Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:16
Zerurlyk

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

ZERURLYK

Ýarty kofäm gözýaş bilen püre-pür,
Baglañ skeleti gyýylyp bakýa.
Keýpine saýdyñmy Sumbar her silde
Iç-içe bükülip, oýulyp akýa?!

Akýa umyt ýañagymdan tuş bolup
Aýnadaky salgym sudur titreýär.
Şeýtanyñ gepine gitmeýär adam
Adam öz hüýüniñ gepine gidýär.

Aýralyklar öldirenok ýüregi
Iç dökeniñ gyjalaty öldürer.
Sen sagdyn toklysyñ, emma ýakynlañ
Agsagyny tapyp ýüzüñe urar.

Zemin doñar minuslara çydaman
Sen doñarsyñ, öýkäñ içiñde gaýnar.
Hiç kim ahwalyña düşünmez. Olam
Señ duýgulañ bilen keýpine oýnar.

Aýna baksam, skeletim görüner,
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.
Bilemok soñumy, belki ykbalym
Bir uly üýtgeşmä çyndanam zardyr.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 214 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 24
avatar
0
1 Lacrymosa • 18:24, 24.02.2024
harika! 10 bal!
avatar
0
2 aygull • 19:16, 24.02.2024
Gaty gowy!10/10!
avatar
1
3 Medicall • 19:47, 24.02.2024
Bäsleşige gatnaşýan eserlerde göwün görmek ýokdur hormatlylar, her esere hakyky, hak edýan bahasyny bersek adalatly bolar.
Şeýtmesek jem jemlenende gürrüñli bolarmyka diyyan.
Ýagny jemlenişikde şu eser meniñki
bolup çykaysa "tanap etdiler" gürrüñler bolmasa gowy-da...

(dogry düşündirip bildimmikäm?!)
avatar
0
4 Küle • 20:11, 24.02.2024
6/10
avatar
0
5 garagar • 20:42, 24.02.2024
8/10
avatar
0
6 Mekan • 20:54, 24.02.2024
Belki onluk däldir. Belki mundan gowularam geler. Onda-da öñkülere beren ballaryma görä

10/10

Gowusy gelse oña-da iñ yokary ball menden. Beylekileñki reşayuşşiy bolayarda.
avatar
0
7 sussupessimist • 21:02, 24.02.2024
Mundan has guyçlendiribem bolardy. Çalynyan saz erbet däldänim, orkestrdäki sazandalar gurallaryny gowy sazlamadyk yaly.
5/10.
avatar
0
8 aygull • 21:08, 24.02.2024
3-nji teswir:ýüz göreniň ýüzi gurasyn, ylaýym
avatar
0
9 Kyyas • 23:20, 24.02.2024
Aýna baksam, skeletim görüner,
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.
Bilemok soñumy, belki ykbalym
Bir uly üýtgeşmä çyndanam zardyr.

Jemlemäni haladym. Gowy gördüm.
avatar
0
10 derwushhana • 01:28, 25.02.2024
Su wagta bayraga hodurlenen gosgulan in gowusy sumuka diyyan. Yzy gurelsin.

7/10
avatar
0
11 LegLek • 17:21, 25.02.2024
Indiwidual meňzetmelerini gowy gördüm.
Duýgulary goşgusynda gaýnap dur.
Ýöne, ykbalyň däl, ruhuň zardyr üýtgeşmä.

Awtora üstünlik!

9/10
avatar
0
12 Hyýalbent • 23:29, 25.02.2024
10/10
avatar
0
13 Мango • 03:08, 26.02.2024
Sen sagdyn toklysyñ, emma ýakynlañ
Agsagyny tapyp ýüzüñe urar.

tokly?
"agsagyny tapyp ýüzüňe urulmak."
kemiňi taparlar, ýüzüňe urarlar manysynda bolsa-da deňeşdirmede bir näsazlyk bar ýaly... ol "tapylan agsak" sürüň başga toklusy dälmi? tapyljak bolsa sagdyn tokluň kemini tapmaly dälmi?

---
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.

bagyň mazara meňzeşligi nirede?
mazar gorizontal ýere siňip ýatan zat.
bag - dikligine wertikal duran zat.
gyş ýapraksyzlygyny meňzetdimikä mazara?

---
Bilemok soñumy, belki ykbalym
Bir uly üýtgeşmä çyndanam zardyr
.

şujaşşa ýerini-hä haladym.
виктор цой görgüliň gyryk sesi bilen "мы хотим перемен" diýen sesi gulagyma eşdilip gitdi.

4/10
avatar
0
14 Mekan2 • 17:57, 26.02.2024
Äpişgeden baksam baglar mazardyr.

gubura gury töňňe dikýäler-ä (biziň obaň öwlüýäsinde edilenok şo (şükür)), şoňa diýýän bola:masyn.
avatar
0
15 garagar • 18:19, 26.02.2024
başda baglary sklete meňzedensoň, soňunda töwerek mazarlyk ýeri diyip düşündim men-ä.
avatar
0
16 Seýrаn • 20:29, 26.02.2024
Tuş, minus ýaly ýoknasyz sözleriň owezini soňky bendi dolupdyr.
6/10
Köne temalar.
avatar
0
17 Gerceknazar96 • 18:48, 27.02.2024
Baglaryň sklete meňzedilşini haladym ýöne özüni sklete meňzedilşini halamadym . 1-nji bent juda ajaýyp .Ýöne yzyndakylar o diýen däl. Jemlemäni has güçlendirip biljek şahyr. Umuman şu bäsleşige hödürlenen iň gowy goşgylaryň biri . Goşga berjek baham 8/10. Awtora döredijilikde ak ýol arzuw edýän .
avatar
0
18 sussupessimist • 19:08, 27.02.2024
avatar
0
19 Ak-sary • 19:28, 27.02.2024
Sussypes da:ýyñ suwraty gow ken.yöne şy "skelet"sözüni türkmençe ulansañam bolýarmy???
avatar
0
20 paragraph • 04:49, 02.03.2024
10/10
avatar
0
21 Мukam • 21:35, 02.03.2024
Goşgyda kemçiliklerini ýapýan tapyndylar bar, (käsi hutma-hut, kemcilikli tapyndy) goşgyny ýazyp bilýän emma halypalyga ýetmedik biri ýazypdyr.
avatar
0
22 Melike • 22:59, 05.03.2024
10/10
avatar
0
23 janjennet • 13:47, 13.03.2024
6/10
avatar
0
24 Gülkamat • 17:00, 21.03.2024
9/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203