Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:27
Söýgi... / hekaýa
SÖÝGI...

Söýgi...
Diňe Söýgi!
Hiç haçan şul söýgi diýip bir zady suratlandyryp bolmaýa!
Hemme zat–Söýgi!
Söýgi–Hemme zat!
Söýgi kimiň ölümi, kimiň başlangyjy...
Howwa, men şo-ol söýgä ynanýan, gadymy döwürde çoh bolan, häzirki zamanda nesli tükenip barýan Mejnunlardan...
ýene känlerden..
Ýöne Hemra bolmana çalyşmadym, ýo-ok, asyl çalyşmadym.
Söýdimmi? Söýdim.
Diňe seni söýdim.
Senden başgasyny söýmek hakda pikirem edip görmedim.
Häzirem şeýle...
Ýürek sen şuň bilensiň diýdi, şondan galanyna garagymy gapdym.
Sen maňa adaglanmandyň. Atalarmyz toýam tutmandy. Toýmuza gelen biri maňa, o-ol bir pylan şäheri salgy berip, göwnümi Saýada baglamandy.
Wah, seňem adyň Selbinyýaz däldi.
Meň adym welin teý Hemra adynyň gabadynda-da garşylaşarly däl.
Hany, dur, bu biziň söýgimiz asyl dessan däldi ahyry...
Durmuş...
Durmuşdy biziň söýgimiz.
Ýazanam, okanam durmuşdy biziň söýgimizi.
Körzehin durmuşdy uly göwrümli eserimiziň başyny başlap, soňyny soňlamakda zorlanyp, ikimizi başga bir gysgajyk kyssajygyň baş gahrymanlary edip goýan...
Ömrümiz gysga boldy.
Entek okalmankaň gadagan edilen eser bolduk biz.
Howlukdyk.
Juda howlukdyk...
Ilkinji gezek tanşanymyzda tanyşmana,
ilkinji gezek sulh alyşmana,
ilkinji gezek bakyşmana,
ilkinji gezek ýüreklermizi gürleşdirmäne,
ilkinji gezek aýalarmyzda aýalarmyzyň möhürini basmana,
ilkinji gezek duşuşmana,
(sen-ä bilmedim, men şol gün ýüregimiň tolgunmasyndan ýaňa inime hökmürowanlyk eden titremäni hiç unudyp bilemok. Maý aýydy, Güneşiň depäňi deşýän yssysynda men näler üşäp titräpdim. Seniň golaýyňa dykylyp baryp, gujagyma basyp, dodagymy dodagyňa ýetirýänçäm nähili aýylganç titreme bilen inimiň titränini bir men bilýän (birem sen bilýänsiň, belkem) ondan soň bolsa gowşapdym, birleşipdik, bedenlerimiz bir beden bolupdy, rahatlyk, dünýäden göçüp gidipdik az salym, yzymyza, dünýa dolanyp gelmek aňsat düşmändi ikimizede...) ilkinji posa, ilkinji gezek öpüşmek..,
ýene kö-öp gezek ilkinji gezekler...
Biz şol ilkinji gezeklere näler howlugypdyk.
Soňra... soňky gezek ilkinji gezek gözüň ýaşly duşuşyga gelmegiň,
(men şonda bildim gyz aglan mahaly hiç wagtam ejiz bolmaýan eken, gaýtam, bar güýji şo mahal jemlenýän eken, gyza aglaýarka ejizleme diýmek gör nähili ýalňyş eken, gyz aglanda güýçlenýän eken)
ilkinji gezek men şonda gowrulypdym gyzyň gujagynda, gözleriň ýaş akdyryp aglan bolsa, ýüregiň ot-köýük bolup aglapdy. Ýüregiň ýalynam meni gowrupdy, ýakyp-ýandyrypdy, külümem sowurman ony hem täzeden ýene gowrupdy. Gujagymdan aýrylman göz ýaşyňy çep egnime akytdyň oturdyň, akytdyň oturdyň...
Sebäbini sorajak bolsamam eliň bilen agzymy beklediň. Başyňy ýaýkadyň. Bir zatlar diýdiň(bagyşla ýadyma düşürip bilmedim). Ýene göz ýaş...
Kö-öp minutlar geçenden soň gujagymdan saýlandyň-da, ulydan demiňi alyp, göz ýaşyň çeşmesini beklediň. Ýylgyrdyň. Bir maňa seretdiň, birem kimdir biriniň gelmesinden heder edýän ýaly töweregiňe göz aýlap, aşak bakdyň, soň maňa gaýtadan bakyp ýöne gözlerime seredip bilmän: "Bagyşla" diýdiň.
– Näme üçin?
– Bagyşla...
– Näme üçin diýýäň, näme üçin bagyşlamalymyşym seni?
– Bagyş-şla-a...
– Bolýa. Bagyşlaýan... Ýöne näme üçin?
– Ýok... ýöne bagyşlasaň bolýa... sebäbini bilemok..!
– Bardyr... bir sebäbi?
– Belkem... bardyr ýöne men bilmeýän şo sebäbi.
– ...
Soň ýene sekuntlar gürledi, biz dymdyk. Soň sekuntlar dymdy, sen gürlediň.
– Gutardy bar zat... bar zat gutardy indi.
– Söz beripdiň-ä... senem ähti ýalanlardan boljakmy, aşygyňy dünýäde Jähenneme salanlardan boljakmy?
– Men hiç zat etmedim.
– Hiç zat etmedim?
– Howwa men hiç zat etmedim.
– Ýok sen hemme zat etdiň. Seniň gözleriň bar zady eden. Indem etjegini edensoň meni özüne zar goýjak bolýa bular. Senem şol!
