Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:41
Täze ýyly nähili garşylasaň...

TÄZE ÝYLY NÄHILI GARŞYLASAŇ

Joram Altynaý bilen aýry-aýry şäherde ýaşaýardyk. Men mamamlara baran wagtym olara hem barardym. Şonda olarda ýöriteläp ýatmaga galardym. Ikimiz sataşsak,iň söýgüli pişämiz goşgy okaşmak,aýdym aýdyşmakdy. Onsoň wagt-pursat düşünjesi unudylardy. Biz gije ýatman, daňa çykanymyzy has soňrak bilip galýardyk. Altynaýyň öýlerindäkilerem biziň seýrek görüşýänligimiz üçinmi ýa-da bize gowy? düşünýändikleri üçinmi,garaz bir agyz zat diýmeýärdiler. Ine,onsoň täze bir radio ýaýlymda täze gepleşik başlanardy. Gepleşigi ýognasdan gelen owadan sesi bilen Altynaý alyp barardy,menem myhman bolan bolardym. Kä şahyr bolan bolsam,käte-de aýdymçy bolýardym. Soňra gepleşigi tersine,men alyp barardym-da,ol bolsa myhman bolardy. Birnäçe günden soň men ýene öz şäherimize gaýdyp giderdim. Ýöne Altynaý entek bir gezegem bize gelip görmändi...
Biziň bir endigimiz bardy,ýagny telefonda seýrek gepleşip,(asla gepleşmeýädik diýse-de boljakdy),birek-birek bilen poçta arkaly hat alyşýardyk. Bu diýseň gyzykly bolup,özüne görä ýakymly garaşmasy hem bardy. Altynaý käte iňlisçe-de ýazardy. Men düşünmeýärdim,özüme gaharym gelerdi. Onda-da sözlükleriň kömegi bilen haty terjime ederdim. Ýöne ahyrsoňy iňlisçe öwrenmegimi şeýle hatlar çaltlandyran bolaýmagy hem mümkin,garaz soňrak men öz-özüme beren sözümde durup,iňlis dilini öwrenmegi başardym.
Bir günem täze ýylyň öňi syrasynda men Altynaýdan hat aldym. Ol hatda meniň,öýmizdäkileriň hal-ahwalymyzy sorapdyr,ýetip gelýän täze ýyl baýramy bilen gutlapdyr. Onsoňam meni gülmäge hem-de geň galmaga mejbur eden şeýle habary ýazypdyr:
-Joram, sen bu ýyl täze ýyl agşamyny,ýagny sagat 12-ni nähili garşy almakçy bolýarsyň. Bu babatda serasap bolmagyňy maslahat berýän. Sebäbi 12-ni nähili garşylasaň,bütin ýylyň hem edil şonuň ýaly geçýär diýen ynanjyň dogrulygyna men öz durmuşymda göz ýetirdim. Nädip diýýäňmi?! Ine, şeýdip. Geçen ýyl ejem ataran palawynyň tüwisini salmak üçin edil ýarygije ony ýuwup durdy,ýagny ejem täze ýyly tüwi ýuwup durka garşylady. Şonuň üçinem bütin ýyl tüwi ýuwup,palow bişiri:p geçiräýdi-dä. Gel,biz bu ýyl täze ýyly talyplyk lybasynda geçireli! Elbetde meň bilen ylalaşjagyňy bilýän...”
Men haty okap bolamsoň,öňki kadamyzy bozup,Altynaýa jaň etdim. Onuň bilen hakykatdanam onuň aýdyşy ýaly etjekdigimiz barada gürleşdik.
Ine-de täze ýylyň öňi syrasy. Men gyzyl köýnek geýip,saçymy iki ördüm. Başyma-da mekdep döwrümde dikip goýan tahýamam geýdim. Elime bolsa synaga taýynlanyp ýören kitaplarymy alyp,balkona çykdym. Şol wagtam 12-niň jaňy kakyldy....
Soňra näme bolandyr öýdýärsiňiz?! Elbetde şol ýyl-a talyp bolup bilmedik,ondan soňky ýylam,ýene ondan soňky ýylam...Ýöne men täze ýyly talyplyk lybasynda garşylamagy dowam etdim,hat-da durmuşa çykanymdan soň hem iň bolmanda gyzyl köýnek geýerdim. Aý,garaz birnäçe ýyllardan soň täze ýyly garşylaýşymyz sebäplimi ýa-da nesibämiz çekipmi ikimiz hem talyp bolduk. Şonuň üçin siz hem synanşyp görüň! Elbetde beýle diýsem maksadyňyza bolan ymtylyşyňyzy,hereketiňizi ýatdan çykaraýmaň! Emma şol zatlaryň ählisini bitireniňizden soňam diňe ýekeje zadyň,ýagny şowlulygyň ýetişmän galýan wagty hem bolaýýar. Şol sebäpli-de täze ýyly garşylanyňyzda öz iň arzyly arzuwyňyza çakylyk ýollasaňyz,belki-de öňümizdäki ýyl wysala gowşarsyňyz... Geljek ýylyňyzyň nähili bolmagyny isleýärsiňiz?! Onda täze ýyl gijesini şonuň ýaly garşylaň!

© Meñli AŞYROWA.
Bölümler: Söhbetdeşlik | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 20:18, 20.12.2022
men täze ýyly gamgyn garşylaýan.
sebäbi köne ýyl demini sanap ýatyrka, nädip şatlanjak?
diňe ýedisini sowamsoň, täze gelen ýyla "hoş geldiň" diýýän.
näme-de bolsa gideni gaýtaryp bolanok.
ýaşasyňam gelip ýatyr, derrew täze öwrenişýän...
avatar
1
2 garagar • 13:22, 01.01.2024
Şeýle ajap teswiriň şanyna, täze yylyňyzy gyzgyn gutlaýan. Janyňyz sag bolsun!
avatar
0
3 Medicall • 13:36, 01.01.2024
@ garagaryda şu ilkinji ajaýyp teswiri we düýnki gutlag teswiri üçin maýor çini bilen sylaglanýar)))
avatar
1
4 janjennet • 18:53, 01.01.2024
bäää tüweleme. iňlisçäni menem soňky döwür owaz radiodan ilki türkmençe berilýän habary, soň iňlisçe berilýän habary köpräk diňläp öwrenmäge çalyşýan. netijesi erbedem däl ýaly. Gyzyl köýnek geýşiňiz ýakymly eken:) her kim bir hili seredýärdä, men-ä okuwa gatnaýanlary görsem içim gysýa.
Täze ýyly menem şatlanyp garşylap göremok, bellemägede höwesek däl. ýöne 1-nji ýanwarda her ýyl erbet içim gysýar. ulyil mamalarna gidýär. üç ýaşaýançam kän giderdim menem, garry mamam-babamyň(ejemiň enesi bn atasy) ýanyna.
avatar
0
5 Pero • 22:20, 01.01.2024
Mama-baba,ene-ataly ýatlamalar başgadyr-la
avatar

Старая форма входа
Total users: 203