyňy jöwherlendirmek, göwün götermek üçin ony zemine getiren ylahynyň ady hiç kime mälim däldir. Onuň başy nirede, soňy nirede? Bu oýnuň ýönekeýje düzgünlerini her bir çaga öwrenip biler, höwes bildirýän her kes küştde güýjüni synaýar, şonuň bilen bir wagtda-da onuň darajyk öýjüklerinde hiç kim bilen deňäp bolmajak ussatlar — diňe küşte ukyply zehinli adamlar döreýär. Olar zehini daş ýarýan saýlantgy kişilerdir, adatça, matematikaçylara, şahyrlara, kompozitorlara hyýalbentlik göçgüni, erjellik, takyk ussatlyk mahsusdyr, ýöne küştçüleriňkem şolaryňkydan gyltyz däldir, emma olar başgaça utgaşmada, başgaçarak gözükmede sazlaşýar. Fiziognomika* derňewleri bilen gyzygyp ýören mahaly haýsydyr bir Gall*, ilkinji nobatda, zehini daş ýaran küştçüleriň beýnisini barlamaly eken, şonda ol onuň beýnisindäki çal jisimde aýratyn egri-bugry gasynlaryň bardygyny-ýokdugyny, şo taýda nähilidir bir üýtgeşik küşt nerwiniň ýa-da küşt düwünjiginiň bardygyny-ýokdugyny kesgitlärdi. Fiziognomikaçyda Çentowiç ýaly üýtgeşik şahs nähili höwes, gyzykdyrma oýarardyka, dag jynsyndaky harsaňda gizlenip galan ýeke-täk altyn gatlak mysaly, onuň bütinleý el degrilmedik hem-de gowşak, ysgynsyz beýnisinde şeýle uçursyz zehin höwürtgeläpdir ahyry! Umuman, bir zada-ha gözüm ýetikdi: elbetde, oýunlaryň arasynda şunuň kimin ýeke-täk gözel, ajaýyp görnüşi hökman özüne mynasyp gullukçylaryny-da döredäýmeli. Ýöne maňa seri dury, şonuň bilen birlikde-de öz dünýäsini çaklaňja ak-gara giňişlikde çäklendiren hem-de küştüň otuz iki sany çöpüni eýläk-beýläk göçüp, durmuşdan lezzet almagy başarýan adamynyň keşbini göz öňüne getirmek welin, dogrusy, tas mümkin däl diýen ýalydy. Men pyýadany däl-de, aty göçüp, özüne şöhrat getirip biljekdigine ynanýan hem-de küşt oýny boýunça okuw gollanmalarynda gysgaça orun alyp, dünýäde ebedi galjak adamyň ruhy dünýäsine düşünip bilemok, telbe däl-de, pähim-paýhasly kişiniň on, ýigrimi, otuz, kyrk ýylyň dowamynda zol-zol özüniň ähli akylynyň güýjüni bolgusyz pişä — agaç şany çyr-çytyr agaç tagtanyň burçuna gabamaga sarp edişine akyl ýetirip bilemok.
Ine, ahyrsoňy, ömrümde ilkinji ýola, juda golaýjagymda, bir gämide, bary-ýogy alty sany kiçijik aýratyn otagjyk aralygynda görlüp-eşidilmedik üşükli şeýle kişileriň biri barýar, belki-de, ol üýtgeşik zehinlidir, belki-de, geň, syrly sammykdyr, ynsanyň içki dünýäsindäki tapmaçalary çözmäge bolan höwes-hyjuw men maňlaýygarany halys was-waslyga, ölüp-öçüp barmaga çenli getirse-de, onuň bilen tanyşmagyň tärini tapyp bilmeýärdim. Her dürli al-hileli emelleri oýlap tapýardym: bir görseň, onuň şöhratparazlyk damaryny gorjap, ondan abraýly gazet üçin söhbetdeşlik gurnamagy haýyş etmekçi, bir görseňem, açgözlük nebsini odukdyrmak üçin bähbitli tarapyny görkezip, Şotlandiýa sapara gitmäge teklip etmekçi bolýardym. Iň soňunda-da awçylaryň gurýan pirimi kellä geldi. Awçylar tokaý guşlarynyň muhabbetli jürküldilerine öýkünip, olary aldawa salýardylar. Belki, özüňi küştçi saýansyrap, küşt ussadynyň ünsüni çekmek başardar?
Men küşti ürç edip oýnaýan çynlakaý küştçi däl, ol meniň üçin güýmenje, şondan başga zat däl. Eger käýarym bir sagatjygymy küştüň başynda geçirýän bolsam, onda muny beýnä agram salmak üçin däl-de, gaýtam tersine, dartgynly aň işinden soň, biraz ünsi sowmak, ýazylmak üçin edýärdim. Men küşti şol sözüň doly manysynda «oýnaýardym», şol bir wagtyň özünde hakyky küştçüler welin — beýewbar şu sözi ulanmak mümkin bolsa — ybadat edýärdi. Küştem, edil aşyk-magşuklar mysaly jübüti talap edýär, men welin gämide şu oýnuň yşkyna düşenleriniň baryny-ýoguny heniz anyklamaga-da ýetişmändim. Olary sürenlerinden yşarat bilen çykarmak üçin çilim çekilýän otagda ýönekeýje duzak gurdum. Küştüň başyna aldawaç hökmünde özüm bilen birlikde aýalym geçdi, ol mendenem beter gowşak oýnaýardy. Ýaňybir birnäçe göçüm eden badymyza-da eýýäm ýolagçylaryň biri ýanymyzda sägindi, soňra ýene biri oýny görmäge ejaza bermegimizi sorady, känbir uzaklaşmanam, iki baş küşt dikmegi teklip eden arzyly garşydaşam tapyldy.
Ol MakKonnor diýen bir kimsedi, ýerligi şotlandiýalydy, dag-magdan inženerdi. Onuň Kaliforniýada nebit ýataklaryny burawlandygyny hem-de şo taýda ýoňsuz baýlyk toplandygyny eşitdim. MakKonnor ýaňaklaryndan gan damaýyn diýip duran gujurly pyýadady, äňleri dörtburçdy, dişleri sagdyndy. Jozzuk ýüzi, gürrüňsiz, şeraby çäksiz kän içýändiginden habar berýärdi, pälwansypat kişiniň ýasy eginleri oýun mahaly saňa ýakymsyz täsir edýärdi. Çünki MakKonnor özünden göwni bitin, durmuşy gülleýän adamlaryň hilindendi, ol islendik ýeňlişi, hatda iň bir ýönekeý, zelelsiz ýaryşdaky ýeňlişi-de kemsitme hasaplaýanlardandy. Ähli zady diňe özi urup-ýarýan, tutan ýerini goparman goýmaýan bu deşli adamynyň şeýlebir özüne göwni ýetýärdi welin, sähelçe päsgelçiligi edil şahsyýetine dil ýetirilen saýmasa-da, badyma kakylan diýip düşünýärdi. Ol başky iki döwi utduryp, ýüzi çytyldy hem-de eger tötänlikden säwlik goýbermänliginde beýle ýagdaýyň ýüze çykmaly däldigini hökümli äheňde jikme-jik düşündirmäge başlady. Üçünji gezek utulanyna-da bahana tapdy, ol muny goňşy otagdaky gykylygyň üstüne atdy. Yzly-yzyna utdursa-da, «Ýykylan göreşden doýmazyny» edýärdi. Ilki onuň öýkelekligi göhümi getirýärdi, ýöne soňra beýle ýagdaýyň, gürrüňsiz, maksadyma ýetmäge — dünýäniň çempionyny küşt tagtasynyň ýanyna getirmäge kömek etjekdigine düşünip, munuň bilen öwrenişip gitdim.
