20:43 Göze görünmeýän Kolleksiýa | |
Exclusive GÖZE GÖRÜNMEÝÄN KOLLEKSIÝA Germaniýadaky hümmetsizlik döwründen epizod Drezdenden soňky ikinji beketde küpemize bir gartaň jenap mündi. Hemme bilen mylakatly salamlaşandan soň, men tarapa siňe seredip, köne tanyşyny gören ýaly, ýene bir ýola aýratyn baş atdy. Men ilki ony tanamadym, ýumşajyk ýylgyryş bilen adyny aýdanda, onuň Berlindäki iň uly antikwar satyjylaryň biridigi hakydama geldi. Dünýe düzüw wagty oň ýanyna ýygy-ýygydan baryp, köne kitaplary, awtograflary satyn alardym. Soňra biz ondan-mundan hümmürdeşdik. Birdenem ol, oslanmadyk ýerden, gaty ses bilen gürrüň berip ugrady: Men size nireden gelýänimi gürrüň bermesem bolmaz. Otuz ýedi ýyllyk iş tejribämde men – sungat eserleriniň köne satyjysy, bular ýaly zada gabat gelen däldirin. Elbetde, häzirki döwürde antikwarlar bilen bolýan bibaşlyklardan siziňem habaryňyz bardyr; puluň hümmeti howa sowrulaly bäri, täze baýan jalataýlaryň gotiki madonnalara, gadymy neşirlere, köne ussatlaryň çeken suratlaryna, grawýuralaryna bolan hyjuwy artdy; öýüň ähli paty-putysyny öňlerine dökübem gözlerini doýurjak gümanyň ýok. Eline kakmasaň, manžediňdäki iligem, stoluň üstündäki çyraňam goparyp aljaklar. Şoň üçinem gerekli harydy tapmak hyllalla. Biziň hemmämiz üçin mukaddeslige öwrülen sungata “haryt” diýenim üçin bagyşlaweriň, ýöne, bu nälet siňen taýpa, şeý diýmäge mejbur etdi. Sebäbi, gadymy wenesiýaly ussatllaryň grawýuralarynyň bary ýogy birnäçe dollar bahasy bar, Gwerçinoň suratlaryny welin haýsydyr bir nusgawy eser ýaly, birnäçe ýüz müň franka pullaýalar. Zat ýygnaýjylary müpdela bolan bu dertlerinden hiç bir zat halas etmese gerek. Şeýlelikde, günleň biri seretsem, dükanymyň içi hoňkaryp galypdyr. Men äpişgeleriň gabsasyny ýapyp çykmaly boldum. Kakama-da atamdan miras galan ullakan dükanda, ütülçä berseň, onuňam arabasyna atmajak köne-sanasyndan başga hiç zat galmanyna hem utandym hem içim-bagrym gyýym-gyýym boldy. Gam-gussa batyp oturşyma, birden kelläme, köne söwda kitapçalaryny waraklap, ezeli alyjylary tapyp, birki sanyjak nusgany aldaşdyryp elinden almak pikiri geldi. Ýöne köne alyjylaryň sanawy, onda-da biziň döwrümizde, gonnamçylygy ýadyňa salýar: olaryň köpüsi bir eýýäm dünýesini täzelänler ýa-da emlägini çekiçden geçirmäge mejbur bolanlar. Galanjalaryndan welin çilmek hakda umydam edip oturasy iş ýok. Şoň üçinem olardan saýlap bilenim köp bolmady. Birdenem meň elime iň köne alyjylarymyzyň birinden gelen hatlar düşdi. Men ony düýbünden hakydamdan çykaraýypdyryn. Sebäbi 1914-den bäri, ýagny jahan urşy başlaly bäri, ol ýekeje gezegem bize ýa sargyt bilen ýa haýyş bilen ýüz tutup görenok. Biziň firmamyz bilen hat alyş-berişi, ol, lap aýtdygym däl, baryp-ha altmyş ýyl mundan öň