Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:10
Däli gyzyň gündeligi
DÄLI GYZYŇ GÜNDELİGİ


—Bir, iki, üç, dört, bäş, alty, ýedi...
—Näme edýäň?
—Sen ýene geldiňmi? Göreňokmy, ýyldyz sanaýan.
—Gündiziň günümi?
—Meň penjirämden asman hemişe garaňky görünýär. Ýyldyzlaram edil el bilen sepilen ýaly, seret— diýip penjirä tarap barmagyny çommaltdy.
*****
—Hawa-da, heley bolsaň saçyň süwse, eliň kesewi bolýa-da. Bolanda nä öýüňde ýetişen gyzyň, bar işi özüň etmeli. Iller-ä ýurt baryny görüp gelýär. Biz pahyryň-a malýatakdan başga görýän zadymyz ýok. Hiç zat görmän ötüp barýas öz-ä.
Ýogsa Jumagüliň beýle iňirdär ýaly sebäbem ýok. Onuň bar işi Uzugyň kemçiligini tapmak. Öweý-dä!
—Uzuk, Uzu-uk!
—How, eje!
—"Eje" diýýän diliň kesilsin Hudaýym! Çykda daşary saçy kesilmiş.
—Hä eje!
—Kakaň geler wagty boldy. Döwüň kellesini kesip gelýän ýaly bolup çaý sorar. Çaý-nahara seret— diýdi-de elini gözüne kölege edip köçä seretdi.
—Han-ha gelyä ikindinaraň kölegesi ýaly bolup. Gelişinden belli-dä içgilidigi. Aýlyk alandyr bi. Iller ärleriniň aýlyk alanyny öýüne getirýän päket-päket pradukdysyndan bilýär. Biz çaýkanyp gelşinden bilýäs— diýip Sahy aga golaýyna gelýänçä iňirdedi. Jumagül "Ur diýse gözüni çykarýanlardan". Sahy aga o diýen lül-gammaram däl. Özüni bilýär.
Golaýlaberende iki elini bykynyna goýup:
—Ýene şo zakguna çümüp gelýäň, hä? Bu gün aýlyk alansyň sen. Indiki aýlygyňa çenli içjegiňem gamlap gaýdansyň?!
—Ýumsan-aý, eneň...
—Ýummamda näme etjek? Ýalan zat diýdimmi? Hälädilnigi öçürüp goýaýmasam, içinde zat galan däldir.
—Öçürme! Bir kürşge suw goýaý, içiň ýananda içersiň—diýip Sahy aga içýakgyç güldi-de öýe girdi. El-ýüzüni ýuwup, saçaga oturdy. Uzuk gyzgynjak nahar-çaý taýynlapdyr.
—Sagbol gyzym! —diýip Sahy aga gyzyna mähirli seretdi. Uzuk kakasyna mylaýym ýylgyrdy-da öz işi bilen gümra bolup ýör. Jumagülüň iňirdisi welin henizem ýatanok.
*****
Arslan oba mekdebiniň mugallymy. Işden soň ýakyn ýoluny uzak edip Sahy agalaryň öýleriniň ýanyndan geçýär. Şolaryň deňine ýetende ulagynyň tizligini haýalladyp, Uzugy görjek bolup aýnadan çykaýjak ýaly bolýar. Ýogsam Uzuk bilen günde telefon arkaly jaňlaşyp durlar. Käte penjek, käte jalbar tikdirmek bahasy bilen Uzugyň ýanyna gelýär. Ondan daşaram görüşmän duranoklar. Arslanyň bu bolşy Jumagüliň gözünden gaçmady.
—Şu oglanam Uzugyň daşynda perwana. Men bilýän däldirin eşik tikdirjek bahanasy bilen bu saçy kesilmişi görmäge gelýänini. Bu gyz muňa durmuşa çykaýsa bagty daş ýarar—diýip bahyllygy tutdy. Yzyndan ýagy kowýan ýaly öýe howlukdy, özüçe kakasyna ýamanlap Uzugy garaýaman etmekdi islegi. Sahy aga ýaňy işden gelip çäýnegi öňüne alan eken. Jumagül demini dürsäp, käsäni aldy-da Sahy aga uzatdy:
—Maňa-da bir käse guý!
—Bah, sen men bilen çaý içjekmi? Haýyrlysy bolsunda!—diýip çala ýylgyrdy-da käsä çaý guýdy.
—Saňa aýtmaly zadym bar. Soň bolmasyz bir iş bolup, maňa sögünip ýörme.
—Aýt!
—Sen bu gyzyňa bek bol. Ho-o-l, Çary bara seň ülpediň, şoň ogly Arslan köçämizden aýrylanok. Iki gözi biziň öýümizde.
Göwni gyzyňda bolsa nätjek?!
—Sen alada etme! Çary bilen bir-birimize sözümiz bar. Öz gyssagy özündedir. Basym sorap gelerler. Arslan ýaly oglan giyewim bolsa oglumyň ýerine goýaryn. Bu jaýam gyzyma berjek, men elimden gelenini etdim. Galanynam özleri oňardyp ýaşarda.
—Hmmm —diýip Jumagül dymdy. Ärinden peýda ýokdugyna anyk göz ýetirdi. Öz ýanyndan:
— Diýmek jaýyňy gyzyňa berjek hä? Men näme bagdaky garantgamy? Men ölemde ýol bererinmi oňa —diýip, Uzuk bilen Arslanyň arasyny açmagyň meýline düşdi.
*****
Ol äpişgäniň öňünde ýene ýyldyzlara seredýär. Ýüzünde mylaýym ýylgyryş bar. Gözlerindäki ajy ýaşlar bolsa ýaňaklaryny ýuwup geçýär. Gözýaşlaryny süpürjegem bolanok, süýem barmagyny äpişgä çommaldyp ýyldyzlary sanaýar.
—Bir, iki, üç, dört, bäş, alty, ýedi...
—Ýene ýyldyz sanaýaňmy?
—Sen ýene geldiňmi?
—Seni göresim geldi.
—Sen öňem meni görmeseň oňup bilenokdyň.
—Ýyldyzlar näçe sany eken?
—Heniz sanap bolmadym —diýip ýylgyrdy-da ýene sanamaga başlady.
*****
Uzuk öz otagynda tikin tikip gara başyna gaý bolup otyrdy. Bidenem telefona sms geldi:
—Ejeň bardyr öýdüp jaň etmedim. Şu gün seni göräýjekdim. Öňkije ýerde agşam garaşaryn gülüm!
—Bolýar!
Duşuşyk wagty boldy. Uzuk öýündäkileriň uka gidenine göz ýetirensoň gapydan cykyp, duşuşyk ýerine bardy. Arslan eýýäm bir sagat bäri garaşyp dur:
—Ahyry geldiňmi gülüm?! —diýip Uzugy bagryna basasy geldi.
—Çekil, üstüme zyňyp barýaň-la.
—Göresim geldi. Her gün öýüňiziň ýanyndan geçýän, görermikäm diýýän, görneňok. Ony-muny bahana edip öýüňize barsam ejeň gözi bilen iýäýjek bolýar.
—Ejemdir-dä!
Arslan ýene saklanyp bilmedi, Uzugy elinden tutup özüne çekdi. Uzuk ýuwaşlyk bilen başyny Arslanyň gursagyna goyup, uludan dem aldy. Ol özüni Arslanyň ýanynda arkaýyn, erkin duýýar.
—Arslan, bir zat aýdaýynmy?
—Näme hakda?
—Ikimiziň geljegmiz hakda.
—Ähä, aýt!
—Biz bagtly bolarys. Biziň iki sany öýümiz bolar, biri seňki, biri menki.
—O nähili? Ikimiz birinde ýaşasak bolmazmy?
—Biz bile bolarys, ýöne öýümiz aýry bolar.
Arslan Uzugyň sözlerini degişmä ýordy, ýylgyrdy.
*****
Bahyllyk, ýigrenç, açgözlük duýgulary Jumagüliň ruhuny bir eýýäm ele alypdy. Içini it ýyrtyp barýar. Nätse-kä? Nadende Arslan bilen Uzugyň arasyny açyp bolarka? Jumagüliň aýal dogany bardy. Şoň bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwdi.