Üçülenji gün niýetim, doly bolmasa-da, garaz, başa bardy. Belki-de, ol biziň küşt başynda oturanymyzy gäminiň ýokarky palubasyna çykýan jebis ýapylýan tegelek aýnaň aňyrsyndan görendir, belki-de, çilim çekilýän ýere keýpine şärik degip geçmegi ýüregine düwendir, gepiň küle ýeri, dünýä täjiniň eýesi öz sungatynyň çägine öwrenjeleriň aralaşmaga het edenini gören badyna, biygtyýar, golaý geldi, ep-esli aralykda säginibem, küşt tagtasyna synçy nazaryny dikdi. Göçüm MakKonnordandy. Biziň öwrenje tagallamyzyň özüni bütinleý gyzyklandyrmaýanyna bada-bat düşünmek üçin Çentowiçe garşydaşymyň ýeke göçümi ýeterlik boldy. Adatça, kitap dükanynda ýaramaz detektiw eser teklip edilen mahaly, hatda onuň gatam agdarylman, arkan serpilişindäki ýaly, küşt täjiniň eýesem perwaýsyzlyk bilen ýeňsesini tüňňerdip, içeriden çykyp gitdi.
«Oýnuň ürküzen gurbagaňa degmeýänine derrew düşündi öýdýän» — diýip oýlandym. Onuň hondanbärsi, sowuk nazary janyma degmän durmady. Kimdir birinden gaharymy çykarasym geldi, onsoň, MakKonnora teýeneli ýüzlendim.
— Görýän welin, siziň göçümiňize dünýä täjiniň eýesiniň pisindi oturmadyk borly!
— O nämäň dünýä täjiniň eýesimiş?
Ýap-ýaňy bärik gireniň hem-de biziň oýnumyza juda seňrigini ýygryp çykyp gideniň küşt boýunça dünýä täjiniň eýesi Çentowiçdigini oňa düşündirdim. Onuň gedemligine keýpiňi bozup oturmagyň gereginiň ýokdugyny-da sözümiň üstüne goşdum: pukaralar üçin temegiňi göge tutmak — bagyşlap bolmajak elpe-şelpelik. Hernäçe geň galsam-da, şu tötänden agzymdan sypdyran sözlerimden ýaňa MakKonnor serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ol bada-bat ynjalykdan gaçdy, şöhratparazlygyň hyýalyna münübem, ikimiziň oýnumyzy-da unutdy. Ol Çentowiçiň ýolagçylaryň arasyndadygyny gümanam etmeýän eken. Çempion hökman özi bilen küşt dikäýmeli! Oňa dünýä täjiniň eýesi bilen ýeke gezek oýnamak miýesser gelipdir, olam çempionyň birbada kyrk sany küşt tagtasynda oturanlaryň garşysyna ýeke özüniň oýnan mahaly, ýöne hatda şol dowem gaty gyzykly bolupdyr, MakKonnor tasdanam utan eken. Küşt täjiniň eýesi bilen tanyşlygym barmy? Ýok, ony tanamok. Ony biz bilen küşt dikmäge haýyş edip bilmenmi? Özüme mälim bolşuna görä, Çentowiçiň täze tanyşlykdan gaça durýandygyna salgylanyp, ondan boýun gaçyrdym. Onsoňam, biz ýaly, üçünji derejeli küştçüler bilen oýnamak küşt täjiniň eýesi üçin gyzygy bolup bilermi?
MakKonnor ýaly şeýle özüne göwni ýetýän adamyň adynyň gapdalyna üçünji derejeli küştçüleriň ýanalmagy, dogrusy, artykmaç boldy. Ol gahar bilen kürsä arkan gaýyşdy hem-de gyzmalyk bilen Çentowiçiň edep-terbiýeli kişiniň çagyryşyny ret edip biljegini asla göz öňüne getirip bilmeýänini aýtdy. Munuň ugruna özüniň çykjakdygyny-da tekrarlady. Onuň haýyşy boýunça-da dünýä täjiniň eýesiniň özboluşly, üýtgeşik häsiýetini gysgaça suratlandyryp berdim, şundan soň MakKonnor, gutarylmadyk oýny owarrama salyp, gäminiň ýokarky palubasyndan Çentowiçiň gözlegine gyssandy. Şu ýerde-de şeýle kuwwatly gerdenlek kişiniň, bardy-geldi bir zadyň hyýalyna münse, onda ony saklajak bolmagyň bütinleý mümkin däldigine ýene bir ýola göz ýetirdim.
Men elden-aýakdan çykyp, sabyr-takatymy ýitirip garaşýardym. On minut dagy geçdi, MakKonnoram yzyna öwrülip geldi, göwnüme bolmasa, keýpine sogan dogralan ýalydy...
— Ýeri, niçik? — diýip, ondan soradym.
— Siz mamla ekeniňiz — diýip, MakKonnor lapykeçlik bilen jogap berdi. — Ýakymly jenab-a däl eken. Salam berip, özümi tanatdym, ol hatda elinem uzatmady. Men oňa ýolagçylar, barymyz — eger ol biz bilen birbada küşt oýnamaga razylyk berse, — hem-ä begenerdik, hemem buýsanardyk diýip düşündirmäge çytraşdym. Emma ol meň bilen çakdanaşa resmi gürleşdi, hernäçe gynansa-da, syýahatyny gurnan impresario bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, gezelenç mahaly küşti diňe pully oýnamaga borçly edilendigi, özüniň iň pes gözhakynyň-da bir döw üçin iki ýüz elli dollardygyny ýaňzytdy.
Men gülüp goýberdim.
— Ak öýjükden gara öýjüge çöp süýşürip — ana, şonam girdeji çeşmesine öwrüp boljagyny hiç haçan oýuma getirmändirin. Sizem edil özi ýaly, onuň bilen hoşamaýja hoşlaşansyňyz diýip pikir edýän.
Ýöne MakKonnoryň welin gara çynydy.
— Oýun ertir sagat üçde şu ýerde geçýä. Bizi emgenmezden paýhynlap biler-ä öýdemok.
— O nähili? Siz oňa iki ýüz elli dollar beräýdiňizmi? — diýip, men haýran galmakdan ýaňa gygyranymy-da duýman galypdyryn.
— Näme üçin bermeli dälmiş? C’est son metie [bu onuň käri (fr.)]. Beýewbar dişim agyrsa, gämiň üstünde-de diş lukmany bar bolsa, ol dişimi mugtuna sogurmaz ahyry. Näçe islese, şonça-da goparmaga onuň haky bar. Hemme ýerde şeýle. Islendik kärdäki ussat, ökde hünärmen hemişe aňrybaş telekeçi bolýar. Dogrusy, özüm-ä arassa şertleşigiň tarapdary. Oňa «gaýrat et» diýip ýalbaryp duranymdan, soňundanam üstüne minnetdarlyk köküni ýagdyrmagy borçly duýanymdan-a, siziň Çentowiçiňize puljagaz emlänimi has enaýy görýän. Özümiziň klubumyzda bir agşamyň dowamynda iki ýüz elli dollardanam köpräk utdurýan gezeklemmem bolupdy, ýöne maňa küşt täjiniň eýesi bilen oýnamak miýesser gelmändi ahyry. «Üçünji derejeli» küştçiniň Çentowiçe utdurany bilen ýüzi gyzmaz.
Dilimiň ugruna sypdyryp goýberen «üçünji derejeli oýunçylar» diýen sözüň MakKonnory ynjydanyna göhüm gelýärdi. Ýöne özümiň gyzyklandyrma bildirýän kişim bilen tanyşlyk açmaga mümkinçilik berjek gymmatja tomaşanyň muzduny MakKonnor tölänsoň, sesimi çykarmanymy gowy gördüm.
Biz küşte höwesli ýene birnäçe adama geljekki üýtgeşik oýun barada habar bermäge alňasadyk hem-de beýleki ýolagçylardan bolaýmagy ähtimal päsgelçiliklerden gaça durmakdan ötri olardan oýun üçin diňe bir biziň stolumyzy däl, eýsem, goňşy stollaryň ählisini-de eýeläp goýmaklaryny talap etdik.
Şol günüň ertesi laýyk bellenen sagatda biziň şärikdeşlerimiz doly hatarda jemlendi. Esasy orun, küşt täjiniň eýesiniň garşysyndaky orun, elbetde, MakKonnora rowa görlüpdi. Onuň aljyraýany daşyndanam görnüp durdy.
Küşt täjiniň eýesi dogry on minut irikgä edip garaşdyrdy (ülpedimiň gürrüňlerini ýadyma salyp, şuňa meňzeş nähilidir bir hokgalara, dogrusy, öňünden garaşýardymam), beýle ýagdaý onuň peýda bolmagynyň pajarlylygyny hasam dabaralandyrdy. Ol arkaýyn hem-de parahat görnüşde stoluň başyna geldi, salamlaşaýynam diýmedi. Megerem, onuň sypaýyçylyksyzlygynda: «Meň kimdigim size mälim, siziň kimdigiňiz bolsa, meni bütinleý gyzyklandyranok» diýen many bardy. Ol sowuk-sala, işjeň äheňde özüniň şertlerini aýtmaga durdy. Birtopar adam bilen birbada oýun geçirmek üçin gämide ýeterlik möçberde küşt tagtasynyň ýoklugy sebäpli, ol biziň özüne garşy üýşüp oýnamagymyzy teklip etdi. Göçüm edibem, bize maslahatlaşmaga päsgel bermezlik üçin otagyň beýleki tarapyna geçjekdigini aýtdy. Biz bolsak, jogap göçümini edenimizden soň, jaňjagazyň ýoklugy sebäpli, çaý çemçesi bilen bulgury şarkyldatmaly. Eger garşylyk ýok bolsa, her göçüm üçin on dakykadan köp pikirlenmezligi teklip etdi. Biz, ýöwsel şägirtler mysaly, onuň ähli şertlerini kabul etdik. Çentowiçe gara mallar düşdi; ol dik duran ýerinden ilkinji jogap göçümini etdi, bada-badam yzyna öwrüldi, şertleşilen tarapa gitdi-de şo taýda ýaltalyk bilen kürsä çöküp, suratdan doly žurnaly waraklamaga durdy.
Bu döwi suratlandyryp oturmagyň hajaty ýok. Garaşylyşy ýaly, bu oýunda biz lüt utuldyk, özem ýigrimi dördünji göçümde. Küşt täjiniň eýesiniň, aýdylyşy ýaly, çep eli bilen oýnap, alty sany ortatap, bütinleý gowşak oýunçylaryň külüni kakanyny hiç bir weçden geňläp oturmaly däl. Ýöne Çentowiçiň emgenmesizden petigulymyzy berenini göz-görtele duýduryp, özüni ulumsy, gedem alyp barmagy barymyzyň jykyrjygymyzy tutdurdy. Her sapar küştüň başyna gelende tagtanyň üstüne ýüzleý, bilgeşleýinden perwaýsyz nazar aýlaýardy, bize bolsa, düýbündenem üns bermeýärdi, hamala, onuň üçin bizem küştüň agaç çöpleri ýalydyk. Öýsüz-öwzarsyz ygyp ýören itiň hatda ýüzüne-de seretmän, öňüne süňk oklaýan ýalydy. Mylakatlylykdan, sypaýyçylykdan sähelçe düşnük bar bolanlygynda, ol säwliklerimizi görkezmelidi ýa-da hoş sözler bilen bize gop bermelidi diýen pikir beýnimi dörjeläp gitdi. Hatda oýny gutarybam, küştüň «heýkeli» jyňkyny çykarmady. «Ýatdyňyz» diýdi-de, stoluň ýanynda sarsman duruberdi, çaky biziň ýene bir döw küşt dikesimiziň gelýänini-gelmeýänini bilesi gelen borly. Men ýerimden turaýyn-turaýyn diýip durdum. Zoňtar gödekligiň bar ýerinde hemişe sabyr käsäm püre-pürlenýärdi. Özüm-ä hasap-hesip meselesi gutaranja badyna biziň tanyşlygymyzyň soňuna nokat goýlandygyny uly höwes bilen yşarat etmäge taýýarlyk görüp durdum. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, edil şo pille ýanymda oturan MakKonnor boguk ses bilen: «Ýene bir döw!» diýäýdi.
MakKonnoryň göreşe çagyrýan sesinden haýygyp gitdim. Ol edep-ekramly kişini däl-de, aýgytlaýjy zarbany indermäge taýýar boksçyny ýada salýardy. Belki-de, Çentowiçiň göwün syndyryjy yşaraty ganyny gyzdyrandyr, belki-de, muňa mertebesiniň ynjydylmagy sebäp bolandyr, herhal, nähili bolanlygynda-da, hatda MakKonnoryň daş keşbem bütinleý üýtgedi. Onuň saçynyň düýbüne çenli gyzardy, burnunyň ýelpezegi ýellendi, maňlaýynda der damjalary göründi, dişlem-dişlem eden dodagyndan oňe çykyp duran haýbatly äňine çenli ýygyrt bary ýaýrap gitdi. Onuň gözlerindäki möwç urýan göçgünliligiň uçgunjygyny görüp, basga düşdüm, şeýle ahwalat, köplenç halatda, humarly oýunda üýşen pul birsydyrgyn artyp gidip ugrandan soň bassyr alty-ýedi sapar gerekli gül düşmedik mahaly kellesi gyzan adamlarda gabat gelýärdi. Men indi bu serden geçen adamyň Çentowiçiň garşysyna ähli emlägini goýmaga taýýardygyny, tä, iň bolmanda, ýekeje döwi utýança, başda goýlan pula ýa-da goşmaça goýlan pula ertirden agşama çenli oýnamaga taýýardygyna göz ýetirdim. Bardy-geldi Çentowiç şu işe çyny bilen ýapyşsa, MakKonnor onuň üçin duranja bir süýtli sygyr bolup biljekdi, gözýetimde Buenos-Aýres peýda bolýança dünýä täjiniň eýesiniň kisesine birnäçe müň dollar düşüp biljekdi.
Çentowiç entägem sarsman durdy.
— Baş üstüne — diýip, ol sypaýyçylykly gürledi. — Indi, jenaplar, gara mallar bilen siz oýnamaly borsuňyz.
