23:37 Gel, Söwda edeli Ezraýyl aga! | |
GEL, SÖWDA EDELI EZRAÝYL AGA! Gel, söwda edeli Ezraýyl aga! Azat bolmaldyr millionlarça jan... Zemini çüýreden gurçuklar barka Garyp agysyna neneñ çydaýañ? Degme, Gezsin garyp göwnün baýadyp, Halal ojagyna dowul hökmanmy? Ogul-gyzlaryna ýetişjek bolup, Olar onsuzam öýüne myhmandyr. Jahany bakylyk mesgeni saýyp, Göz aýla sen Hakdan bihabarlara. Dünýäñ her künjüni zaýalap ýören Baryp gaýt ýüregi harabalara. Sadalary gurda iým edip ýören Kän-ä ynsan geýmin geýinen tilki. Hemem kemäýseñ mugthorlañ neslini, Tapdan düshen ynsap daýanar belki. Tämiz çagajygnyñ Behishdi ysyn Ýañy koklan ejeleri aglatma! Ýa-da, ol, çagadan Jennetin alyp, Mähirsizleñ del ellerin galgatma! Ogullañ mekdebi, gyzlañ guwanjy-- Dillerinden "däde" sözün sogurma! Hem senden iñ soñky wajyp dilegim Atalañ arzuwyn aja ýugurma! Söz berseñ aýdanlam razylamaga Gel, söwda edeli Ezraýyl aga! | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |