Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:21
Serhoşuň düýşi
SERHOŞUŇ DÜÝŞI

Men betnyşan däl!
Men diňeje beýlekilerden biraz—
owadan däliräk.
Hemem biraz däliräk.
Arzuwlarmam özüm ýaly deliräk.
Men asyr bilen deňiräk,
Ýaşym bolsa seniňkiden kemiräk...
Horlandygym saýy barýan öte semiräp...
Oturmada geňiräp,
Maňa meýdan yzlaşsana.
Oňa adam sygmasyn hiç
Bolsun emma adam kimin giňiräk!
Ýöräp soňna ýetilmesin,
Ýöne onuň çägi welin,
Göz ýetimden ötülmesin.
Yrananda ýykylmasyn,
Jaýam gurgun şeýleräk.
Bu gün-ä şenbe däl,
Ertir düýnki günden yzda,
Düýn nirede?
Şu dara-direde,
Uraýsaňda... arman...
haýpym gelýär elimdäki pile-de.
Geçersiň diýp ýollara
Gurnamadym hile-de.
Häzir tomus titreýärin,
Ýa men heniz çykmadymmy çilleden?!
Parran geçen kelleden,
Men gurşuny öldürdim.
Özüm ölmedim diýip,
Üstümdenem güldürdim.
"Ýok" diledim "Hawa"-dan,
Jyklady üçünji kişi.
Kimkän gulak gabardan,
Ýokmukan başga işi?
Senem eliň çermede,
Yzym bilen ýörsene.
Bu bezzatlaň bolşuny,
Agzyň bilen görsene.
Soňam yzyňa gelip,
Gözüň bilen gürlärsiň.
Onsoň barça baýlygyň
Bolarsyň täk hojaýny.
Mawzer kimin arlarsyň,
Arslanlary awlarsyň.
Soňam aňlarsyň...
Soňam aglarsyň...
Ýa-da keýpiň çaglarsyň.
Sen bilýäňmi ho-ol ýerde,
Selle geýen Papa bar.
Görjek bolsaň ertekä
Açylmaýan gapa bar.
Duşmanlarym gyýylar,
Tapylmasa çüýşejigme gapagam.
Gana meňzeş suwuny,
Damdyrypdyr köýnegme.
Ýogsam mende ganam ýok-la.
Dogulamda akydyp,
Göbegenem hapa ganymy ýoklan.
Üzümiň gany akýar,
Hany indi ýokmy-how,
Bir ýekeje gapajyk?
Çalýan ýok-la çapajyk,
Meniň oýnan roluma.
Könelişen donuma,
Sygyp baranok indi
Munça bolan täzelik.
Bu gün tomus, erte güýz,
A men bolsa belleýärin täze ýyl...
Bahar gelse merdemlener
Täleýim...
Men betnyşan däl,
Men diňeje beýlekilerden biraz—
owadan däliräk.
Häsýetimem däliräk,
Arzuwlarmam özüm ýaly deliräk.
Men asyr bilen deňiräk,
Ýaşym bolsa seniňkiden kemiräk...
Horlandygym saýy barýan öte semiräp...