Ikinji döwem birinjiden känbir tapawutlanmady, diňe biziň toparymyz täze gelen tomaşaçylaryň hasabyna biraz artdy, oýnam şüweleňli gitdi. MakKonnor, hamala küşt mallaryny jadylajak hem-de olary öz erkine boýun egdirmek isleýän ýaly, küşt tagtasyndan gözüni aýyrmaýardy. Onuň biziň özüni juda arkaýyn alyp barýan garşydaşymyzyň ýüzüne: «Ýatdyň, gardaş!» diýip hezil edip gygyrmak üçin hiç bir gypynçsyz müň dollar eçilmäge taýýardygyny aňdym. Geň- taň görülse-de, şeýledi — MakKonnoryň ynjalyksyz tolgunmasy akyla sygmajak derejede biziň barymyza geçdi oturyberdi. Indi her bir göçüm öňküden has göçgünlilik bilen maslahatlaşylýardy, Çentowiçe «göç sizden» diýip duýduryş bermezden burun, biz iň soňky sekunda çenli jedelleşýärdik. On ýedinji göçüme ýetenimizde, biz, şeýle göräýmäge özümiz üçin juda amatly ýagdaýyň dörändigine haýranlar galdyk: biz «с» öýjügindäki pyýadany iň soňkynyň öň ýanyndaky çäge çenli sürmegi başarypdyk, indi näme etmelidigimiz bes-belli — şol pyýadany öňe — «с1»-e süräýmek galypdy. Şonda iki perzili bolýardyk. Ýöne biz beýle arkaýynlaşmandyk: utmak üçin özümizde, hakykatdanam, şeýle görnetin mümkinçiligiň döränine ynanasymyz gelenokdy. Barymyzyň böwrümizde bükgüldi bardy. Hawa, şeýle seredeniňde artykmaçlyk gazanypdyk. Ýöne muny oýnuň gidişini kän göçüm öňünden bilýän Çentowiçiň guran duzagyndan başga hiç zat däldir öýdýärdik. Herhal biz näçe maslahatlaşsak-da, ýagdaýy ähli taraplaýyn seljersek-de, pyrryldagyň nämeden ybaratdygyny çözüp bilmeýärdik. Ahyry on dakyka tas geçibereňkirlände, töwekgellige salyp, şu göçümi etmegiň kararyna geldik. MakKonnor pyýadany iň soňky öýjüge göçmek üçin ony ellejek bolandyram welin, kimdir biriniň eli ony saklady hem-de ýuwaşja, ýöne hökümli gürledi:
— Biribaryň hatyrasyna şuny göçmäň!
Barymyz, biygtyýar, öwrüldik. Yzymyzda kyrk bäş ýaş çemesi bir adam durdy. At ýüzli bu adam özüniň reňkiniň üýtgeşik solgunlygy bilen gezelenç mahaly öňem bir ünsümi çekipdi. Biziň aramyza, çaky, ýap-ýaňy goşulan borly, nobatdaky göçümiň maslahatyna oýa batamyzsoň, onuň ýanymyza gelenini duýmandyrysam. Barymyzyň özüne çiňerilip duranymyzy görensoň, ol alňasaklyk bilen gürrüňini dowam etdirdi:
— Eger siz pyýadaňyzy perzi çyksaňyz, ol ony derhal pili bilen alar, sizem şo pili at bilen alarsyzyň. Ol bolsa, şonda özüniň perzä çykarman pyýadasyny «d7»-ä sürer hem-de siziň ruhuňyza howp salar. Bardy-geldi at bilen küşt beräýenligiňizde-de, barybir, oýnuňyz asgynlar. Dokuz ýa-da on göçümden soňam ýatarsyňyz. Edil şuňa meňzeş öwrümi — pirimi 1922-nji ýylda Alehin Pestýendäki küşt ýaryşynda Bogolýubowyň garşysyna ulanypdy.
Öwelip galan MakKonnor pyýadany elinden sypdyrdy-da, biziň barymyz ýaly, üstümize asmandan inen halasgär perişdä haýran galmak bilen dilsiz-agyzsyz nazaryny dikdi. Çünki dokuz göçden soň ýatýanymyzy diňe ýokary derejeli küştçi, halkara ýaryşlaryna gatnaşýan oýunçy öňünden kesgitläp bilerdi — belki-de, olam Çentowiç ýaly şol ýaryşa barýandyr hem-de dünýä birinjiligine dalaş etjekdir? Nähili bolanlygynda-da, onuň duýdansyz peýda bolmagy, iň bir jygba-jygly ýagdaýda oýna goşulmagy biziň üçin nähilidir bir adatdan daşary ýagdaý bolup göründi.
Ilki bilen MakKonnor özüne geldi.
— Onda siz näme maslahat berýäňiz? — diýip, ol tolgunmak bilen pyşyrdady.
— Häzirlikçe pyýadany öňe sürmäň. Entek ondan gaça duruň. Ilki bilen şany howply zolakdan — «g8»-den «h7»-ä çykaryň. Şonda siziň garşydaşyňyz, megerem, hüjümi beýleki gapdala geçirse gerek. Emma şol hüjümi ruhuňyzy «c8»-den «c4»-e süýşüp, serpikdirip bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda ol iki depgini hem-de bir pyýadany, üstesine, ähli artykmaçlygy-da ýitirer. Şunlukda, iki tarapda-da perzä çykjak pyýada galar, eger, siz takyk goransaňyz, döwi deňeçer gutaryp bilersiňiz. Siz üçin iň oňat ýagdaý şu.
Biz ýene-de doňňara daşa döndük. Onuň hasaplarynyň dürslügi hem-de çakganlygy haýran galdyrdy. Ol göçümleri kitapdan okaýan ýalydy. Onuň oýna goşulmagy garaşylmadyk öwrüm etdi. Küşt täjiniň eýesi bilen deňme-deň oýnamak — munuň özi juda özüne çekijidi! Biziň barymyz, hamala, dilleşen mysaly, onuň küşt tagtasyna mazaly serederi ýaly, bir gapdala çekildik.
MakKonnor gaýtalap sorady:
— Diýmek, şany «g8»-den «h7»-ä göçmeli-dä?
— Elbetde. Häzir iň esasy zat — bir gapdala sowulmak.
MakKonnor boýun syndy, bizem, onsoň, çemçe bilen bulgura kakdyk.
Çentowiç adaty haýal ýörişi bilen geldi-de, biziň nähili göçüm edenimize seretdi. Soňam, biziň syrly kömekçimiziň öňünden aýdyşy ýaly, şa tarapdaky pyýadany «h2»-den «h4»-e sürdi.
Syrly nätanyş bolsa, indi howsalaly pyşyrdady:
— Ruhy öňe göç, ruhy «c8»-den «c4»-e göç, şonda ol ilki pyýadany goramaly bor. Ýöne bu oňa kömek etmez. Onuň perzi çykjak bolup duran pyýadasyna üns bermän, «c3»-däki at bilen «d5»-i alyň, şonda ýagdaý deňleşer. Goranyşa derek hüjüm ediň.
Onuň näme diýýänine düşünemzokdyk. Ol şeýdip biz bilen hytaýça-da gürleşip bilerdi. MakKonnor, misli, owsuna düşen dek, hiç hili oýlanmazdan, özüne näme buýrulsa, şony-da göçýärdi. Biz ýene bulgura kakyp, Çentowiçi çagyrdyk. Ol bu gezek küşt tagtasyna dykgat bilen seredip durşuna, ilkinji gezek göçümini haýallatdy. Özem nätanşyň öňünden aňan göçümini etdi. Çentowiç gitjek bolup eýýäm yzyna öwrülipdem, ýöne edil şu aralykda üýtgeşik, görlüp-eşidilmedik ýagdaý ýüz berdi: ol gabagyny galdyryp, birlaý bizi synlady. Onuň, hiç bir şek-şübhesiz, aramyzdan özüne şeýle berk garşylyk görkezeniň kimdigini bilesi gelendir.