Dowamy bar.

Aýsapar EMELOWA.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 103 | Mowzugy paýlaşan: ssaparay | Teg: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 ssaparay • 22:14, 09.12.2022
Surat nädip goýmalysyny bilemokda.
avatar
1
2 ssaparay • 22:42, 09.12.2022
....
avatar
1
3 Medicall • 02:19, 10.12.2022
"Uzuk öz otagynda tikin tikip gara başyna gaý bolup ýör".
Şu yeri sorag döretdi: tikin tikip ýörmikä ýa otyrmyka?!
Belki oturandyr, ýõr ýalñyşlyk bilen gidendir.

Üstünlik, dowamynam goýsañyz bahymjak, Jümägüliñ nädýãninem bilerdik))
avatar
1
4 ssaparay • 06:09, 10.12.2022
Dogry, "Otyrdy" bolsa has dogry boljak. Sagboluň!
avatar
0
5 Мango • 16:13, 10.12.2022
gyzyklandyrdy.
ýöne Jümägüliň soňky hereketleri hindi kinolarynyňky ýaly bolmasa bolýar...
hany göreli, dowamyny.
avatar
0
6 Kyyas • 19:22, 10.12.2022
Dowamy haçan...
avatar
0
7 ssaparay • 19:53, 10.12.2022
Hindi kinolar erbet däl-ä smile
avatar
0
8 ssaparay • 19:54, 10.12.2022
1-2 güne goýaryn
avatar

Старая форма входа
Total users: 203