başlapdy. Ol meň kakamdanam, atamdanam söwda ederdi; ýöne, dükanda men işe başlalym bäri, ýeke gezegem zat satyn alyp görenok. Hemmeler onuň özboluşlylygyň ýokary derejesini görkezen, köneçil hem Mensel, Şpinsew dagylaryň, hatda häzirki döwürlerem Germaniýanyň kiçijik prowinsial şäherçelerinde gabat gelip bolýan seýrek nusgadaky eserlerine hormat goýýan adamdygy hakda aýdýalar. Mektuplary kalligrafik hatda örän tertipli, pul mukdarlarynyň aşagy çyzgyç bilen gyzyl syýada çyzylan hem nähilidir düşinişmezçilik bolmaz ýaly harp bilenem gaýtalanyp ýazylan. Sebäbi ol hatlary üçin näsaz çykan köne bukjalary ulanýady hem başgalaň hatyndan galan arassa kagyzlara ýazýardy. Bu bolsa onuň, örän maýdaçyl hem çenden aşa husyt adamdygyny aňladýar. Bu özboluşly resminamalaryň aşagynda, atdan başga onuň doly titulam ýazylgydy: “Tokaý hem ykdysady wedomstwanyň hormatly dynç alyşdaky maslahatçysy, hormatly dynç alyşdaky Leýtenant, birinji derejeli Demir haç ordeniniň kawalýory”. Mundan onuň, eger diri bolaýsa, Frankopusk söweşiniň weterany hökmünde, iň azyndan segsen ýaşlaryndaky gojadygyny çaklamak bolar. Ýöne, haçan-da, kolleksionerlik hakda gürrüň gozgalanda, bu bitini iýip, sirkesini satan syrnyh garry, adatdan daşary üşügi, predmetleri tanamakda ajaýyp ukyby hem örän näziki didi bilen hemmäni ät goýjak. Onuň tas altmyş ýyla golaý wagt aralygynda satyn alan zatlaryndan çen tutsaň, özem iň birinji söwdasynda dagy, gadymy zilbergroşalar bilen töleg edenini görüp, öz wagtynda gadymy nemes ussatlarynyň, biziň täze baýan jalataýlarymyzyň kolleksiýasynda iň bir sarpalanýan ýerleri eýeläp biljek, naýbaşy grawýuralarynam puluna gysganman beýlesine geçirenini bilip galdym. Çünki, onuň ýarym asyryň dowamynda, diňe biziň dükanymyzdan arzan bahadan alan zatlarynyň özem, baryp-ha örän uly puldan gür açýar. Ol bolsa başga dükanlaryňam, auksionlaryňam deňinden eli boş geçip bilmändir. Dogry, 1914-nji ýyldan bäri, ol bize hiç zat sargyt edip görenok, ýöne men içinde aralaşyp ýöremsoň, bu işlerde nämeleň bolup geçýänini gowy bilýän, biz şeýle ägirt uly kolleksiýany elden çykardyk. Garasaý, öz ýanymdan, bu üýtgeşik adam ýa-ha henizem diridir, ýa-da kolleksiýa onuň mirasdüşerlerine galandyr diýip, çak etdim. Bu iş meni şeýle bir gyzykladyrdy welin, ertesi gün, ýagny düýn agşam, köp kelle döwüp, Saksoniniň çydar eder ýaly däl bir prowensial şäherçesine ýola düşdim, haçanda, esasy köçedäki kiçijik bekede gelip düşemde, nirededir şu ýerlerde, şu köne-sana mişanly, ahlaksyz öýjagazlaň birinde, Rembrandtanyň ajaýyp ofortlarynyň, Lýuberiň hem Manteniň grawýuralarynyň bir kemsiz kolleksiýalarynyň eýesiniň ýaşaýanyna ynanyp bilmedim. Şu gün irden poçta baryp, şäherçede hormatly dynç alyşdaky şeýle-şeýle maslahatçy ýaşaýamy