Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:28
Duşuşmazlyk/hekaýa
DUŞUŞMAZLYK

Geçip barýan dükanymyň penjiresiniň öňünde saklandym. Salkynjak ýaz şemalyna ýuwaşjadan goşulyşýan saçlarymy düzedişdirdim. Birlaý üst-başyma howlukmaçlyk bilen göz aýladym. Göwnüme bolmasa öýde özüme gelişýändir öýdüp geýen köýnegim dükanyň penjiresinde betgelşik bolup göründi. Men köýnegimiň ýeňini biraz ýokary galdyrdym-da, etegini aşak çekişdirdim. Aslynda üýtgeýän zadam ýok welin, göwnüme köýnek başdakydan owadanlaşýan ýalydy. Meniň özüme serenjam berip durşuma gyzygan orta ýaşlaryndaky satyjy adam göwnüýetijilik bilen ýylgyrdy-da “gaty gowy” diýip, başam barmagyny galdyrdy. Öýden irräk çykanymdan soň “howlukman ýöräýin” diýen niýet bilen merkezi ýola düşdüm. Dükanlar hemişekisi ýaly sagat ýedä çenli açykdy. Içindäki satyjy gyzlar uzakly günüň ýadawlygyndan ýaňa göwünli- göwünsiz eýlä-beýlä geçýärdiler. Ana, olaryň biri eýýäm müşderisi saban hasapçy gyzyň egnine kellesini goýdy. Köçede bezemen ýaşlar hasam köpelip başlady. Olaryň garynja gatnawyna üns berip barşyma wagtyň geçdigiçe ýaşlaryň has köpelýändigi barada we köpeldigiçe-de olaryň öňküdenem beter ýaşarýandygy barada pikir etdim. “Eý, hudaý jan, ýa men garrap ýörmükäm?!” Howadan atyr ysy bilen garyşyk lüle bişirilýän odunyň ysy gelýärdi. Bagt öýleriniň birinden alyp baryjynyň gyzgyn gutlagy bilen göçgünli sazyň sesi eşidilýärdi. Hemme zat şeýle bir düşnüklidi, gyzyklydy. Ýaşlaryň gülki sesleri, howanyň lüle we atyr garyşykly ysy, şar we güller bilen bezelen bagt öýleri, uly şagalaňa beslenen gelnalyjylaryň içindäki garagol oglanlaryň lak atmasy-bularyň barysy meniň göwnümi göterdi. Birwagtlar ýitirendirin öýden toý baradaky tolgunçly duýgularym ýene meni gaplap aldy. Özümde-de şeýle bagtly pursatlaryň boljakdygy we gijrägem bolsa meniňem şeýle bagty ýaşap görjekdigim baradaky pikirler kellämde at çapdy. Ýöne şol pursaty kim bilen geçirjekdigim hakynda pikirlenenimde bolsa, tolgunmam öz ýerini oýlanma berdi. “Ýeri, şu wagt bir hiç zady pikir etme-de, şatlansana” diýip, öz-özümi begendirjek boldum. Ýöne netijesiz. “Ol nähili adamka, ulumyka, näme maksady barka, nämäni halaýarka, maňa düşünermikä?” diýen soraglar yzly-yzyna kellämi dörjeledi. Şol barmana deňimden geçip barýan çagajyklaryň biriniň elindäki şary “Paark” edip ýarylmadyk bolsa, soraglaryň kerweni hasam uzardy. Meniň tisginenimi aňan çagajygyň ejesi ondan aglamazlygyny sorady-da, burnuny süpürdi. Maňa “Bagyşlaň” diýip baş atdy. Menem oňa jogap edip ýylgyrdym-da, ýolumy dowam etdim. “Hawa, ol nähili adamka, ulumyka, näme maksady barka...” Birdenem kimdir biri edil yzymdan ylgap diýen ýaly gygyrdy. “Duraýyň-da” Men ses gelen tarapa öwrüldim. Hawa, ol hakykatdanam, ylgap gelýär. Uzyn boýly, garaýagyz, gelşikli geýnen ýigit howlukmaçlyk bilen salam berdi. Onuň eslije ylgany haslaýşyndanam bildirýärdi, men ýylgyrşymy gizläp bilmedim. Onuň garadan gyýk gözlerine şol ýylgyryş hem gyzyklanma bilen didämi dikdim. Ol meniň synlaýanymy aňyp, ýüzüni başga tarapa öwürdi-de, hal-ýagdaýymy sorady. Şol wagt ejemiň:”Hiç haçan erkek adama gönüläp seretme, utanjaň bol”diýen sargydy ýadyma düşdi. “Wagtyň geçmegi bilen utanmagam ýat boljak oguşýa” Özümi şeýle parahat duýşuma geň galdym. Alnymda duran ýigrimi-ýigrimi iki ýaşlaryndaky ýigit “eger ýaşlar umumy dil tapyşsalar” diýen teklip astynda gelen meniň durmuşa çykmaly ýigidimdi. O diýen görmegeý bolmasa-da, örän özüne çekijidi. Egninde edil iş wagtyndaky ýaly ak köýnek, gara galstuk bardy. Kim bilýär, belkem, onuň göni işden soň duşuşyga gaýdan bolmagam ahmal. “Onda näme üçin gök jalbardaka? Ýa bularyň işinde gara jalbar geýmek hökman dälmikä?” diýip pikirlenip durşuma onuň eliniň boşdugy gözüme ildi. Aňrybaşy gül çemeni bolmasa-da, birküç sany güljagaza-da monça boljak ahyry men. Ol eli bilen ýoluň aýagujundaky seýilgähi görkezdi. “Ýörüň, biraz gezim edeliň” Men razylyk bilen baş atdym. Ilkibada ikimizem näme geplejegimizi bilmän kösendik. Ol-a soňky döwür ýaşlaryň ulagy gaty sürýändigi barada aýtdy, deňimizden şuwlap geçen ulagyň içindäki oglana öz ýanyndan “alasamsyk” diýip sögdi, menem ýöne onuň bilen razylaşaýdym. Gürlemän, diňe makullaýjylyk bilen baş atyp gelşim ýigidiň göwnüni göteren bolmaga çemeli. Ol “Rugsat berseňiz” diýip jalbarynyň çep jübüsinden çilimini çykardy. Soňam maňa üns bermän çaltlyk bilen otlady. Onuň “rugasat berseňiz’ diýen jümlesiniň ýöne bir sypaýylyk ekendigine düşünmek meniň gaşlarymyň çytylmagyna getirdi. Ýöne men başardygymdan bu ýagdaýy oňa bildirmezlige çalyşdym. Sebäbi ejem aýtmyşlaýyn “erkek adamlar juda akylly zenanlary söýmeýärler” Onuňam üstesine deňimdäki oglanyň örän owadan ýylgyrşy bar ekeni. Men ol ýylgyrşy çilimini otlap bolansoň, ýüzünde duýdansyz peýda bolan wagty gördüm.
Ýaz günüdi, salkynjak şemal öwüsýärdi. Asmandaky çalymtyl-gara bulutlar ýuwaşjadan hereket edýän şemala : ” Tizlen, biz häzir ýagmakçy” diýip gyssaýan ýalydy. Men ýoluň gyrasynda kiçiräk oýuk bolup ýatan ýagyş suwuna göz aýladym. Gapdalymdakyň içini dolduryp, çilim çekmek bilen başagaý wagty meniň şol oýukda peýda bolan bulutlaryň suratyna seredesim geldi. Şol pursat üçin ädimimi öňkümdenem beter haýallatdym. Gapdalymdaky ýigit meniň oýukdaky bulutlary synlaýanymdan bihabar “Näme bar, nämä durduň?” diýip sorady. Jogap berip ýetişmänkäm, oýukdaky ýagyş suwunda şöhlelenýän bulutlaryň içine onuň ýaňyja soran çiliminiň galyndysy çümüp gitdi. Meni geň galdyran surat birden ýitdi-de, onuň deregine hapa suwdaky çilim galyndysy peýda boldy. Bu gezek maňa gaşymy çytanymy gizlemek başartmady. Ýuwaşlyk bilen kellämi ýaýkadym. “Ýok, hiç zat” Ol barybir meniň nämedir bir zada gynananymy aňlady, ýöne näme üçindigine düşünibilmedi. Şondan soň aramyzda ýene başdaky ümsümlik peýda boldy. Hiç kim bilen şu wagta deňiç umumy dil tapyp bilmänimden soň, bu dymyşlygyň günäkäri özüm hasapladym. Şol sebäpli ýagdaýy nähilem bolsa bir gürrüň bilen gowşatmak isledim. Özüme zor salyp ýylgyrdym-da, onuň näme kär edýänini soradym. Bolmasa ýigidiň bankda hasapçy bolup işleýändigini zol-zol gatnap duran ejesi her gelende dört gezek dagy aýdypdy.
-Men bankda işleýärin.
-Kim bolup?
-Şu wagtlykça-ha hasapçy-Ýigit köpmanyly ýylgyrdy-Soňunam görüberýäs-dä.
-Tüweleme! - Onda men galan ömrüme puluň aladasyny etmän ýaşasamam boljak-da?
Ýigit düşünmän ýüzüme seretdi. Çaltlyk bilenem jogap berdi:
-Puluň gürrüňi ýok.
Men sesli güldüm. Ejemiň “Sen puly köp sowýarsyň, ykjam däl” diýen igenji ýadyma düşünsoň, bir tarapdan ýeňilligem duýdum. Ýöne bir tarapdan, “Puluň gürrüňi ýok” diýen wagty onuň sesindäki ynamsyzlyk meni pula gyzygyp ýören samsyjak gyzjagazlaryň biridir öýdüp berlen jogaba-da çalym edip gitdi. Men pikirlerimiň haýsysynyň hakykatdygyna düşünibilmedim. Tanyşlygymyza eslije wagt bolandygyna we seýilgähiňem indi iki ädimlikdedigine seretmezden, ol meni gapdalymyzdaky restorana ýa kofe içilýän kafejiklere çagyryberenokdy. Bolmasa, seýilgähiň töwregi bolansoň, kafejikler köpdi. “Ýa uly bolanym üçin meniň bilen giresi gelenokmyka?’ diýen ýakymsyz sorag birden kelläme geldi. Gapdalymdaky ýigitden men alty ýaş uludym. Şol sebäplem onuň ejesi her gelende “Oturan gyzyň barka, aljagyň, onda-da biz ýaly ýaşajyk ogluna aljagyň bardygyna begen” diýen ýaly ýaňzytmalary edýän ekeni. Muny ejemiň öz dilinden eşitmesemem, aýal doganymdan ýa daýzamdan birki gezek eşidipdim. Ýöne ejemiň meni örän durmuşa çykarasy gelip, bu ýaňzytmalara göz ýumýandygy sebäpli dilimi dişlemeli bolupdym. Öz ýanymdan başgarak pikirlerem edýärdim. Meselem, käbir adamlar köpçülik ýerlerini halamaýarlar. Olar mähelläň az ýerinde bolanyny kem görenoklar. Gapdalymdaky ýigidiňem şol topar adamlara degişli bolmagy ahmal ahyryn. Belki, meniň bilen ikiçäk gezmeläsi, arkaýynlykda gepleşesi gelýändir diýen pikirimem ýok däldi. Men uludan demimi aldym. Ol seredip barýan ýaşlaryndan ünsüni sowup: “Ýadadyňyzmy?” diýip sorady. Men “ýok” diýip sypaýylyk bilen aýtdym. Şol wagt onuň el telefonuna jaň geldi. Onuň jaň sesine goýan sazyna göwnüm açyldy. “Edil atamyň telefonundaky ýaly” Ol “bir minut” diýdi-de, gyra çekildi. Ýöne onuň bir minudy “Alo, soňrak özüm aýlaryndan” aňry geçmedi. “Dost oglanlaryň biri-laý” Men ondan kimiň jaň edendigini soramandymam. Biz demir derwezeleriniň gyralaryny haşal ot basyp giden birwagtky seýilgähiň içine girdik. Kiçiräkkäm atamyň şu seýilgähe getirip, onuň içindäki Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan bir adamyň ýadygärligine aýlany ýadymda . Men şonda ilkinji gezek gahrymanlaryň, hatda, seýilgähde-de bolup bilýändigini gördüm. Ýöne sebäbine düşünmedim. Atam onuň sebäbini gahrymanlaryň unudylmaly däldigi we hemişe her bir ýerde ýatda saklanmalydygy bilen düşündirdi. Döwrüň üýtgäp durşuny diýsene. Şol wagt men ulalaryn we ulalan wagtym ýanymdaky ýaş ýigit bilen ýene şol seýilgähe gelerin öýdemokdym. Belkem, ol wagta çenli seýilgähiň galjakdygyna ynanan däldirin. Ýaşlar üçin täze-täze seýilgähleriň açylyp, täze-täze göwün açyjy kompleksleriň çykjakdygy çaga bolsamam göwnüme gelendir-dä, elbetde. Ýa-da belkem, seýilgähe diňe atalar bilen gelip bolýandyr öýdendirin.
Gapdalymdaky ýigit el telefonuny jübüsine salmaga howlukmady. Içindäki suratlary görkezmäge başlady. Aýratynam, maşgala suratlaryny ulaldyp diýen ýaly görkezdi. Men geljekki garyşmaly boljak maşgalamy gyzyklanma bilen synladym, ýigidiňem meni synlaýanyny aňdym. Ol maşgalasy barada başardygyndan gülküli şorta sözleri aýtmaga çalyşýardy. Men olaryň käbirine hezil edip, käbirine bolsa ýöne göwni üçin gülüp gelýärdim. Wagt bolsa şeýle tiz geçdi. Biz iki gezek dagy seýilgähi aýlanyp çykdyk. Seýilgähiň töwreginde ýaşaýan gök-sök satýan daýza bilen kömekçi agtygyndan başga bizi gören adam bolmady. Käwagt bir ýoluň düşäýmese, dagy köne seýilgähe başga kim girsin?! Men agşam düşenini bahanalap öýe gaýtmakçy boldum. Ikimiziň maşgala suratlaryndan başga üýtgeşik gürrüň etmändigimiz ýadyma düşende ondan çynlakaý soraga garaşdym. “Ýa sag bollaşan wagtymyz aýtjakmyka?” Ýöne ýigit sorag bermäge howlugyberenokdy. Gaýtam tersine, dostlary bilen nähili göwün açýandyklary baradaky täze bir gürrüňe başlady. Seýilgähden çykyp, merkezi ýola düşen ýerimizde gül satýan gelneje gabat geldi. Ol sebedindäki ähli gülleri satan bolmaga çemeli. Sebetde diňe üç sany-biri ak, beýleki ikisi gyzyl bägüller bardy. Meniň güllere ymtylanymy aňlan gelneje alkymymyza dykylyp geldi:
-Alyň, ynha, galanja güllerim. Biri üç manatdan.
Men gapdalymdaky ýigide soragly seretdim. Ol gelnejä:”Ýok, gerek däl” diýip kellesini ýaýkady. Ýöne ýamanja gelneje ýigidi şeýle goýbererli däldi:
