Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:46
Däli gyzyň gündeligi (soňy)
DÄLİ GYZYŇ GÜNDELİGİ


Jumagül ertesi irden iki çöregi gazeda dolap el torbasyna saldy-da, doganynyň ýanyna ugrady. Doganynyñ öýi uzagam däl. Ýoldan ulaga münse 10-15 minuda barar.
Dogany Jumagüliň özünden bäş esse beter gylyksyz. Özem baryp ýatan yrymçy. Iňňesi ýitse-de palça gatnaýar. Ol bu günem ilerki obadaky palça gitjek bolup hyýallanyp otyrdy. Gapy kakyldy:
—Zwänok bar wagty gapyny ýumruklaýan kimkä? Bardym, bardym, özüňi öldürdiň-le. Kimsiň?
—Jumagül-le men, açsana gapyny.
—Wi-i, Salamalik doganjan! Gel, gel!
—Salam! Näme wagty bilen açaňok-la.
—Gele-gelmän yrsarap barýaň-la. Saglyk amanlyk soraşarlar ilki.
—Gowumyň sag-amanmyň?
—Men-ä gowy welin, sen howsalaly görünýäň-le, gowulykmy?
—He-e-ey-ey, sen sorama...
—Hany töre geç! Häzir gyzgynjak çaý demlärin.
Jumagül çaý başynda, başdan aýak bolan zatlary gürrüň berdi.
—A gyz, bu öýdäki albassy Arslana durmuşa çykaýsa men gije ýatyp bilmen, gündiz ynjalyp bilmen. Kakasynyň niýeti belli. Gyzyndan başgany gözi görenok. Ýo-o-ok men muňa çydap bilmen.
—Hm-m-m, sen näme et diýsene. Şo gyzy meň ogluma ber. Şonda gyzam uzaga gitmez. Öýüňem özüňe galar. Niçik görýäň?
—Wah, hany şeýdip bolsa. O gyzyň gürleşýäni bar diyip aýdyp otyryna. Kakasam garşy däl, gyzy näme diýse şony etjek. Men nädip seň ogluňa bereýin ony.
—Sadasyramasana, kaksyna nädip baranyňy unutdyň öýdýän.
—Ýuwaş bol gyz, tamda-da gulak bar. Men ony ölsün diýip etmedim. Aýrylylsyn diýip etdim. Ol wagt o ýerçekeniň işi, wezipesi bardy. Men nirden bileýin heleýi ölensoň alkaş boljagyny. Bilsem ölemde beýtjekmi men.
—Näme üçin edeniň-ä bilemok, ýene şoň ýaly doga-jady etmeli boljagyn-a bilýän. Ilerki obada bir aýal bar. Seni şoňa alyp gideýin. Özümem şu gün gitjek bolup hyýallanyp otyrdym. Geleniň gowy boldy.
*****
Ol hemişekisi ýaly ýyldyz sananok. Elinde uzyn ýüpler. Nireden tapanyny Alla bilsin. Olary bir-birine dolaýar, arasynda pyşyrdap bir zatlar diýýär, aýdyma hiňlenýär.
—Bu gün ýyldyzlar görnenokmy?
—Ýok, bulutlaryň aňyrsynda gizlendiler. Olar meniň umytlarym ýalydy, umyt ýok bolsa ýaşaýyşam ýokdur!
—Näme edýäň?
—Men bu ýüplerden köp zat örüp bilýän hat-da adamyň keşbinem.
—Şu wagt näme örýäň?
Ol bu soraga jogap bermän, özüçe bir zatlar samyrdady.
—Bir zat diýdiňmi?
—Hawa, saňa bir syrymy aýtjak.
—Aýt!
—Däliremek juda erbet zadam däl eken.
*****
Palçyň öýüne geldiler. Jumagül gapyny kakdy.
—Kapy açik, kiräber!
—Gürleýşi dagy nähili gyz muň?— diýip doganyna seretdi.
—Milleti başga, ýöne türkmençe bilýär, bar gir.
Jumagül salam berip içeri girdi. Palçy aýal köýnegine sygman oturan semiz aýal eken. Başyndaky ýaglygyň seçekleri ýüzüne düşüp duran, gaşlary goşulan, gözleri sürmeli, ellerine düşnüksiz simwollar çekilen, barmaklarynyň uçlary gyzyl hyna boýalandy.