– Men diýdimä hiç zat etmedim.
– Wahh... etjegiňi edip bolduň sen.
– Men enem-atamyň...
– Dur!.. Näme diýjegiňi bilýän. Haklysyň. Ýöne olaryň "aşyk bolany" mençe barmyka? Seni mençe tanaýarmyka beri? Söýgisin-ä diýjek däl, seni men ýaly diňe men söýüp bilerin! Oň gözleri meňki deýin seredip bilermikä saňa? Seň ýüregiňde näme gizleýäniňi gabagyň hereketlerinden duýup bilermikä ol? Seni bilip-bilmän öýkeledip, minutlar sagada ýetmänkä-de geçirim sorap aýagyňa dolanyp bilermikä men ýaly? Ýa-da, ol, doglan günüňe sowgat däl-de söz sowgat etmelidigini, üýtgeşik bir söz, köňlüň taryny kakaýjak bir del söz bilen gutlap soňra sowgat bermelidigini bilýärmikä, hä? Ol seni men ýaly...— damagyma dykyn geldi-de, gürlejek zadymy gürletmedi, zo-ordan yzyna ýuwudup biraz salymdan gürledim— ş-şol saňa men bolup bilermika?
– Ýok-k... ýöne men enem-atamyň närazy bolmasyndan gorkýan. Bar bolany şol. Indem başga zat sorama.
– Tanaýaňmy ony?
– Howwa, kiçilikden tanyş men oň bilen, ejem tarapdan bolýa. Ol öňdenem meni halaýady.
– Bäh, dogry gelipdir-ow seňki onda. Seni bagtly etjegine ynanýaňmy?
– Boldy başga zat sorama diýdimä!
– Bolýa. Sen halaýaň dälmi şony?
– Sorama diýdim.
– Men öýdäkileri ugradaýyn diýemde howlukmaly diýdiň, a oň üçin bolsa çalt tijenäýipsiň.
– Men tijenmedim. Tijeýäler. Bu öňdenem şeýle bolmalydy. Hossarlarymyz kiçilikden wadalaşyp goýupdyrlar. Maňa bolsa ol, saňa duşamdan soň aýdyldy. Eger men bu zatlary öňden bilemde saňa maýyl bolmazdym, beýdip kösenç çekdirmezdim...
– Ýok men kösenç çekemok, baryber şoňa, kösenç çekmerinem, soýgüsi üçin göreşip bilmeýän maňa altyn-zer, tylla bolsada, peri, melek bolsada gerek däl!
– Bolýa. Begendim. Kösenç çekmeseň meň üçinem gowy. Indiki durmuşymda seni oýlamazlygym üçin, seni otlara goýdum diýip özüme ejir bermezligim üçin bolsa hasam zerurdyr.
Ine, bar bolany, şeýtdi-de, tamam boldy duruberdi. Şundan soň menem, senem gürlemezlige ant içdik. "Hoş" diýibem bilmedik. "Git!" diýibem, "Gitme!" diýibem. Dursak durubermelidik emma islemedik. Men senden senem menden daşlaşmak, arany açmak isledik. Ýuwaşjadan ýöräp başladyň. Mensiz. Gitdiň... Gitdiň... Yzyňa garamadyň. Ýöne men bilýän elbetde, garasyň gelendir. Ýa maňa ýa özüňe ynanan dälsiň. Yzyňa garasaň ýene-de magnit ýaly sen maňa, men saňa ýapyşyp, dünýäden az salymlyk uzaklaşarys diýip gorkansyň. Oňardyň. Mert bolduň-da yzyňa garaman gitdiň...
Men seni söýgiň üçin göreşmäniň üçin aýypladym. Soňky sözümi ýüzüňi almak üçin, saňa iňňe edip sünjip galmak üçin ulandym. Indi-indiler şol pursadymyzyň gaýta berilmegini dileýän käteler. Hoşlaşmak üçin. Söýgiňe minnetdarlygymy bildirmek üçin. Bagt dilemek üçin. Soňky gezek ilkinji gezek gözüň ýaşyny süpürmek üçin. Oýuma getirip otursam ýaşyň egnime akytyp otyrkaň men seniň göz ýaşyňy ýeke sapar süpürip, köşeş diýmändirin. Özüňi gynama diýmändirin. Bagyşla...
Gidişiň şol gidiş. Ýolda yzda saňa gabat gelmek isleýän. Şonda diläp bilmedik bagtymy diläsim gelýä. Has dogrymy aýtsam, sen meňki däl indi, şonda-da seni göresim gelýä! Söhbet edesim gelýä. Durmuş saňa gülip bakdymy bilesim gelýä. Indi keşbiň sudury kem-kemden ýitip gidip barýa. Doly ýitmänka seni görüp galmak isleýän. Gaytadan janlanar ýaly. Gözümdäki könelşen owadan suratyň. Ýaşlygyň-a şoldur, ýygyrt düşen däldir ýüzüňe ýöne ýylgyrşyň öňkümi şony bilesim gelýä. Hernä ol ýylgyryş nurjemalyňy terk eden däldir.
Men bu günem sen hakda köpräk oýlanaýdym öýdýän. Aý, öz-ä her hün azalyp barýa. Şeýde-şeýde unudar giderin-dä seni. Mümkin. Ýok, gaýgylanma entekler unutmaryn. Belkem, unudaryn. Haçan bolsada bir gün. Haçan diýip sorama. Adam haçan öljegini aýdyp bilenokda...
Söýgümiziň birden tükenişi ýaly bulam şu ýerde tükendi duruberdi.

Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21588-soygi.html. 08.12.2022ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 105 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Şyhnazar Durdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203