Biziň bükgüldimiz dakykasaýyn artýardy. Başda utarys diýen hiç hili tamamyz ýokdy, indi Çentowiçiň buz ýaly gedemligini syndyryp biljegimiz baradaky pikir ruhumyzy göterýärdi. Biziň täze tapynan dostumyz bolsa, birjik-de wagt ýitirmän, nobatdaky göçümi salgy berdi. Çentowiçi oýny dowam etdirmäge çagyryp boljakdy. Sandyraklap duran elim bilen çemçäni bulgura urdum, şu ýerde-de biziň heşelle kakmaly wagtymyz geldi: mundan ozal dik duran ýerinden oýnan Çentowiç kürtdürdi-de, ahyrsoňunda kürsä çökdi. Kürsä-de haýallyk, kynlyk bilen özüni goýberdi, munuň özi — goý, ol hatda şu sözüň gös-göni manysynda bolsa bolaýsyn — biziň ahyry «deň derejedäki» oýunçylara öwrülendigimizden habar berýärdi. Biz, iň bolmanda, daşyndan, ony özümiz bilen deň derejede görmäge mejbur edipdik. Ol, dykgat bilen küşt tagtasyna seredip hem-de göçümi oýlanyp, sarsman otyrdy; onuň agyr gabaklary gözlerini tas ýapaňkyrlapdy. Çuňňur oýa batansoň, agzy biraz açylypdy, munuň özi, onuň keşbini samsyklajrak edip görkezýärdi. Çentowiç birnäçe minut pikirlendi, soňam göçüp, ýerinden turdy.
Biziň dostumyzam derhal pyşyrdady:
— Pat*. Gowy tapylan göçüm. Ýöne onuň diýenine gitmäň. Çalşyga gidiň. Hökman çalyşmaly. Şondan soň deňeçer ýagdaý dörär, onuň etjek alajy bolmaz.
MakKonnor diýleni etdi. Oýunçylaryň ikisiniňem soňky emelleri (biz indi birçakdan bäri ýöne bir sessiz-üýnsüz tomaşaça öwrülipdik) biz üçin çöpleri eýläk-beýläk süýşürmekden başga zat däl ýaly göründi, ýeke göçüme-de düşünemzokdyk. Ýedi göçden soň, Çentowiç biraz oýlanyp, gabagyny galdyrdy-da, bize: «Deňe-deň» diýdi.
Bir pursatlyk doly asudalyk aralaşdy. Birdenem bada-bat hem deňziň, hem goňşy otagdaky radionyň sesi, hemem gäminiň ýokarky palubasynda gezmeläp ýörenleriň her bir aýak sesi, hatda penjireleriň çarçuwalaryndaky şemalyň çalaja şuwwuldysyna çenli eşidildi. Biz gymyldamaga-da het edip bilmedik. Barysy şeýlebir duýdansyz bolup geçdi welin, dogrusy, ýüregimize ýel düşüpdi: nireden bärik gütläp düşendigi nämälim bir kimse, tas utdurylan oýunda, küşt täjiniň eýesini öz erkine kökermegi başarypdy. MakKonnor uludan dem aldy-da, göwnühoş halda «ähä!» diýip, yza gaýşaryldy. Men ýene dykgat bilen Çentowiçiň ýüzüne seretdim. Häli oýnuň ahyrynda onuň reňki öçen ýaly bolup görnüpdi. Emma indi küşt täjiniň eýesi özüne erk etmegi başardy. Entegem parhsyz görnüşini saklap durşuna, ol gujurly goly bilen küşt tagtasyndaky mallary syrdy-da, şeýle diýdi:
— Jenaplar, üçünji döwi dikmäge meýliňiz barmy?
Sorag parahatlyk bilen, çynlakaý äheň bilen berlipdi, küşt täjiniň eýesiniň MakKonnora bütinleý barsyňam diýmän, biziň halasgärimiziň garagyna tiňkesini dikip durmagy geň zat däldi. Ýabynyň täze çapyksuwaryň tejribelidigini üstüne ynamly oturyşyndan tanaýşy ýaly, Çentowiçem özüniň hakyky, ýeke-täk garşydaşynyň kimdigini aňdy. Onuň yzysüre biz, biygtyýar, nätanşyň ýüzüne nazarymyzy dikdik. Emma ol agzyny açyp ýetişmänkä, MakKonnor şöhratparaz göçgünlilik bilen, dabaraly haýkyrdy:
— Gürrüňi ýok, hökman dikeris! Ýöne bu sapar şu jenap oýnar. Onuň ýeke özi Çentowiçiň garşysyna.
Şu ýerde-de görlüp-eşidilmedik ýagdaý ýüz berdi. Henizem boşadylan küşt tagtasyna düşnüksiz dartgynlylyk bilen seredip duran nätanyş bu çürt-kesik gürrüňi eşidip, galpyldap gitdi. Ähli nazaryň özüne gönügenini görübem, utanjyna ýygryldy.
— Ýok, jenaplar, maňa oýna diýmäň — diýip, ol halys basga galyp, sakynyp gürledi. — Bu mümkin däl... Mensiz oňmaly borsuňyz... Küştüň başynda oturmanyma eýýäm ýigrimi, aý, ýok, hatda ýigrimi bäş ýylam geçendir. Birugsat siziň oýnuňyza goşulyp, sypaýyçylyksyz hereket edenime diňe şu wagt düşündim. Öte geçenim üçin bagyşlamagyňyzy haýyş edýän. Indi size päsgel bermen.
Haýran galmakdan özümizi dürsäp ýetişmänkäk, ol yzyna öwrüldi-de, içeriden çykyp gitdi.
— Ýöne bu mümkin däl-ä! — diýip, gyzma MakKonnor stoly ýumruklap durşuna gopgun turuzýardy. — Ýigrimi bäş ýyllap küşt oýnamanlygy bütinleý bolup biljek zat däl! Ahow, ol her bir emeli, her bir garşylyklaýyn hereketi, pesinden, bäş-alty göçüm öňünden gördi ahyry! Muny toslap tapyp bolmaz-a. Bu bir akyla sygjak zat däl, dogry dälmi näme?
MakKonnor soňky sowal bilen, biygtyýar, Çentowiçe ýüzlendi, ýöne dünýä täjiniň eýesiniň şol bir sowukganlylygydy, parahatlygydy.
— Şu babatda näme diýjegimi bilemok. Ýöne şol jenabyň oýnunda bir üýtgeşik, gyzykly zad-a bar; şonuň üçinem oýny isleýşiçe alyp gideri ýaly, oňa bilgeşleýinden mümkinçilik berdim.
Ol şo pursadyň özünde äwmezlik bilen ýerinden turdy-da, gomalyp gürledi:
— Belki-de, şol jenap ýa-da siz, jenaplar, ertir ýene-de bir ýola küşt dikmek islärsiňiz — onda sagat üçde men siziň ygtyýaryňyzda borun.
