10:47 Darkaş | |
DARKAŞ Ol gör kimlere baş galdyrmady Ikilik edende ygrarsyz Erki. Ylgap baryp Nebsiñ döşünden urdy Giçdi. Kem-kemden peseldi ýüzüniñ görki. Saçynyñ tarlaram gaçyberdiler Yaý gaşlary ara açyberdiler, Gül ýüzüniñ reñki saralyp solup Didelerniñ nury öçüberdiler. Çydamady. Emiñ ugruna çykdy Gudrat bilen duşdy oña Ýagşylyk Ol şonda Erkine göz görkezýän deý Iñ esasam Nebse görkezýän deý göz Täzeden galkyndy Alkyşlar alyp. Erki derhal geçdi onuñ tarapa Ýanjan boldy gözi doýmaz Nebisden. Bir aýagy Onuñ ýanynda bolsa Bir aýagy yzyndady Höwesleñ. Yene de bolmady,ejiz biçäre Urundy Erkiniñ jylawyn çekip. Ah, höwesler ýene Nebse gowşurdy Ejiz Erki Onuñ jigerin ýakyp. Paýhasa ýüz urdy hemaýat isläp, Ol diñe dymýardy agraslyk bilen Şonda Umyt elin uzadyp Oña Diýdi: "Köşeş Erkiñ özüñki bolar!" Töwellaçy edip Umydy Erke, Käte güle basdy, käte-de küle Kä ýandy kä söndi özüni örtäp. Şeýdip ençe ýylyn edensoñ pida Erki jahyllykdan saýlanyberdi Akyly başyna aýlanyberdi Ynsan şalygynda täji-Ynsaby Ahyrynda çykdy has ýagty ertä. © Meñli AŞYROWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |