08:41 Düýn bilen söhbet | |
DÜÝN BILEN SÖHBET Iñrikleñ süññüne siñen gussalam Ýok,siñenok gaýta yza serpikýär. Ahmyrlañ,armanlañ demine boglan Aýyñ öñün bulut tutýar,howukýar. Men ýitirlen wagtyñ agysyn aglap, Gijä galan otlym üçin ýas tutýan. Wulkan ýaly gaÿnap çykýan ýaṣlarmy Ýere düṣen ak garlarym ýuwudýar. Düýnüñ duralgasy yzda galsa-da, Ýeri,señki nämäñkilik diýsene?! Zol beýle-de kowalamak bolarmy Öñem düýne suwsan kalbym küýsedip?! Azmy näme öñem aldananlarym Arzuwlaryñ arman bolup dönmesi. Eýsem,göreñokmy düýnki deñlermiñ Bu gün gomparyṣan bolup ýörmesin?! Men-ä düýnüñ janly heýkeli bolup Olaryñ öñünde ýylgyryp durun. Olañ bolsa ulumsyja nazarny Indikime sapak edinjek borun. Umuman-a men düýnümden öýkeli Wagtymy elimden alany üçin. Zyñyp meni bir ýan,arzuwmy bir ýan Baṣyma aýralyk salany üçin. Ah,düýnüm,sen göwher ýüzügimdiñ-ä Arzuwlarym bolsa göwher gaṣlaryñ. Bu gün hol añyrdan golun salgaýar Saña sowgat beren gözel ýaṣlygym. © Meñli Aṣyrowa 12.11.12ý. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |