Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:00
Sussupessimizm
SUSSUPESSIMIZM



Çyrşamana ak kagyza syýany,
Dözmeýän dek ýazýanlarmyň ugry ýok.
Her gussany ýazyp ýeňledip bormy?
Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok.

Çöregim şygyrdan berlenok ahyr,
Ýene neçün gola alýan galamym?!
Gümüne gitsin ol gije oýlary:
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn..."

Tebigat reňkini üýtgedýär diňe,
Garaşýas baharda symrugym geler.
Garlawaçdan başga gelýäniň ýokdur,
Ýyllar geçer gider "Bir gün"-ler bilen...

Aňlaýan geljekden orun tapdyrmaz,
Döwürden yzlygna bakan maňlaýym.
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

Dünýäň derdi-kederiniň soňy ýok,
"Gel, bu gün undaly yşkdan galanyn"
Ýyllar täzelener "Bir gün"-ler bilen...
Meni nostalgiýa gitsinler alyp,
"Indiki ýyllarda" düşmän galaýyn.

© Şyhnazar DURDYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Şyhnazar Durdyýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
0
1 ToylyOraz • 02:42, 20.04.2024
Говы эсер чыкыпдыр.. йоне созлерде башга миллетин Созлерин уланыпсыныз Олам Азажык лапы кеч этжек болуп дур.. говы гелян гошгынын гозеллигни йитирип гойберярмика дийян йоне гошгыда ыхлас ве захмет горуняр..!
Боля сонкы сетирлери жемлапсиниз ерине душупдир..

Отунч сораян годек, ялныш ве говшак ерлер ун,, отунжим ун суда чекмек герекдал йоне Говы гошгы Минеетдар!
avatar
0
2 Medicall • 08:49, 20.04.2024
@ToýlyOraz, näme ýazsañyzam ötünç soramak gerek däl, bizem juda sabyrly adamlardyrys,oýuna-çyna-da birleriçe düşüneris. Magtymgula degmeseñiz bolýar ýöne, Magtymgula baryp direýançäñiz towugyña tok diýmeris.)
avatar
0
3 ToylyOraz • 09:19, 20.04.2024
Охов Магтым гула Дегип Болаймазла..... Олар ялы агирде дегенин гозлери кор болсун..! Ин говы горян Угрум Магтымгулы шахыр.. Онун Бир сетирние манысына душунмек ун.. йыллар бойы. гуйчли. Магтымгулышынас.. я бир дин угурдан ылымлы Шахс гозлап ики сетирни жубимде готерян Адам.. Онын бир созинин манысыны тирип билсек биз ун арман екдыр..

Догры отунч сорамаклы меселам коплерин дилине душди.. Догры коп ерде годек гурлеян Созлерим сыпайы этжек болуп коп сынанышян йоне шондада годеклик дюлян ялы болуп дур.. Онунден отунч сораным Билен Мен йитирян задым ек Эгер коплерин йитирян зады болмаса.. Адамын Сабры долянча дережа етмезлигни исламок аслында.. Мен озими пак сыпайы горкезмек, я бир акыллы дийдирмек, ялы ене шейле максатлар билен Отунч сорамаклыгы, яраг хокминде уланамок.. Аслында озими говы гордирмеги дал йигрендирмеги халаян адам дп озиме баха берян.. Шондандыр менин коп ердаки "Багышлан", "отунч сораян" диймек билен айтян созлериме терс душунилмеги.. говсы Жемлайин.
догры душунерсиниз дп умыт эдян Эгер гошгулара Говшаклыгы ун пикир язылмагы мана гадаган болса Айламан гонирак эдип айтмасаныз Дуртмесен дуймаз дийилян туркменлердендирис айыплашман душникли дилде "ТойлыОраз агза сен пикирлен говшак язмак боланок" дийен ялы гони айдаверин!
Догры душуненниз ун Багышлан..!
avatar
0
4 Mekan2 • 09:52, 20.04.2024
Bäh!.. be-e... bir ýarty söz gözleýän... tapamok.
avatar
1
5 sussupessimist • 09:53, 20.04.2024
Meň adyma goşgy ýazylypdyr diýsene ))
Magistralny formasy gyzykly boljak bolupdyr, ýöne awtor doly sykyp almadyk ýaly.
Munça iş edilenine görä, bir-ä başaşa edibem bolardy (перекрестная рифма - abab)
birem galamym bn galanyn ýaly holostoý kapyýalar poeziýa gelşenok. Özüm-ä asylam kapyýa gurban bolmakdan geçip, içki ritm gözlenmeginiň tarapdary (poeziýa bolsun, proza bolsun, ikisine-de degişli).
näme üçin gowy goşgular gönümel birki ýola diňlän aýdymlarymyz ýaly ýatda galýar? Öz gowy görýän goşgularyňyzy daşyňyzdan okap görüň. Ritm!
avatar
0
6 Rowaç • 11:43, 20.04.2024
Toyly Oraz aga-da aýdypdyr, "keder" sözi bizde barmy? Ýa "dert" bilen tirkeseň bolýarmy? Awtor şony bilýän, bilgeşleýin edilen bolsa-da, okyja kän bildirmese gowy. Ýöne şeý diýseňem, käbir awtorlar halanok. Şondan üçrip, gaty gowy, ýazyp duruň, galamyňyz mydama ýörgür, pikirleriňiz ötgür bolgaý, ylaýym ylhamyňyz egsilmegeý!
avatar
0
7 Ak-sary • 11:46, 20.04.2024
Ezizowyñ tapan sözi bolmaly goşgynyñ ady.goşgy erbet däl.
avatar
0
8 Ak-sary • 11:47, 20.04.2024
Ak kagyza syýa çyrşamagam juda köp ulanylan sözlemlerden
avatar
0
9 sussupessimist • 12:54, 20.04.2024
teswir 7-ä:
ÝOK, meň adyma!!!))
avatar
0
10 Ak-sary • 13:19, 20.04.2024
9-a.owadanaý şu söz.hä adyñyz! )
avatar

Старая форма входа
Total users: 203