diýip soramda, onuň henizem diridigini eşidip geň galdym hem dogrymy aýtsam, biraz galpyldy bilen ümzügimi oňa tarap öwürdim. Altmyşynjy ýyllarda, sapalakçy arhitektorlaryň, howul-hara guran ýönekeýje prowinsial ýaşaýyş jaýynyň ikinji gatyndaky öýüni tapmak köp wagt almady. Birinji gatda tikinçilik, ikinji gatda çep tarapdaky gapyda poçta müdiriniň ady ýazylan ýasyja demir ýalpyldap dur, sag tarapdaky farfor tagtajykda bolsa, tokaý hem ykdysady wedomstwaň maslahatçysynyň ady möhürlenipdir. Jaňjagazy kakan badyma, arassaja gara sümmenli, garryja çal saç aýal gapyny açdy. Wizit kartoçkamy uzadyp, jenap maslahatçyny görsem bolýamy diýip soradym. Ol geň galanyny gizlejegem bolup durman, ilki maňa, soňra kartoçka göz gezdirdi. Bu çolaja ýerde, köneçil prowinsial hojalygynda, keseki adamyň myhmançylygyna ullakan waka hökmünde garalýandygy köre hasa. Muňa garamazdan, kempirjik, mylakatlylyk bilen menden biraz garaşmagymy sorap, otaglaň birine sümüp gitdi; maňa ilki onuň pyşyrdysy, soň, birdenkä “Hä-ä! Berlinli jenap R.-dir... ullakan antikwar firmadan... Örän şat... basymjak çagyr” – diýen zorruldyly goh eşidildi. Garry aýal, şol bada girelgä gelip, meni içerik çagyrdy. Paltomy çykaryp içerik girdim. Ýönekeýje tertipleşdirilen otagda, ýarym harby gönüşli öý keltekçesini geýinen, gür murtly, garryja, ýöne heniz berdaşly goja aýak üstünde duran ýerinden maňa elini uzatdy. Ýöne onuň tüýs ýürekden, gyzgyn mähir bilen uzadan, giň gerilen penjesiniň hereketi bilen doňdurylan ýaly bololup duran bedeni bir tüýsli utgaşanokdy. Ol, elimi gysmak üçin maňa tarap bir ädimem ätmedi, men özümi biraz howsala aldyryp, onuň edil alkymyna çenli barmaga mejbur boldum. Haçanda elleşjek bolamda, onuň, meň elimi gözlejegem bolman, elini butnatman garaşyp durandygyna üns berdim. Soň maňa hemme zat aýan boldy: goja – kördi. Çagalygymdan bäri maňa bir duýgy gün bermän gelýär: haçan-da kör adam bilen pete-pet gelemde, meni utanç hem “Görýäňmi, garşyňda seni, seniň ony kabul edişiňdenem başgaça kabul edýän janly adam dur” – diýen, bulaşyk pikirler gurşap alýar. Indi, onuň peşşerip duran gaşlarynyň astyndaky, boşluga gönükdirilen jansyz göreçlerine seredip, tutuş durkumy eýelän gorkudan üstün çykmak üçin janykmaly boldum. Emma, goja, bu duýgulara dönüklik etmegime maý bermän, eline galtaşan badyma elimi silkeläp, gaty ses bilen şowhunly salamlaşygyny gaýtalady. Ine-de örän gadyrly myhman – agzy gulagyna ýetip gürledi, - hakykatdanam, biziň sürenimize Berlinden şeýle hormatly jenabyň gelmegi bir gudrat dälmi näme?.. Ýöne, eger antikwar hudaýlarynyň biri ýola çykan bolsa, örän hüşgär bolmak gerek. Bizde “Syganlar gelse, gapyňy kilitle” diýen aýtgam bar. Näme üçin geleniňizi güman edýän öz-ä... Biziň garamaňlaý, gedaý düşen Germaniýamyzda alyjylaryň tohumy tükenip, antikwar baýarlary köne müşderilerini ýatlap, azaşan toklylaryň gözlegine çykandyrlar. Siziň maňlaýyňyz çüwmedi öýdýän. Biz – bir dişlem çörege şükür edip oturan, pukaraja pensiýoner garrylar. Ol öňki gymmat nyrhlar, indi, biziň kisämiz götererden agyr gelýä... biziň sapamyz sowulandyr... Men, goja zyýaratymyň sebäbine ýalňyş düşünendigini, öz harydymy hödürlemäge däl-de, şäherçä gelenime görä firmamyzyň köne müşderisi hem nemes kolleksionerleriniň iň ägirt wekili hökmünde minnetdarlyk bildirmek üçin sowulandygymy aýtdym. “Nemes kolleksionerleriniň iň ägirt wekili” – diýemden, gojaň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol henizem otagyň ortasynda sör-söbe bolup dur, ýöne, göwnüme bolmasa ondan üýtgeşik nur saçylýan ýalydy, ýasawyndan bimöçber buýsanç duýgusyny başdan geçirýändigini duýmak kyn däl. Ilki, aýaly durandyr öýden tarapyna, edil ýaňyja ýaňlanan köpi gören jyrçy esgeriň äheňinde däl-de, päkize şatlyga beslenen ýumşajyk, tas näzijek ses bilen “Gördüň gerek!” diýýän manyda gaňryldy, soňra maňa ýüzlendi: Oňaraýypsyňyz, muny sizden eşitmek örän-örän ýakymly... ýöne siz meň ýanyma geleniňize puşman etmersiňiz... Men size şeýle bir nakysja zatlary görkezerin welin, olar ýalysy hatda, siziň tekepbir Berliniňizde-de günde-günaşa garşyňdan çykyp durmaz... olardan ajaýybyny “Albertin” muzeýinde-de, bu al kakmyş Parižde-de gabat gelmez. Hawa, jenabym, altmyş ýyllap kolleksirlemek bilen meşgullansaň, agtaryp tapanyň aýaga çolaşyp ýatan zatlar bolmaýan eken. Luiza, hany maňa yşgabyň açaryny bersene. Emma, şol pursat düýbünden garaşylmadyk zat boldy: ýoldaşynyň ýanynda biziň gürrüňlerimizi diňläp, dostana ýylgyryp duran kempirjik, birdenkä maňa ýalbarýan terzde elini serip, başyny ýaýkap ugrady; men ilki munuň näme many aňladýandygyna düşünmedim. Soňra, mähir bilen äriniň eginlerinden tutup, dillendi: Gerwart, sen myhmandan kolleksiýany görmäge wagtynyň bar-ýoklugynam soramadyň-a. Hä diýmän günortan bolar. Öýlänlikden soň, sen bir sagatjyk dynç almaly, lukman muny örän berk tabşyrdy. Grawýuralaryňy günorta naharyndan soň görkezseň gowy bolmazmy? Soň bileje kofe içerdik. Onýança Anna-Maride geler, ol saňa mendenem gowy kömek eder. Ol ýene, hiç zatdan bihabar gojanyň üstaşyry talapkär hem naýynjar garaýşyny gaýtalady. Men diňe şonda, ýaşygan aýalyň, gözden geçirmäge häziriň özünde girişmegimi islemeýändigine düşündim hem günortan bile naharlanmak üçin maňa garaşýandyklaryny, üç sagatsyz boşaşyp bilmejegimi aýdyp, oňa adamsyny bu meselede yrmagyna kömekleşdim. Goja, söýgüli oýnawajy elinden alynan çagajyk ýaly, närazylyk bilen ýüzüni sowdy. Dowamy bar © Stefan SWEÝG © Terjime: Umyt KÜLE | |
|
Ähli teswirler: 19 | |
| |