11:22 Bu dünýä | |
BU DÜNÝÄ Ýaşaýyş — eşret-aýyşmyň? Ajal — bakylyga yşmyň? Men eýýamyň öweý ogly Haýsyň aldyň buz deý yşgym? Ömür — kätip, ölüm — kämil Kaýan ýüzüp barýaň gämim? Geçmiş — gije, geljek — gije Bolanda nä! Haýsyň nänim? Men geýmedim hüýpüpik täç, Gallaç ýatdym güýlünip kän. Menem bu dünýäň ýüzüne Tüýkürilen tüýkülik däl! Ömre baha goýlan — nepdir, Ynsan derdi gepden depdir. Ömür diýlen — ölmek üçin Bize bir berlen müddetdir. Akyl paýhas nämä zerur Tapmasaň sen gidere ugur Sen nä! seniň pelegiň hem Ugur tapman aýlanyp dur... Ýaşaýyş — wagtyň ýadydyr, Adamzat — Ýeriň adydyr. Bu dünýäde ezraýyl ýok Her kimse öz jelladydyr. Adam, seniň pikriň nädir?! Yz goýsam diýp netiň badyr. Dünýäň özi mawy ummanda Ýitip giden bir dünýädir. Gören zadym ýok gelibem, Görmen gara ýer bolubam. Nobatguly, bu dünýäden Sypyp bilmersiň ölübem. © Nobatguly Rejebow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |