Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:02
Toskany

TOSKANY

Gumaksy yodadan
Keypine ýöräp
Gidibersem
Ýöräbersem
Sebäpsiz.
Gowşarmykam sebäbe
Meni azara goýan
Meni awara goýan
Bu näbelli ykbala
Düşünermikäm?!

Düşermikam
Ýürekdäki gubara
Ýöräbersem
Serwileriñ deñinden
Dyz boýy otlaryñ
Içinden geçsem
Aslyma ýaranyp
Bilerinmikäm?!

Pellehana-öýjagaza
Owsunyp,
Tebil tapan göwnüm
Rahatlanarmy?!

Belki-de ezelden
Şol ýerde galan
Ruhuma sataşsam
Kim bilýär,mydam
Bir zady kem bolan
Dünýäm sagatlanardy.

Meňli AŞYROWA
Bölümler: Goşgular | Görülen: 94 | Mowzugy paýlaşan: Pero | Teg: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 13:03, 08.04.2023
Pellehana-öýjagaza
Owsunyp,
Tebil tapan göwnüm
Rahatlanarmy?!

Meňli hanymda kän gabat gelýän "öýe, öýjagaza".
***
"ezelden şol ýerde galan Ruhuma sataşsam..." - gowy gördüm. ruhlarymyzyň biynjalyklygy, umuman myhmanlygynda, myhmançylykdalygyndamyka? belki öýüne (öýjagazyna) baryp ynjalmalydyr.
***
adyna düşünmedim.
toskany - italiýada bir şäher dälmi?
avatar
1
2 Medicall • 13:40, 08.04.2023
Syrlyja goşgy.
toskani täsirlendirse-de Sumbar jülgesinden eziz däldir-le aýaldogan.)
Käwägt bir surat görseňem, öň gören gezen ýeriň ýaly duýgy berip bilýär, belki bu goşgyda güýçli täsirlenme esasynda dörändir. "ah, öýjagaz, wah öýjagaz, öýjagaz"
Üstünlikler!
avatar
0
3 EOL • 14:25, 10.01.2024
Iň soňky "sagatlanardy" sözi goşgynyň täsirine zeper ýetirendigine garamazdan, gowy goşsgy diýse bolardy. Çünki "sagatlanmak" diýip türkmen dilimizde söz ýok. sagalmak, gutulmak, aýňalmak, daýanmak, gurplanmak, ganymatlaşmak, bäri bakmak sözleri we aýratynlykda sagat sözi bar.
avatar
0
4 EOL • 14:26, 10.01.2024
emma muňa garamazdan gowy goşgy
avatar
0
5 Seýrаn • 18:23, 10.01.2024
Sebap onunden cykar. Sen yoraber arkayyn.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203