Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:19
Dillen...
DILLEN...

Goýbersene
Ellerñi däl läligim,
Ýüregiñe barýan ýollary açyp.
Gözelligñi meniñ yşgyma garyp,
Nur bolup ýag-da
Söygi külbämizi bagt bilen gapla,
Içersinem betbagtlyklardan sapla.

Ýazgar meni
Baglanmasam ruhuňa,
Eremesem señ alawly didäñde.
Men bir ömür ahmyr bilen geçerin,
Lezzetli posalar çilip almasam
Ilkinji hem...
iñ soñkuja gijämde.

Döret meni,
Başdan başla barysyn.
Dälilikden gutarsana aşygyñ.
Em et,
Dem et,
Bar şertiñe kaýyl men.
Ömrüm boýy mesgen eýlet gujagyñ,
Ýylyn,
Ýylat,
Üşeseñ köredip ýak!
Hiç öçürme mähir diýlen ojagyň!

Bu goşgy deý(mümkin goşgy däldirem)
Senem juda kadasyz.
Sähel söze
Öýkeleýän öýkelek,
Sähel sözde
meñ diýenme kökenek.

Gabanma diý—
Baram gabanaryn men.
Ýadyñdamy o-ol aýdan sözlerim:
"Gijeler başyñy goýup uklañda,
Ýañagyñ hem ýüpek saçlaryñ taryn
Akja ýassygyñdan gabanýandyryn..."

Ine, şeýleräk men.
Oturma geňläp.
Hemem saňa haýyşym däl buýrugym:
Öz wagtyňam,
Meň wagtymam,
Ötürme!
Ýyllaň,
ýelleň,
nätanyş elleň,
sypaýy, ýalançy dilleň,
humaryna aldanyp.
Meň wagtym ýok, bir salymlyk sabrymam!
Gabagyňy galdyrda,
Dillen!..

GÖZLER

Gözler...
Garaja gözler!
Ýok-la, goňurja gözler!
Ah, meni dertlere goýanja gözler,
Kowsaň tutdurmaýan oýunçy gözler,
Şöhlesini reňksiz dünýäme seçip,
Dünýäme röwş çalan boýagçy gözler.
Ýüregme hop beren dowulçy gözler...
Arzuwma dünýä deý dünýäler guran
Dünýäden bäş beter ýalançy gözler.
Her güni näz bilen raýym syndyryp,
Söýgümden elmydam dawaçyl gözler.
Heý, gözler owadan gözler,
humarly gözler...
Aşygny ýagyşyň gazabna berip,
Wadasyny biwagt unudan gözler...

MÄHRIBAN!

Sada gözleň gyzgyn mährini yzlap,
Ýollar sökdüm mähriban.
Elýetmez arzuwmyň jähtini isläp,
Derler dökdüm mähriban.

Döret diýdiň meň adyma senalar,
Senki iste gürlederin semanam.
Seň gymmatyň deňläbilmez jenanym,
Zerler çökder mähriban.

Elde bolsa dünýäň baýlygyn jemläp,
Bize garşy çykan dilleri semläp,
Giderdim seň bilen baryny gümläp,
Her ýer dertdir mähriban.

Men bu dünýäň köne Mejnuny kimin,
(Sen deý gyz kime düýş,
hyýaly kimiň)
Demiň howry edip jigermi dilim,
Lebleň öpdüm mähriban.

***

Ýollar uzar—
sabrym synagdan geçer,
Ýyllar uzar—
ruhum synamdan geçer,
"Myhman uzar"—
Adym zybandan geçer,
Ýöne bil senden geçmen!

Goý, uzasyn
ýollar yşgymdan ejiz,
Ölüm! Yşkymdan ejiz,
Hem Ol düşüner Eziz,
Sensiz Eremge geçmen.
Men senden geçmen!

Bagyşla! Saňa çenli sen dällerden
göwün suw içer,
kelläm ýerinden göçer,
joşgunum hetdinden geçer...
Ýöne soňra baram bir
Ýüregim o ýerlerden
Ylgap,
Dyzap,
Aýak ýalaňlap gaçar!

***

Entek sen "juda ýaş", doglaňok hat-da,
Emma bilýän dogularsyň meň üçin.
Meniň saňa duşaýmaly şol günüm,
Bilersiň sen dünýä geleniň neçün.

Men özümi saňa şeýle bagladym,
Sen onuň sebäbin gözlem diýersiň.
Sessiz gizlin "Ýarym!" diýip, aglasam,
"Erkek aglamaz-la. Döz gel!" diýersiň.

Bolar-bolmaz daňa çen kän samyrdap:
Ýüregiňde kä şatlygy oýaryn,
Kä ünjüler düzerin.
(Serhoş halym diňe sen-ä düşünýän)
Bir gün menem bulaň baryn goýaryn,
Seniň bilen bir düýşi görmek üçin
Başym başyňa degrip,
Demim demiňe öwrüp,
Bir ömürlik ukudaşyň bolaryn.

Kaýyl däl men "telefondaky sen"-e,
Pynhan duşuşukda gizlenen heňe...
Sesiň duýmak ajap–
Özüň duýmak welin humarly ejap.
Goýbereli "nika çaparyn" tijäp.

© Şyhnazar DURDYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 98 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Şyhnazar Durdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203