Jumagüliň salamyna salam diýen manyda baş atyp, otur diýen manyda eli bilen düşegiň üstüni görkezdi.
—Aýtaber?
—Neme, dogan, men...
—Kyzyň üçün keldiň?
—Hawa, dogan bildiň. Şo gyzy doganymyň ogluna berjek. Ýöne gürleşýäni bar-da... Palçy Jumagüliň sözüni böldi.
—Kyz bilän şo oglän aýrylar ýaly etmäli?
—Hawa, onam biläýdiň-le dogan. Seni "Ölini direldip bilenok, galan hemme zady oňarýar" diýdiler.
—Dogry, ölen kişi direltip bolmäz, ýöne dirini öltürip bolar hyh-hyh-hyh —diýip, ýokumsyz güldi. Jumagül "Toba!" diýip ýakasyny tutdy. Gorkmanam duranok. Ýöne bet niýeti gorkudan öňe geçipdi.
—Dogan, çäresi ýokmyka?
—Indi sän mazarlyka bar. Öňiňdän çykan birinji mazardan toprak alyp gätir. Kalan zady söň aýtaryn. Kidiber.
Jumagül palçyň diýenini etmek üçin ir bilen oýandy. Sahy aga işe şaýlanyp duran ýerinden:
—Heniz obed bolanok, ýatyber!
—Hawa, maňa gürlemän gitseň işiñ oňuna bolmaz seň. Men bu gün öwliýä gidip beljek. Şoň üçin ir turdum.
—Hm-m, bolupdyr! —diýip Sahy aga çykyp gitdi.
Jumagül öwliýä baryp, öňünden çykan birinji mazardan toprak aldy, kiçijik haltajyga guýup agzyny daňdy.
Öwliýäden çykyp göni palçyň öýüne ugrady.
*****
—Salamälik dogan, girsem bolarmy?
—Käl! —diýip palçy ýene otur diýen manyda eli bilen düşegi görkezdi.
—Dogan, diýeniňi edendirin—diýip Jumagül jübisindäki toprakly haltajygy palçy aýalyň öňüne goýdy. Palçy haltajygy alyp gyrada goýdy-da, gapdalynda duran ak kagyzlaryň birini alyp:
—Kyzyň adyny, kakasynyň adyny aýt.
—Uzuk, kakasynyň ady Sahy.
—Hym-m-m, Sahy kyzy Uzuk.
Kagyzyň ýüzüne gara boýag bilen Uzugyň adyny, onuň aşagyna düşnüksiz harplar ýazdy. Bir zatlar samyrdap, okaýar. Soňra kagyzy ýakyp, külüni hälki topraga gardy. Soň içki jübüsinden kagyza dolanan, bir çümdük duz ýaly bir zat çykardy. Ýöne duz-a däl. Reňki altyn sarydy. Onam topraga garyp, taýýar edensoň haltajyga guýdy.
—Inä, şüni akşam kyzyň ýatjak düşekine sep. Üstünde bir akşam ýatsa, ýedi kündän söň netije körersiň.
—Hä, bolar! Wi-i neme...
—Kaýgy etme, ölmez!
Jumagül palçyny razy edip, begenjinden guş ýaly uçup öýüne gaýtdy. Gije ýatyljak wagty:
—A gyz Uzuk, aşhanada yuwulmadyk gap-çanaklar dur.
—Eje, men hemmesini ýuwdum.
—Men nahar diýdim. Bar ýuw!
Uzuk aşhanada gap-çanak ýuwýança Jumagül işini sazlap, Öz ýanyndan eden işine begendi.
Aradan ýedi gün geçdi. Uzugyň özüni alyp baryşy üytgäp başlady. Aşhana barmaly bolsa daşary çykýar, daşary çykmaly bolsa öýe girýär. Gyzynyň bu bolşy Sahy agaň gözünden gaçmady. Ýöne:
—Ýene Jumagül bir zat diýip, göwnüne degendir. Şoňa keýpi ýokdur! —diýip öz ýanyndan pikir etdi-de Uzukdan näme bolýanyny soramady.
