Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

22:33
Eneleñ ýüreginde
Eneleň ýüreginde

Eneleň ýüreginde
dertleri balalaryň.
Hyýallary, oýlary şol,
Başga ýük tutmaz orun.

Eneleň ýüreginde
gaýnar mähir çeşmesi.
Perzentleň ykbalyna
salar bagtyň keşdesin.

Eneleň ýüreginde
wagty ýokdur ýyllaryň.
Hiç bir dert höküm sürmez,
Yzasy ýok günleriň.

Eneleň ýüreginde
lowurdaýar al Güneş.
Özüni däl, çagasyn
oýlaýar soňa deňiç.

Ýeke yşk permany bar,
Ynsanlaň geregine.
Derdi bar, dermanyň bar,
Eneleň ýüreginde.

“Sen henizem maňa mäherm...”

Sen henizem maňa mährem,
Men entegem saňa eziz.
Emma, öýke göterýäris,
Ýüreklerde häli-heniz.

Bir-birekden uzaklarda,
Kalby daglap örüp ýörüs.
Tapman geçmiş suratyny,
Hyýallary dörüp ýörüs.

Biz ýat diýýäs ulus ile,
Tutup yşgyň ýeňsesini.
Kim tisginýär del adamyň,
Eşidende bir sesini.

Gizläp kesýäs bagtymyzy,
Ýogsa özgä sapyp bilmers.
Bilýäs milýon jemleýjiler,
Yşgymyzy ýapyp bilmez.

Men henizem saňa dözmen,
Sen entegem maňa eziz.
Ýüreklermiz ölüp duram,
Boýn almadyk häli-heniz.

Diňe sözler diwar boldy,
Arasynda iki kalbyň.
Berk namysy basyp durlar,
Gurbuň bolsa hany galgyn.

Ne-de gazyp kökün tapdyk,
Ne başyna ýetdik uçup,
Ah, bu sözler neneň beýik,
Aýlanybam bolmaz geçip.

Ýene ynsan ejiz gelýär,
Sen uzakda ýaglygyňy
ölleýärsiň, a men bolsa,
Ýazýan bilip ýazygymy.

Doňup durus heýkel ýaly,
Diňe döşüň tutup solun.
Ýeke ädim ädemizok,
Gyrasynda durus ýoluň.

Sen-ä bilýäň goluň kesseň,
Men kalbymy daglajagmy.
Maňa şum dert duşsa birden,
Bilýän dözmän aglajagňy.

Biz şonda-da boýun alman,
-Diýýäs, “Yşga pida gerek.”
Ýöne bizler howa ýaly,
Bir-birege juda gerek.

Ýeňil dälmi yşgyň bilen,
Ýaryň kalbyn nagyşlamak.
Bize şundan kynyrakmy,
Ýeke gezek bagyşlamak.

Ýalňyşanmyz bilýärisem,
Boýn almadyk häli-heniz.
Söýmegmizem bes etmedik,
Bir-birege bolup eziz...

Gerekmi şu, gerekmi heý,
Boýn almadyk, almarysam.
Wah, ýaşap ýörmek şu bolsa,
Belki indi ölmerisem.

Ahmet Arazow
Bölümler: Goşgular | Görülen: 41 | Mowzugy paýlaşan: Ahmet | Teg: Ahmet Arazow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203