Biz çala ýylgyranymyzy gizläp bilmedik. Çentowiçiň özümiziň näbelli tanşymyzy ýöriteläp utmadyksyrandan bolmandygyny her birimiz gaty gowy bilýärdik. Onuň özüni aklajak bolşy juda gömelteýdi, şondan ötri biz bu tumşugy ýokary gedemiň hasam gutarnykly masgara bolanyny göresimiz gelýärdi. Bizi, bikär syýahatçylaryň baryny, birden, elhenç, şöhratparaz göçgünlilik gurşap aldy. Bizi gäminiň üstünde, açyk deňizde çempionyň elinden täji kakylyp alnar hem-de bu wakany telegraf agentlikleri tutuş dünýä ýaýradar diýen pikir maýyl edýärdi. Üstesine-de bizi halasgärimiziň syrly peýda bolmagy odukdyrypdy, özem iň jygba-jygly pursat oýnumyza goşulypdy, ol hetdenaşa utanjaňdy, şonuň bilen birlikde juda özüne göwni ýetýän oýunçydy, bu-da geň galdyryjy gapma-garşylykdy. Eýsem, bu nätanyş kimkä? Belki, gözümiziň alnynda mundan ozal mälim bolmadyk uçursyz küşt zehini tötänlikde dünýä açylandyr? Ýa-da ol haýsydyr bir sebäbe görä öz adyny aýdasy gelmedik meşhur ussatmyka? Biz şeýle ýagdaýyň her birini aldygyna maslahatlaşyp, kellämizi göçürýärdik. Onuň düşnüksiz çekinjeňligini ýatlap hem-de gaty köp ýyl bäri küşt oýnamandygy baradaky duýdansyz agzyndan sypdyran gepini göz-görtele ussatlygy bilen degşirip gören mahalymyz biziň üçin indi iň bir akyla sygmajak çaklamalaram geň däldi. Ýöne bir zatda welin, pikirimiz deň gelýärdi: herhal ýaryşyň dowam etmeginiň gamyny iýmeli. Biz ertir nätanşy Çentowiçiň garşysyna oýnamaga yrmagy hem-de munuň üçin ähli tagallalary birikdirmegiň kararyna geldik. MakKonnor çykdajylary tölemegi üstüne aldy, meni bolsa, ildeşi hökmünde — biz şu aralykda nätanşyň awstriýalydygyny gäminiň hyzmatçysyndan eşidipdik — umumy haýyşymyzy oňa ýetirmek üçin wekil edip iberdiler.
Ony agtarmak üçin köp wagt derkar bolmady. Ol ýokarky palubadaky şezlongda uzanyp, kitap okap otyrdy. Beýle ýagdaý ony içgin synlamaga ýol berdi. Ol ýassyga direnip ýatyrdy, daş sypatyndan gaty ýadaw adama meňzeýärdi. Göräýmäge ýaş, mese-mälim ýüz keşbinde düýbünden reňk-petiň ýokdugy haýran galdyrdy. Çekgeleri bütinleý ap-akdy. Näme üçindigin-ä bilemok, ýöne mende ol duýdansyz, birden garrapdyr diýen duýgy döredi. Ýanyna golaý gelen badyma, ol edep bilen ýerinden turdy-d özüni tanatdy. Onuň aýdan ady köne Awstriýada uly hormat goýlan maşgala degişlidi. Şu maşgalanyň agzalarynyň biriniň kompozitor Şubertiň ýakyn dosty bolandygyny, beýleki biriniň goja imperatoryň köşk lukmany bolandygyny ýadyma saldym. Çentowiç bilen küşt dikmek baradaky haýyşymyzy onuň dykgatyna ýetirenim-de doktor B. haýran galdy. Ol ady jahana dolan dünýä täjiniň eýesiniň garşysyna küşt dikenini, üstesine, gowy oýun görkezenini gümanam etmeýän bolsa näme. Şu jikme-jiklikler onda aýratyn täsir galdyrdy. Ol garşydaşynyň hakykatdanam halkara baýraklarynyň eýesiniň bolandygyna özümiň ynamymyň bardygyny-ýokdugyny gaýtalap-gaýtalap, nekirtläp-nekirtläp sorady. Şeýle ýagdaýyň tabşyrygymy gaty ýeňilleşdirýändigine basym düşündim. Emma örän sypaýy hem-de edep-terbiýeli adam bilen iş salyşýanyma gözüm ýetip duransoň, onuň utulaýan ýagdaýynda, çykdajyny MakKonnoryň çekjegini ýatlap durmazlygyň kararyna geldim. Doktor B. biraz ikirjiňlenenden soň, oýnamaga razylyk berdi, ýöne özüniň ukyplaryna çakdanaşa uly umyt bildirmezliklerini dostlaryma duýduryp goýmagymy haýyş etdi.
— Munuň sebäbinem aýdaýyn — diýip, ol üýtgeşik ýylgyryş bilen sözüniň üstüni ýetirdi. — Dogrusy, ähli düzgünlere laýyk oýnap biljegimi-bilmejegimi-de bilemok. Çypbakaý çynym, gimnaziýada okap ýören döwürlemden bäri, ýagny ýigrimi ýyldanam gowrak wagt bäri küştüň başyna baramok diýemde, bolgusyz sypaýyçylygyň hatyrasyna aýtmandym. Hatda şo wagtlaram küştçi hökmünde alyp barýan galam ýokdy.
Munuň özi şeýlebir halys ýürekden aýdyldy welin, men onuň sözlerinde jinnek ýaly-da ýalanyň ýokdugyna birjik-de ikirjiňlenmedim. Ýöne, herhal, şonda-da oňa garşy çykman durup bilmedim, onuň her döwrüň çempionlarynyň oýnan döwleriniň iň bir uşajyk jikme-jikliklerine deňiç näderejede takyk salgylanyp bilşi meni haýrana goýupdy. Çaky, ol küştüň düýbi-teýkaryny derňemäge köp wagtyny sarp eden borly.
Doktor B. ýene-de syrly ýylgyryşyny etdi:
— Köp wagt giderensiňiz diýdiňizmi? Ýokarda Hudaý bar, şol-a çyn. Küşte juda köp wagtymy bagyş etdim. Ýöne bu üýtgeşik, nähili aýtsamkam, juda seýrek duş gelýän ýagdaýlarda bolup geçdi. Munuň özi diýseň çylşyrymly waka, ol biziň ajap eýýamymyz baradaky kyssanyň görnetin mysalam bolup biler. Belki, siz ýarym sagat çydamaga kanagat edersiňiz?..
Ol şeýle diýip gapdaldaky şezlonga ümledi. Onuň çakylygyny höwes bilen kabul etdim. Daş-töwerekde yns-jyns ýokdy. Doktor B. äýnegini aýyrdy, ony gapdalynda goýubam, gürrüňe başlady:
— Meň adymyň, aslyňyz wenaly bolanyňyz üçin, özüňize tanyşdygyny belläp geçdiňiz. Ýöne ilki kakam ikimiziň, soňam bir özümiň eýelik eden hukuk meseleleri boýunça iş alyp barýan edaramyz barada eşiden dälsiňiz. Biz metbugat sahypalarynda goh-galmagal döredýän işleriň başyna baramzokdyk, täze müşderilerdenem ýöriteläp gaça durýardyk. Aslynda-ha biz adaty hukuk tejribesi bilen meşgullanamzokdyk-da, eýsem, hukuk maslahatlaryny bermek hem-de baý keşişhanalaň emläklerini dolandyrmak bilen meşgullanýardyk, kakamyň keşişhanalar bilen ýakyndan baglanyşygy bardy, ol klerikal* partiýanyň deputaty bolupdy. Mundan başga-da — häzir monarhiýa döwri taryhyň gatyna siňip gidensoň, bu barada aç-açan gürläp bolýar — bize hökümdarlar maşgalasynyň käbir agzalarynyň maýasyny dolandyrmagam ynanylypdy.
Maşgalamyzyň köşk hem-de kilise bilen aragatnaşygy (agalarymyň biri hökümdaryň köşk tebibidi, beýlekisi — Zaýtenştettende kilise baştutanydy) ozalky nesillere baryp direýär; bize diňe şu gatnaşyklary saklamak hem-de dowam etdirmek galýardy. Müşderileň ynamy bize miras boýunça geçipdi, ynam bilen birlikde beýle bir çylşyrymly bolmadyk, azarsyz-bizarsyz borçlaram geçipdi. Bizden, esasan, salyhatlylyk hem-de wepadarlyk talap edilýärdi — şeýle häsiýetler kakama doly mahsusdy. Diňe kakamyň ätiýaçlylygy bilen, hümmetsizlik ýyllarynda hem-de agdarylyşykdan soň, biziň müşderilemmiz özleriniň gymmatly zatlarynyň agramly bölegini saklap galdylar. Soňra Germaniýada häkimiýeti Gitler eýelän mahaly kiliseleň hem-de keşişhanalaň emläkleri alnyp başlananda, iň bolmanda, gozgap bolýan emläkleri beri halas etmek üçin ýurduň daşyndan käbir ädimler ädildi. Gepleşikler biziň üstümizden alnyp barylýardy, imperator öýi bilen Watikanyň arasyndaky hiç haçan sepi bildirilmejek ylalaşyk diňe ikimize mälimdi. Edaramyz bütinleý göze görnenokdy, hatda gapymyzda ýazgam asmandyk, hökümdar toparlaryndan bilgeşleýin çeke durýardyk, şulam bizi iriziji soraglardan goraýardy. Awstriýa hökümeti şu geçen ýyllaň dowamynda hökümdar maşgalasynyň gizlin çaparlarynyň özümiziň dördünji gatdaky känbir göze ilip barmaýan edaramyza adatdan daşary wajyp hatlary getirýänini hem-de olara jogaplary alyp gidýänini gümanam etmeýärdi.
Heniz milletparaz jeňbazlar öz leşgerlerini tutuş dünýäň garşysyna sürmezlerinden kän öň olaň Germaniýa bilen goňşy döwletleň ählisinde kineli, ýekirilen, nägile adamlardan berk düzgün-tertibe salnan hem-de harbylaşdyrylan zabun toparlary döredip başlandyklary bellidir. Her bir edarada, her bir kärhanada özleriniň guramajyklary bardy, olaň Dolfusyň hem-de Şuşnigiň şahsy rezidensiýalaryny goşmak bilen, ähli ýerde içalylarydyr şugulçylary bardy. Biziň göze ilip durmaýan edaramyzda-da şolaň jansyzy bardy, haýp, ony gaty giç duýupdyryn. Ol nalajedeýin, kütek emeldardy, ony bir ruhanynyň aradurarlyk etmegi bilen işe alypdym, şeýtmek bilenem edaramyza hakyky, çynlakaý guramaň görnüşini bermek isläpdim. Oňa diňe iň ýönekeýje ýumuşlary tabşyrardyk: ol telefon jaňlaryna jogap bererdi hem-de kagyzlary çatardy ― elbetde, ol kagyzlaň bütinleý ähmiýeti ýokdy. Oňa hatlary açmaga ejaza berilmeýärdi. Iň wajyp hatlary elin özüm çap edýärdim ― özem diňe ýekeje nusgada. Ähli wajyp maglumatlary öýümde saklaýardym, gizlin gepleşikleri bolsa, keşişhana jaýlarynda ýa-da agamyň lukman otagynda alyp barýardym. Şeýle ätiýaçlyk çäreleriniň görülmegi sebäpli, bize goýlan içaly, suwytly bir zat aňyp biljek däldi. Megerem, tötänligiň oýny bu şöhratparaz adamjygyň gözüni açan borly, ol özüne ynanylmaýanyna, arkasyndan her jüre işleň gaýrylýandygyna aň ýetirdi. Mümkin, meň ýok mahalym çaparlaň biri geleňsizlik zerarly şertli «baron Bern» diýmäge derek, «onuň alyhezretleri» diýip, dilinden sypdyrandyr. Melgunyň bildirtmän hatlary açan bolmagy-da ähtimal. Garazhaý, nähili bolanlygynda-da, entek nämedir bir zada müňkürlik etmäkäm, ol eýýäm bizi aňtamak barada Mýunhenden ýa-da Berlinden buýruk alypdyr. Has soňrak, eýýäm tussag astyna alnamdan soň, ilki ýalta hem-de sölite bolan bu kişiň birden-bire soňky aýlarda üýtgeşik yhlaslylyk görkezip başlanyny ýadyma saldym: ol hemişe meň hatlammy: «Getir, özüm ibereýin!» diýip alyp-ýolup barýardy. Boýun alaýyn, seresaplylygy goldan beripdirin, ýöne, eýsem, ynha, Gitler biziň döwrümiziň tanymal diplomatlaryndan, generallaryndan öňe geçmegi hem-de olara hile salmagy başarmadymy näme?
Gestapo* meni dowamly yzarlaýardy ― ynha, muny şu ýagdaýam görnetin tassyklaýardy: esesçiler* meni agşamara, Şuşnigiň öz derejesinden ýüz öwren güni, Gitleriň Wena girmeziniň bir gün öň ýany tussag etdiler. Hernä, radio boýunça Şuşnigiň hoşlaşyk sözüni eşidip, iň wajyp hatlary ýakmaga ýetişdim, beýlekileri, şonuň ýaly-da daşary ýurtlardaky hem-de keşişhanalardyr iki sany ersgersoga* degişli bolan gymmatly kagyzlara dilhatylary kirli eşikli sebediň içinde gizledim, olary-da wepaly hyzmatkär zenanymyz agamyň öýüne äkitdi. Bulaň bary iň soňky pursatda berjaý edilipdi, şonuň yzja ýany gitlerçiler eýýäm öýüme zomap giripdiler.
Doktor B. gürrüňiniň arasyny kesdi. Şonda men doktoryň agzynyň sag burçjagazynyň dartylyp-dartylyp gidýänini gördüm. Men bu dowamsyz, çala bildirýän dartylmany ozalam bir aňypdym, dartylma her iki-üç minutdan gaýtalanýardy hem-de onuň ýüzüne çakdanaşa ynjalyksyzlyk çaýýardy.
― Siz, megerem, köne Awstriýa tarapdarlarynyň ählisiniň konsentrasion lagerlere* taşlanyşy, olaryň şol ýerlerde jebir-jepalara, gynamalara, kemsidilmelere sezewar edilişi barada gürrüň bererime garaşýansyňyz. Beýle zatlara bütinleý duçar bolmadym. Meni şeýle täleýi ters gelen betbagtlaň hataryna goşmadylar-da, aýratyn topara degişli etdiler. Gitlerçiler ol betbagtlardan ähli usul-tärler arkaly ahmyrly ýigrençlerini çykarýadylar ― hem ruhy taýdan, hem beden taýdan ejir ýamanyny berýärdiler; meni bolsa çaklaňja adamlaň toparyna goşdular, milletparazlar bizden pul ýa-da wajyp maglumatlary sykyp almaga bil baglaýardylar. Ady belli kişilerden bolmamsoň, elbetde, gestaponyň ünsüni çeker ýaly mende hiç hili zat ýokdy, emma olar kakam ikimiziň başga biriniň ýerine oturdylan şahsdygymyzy, özleriniň ganym duşmanlarynyň emläklerini goraglaýan, şolaň ynamyna giren adamlardygymyzy güman edýärdi. Olar meni keşişhanalaň perdesini syrýan resminamalary bermäge mejbur etjek bolýardylar, soňam maýalary ýaşyrmakda keşişhanalaň garşysyna günä ýöňkejek bolýardylar; patyşa öýüniň hem-de patyşa düzgüniniň tarapdarlarynyň ählisiniň garşysyna resmi maglumatlary almak isleýärdiler. Biziň elimizden geçen gaznalaň agramly bölegi ykjam ýygşyrylandy hem-de olaň kast ederinden daşdady, şondan ötri olaň şübheleri esassyzam däldi. Hut şu sebäpden ilkinji günüň özünde meni tussaga gabapdylar, synagdan geçen usullary ulanybam, gerekli maglumatlary almakçydylar.