Uzugyň ýagdaý gün-günden erbetleşip barýar. Gije birden oýaly-ukuly jaýlary aýlanýar. Gezip ýören ýerinde bir zatlar hüňürdenýär. Arslan ýadyna-da düşenok. Ýogsa Arslan oňa näçe gezek jaň etdi, gürleşesi gelenok. Bahana bilen öýlerine gelse-de Jumagül Uzugyň öýde ýoklugyny aýdyp, Arslanyň ýüzüni alyp goýberýär. Tikine-de eli baranok. Diňe uzyn düşüp ýatyberýär. Sahy aga gyzynyň bu bolşuna geň galdy. Gorkmanam duranok.
—Gyzymyň bu bolup ýörşi diňe Jumagüliň işi däle meňzeýär. Başga aladasy barmyka? Sorap göräýsemmikäm? Bir aladasy bolsa-da gyz maşgala, maňa aýtmaga çekiner. Wah, dertleşer ýaly ejeňem ýokda gyzym— diýip Sahy aga gynandy. Ýene göwni ynjalman gyzynyň otagynyň gapysyny kakdy.
—Gyzym, girsem bolarmy?
—Gel kaka! — diýip Uzuk ysgynsyz seslendi. Uzuk zordan ýerinden galyp, diwara ýaplanyp oturdy.
—Gyzym, näme bolýar saňa? Bir ýeriň agyrýan bolsa çekinmän aýt, men seň kakaň ahyry!
—Bilemok, hiç zada göwnüm ýok kaka! Ýöne ukym gelýär, ýer çekip barýar. Kaka men... men...
Uzuk huşuny ýitirdi. Sahy aga Uzugy gujagyna alyp ýaňaklaryna yuwaşlyk bilen şarpyk urdy.
—Gyzym, gyzym, aç gözüňi. Jumagül suw getir.
Jumagül suw getirdi. Gorkusyna elleri sandyraýar.
—Allajan, näme etdim men. Bu gyz men sebäpli ölüp gidäýse... Hi-i-i, toba, toba agzyňy haýyra açawer Jumagül. Palçy ölmez diýd-ä—diýip içini gepletdi.
Tiz kömegi çagyrdylar. Şepagat uýasy:
—Ysgynsyzlykdan huşuny ýitiripdir. Sanjym etdim, häzir sanjymyň täsirinde, ertire çenli uklar. Soñ özüne geler— diýip Sahy agany köşeşdirip gitdi. Ýöne Uzuk ne ertesi gün gutuldy, ne-de aňyrky gün.
Sahy aga nähili ýol tutjagyny bilmän Çary aga bilen maslahatlaşmagy ýüregine düwüp, olaryň öýlerine ugrady. Barsa Çary aga daşarda, gyzgynjak çaýy ýaňy öňüne alan eken.
—Essalawmaleýkim gardaş!
—Oh-ow, Waleýkimessalam! Sahy gel! Äý menem ýeke özüm içim gysyp otyrdym. Geleniň gowy bolaýdy. Hany geç, çaý içeli.
—Sag-aman otyrmysyňyz?
—Hawa, şükür Alla! Özüňiz nähili Uzuk gyzym gowumy?
— Çary, men-ä seň ýanyňa maslahata geldim. Näme işlejegimi, nähili ýol tutjagymy bilemok.
—Näme boldy beýle?
—Gyzymyň ýagdaýy alada goýýar. Aňy giden ýaly. Iş bilenem seri ýok başga zat bilenem. Ýöne süýünip ýatyr. Lukman çagyrsam ysgynsyzlykdan diýip, sanjym edip gidýär. Arada otagyny ýuwaşlyk bilen diňlesem, biri bilen gürleşýän ýaly, telefonda gürleşýämikä diýip seretsem elinde hiç zat ýok. Ýöne aýna bakyp bir zatlar samyrdaýar. Elinde depder, bir zatlar ýazýar. Soň aglaýar, yene bir zatlar ýazyp soňam gülýär . Näme etjegimi bilemok gardaş!
—Bäh, menem alada goýduň sen-ä. Uzukjan öz gyzym ýaly. Gözümiň öňünde ulaldy. Beýdip ýörse bolmaz. Ertiriň özünde haýal etmän Lukmana özümiz alyp gideli. Barlap görsünler hany, soňunam görüberdik.
*****
Arlsan Uzugyň ýagdaýyny kakasyndan eşitdi. Nämäň nämedigine düşünmän geňirgendi. Bir tarapdanam Uzugyň näme üçin özi bilen arany açanynyň sebäbine düşündi.