© Şyhnazar DURDYÝEW
Görülen: 145 | Mowzugy paýlaşan: bayramgylychsapargylyjov | Teg: Şyhnazar Durdyýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 21
avatar
0
1 Medicall • 11:57, 08.06.2024
Aslynda däliräp, özüñden (başga bir dünýa gidip diýeýin ýagny) gidip ýazylýan zatlary gowy göryan. Hakyky eser, poeziya şonda döreyarmika diyyan. Ýöne bu awtoryñ öz aýdyşy ýaly "däliräk" bolsa-da rebiräk ikeni. Hany poeziya diýesim geldi. "Räk" -, ler køp bolansoñdyr belki munda.
Ýa men habarsyzmykam repem poeziya degişli edildimika hä? Şeyle bolsa gynanardym, poeziya poeziýa bolaysynda, galaysynda poeziyalygyna!
avatar
0
2 hanturebs • 13:07, 08.06.2024
@Nurdan hanym, özi RÄP diýmek poeziýa diýmek ahyryn. Ritmiki Ämerikän Poeziýasy. Rhythmic American Poetry
avatar
0
3 Medicall • 13:14, 08.06.2024
Ýok, hakyky poeziýañ dady bolmasa bolanok poeziýa. Repi her kimem ýazyp biler, emma poeziýany hakyky Şahyrlar döredip bilýar. biziñ poeziya amerikan poezi rep bolmasa gowyda. Başgalar boljak bolman biz türkmen poeziyasyny ýaýjak bolsak näder hä?! Başgalar, esasanam olaryñam ýaşlary gelişer gelişmez kabul edipdir diýip bizem kabul etmäge borçlandyrylan däldiris-a.
amerikan räp poeziyasyny negözel poeziyamyza deñämok özüma. Elbetde oñam repçiler üçin dady bardyr. Käbir repleri aýdanlarynda sözlerine haýran galýañam, emmaki hijem hakyky poeziýa deñäp bolanok olary. Hernäçe Poeziýa diyibersinler repe özleriçe, ýöne ol poeziýañ ornuny tutanok. Her bir rep ýazandan Şahyr çykmaýşy ýaly-da. Geliñ, öz türkmen poeziýamyzy döretmäge synanyşalyñ, iñ bolmanda hiç kime öýkenmani öz sesimizi eşitdirip biläýsedik-da bir usul tapyp!
avatar
0
4 sussupessimist • 15:50, 08.06.2024
Bu tekst poeziýadan beter - repräk eken.
Repi her kim ýazyp biler diýip, peseltmäň ol žanry, Nurdan hatyn. Bizdäki rep diýilýänleri, dogrudanam, her kim ýazyp biler, ýöne ol aslynda rep däl.
Hakyky rep iňlislerde, amerikanlarda bar - Kendrick Lamar, Kid Cudi, Eminem, Dave, Kanye West... orslarda Oxxymiron,  Луперкаль, Проект Увечье... şulaň "Роспечаль" atly albomyny dagy tapyp diňläp görüň, ýa-da Влади (Каста gruppadan) atly reperiň "Длится февраль" atly albomy bar...
Poeziýa, dogry, poeziýadyr, ýöne bularam poeziýadan peslär ýaly däl. Aýdym-saz bilen garyşyp giden aýratyn bir şahasy diýseňem bolýar.
avatar
0
5 sussupessimist • 15:58, 08.06.2024
Луперкаль-yň "Жизньзам" atly aýdymyndan (özüniň aýdyşy ýaly tiz okap, ýaňlanşyna üns beriň):

Разве этого хотел? Хотя, я ничё не хотел
Проще говоря, чтоб как у всех, ничего сверх такого
Много общих тем, ведь даже в тесноте не тесно тем
Кто привык, но вот, увы, тут брак оказался бракован

Пара скорпионов в одной банке – это про нас
Погасить кредит в грёбаном банке, счёт за свет, газ
Не вижу больше блеска глаз, в них просто свет гас
Груз фраз плюс вкус дрязг – минус чувства в нас

Я по лекалам жизнь хотел построить
Ты налегала на то, что расстроил
Потом, по ходу, незаметно нас вдруг стало трое
Так вот неприметно чей-то конь прокрался в мою Трою

Твердили мне: "Водки попей, твори безумия"
Чтоб ты страдала, как Помпеи от Везувия
Устал от этих эпопей, только слезу не я
Лью, ведь знаю, что тоска с любовью это в сумме яд

А у кого-то всё без червоточин:
Тачка, трое дочек. А у нас лишь пачка троеточий
Если что и точит, это то, что время тратил зря
Эта мысль бьёт, будто разряд, хотя забудем, впрочем

И опять мой путь куда-то вдаль, вон скатертью постелен
Снова холостяцкая еда, комнаты опустели
Это быль, в кроссовках подубитых вновь сырые стельки
Всюду пыль и как у педофила, крошки в постели

И ведь знал: долго идти по этому пути нельзя
Ведь моргнуть не успеешь, а уже зажмуришься
И на свете том жалеть будешь сам
Ведь итог: не жизнь была, а жизньзам...
avatar
0
6 Medicall • 16:11, 08.06.2024
Nurdan diyen sözüñ yzyna hanym, yene beyleki hijisi gelişenok, Nurdan sözüniñ bir özünde tutuş many jemlenen.))
avatar
0
7 Medicall • 16:14, 08.06.2024
Maksat, dogry, olar özleri bolsun, biz özümiz bolalyñ-da. Barybir öýkenibemä oñaromzok, olaryñ "negözel şahalarynyñ" işini görüp ýörler-a biziñkiler.

