Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:36
Saňa
SAŇA

Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede,
Ne-hä yşkdan,
ne hesretden gandyk biz.
"Söýýänem" diýipdik birek-birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.

Dözmezim sen,
gözleriňden syrykdym.
Dõnmezim sen — saňa gurban bolaýyn.
Goýnuma däl,
sen düýşüme giripsiň,
Söýgüden ezizim, dostdan golaýym!

Seniň penje-penje çasly gülküleň
Gül kimin galypdyr garyň astynda.
Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?!
Söýgi diýmek aýrylykmy aslynda?!

Sen günleriň hesret bilen ötürdiň,
Göwnümi göterdiň duş gelen wagtyň.
Sen gaýdyp gelmejek yşkym ýitirdiň,
Men ýitirdim tapyp bilmedik bagtyň.

Duýýan indi seň dünýäňde ýatdygym
Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide.
Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym,
Haremhanam aýlanypdyr metjide…

Nobatguly REJEBOW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Katalizator | Teg: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202