—Oglum, Uzugy ertir hassahana alyp gitjek bolýas. Ulagyň bilen eltip geläýseň-ä gowy bolardy. Ertir işiňden rugsat alaýsana.
—Bolýar kaka!
Arslan Uzugy görjegine begendi. Bir ýoluny tapyp gürleşmegi ýüregine düwdi.
Ertesi gün Çary aga Arslan bilen Uzugy alyp gitmek üçin bardylar. Sahy aga gyzynyň elinden tutup daşary çykdy. Uzuk zordan ýöreýär. Gözleriniň içgi gyzaryp, töwerekleri gögümtil bolupdyr. Ýüzi bolsa ak tam ýaly. Arslany görenogam. Görsede ýedi ýada seredýän ýaly seredýär. Arslan Uzugyň ýagdaýyny görüp, gözlerine ynanman doňup galdy.
*****
Hassahana bardylar. Uzugy barlagdan geçiren Lukman Gözel Ataýewna bu ýagdaýa özüniňem geň galýandygyny, içki organlarynyň ählisiniň sagdyn, hiç hili keseliniň ýokdugyny aýtdy.
—Gyzyňyzyň ýagdaýy nerwidenmikä diýýärin. Psihiki näsaglyk bolup biler. Men onuň bilen ikiçäk gürleşip göreýin. Siz daşarda garaşyň—diýip Sahy agany daşara ugratdy.
—Ine, ikiçägem galdyk. Gel tanyş bolaly men lukman Gözel Ataýewna. A sen?
—Men? —diýip Uzuk aňy giden ýaly jogap berdi.
—Adyň näme?
—Mährijemal
Bu jogaba Gözel Ataýewna geň galdy. Adynyň Uzukdygyny bilýärdi. Özüniň geň galanyny bildirmän ýene soraga dowam etdi.
—Mährijemal, owadan adyň bar eken. Onsaň sen näme iş edýäň?
— Adym Uzuk!
—Ýaňy Mährijemal diýdiň-ä?!
—Ýok men Uzuk diýdim, Mährijemal ejemiň ady.
—Ejeň nirede?
—Bilemok.
—Uzuk sen nämeler bilen meşgullanýaň, näme iş edýäň?
—Ejem öldi!
—Ejeň hassamydy?
—Men Arslany söýýän. Biziň iki sany öýümiz bolar.
—Arslan kim?
—Kim? Tanamok!
—Häzir Arslany söýýän diýdiň-ä?
—Ejemiň jorasy Jumagül... Men ýyldyz sanap otyrdym. Jumagül her gün ýatmaga gelýär. Şol gelip gidensoň ejem hassa boldy, öldi. Men agladym, uza-a-ak agladym, gygyryp agladym. Ýöne ejem meni köşeşdirmäge gelmedi. Näme üçin gelmedi hä? Näme üçin? Näme üçin hä? —diýip yzyny üzmän gaýtalap başlady. Gözel Ataýewna ony köşeşdirmek üçin ýanyna golaýlaşdy. Uzuk birden ýerinden turdy-da:
—Gelme, git! Gelme! Gelme! Eliň degirme, git! Ýok bol!—diýip eline ilen zady alyp zyňmaga başlady. Uzugy sanjym bilen köşeşdirdiler. Gözel Ataýewnanyň gumanlary dogry çykypdy.
—Sahy aga, gyzyňyzyň ruhy näsaglygy bar. Biziň elimizden gelýän zat ýok. Bulary aýtmaly bolýandygym üçin gynanýan, ýöne oňa Ruhy keselleriň hassahanasynda seretdirseňiz has gowy bolar. Bir kömek gerek bolsa arkaýyn maňa ýüz tutup bilersiňiz. Elimden gelenini ederin. Alla şypa bersin!
Sahy aga, iki elini ýüzüne tutup içigip-içigip aglady. Çary aga:
—Sahy, beýdip oturma. Sen häzir mert bolmaly. Men bar ýanyňda. Seň gyzyň meňem gyzym. Gyzymyz hökman gutular. Derdini beren Alla şypasynam berer. —diýip Sahy agany köşeşdirdi.