Bizem başgalara öýkünmän, başgalaryñ bize öýkenesi geljek şaha tapsakdyk, yada tapmaga ymtylsadyk käşgä.
Mena mydamam bir yagdayñ tarapdary: özüm bolmagyñ. Başgalaram okamaly, öwrenmeli, tejribe almaly, sapak edinmeli, geregiñi täzeçe işlemeli, emma ýene özüñ bolup ýaşamaly, döretmeli.
avatar
0
8 Seýrаn • 16:26, 08.06.2024
Bu ýöne hakyky rep bolupdyr, okap otyrkaň muňa düşünip bolýar. Ynha, şu ýokarda paýlaşylany goşgy äheňi bilen okap bolanok. Repe tarap gidýär. Gowy rep sözleri bar, poeziýa çalym edýän. Okalmasam kynrak.
avatar
0
9 Medicall • 16:31, 08.06.2024
Teswirde goýanyñyzyñ repinem diñledim. Sözleri erbet däl elbetde..
avatar
0
10 Medicall • 16:57, 08.06.2024
Ine rep näme:

"Rap - "kafiyeli ve ritmik bir şekilde sokak dili konuşmayı" içerir ve müzikal benzeri tarzlarda yapılabilmektedir"
Rap'in "Rhytm And Poem" (Ritim ve Şiir ya da Ritmik Şiir) veya "Rhytmic African Poetry" (Ritmik Afrika Şiiri) sözcüklerinin kısaltması olduğu görüşü yaygın olsa da aslında rap kelimesi, İngilizce sözlük anlamı olarak "ağır eleştiri" anlamına gelmektedir.

Füzyon türleri
Country rap.
Electro.
Emo rap.
Hip hop soul.
Hip house.
Endüstriyel hip hop.
Caz rap.
New jack swing.
avatar
0
11 Medicall • 17:18, 08.06.2024
Рэп — ритмичный речитатив, обычно читающийся под музыку с тяжёлым битом (см. также хип-хоп).

Хардкор-хип-хоп
Хип-хаус
Хип-хоп Восточного побережья
Хип-хоп Среднего Запада
Хипстер-хоп
Хорроркор

Впервые хип-хоп зазвучал в СССР из города Куйбышева в конце 1983 года, когда диск-жокей студенческой дискотеки «Канон» Александр А́стров совместно с местной рок-группой «Час пик» записал 25-минутную программу, которая вскоре разошлась по всей стране в виде магнитоальбома «Рэп».

Одним августовским днем в 1973 году на квартирной вечеринке в нью-йоркском Бронксе родился хип-хоп. С помощью двух проигрывателей ямайский диджей Кул Герк (Kool Herc), экспериментировавший с фанком и соулом, свел две пластинки, выделив и усилив удары барабанов — «брейки».
avatar
0
12 Medicall • 17:20, 08.06.2024
Şoñüçrip bizem dünýa medeniýetine, edebiyatyna bizden öñki medeniýetimize, edebiýatymyza goşant bolup öz aýratyn ŞAHAMYZ bilen girsegä gowy bordy.
Ine meñ bar aytmak islän zadym şundan ybaratdy.
avatar
0
13 Merdan • 17:58, 08.06.2024
Ýagny ene mamalarymyzdan arzylanyp bize ýetip gelen maddy dăl medeni mirasymyza hormat goýalyñ.
avatar
0
14 Merdan • 18:00, 08.06.2024
Sebăbi ol ýaşlarda watansöýijiligi we ýokary ahlak derejesini kemala getirmekde wajyp orun tutýar.
avatar
0
15 Merdan • 18:03, 08.06.2024
Göziñ bilen gürlärsiñ-ă bolýa diysede boljak welin bi agzyñ bilen eştmesi-hä meñ akyl ýeter çägimden gaty ýokarda ekeni. Ulalamda düşinerin belki kim bile.
avatar
0
16 aygull • 20:58, 08.06.2024
Okan wagtyň seňem seriň hoş bolsa, düşünibem bolar belki.
avatar
0
17 paragraph • 05:04, 10.06.2024
Abdy daýynyň "Hanymym" RAP-ny hem diňläp görüň. başyndaky " geň galarsyňmy, eger jähenneme gar ýagdyrsam?!" diýen setiriniň özi nämä degmeýä :)

biziň reprlerimiziň hem gowy repleri bar. repiň täsirli tarapy onuň saz bilen bitewileşip täsin bir sungaty emele getirmeginde...

Däli Dädäniň (Syke Däli) "toba", "bular bilenok", "gapy", "özüme" ýaly replerini hem diňläp görüň...
avatar
0
18 paragraph • 05:10, 10.06.2024
Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatyndan, arap şahyrlaryndan sözme-söz alnan pikirleri, Puşkiniň fransuz edebiýatyndan alan setirleri, Ezizowyň hem ýewropa edebiýatyndan gönümel terjime edilen jümleleri bar. (Kerim Hallynyň "Gorkmak gerek dälini" bulara goşamok) ÖZ ŞAHAMYZY döretmek üçin beýlekiler täsirlenenimiziň ýa-da şolaryň formasynda eser ýazanymyz aýyp däl ýaly. Edebiýat poeziýa tutuş adamzada degişli (bmşp).
avatar
1
19 Medicall • 07:35, 10.06.2024
17, 18 teswir durşuna meñ 3 nji hem beýleki teswirlerimden pikirlerimi giñeldip gaýtalap beripdir, sagbol, meñ aýdanlamy giñişleyyin ýazanyñyz we şolary aydayayyn diyip Edebiýat Kafesine ýörite gireniñiz üçin! (ine, men ýaly pikirde eken bu agzada)
avatar
1
20 Medicall • 07:58, 10.06.2024
Her bir goşga-da poeziýa diyilenok.

Sözüñ terbiyede, adam añyna, ruhyna, täsiri uly bolany üçinem ýazýan zadyña üns bermelimika diyyan, rep bolsun, goşgy bolsun hemmesem şeyle.

Poeziýa okyjyny jadylaýan ýaly täsir etmeli, oñ haysy žanry bolanynyñ tapawudy ýok. Hüwdi, gazal täsir edyar-a,biziñ ene, mama, ata-babalarymyzyñ ýaýradan şahalary, ana şonuñ ýaly-da...(Magtymgula akyl ýetirmek bize başartmazlay, ony geçiñ, olary bu repiräk ýaly gürrüñlere getirmek gerek däl!)

Şu postda goýulan bar-a, şony men doly okamadym, ýarsyna yetmankäm ýadadym. Gaytalap okamaga beylede dursun.
Ol poeziýaña däl, iñ bolman repem bolmandyra, repiräk bolupdyr.

Başga milletleñ ýaýradan şahalaryna aslyşyp zeper ýetirenimizden özümize şaha tapalyñ aslyşmaga ýörite.
Eger asylşjak bolsagam ibaly, medeniyetlije aslyşalyñ!
avatar
1
21 sussupessimist • 10:44, 10.06.2024
@paragraph, howwa, 17-de agzanlaryňyz erbet däl.
Men "Bizdäki rep diýilýänleri..." diýenimde - kä adamlaň Atabaýyň "Mährijemalynam" reçitatiw edip aýdýan bölegi üçin rap hasaplap ýörşi barada diýdim. ýa beýleki söýgi aýdymlarynda. Meselem, golaýda bir takside klip gidip durdy - Amaliýa bn S.Beater bir jaýyň kryşasynda rap okaýandyryn öýdüp durdylar
avatar

Старая форма входа
Total users: 203