Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:58
Deňiz we deňizçi
DEÑIZ WE DEÑIZÇI

Alysda görünýär gyzaryp şapak,
Ýetip bormy umytlary keminçä.
Ýolunam bilenok,
Bir gizlin sapak
daňylyp, ugruny berýär deňizçä.

Uzak menzil, ne peýmany ady bar,
Hiç zada hiç zat geçenok kepil.
Suw bilen köýdürer ne bir ody bar,
Ýöne ikuçsyzdyr boljagy sepil.

Çarlaklar gara-da bermeýär eger.
Guraksy sowuk, howasy Noýabryň.
Arzuwlary büdrär, daşlara deger,
Ýöne welin hiç zat tutmaz labyryn.

Ýelkenlerni ynjydanok ýellerem,
Deňiz, ýel bu gaýygyň hemdili.
Külterlense niçe menzil ýollaram,
Ondanam köpürak galan menzili...

Lagly-göwher asty, üstünde deňiz,
Eleýär, talaýar daşgyn diňinçä.
A ýöne erkini syndyrmaz, Heniz
nurly şapak görünýärkä deňizçä.

© Ahmet ARAZOW
Görülen: 32 | Mowzugy paýlaşan: Ahmet | Teg: Ahmet Arazow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203