*****
Uzugyň Ruhy keseller hassahanasyndadygy Arslanyñ gün-günden ýüregine düşüp barýar. Görmäge barsa-da käte Arslany görüp ýylgyrýar, käte tananok. Arslan bu ýagdaýa çydap bilenok. Bir owadan gül ýaly aýap ýören, gelinim bolar diýip arzuw edip ýören gyzy hassahananyň bir otagynda solup barýar. Näme etjegini bilmän, bar gaharyny içgiden çykaryp ýör. Gijesi bilen dostlarynyň ýanynda içip-içip işinede gijä galyp barýar ýa-da umuman baranok. Arslanyň bu bolup ýörşi mekdep direktorynyň gaharyny getirdi. Ony ýanyna çagyrdy.
—Mümkinmi?
—Gel Arslan, otur!
Arslanyň üstünden içgiň ysy püňkäp durdy. Direktoryň hal-ahwalam soraşasym gelmedi.
—Inim, adam ýaly bolup gürleşäýjek bolýan welin bolup oturşyň nähili? Heý-de, şeýdip mekdebe gelinermi, şeýdip okuwçylaryň öňünde sapak geçilermi? Sen mugallym, okuwçylara görelde bolmagyň ýerine edip ýören işiň näme? Kakaňy sylaýanlygym üçin şu wagta çenli sesimi çykarmadym. Pyçak baryp süýege degdi. Ýa düzel ýa-da...
Direktor sözüni tamamlamanka Arslan:
—Işiňiz özüňize nesip etsin! —diýip gahar edip çykyp gitdi. Ulagyna münüp dostuna jaň etdi.
—Alo!
—Alo, gowmy dost?
—Serdar, nirde sen?
—Aý ýatyryn,kelle atylyp barýar.
—Kelle agyryny aýyrarys. Oglanlary ýygnaber, öýüňe bararyn. Oturmaga gideris, meň hasabymdan!
—Bor geläý.
Arslan yzyndan ýagy kowýan ýaly ulagy ýokary tizlik biren sürüp barýar. Göz öňünde diňe Uzugyň keşbi. Ýadyndan çykarmak üçin içýär, käşge haýry degse.
Arslana jaň geldi, ol ulagy şol sürüp barşyna telefony almak üçin ünsüni sowdy, öňünden gelýän ulagy görmän çaknyşdy.
*****
—Näme edýäň?
—Sen ýene geldiňmi?
—Seni göresim geldi!
—Her gün gatnap ýadamadyňmy?
—Ýok, ýöne bu gün men ýeke gitmerin. Senem alyp gitmäge geldim. Ýadyňa düşýämi, sen maňa biziň bilelikde bagtly boljagymyzy, ýöne öýümiziň aýry boljagyny aýdypdyň.
Ol sesini cykarman, ýylgyrdy-da:
—Däli bolmak juda erbedem däl. Men däliremäge gorkýadym. Gorkunç däl eken. Gaýtam hiç kimiň seň bilen işi ýok, hiç kim hiç zady geň görenok. Hezillik!—diýip pyrlanyp tans etmäge başlady.
—Men bagtly! Men bagtly! —diýip hiňlenýärdi.
—Gülüm, edil meň öýümiň ýanynda seňem öýüň taýar boldy. Gidelimi diýip elini uzatdy. Ol mylaýym ýylgyryp, elinden tutdy.
—Lukman, lukman 7-nji otaga geläýiň-dä —diyip şepagat uýasy howlukmaçlyk bilen gapydan girdi. 7-nji otagda Uzugyň jansyn bedeni iki ýana yranyp asylyp durdy.
*****
Uzugyň ýedisini sowdular. Jumagül iňirdäp Uzugyň eşiklerini düwünçege düwüp otyrdy. Birdenem köne eşikleriň içinden Uzugyň gündeligi çykdy. Jumagül bilesigeljilik bilen gündeligi açyp okamaga başlady. Başdaky sahypalar ýaş gyzyň söýgi sözleri, arzuwlaryndan ybarat bolsa-da soňky sahypalar Jumagüli gorkuzdy. Sebäbi gündeligiň soňky sahypalarynda bolan zatlar däl, geljekde boljak zatlar barada ýazylan. Okadygy saýy reňki ak tam ýaly agaryp, aglamaga başlady. Jumagüli agladan puşmanlyk däl, gorkusy. Sebäbi gündelikde Jumagüliň aýylganç ölümi barada ýazylandy.

Kiçijik söz soňy: Haçan öljegiňi bilseňem, ölüme çäre ýok. Diňe kaýyl bolmak galýar!

