Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:44
Jellat
JELLAT

Seredip oturşyma bir zatlary ýadyma saljak boldum. Geñ galaýmaly, hiç zat ýadyma düşenok. Uzynlygyna süýnip ýatanyñ ýürek urşyny barladym. Jany bar. Men näme bu ýerde otyrkam? Entek ýary gije. Menem ymyzganaýsam kem däl.
Düýşde düýş görüp bolýarmyka? Edil şu wagt dem alşym çalt welin benzini gutaran karbýuratoryn bolşyny ýadyma saldym. Näme bolsa-da, bir zady ýatlap bildim!?.
Men duzakdan boşan ýaly, ýeñil duýup başladym. Halys özüm hakda pikirlenesim gelýär. Kagyz bilen galam gözledim. Gündeki bolşum ýaly kagyza bellik edesim geldi. Ýene bir zatlar ýadyma düşdi, men günde bir zatlar ýazýan bolmaly.
Ýanymdaky ýatan samrap başlady. Näme diýýärkä? Gulagymy onuñ agzyna ýakynlatdym. Tanyş atlary samraýar. Bu adamyñ özi kimkä?
Men bir zatlar gözledim.Kyn düşmedi elim endik eden ýaly çekmäni çekip ýygşyran ýandepderçämi aldym. Ýandepderçe ulanýan we bu öý meniñki bolmaly!?
***
01.08.2022ý. Men şu gün işime ilkinji başlan günim. Hepdäniñ birinji güni. Gökden düşen ýaly işdeş ýoldaşlarym, meniñ göwnüme degýärler. Howlukmañ! Entek näme gördüniz? Öwrenşeýin gözüñizi akdyryn. Dogryda baranymdan howumy basdylar. "Mal" diýip kemsitmelerine çydamak gaty agyr. Bolsa-da başlygym gowy adam ekeni. Gelenden göwnüne degmäñ diýýär.
02.08.2022ý. Bu gün ilkinji derñew işim. Hassahana çagyryldym. Hassa agyr hassalar bölüminde. Hassa özüne gelipdir. Men sorag edip başladym.
Salam berdim.
Hassa gorky bilen ýüzüme seretdi. Bir zatlar diýjek bolup, jan edýär. Hassanyñ haly agyrlaşyp başlady. Men tizden lukmanlary çagyrdym. Hiç hili netije ýok. Hassany halas edip bilmediklerini aýtdylar. Oña näme bolandygyny derñemek kyn. Öz janyna kast edipdir. Näme üçin? Jogapsyz galdy. Işi ýapmaly boldum.
Meni iñkise gidiren zat onuñ maña bakmasydy.

Dogurdanam hakydama onuñ keşbi janlandy. Ony men tanaýan. Käbir keşpler gözümde janlandy. Ol kimkä?

Ol günde aşgazan keseli üçin kapsula içýärdi. Men onun kapsulasyny boşadyp içine karbit goşdum. Hiç-hili gümansyz öz janyna kast eden, ýa-da zäherlenme bilen öljegi belli ahyryn! Ýöne men mäme üçin beýtdim?

Ýan depderçäniñ gündelik eden işleri bellik edilmedik diñe bellik edilen seneleri gözden geçirdim. Men öz işimi doly berjaý edýänligim üçin belledimmikäm?

Dowamy bar...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 84 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Teg: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 10:23, 11.04.2024
Hekaýany bölekläp okamakda many göremok. Ýa  awtor ýazyp gutarmanka okyja ýetirmäge şo derejede howlukýarmyka?
Garaz, soňy ýok bolsa - boýkot!))
avatar

Старая форма входа
Total users: 203