Şonuň üçinem maňa meňzeş adamlar konsentrasion lagere iberilmändi, bizden pullary ýa-da wajyp resminamalary sykyp almalydy. Megerem, ýadyňyzdadyr, biziň kanslerimiz, şonuň ýaly-da, baron Rotşild tikenekli demir simiň aňyrsyna taşlanmandy, çünki olar bulaň garyndaşlaryndan millionlap-millionlap pul sagmaga umyt edýärdiler; gaýtam, tersine, olar üçin aýratyn şertleri döretdiler: olar «Metropol» myhmanhanasynda özbaşdak otaglarda ýerleşdirilipdi, gestapoň karargähi-de şo taýdady. Hiç zadyň alnyndan bolmasamam, maňa-da şeýle hormat bildirdiler.
Myhmanhanada özbaşdak otag ― göräýmäge, ynsanperwerligiň aňry başy ýalydyr, şeýle gerek? Ýöne, ynanaýyň, adamkärçilikli şertleri döretmek olaň küýünde-de ýokdy. Bizi, «tanymal kişileri» ýigrimi adamlyk otagly buz öwüsýän agaç jaýlara gabamaga derek, myhmanhananyň ýyljak otaglaryndan orun berdiler, ýöne şeýtmek bilen gaty aňyrdan aýlaýardylar. Olar bizden gerekli maglumaty adaty urup-ýençmeler, gynamalar arkaly däl-de, eýsem, has inçe jezalary ― doly çetleşdirme jezasyny ulanyp, almagy niýet edinýärdiler. Bize hiç zadam edenokdylar. Diňe boşluga, gowalçlyga dykdylar, olar ýalňyzlygyň adamyň beýnisine güýçli täsir edýänini gowy bilýärdiler. Bizi daşky dünýäden doly gyrakladyp, içki dartgynlylygyň aýazdyr gamçydan has çalt gürlemäge mejbur eder diýip garaşýardylar.
Şeýle seredeňde meni ýerleşdiren otaglary ýakymsyz täsir galdyranokdy: o taýda gapy, stol, krowat, kürsi, el-ýüz ýuwulýan, gözenekli penjire bardy. Ýöne gapy gündizem, gije-de ýapykdy; stoluň üstünde ― ne kitap, ne gazet, ne galam, ne-de kagyz bardy; penjiräň öňünde ― kerpiç diwar; özümem, bedenimem boşlukdady. Bar zadymam elimden gaňrypdylar: wagtyň näçedigini bilmezim ýaly sagadymy, ýazyp bilmezim ýaly galamymy, öz-özüme kast etmezim ýaly çakgymy alypdylar. Görüp bilýän ýeke-täk ynsan diýen jandarymam türme gözegçisidi, emma oňa meň bilen gürleşmek, sowallamma jogap bermek gadagandy. Ne adamlaň ýüzüni görýärdim, ne-de adamlaň sesini eşidýärdim, ertirden gijä, gijeden ertire çenli gözüm üçin, gulagym üçin, beýleki duýgulam üçin hiç hili ruhy çeşme ýokdy. Öz özüm bilen hem-de az-owlak dilsiz-agyzsyz zatlar ― stol, krowat, penjire, el-ýüz ýuwulýan bilen ýekme-ýekdim. Men lal-jim, tüm garaňky ummana goýberilen batisferadaky* guwwas deýin ýalňyzdym, üstesine, halas ediji urganyň üzülendigine, indem hiç haçan şu düýpsüz çuňlukdan çykarylmajagyna garjaşyk ahwalatda düşünýän adam ýalydym...
Men hiç zat edemokdym, hiç zat eşidemokdym, hiç zat göremokdym. Aýratynam gijelerine. Bu bir wagtsyz, giňişliksiz boşlukdy. Bir burçdan beýleki burça ýöremek bolýardy, şonda pikirleňňem mydama yzyňa düşýärdi. Zol-zol aňyrdan bärik, bärdenem aňryk... Ýöne hatda pikirleriňe-de nähilidir bir daýanç nokady gerekdi, ýogsa, olar öz töweregiňde bimany perwaz urup başlajakdy: olaram boşlugy göterip bilmeýär. Irden agşama çenli nämedir bir zada garaşýaň. Emma hiç zat bolanok. Garaşýaň, garaşýaň ― hiç zadam bolup geçenok. Ynha, şeýdip şol garaşyp dursuň, garaşyp dursuň, tä çekgäň agyryp başlaýança, şol pikir edip dursuň, pikir edip dursuň, pikir edip dursuň. Şol bir heň. Sen henizem ýalňyz. Ýalňyz. Ýalňyz...

Dowamy

© Stefan SWEÝG
Terjime: © Çary GELDIMYRADOW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Çary Geldimyradow, Stefan SWEÝG | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 11:18, 01.02.2024
çykgytlary (terjimeçiden):
Impresario - tomaşa gurnaýjy (italýança)(bu hem-de mundan soňky bellikler – terjimeçiden).
Fiziognomika — ynsanyň ýüz keşbini yzarlamak, gepi-sözüni diňlemek arkaly onuň häsiýetini, adamkärçilik aýratynlyklaryny, saglyk ýagdaýyny kesgitleýän ýalan ylym.
Gall Frans Iosif (1758 — 1828), nemes lukmany, frenologiýa ylmyny dörediji. Şol ylym arkaly adamyň sypaty hem-de kelleçanagynyň gabarasy boýunça onuň ukybyny hem-de meýlini kesgitlemek mümkin diýen ýalňyş pikiri orta atdy.
Pat — küşt oýnunda oýunçylaryň biriniň küşt berilmedik wagtynda öz şasyny göçüp bilmezligi hem-de başga-da göçeriniň ýok bolan wagty.
Klerikal – döwletiň syýasy hem medeni durmuşynda katolik kilisäniň ýörelgelerine eýerilmeginiň tarapdary (giçki latyn dilindäki «clericalis» – kiliselik sözünden).
Gestapo ― faşistik Germaniýada bolan gizlin döwlet polisiýasy.
Esesçiler ― Gitler Germaniýasynda faşistik SS harby guramasynyň agzalary
Ersgersog ― Awstriýada hem-de Awstro-Wengriýada patyşalyk süren Gabsburglar öýüniň şazadalarynyň derejesi, şol derejäni göteren adam.
Konsentrasion lager — Gitler Germaniýasynyň harby tussaglary hem-de sosial taýdan howply gören adamlaryny saklan ýeri.
Batisfera ― deňizleriň, ummanlaryň düýbünde barlag işini geçirmek üçin ýörite abzallaşdyrylan şar görnüşli polat kamera.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203