Aýsapar EMELOWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 97 | Mowzugy paýlaşan: ssaparay | Teg: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 4.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Мango • 15:46, 13.12.2022
geň galan ýerim: awtor hanym uzugy güýçli (ynandyryjy) ýazypdyr, arslany welin gowşak (ynandyryjy däl, kä hereketleri). umuman uzukdan beýlekilerine 3-lik 4-lik. uzuga - 5-lik.

"kiçijik sözsoňy" artyk ýaly. bir hili IMO stil akyl satma sözlemlerini ýada saldy.
osoňam düşünmedim: "Haçan öljegiňi bilseňem, ölüme çäre ýok...."
öljegiňi öňünden bilmek... ???
ölüm wagtyn-a bilip bolmaz, ýöne belki, ýakyn gelenini duýup bolar...
3 ýyzzyl.
üstünlikler!
avatar
2
2 ssaparay • 18:24, 13.12.2022
Sizden başga okanam ýok öýdýän. Hiç kim teswir ýazmandyr. Ýa teswirlerini maňa mynasyp görmedilermikä? sad
Kim okamasada mango okar, teswir ýazar diýip otyrdym. Sagboluñ! 3 ýyzzyl-a düşünmedim?
avatar
1
3 Мango • 19:21, 13.12.2022
esere baha berilýär, ýyldyzlar arkaly.
ýyldyzlar eseriň soňunda görünýändir.
menem saňa 5 ýyldyzdan 3 ýyldyz berdim.
bu erbet baha däl :-)
avatar
1
4 ssaparay_ • 12:56, 20.12.2022
yspasiwa :)
avatar
0
5 Bagabat • 14:54, 20.12.2022
Çuňňur tragizme eýlenen sýužet bolupdyr.
Göräýmäge, şablon personažlar - öweý ene, "zoluşka", aşyklyk, "mal nebsi" - jaý, doga-jady. Emma şuň ýaly wakalara mahsus elementlerden özboluşly, täsirli wakaň hekaýaty bolupdyr. Berekella.

Hekaýaň artykmaçlyklary:

Uzugyň tragizmi, bu personažyň keşbiniň ynandyryjylykly çekilmegi, kakasynyň ruhy "şowakörlügi", ejeliginiň özünden bolmadyga şepagatsyz ýowuzlygy, palçyň bezprinsipligi.
Ýyldyz sanalýan sahna.
Hekaýaň beýan ediş usulynyň gysbylygy - Megerem muňa Aýsaparyň goşgy ýazýanlygy ýiti täsir edýändir. Edebiýatda adatça şahyrlar iň gysga ýazýan ýazyjylar diýlip hasap edilýär.
Hekaýaň diliniň durmuşylygy, endiganlygy.

Hekaýaň owunjak kemçilikleri:

1. Käbir ýerlerde harp ýalňyşlyklary bar. Mysal üçin: heley - heleý, Çykda - Çyk-da we ş.m.
2. Hekaýany has-da kämilleşdirmek üçin sözlemleri mundanam gysgaldyp boljak. Mysal üçin: "Sen ýene geldiňmi? Göreňokmy, ýyldyz sanaýan." diýen sözlemi "Ýene geldiňmi? Göreňokmy? Ýyldyz sanaýan" diýen görnüşde, "sen" sözüni aýryp ýazmak bolardy.
Ýa-da "Ýyldyzlaram edil el bilen sepilen ýaly, seret" diýeniňde, "ýyldyzlaram sepilen ýaly, seret" diýip gysgaltmak, awtoryň aýtmakçy bolýan manysyny ýoýmaýar.
3.Awtoryň "kiçijik sözsoňy" hekaýaň tragizmini ýoýýar. Eger-de özüm bolsam-a aýrardym.

Meň pikirimçe, bu hekaýadan gaty gowy gysga metražly filmiň ssenariýasy çykardy.
Öweý ene bilen bagtyna ymtylýan gyzyň, dünýeden bihabar kakanyň tipiki obrazlary. Şowly hekaýa. Öňünden yzy gür gelsin.
avatar
0
6 ssaparay_ • 15:21, 20.12.2022
Sagboluň! Wagtyňyz boldugyndan teswirleriňizi ýazyp duruň! Şeýle kemçilikler ýazylýan teswirler gerek maňa! Ýene bir gezek minnetdar!:))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203