-Wiý, o näme üçin? Ýanyňda bägül ýaly gyz bar ahyryn. Al, göwni göteriler. Men ýigidiň ýaýdanjaňlyk edýäninden utanyp, ol entek agzyny açyp ýetişmänkä “Hökman däl” diýdim welin, satyjy gelnejä egnini ýygryp, gyra çekiläýmek galdy. Birki ädimden yzyma öwrülen wagtym onuň sebetdäki bägülleri eline alyp, seýilgäh tarapdaky toý zalyna ugranyny gördüm. Onuň kem-kemden daşlaşýan gök köýnek geýnen dolmuş göwresine we uly edilip daňlan sary öýmesine, bir elinde göterip barýan sebedine naýynjarlyk bilen seretdim. Gapdalymdaky ýigit meniň güllere göwnüm gidenini aňlanyndanmy ýa ýöne gepbaşy bolsun edenindenmi “Utananogam bazarda bir manatdan satylyp durlan gülleri üç manatdan satmaga” diýdi. “Bir manatdanam ite dökün-laý” diýip, saçyny eli bilen darap goýberdi-de, ýüzüme seretdi. Ol meniň goldawyma garaşýardy. Ýene mylaýymlyk bilen ýylgyraryma, dilimi dişimiň aňyrsynda saklap, “Hawa, seňki dogry” diýip makullaryma garaşýardy. Ýöne bar garaşany biderek boldy. Men özümem doly aňşyrmazdan birden saklandym. Birbada dyňzap gelen gaharymy nädip ýuwutjagymy bilmän kösendim. Aýtmak isleýän sözlerim şeýlebir kändi welin, hiç dilim öwrülenokdy. Men nireden başlajagymy bilemokdym. Şu pursaty soň-soňlaram eden tamasy çykmadyk adamyň ruhy ahwalyna şaýat bolan wagtym köp ýatlasam gerek. Gözümiň öňünde ýyldyzjyklar peýda boldy. Soň olar kiçiräk çeşmä öwrüldiler-de, akyp bilmän, gözümiň içinde galdylar. Men agyr ýuwdundym:
-Size meni ugratmagyň geregi ýok .
Ýigit meniň ýuwaşlyk bilen aýdan sözlemime aňk-taňk boldy. Garaşmadyk borly. “Näme üçin?” diýip sorady. Men jogap bermegi ýerliksiz hasap etdim. Asla jogap beresimem gelmedi. Sesimi çykarman, yzyma öwrüldim. Göwnüme, ol yzymdan geläýjek, “A gyz, dursana” diýäýjek ýalydy. Ýöne on-on bäş ädimden yzyma bakanymda, onuň ulag saklajak bolup duranyny gördüm. Sürüji bilen gepleşip durşuna ol men tarapa kellesini öwürdi. Men ýene öňüme seretdim. Şol gidip barşyma nirä barýanymam doly aňşyramokdym. Ýoluň aýagujundaky duralga ýetip, ýene yzyma gözümi aýladym. Onuň henizem maşyn saklajak bolup duranyny gördüm. “Puluny ylalaşanok öýdýän” diýip, ajy ýylgyrdym. Ol ahyry bir sary maşyna mündi-de, gözden sumat boldy. Men duralgada esli wagtlap iki aýamy eňegime diräp, daş-töwerekdäki wakalara üns bermän, sessiz oturypdyryn. Öýe gaýdyşyn seýilgähiň ýanyndaky restorandan çykyp gelýän gök köýnekli, gül satýan dolmuş gelnejäni gördüm. Onuň elinde henizem şol üç sany bägülleri bardy. Gelnejäni ýanyma çagyrdym-da, bägülleri satyn aldym. Köçäniň ugrundaky garynja gatnawly ýaşlaryň arasyndan geçip barşyma gülleri doýmazlyk bilen ysgadym. Şol hereketim bilenem toýuň arasynda daşary çykan bezemen oglan-gyzlaryň ünsüni özüme çekdim. “Megerem, gülleri söýgülim sowgat berendir öýdýändirler” diýen pikir gülkimi tutdurdy. Gaty- gaty gepleşýän, seslerine bat berip, nämedir bir zady düşünişýän iki sany ýaş oglanyň yzynda hälki şary ýarylan oglanjygy we onuň ejesini gördüm. Olar bir gyrada kimdir birine garaşyp durdular. Kim bilýär, belkem, nämedir bir zadyň dawasyny edip duran şol içgili ýigitleriň biri o gelniň äri, çagajygyň bolsa kakasydyr. Men elimdäki bägülleri oglanjyga uzatdym. Ol gülleri çaga sadalygy bilen kabul etdi. Yzymdan oglanjygyň ejesiniň “Daýzaňa sag bolsun aýt, oglum” diýen haýyşy eşidildi.
Ýaz agşamydy. Howa maýyldy. Köçede ýyl-ýyldan ýaşarýan görmegeý ýaşlar gezim edýärdiler. Howadan atyr bilen garyşyk lüläniň ysy gelýärdi. Niredendir bir ýerden joşgunly saz bilen alyp baryjynyň göçgünli gutlaglary eşidilýärdi...we men öz ýanymdan ýylgyryp gidip barýardym.

Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 119 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Merw • 06:57, 28.08.2023
Tuweleme Bägül eliňe saglyk. Gowy ýazypsyň.örän täsirli ýasypsyň.
avatar
0
2 atayeva • 09:01, 28.08.2023
Sag bol minnetdar. Senden eşitmek geň boldy meniň üçin. Men-ä sen hekaýany halanyňda-da hiç zat diýmersiň öýdýärdim. Beýle däl ekeni
avatar
0
3 atayeva • 09:03, 28.08.2023
Menden şu bolan wakamy diýip soradylar. Ýok, edil meniň durmuşymda bular ýaly waka bolmady. Dogrusyny aýtmaly bolsa edil hemme ýerinde däl bolmagy mümkin, ýadyma düşenok, ýöne galaba "ýok" diýen jogap meniň özümden çykýar. Şo sebäpli aýtsam bu waka edil meniň durmuşymda bolan waka däldir
avatar
0
4 Мango • 10:29, 28.08.2023
Bägül hanym, Gahrymanyň ol özüne berilmedik bägülleri özi özüne satyn alyp bermegini haladym...
indi ýeke-ýeke bellikler:
1) Köçede bezemen ýaşlar hasam köpelip başlady. Olaryň garynja gatnawyna üns berip barşyma wagtyň geçdigiçe ýaşlaryň has köpelýändigi barada we köpeldigiçe-de olaryň öňküdenem beter ýaşarýandygy barada pikir etdim.

gaýtalanýan sözler gowy däl.
"köpelýändigi"-ne göz ýumsagam, "baradakylaň" birini aýyryp boljak eken.

Olaryň garynja gatnawyna üns berip barşyma wagtyň geçdigiçe ýaşlaryň has köpelýändigi, barada we köpeldigiçe-de olaryň öňküdenem beter ýaşarýandygy barada pikir etdim.

2) "atyr we lüle ysy"
...Howadan atyr ysy bilen garyşyk lüle bişirilýän odunyň ysy gelýärdi.
...Ýaşlaryň gülki sesleri, howanyň lüle we atyr garyşykly ysy, şar we güller bilen bezelen bagt öýleri...

3) "...şar we güller bilen bezelen bagt öýleri, uly şagalaňa beslenen gelnalyjylaryň içindäki garagol oglanlaryň lak atmasy-bularyň barysy meniň göwnümi göterdi."
waka giçlik 7-lerde bolýan bolsa, gelnalyjy nireden çykdy? ýa toý ýerine gelen ýaşlaryň bezelen maşynynyň gürrüňimi?

4) "oýuk, ýagyş suwy, bulut"
...Men ýoluň gyrasynda kiçiräk oýuk bolup ýatan ýagyş suwuna göz aýladym. Gapdalymdakyň içini dolduryp, çilim çekmek bilen başagaý wagty meniň şol oýukda peýda bolan bulutlaryň suratyna seredesim geldi. Şol pursat üçin ädimimi öňkümdenem beter haýallatdym. Gapdalymdaky ýigit meniň oýukdaky bulutlary synlaýanymdan bihabar “Näme bar, nämä durduň?” diýip sorady. Jogap berip ýetişmänkäm, oýukdaky ýagyş suwunda şöhlelenýän bulutlaryň içine onuň ýaňyja soran çiliminiň galyndysy çümüp gitdi.

5) oglan çilimini otlap, çekip, okurkasyny suwa oklaýan wagty gaty çalt bolup geçen ýaly. çilimini otlanyny aýdýar, şol iki arada ýerdäki suwda bulut synlajak bolup duran wagtam... suwa okurka oklanýar... bilmedim, täzeden okap görüň, ýöne wagt çalt bolup geçär.

6) "garynja gatnaw"
...Olaryň garynja gatnawyna üns berip barşyma...
...Köçäniň ugrundaky garynja gatnawly ýaşlaryň arasyndan geçip barşyma...

***
4 ýyzzyl menden.
nejis däl.
avatar
0
5 Мango • 12:39, 28.08.2023
“Geçip barýan dükanymyň penjiresiniň öňünde saklandym”.
Şu dükanyň penjiresini “witrinasynyň” ýa bolmasa “aýnasynyň” diýilse gowy ýaly...
avatar
0
6 atayeva • 13:39, 28.08.2023
Witrina gowy.
Aýna penjire
Eger mende mümkinçiilik bolan bolsa, menem pylanyňky ýaly 30 sahypa ýazsamam gazet zhurnallar çap edip duran bolsa, onda men türkmen dilini örän baýlaşdyrardym. Ýöne meniň dilimde okasy gelip türkmen dilini öwrenjekleriň sany birgiden bolardy. Dil ýazyjy şahyrlar bilen ösýär. Bir adam dili örän baýadyp bilýär. Muny edebiýatyň taryhyndan görüp ýörüs. Dili ösdürjek adama päsgel bermek bu şol diliň özüne päsgel bermekdir.
avatar
0
7 garagar • 14:28, 26.02.2024
gowy hekaýa eken
avatar

Старая форма входа
Total users: 203