08:46 Senli hyýallarym | |
Senli hyýallarym Senli hyýallarym neneň ajaýyp, Senli arzuwlarym neneň ýakymly. Üşedip, digdiräp bu sowuk dünýäň töründe galaýsam bolýar ýakyndy. Maňa bagt beripsiň ilden üýtgeşik, Hem tagt beripsiň yşgyň täji ile. Sarpalapsyň, hormatlapsyň örän köp, Bu derejä ýetip bolmaz paç ile. Mähir bilen bagş edipsiň yşk kölün, Teşneligiň nämeligin bildirmän. Juda köp gezipsiň mäkäm gujaklap, Bu ýollara ykbalymy dildirmän. Örän ezizläpsiň kalbymy aýap, Köp zada döz gelip göwnümi ýykman. Sen meniň ýerimi göge diräpsiň, Indem ýaşap ýörün ornumy tapman. Zeminde bar zatlar nätanyş maňa, Onuň tolkunlary juda akymly. Hem gödek hem sowuk onuň ýollary, Diňe senli hyýallary ýakymly. Gelnalyjy Gelnalyjy gelýär. Ol görünmän mese-mälim uzakdan, Ulaglaryň monjuk ýaly hatary. Olar arzuw, umyt bilen gelýärler, Ojagynda toý tagamyn ataryp. Gelnalyjy gelýär. Gündüz güne ýagty goşýar çyralar, Gaş galdyryp bagt gapysyn açarna. Ýigit otyr köpçülikde ýeközi, Garaşyplar biraz wagtyň geçerne. Gelnalyjy geldi. Bagtam geldi hatda köçäňe sygman, Bu öýde daşyp dur adam hümmeri. Çagalaň dynanok geldi-geldisi, Hem diýýärler äkiderler dilberi. Gelnalyjy geldi. Sussuň bilen egne kürte basyldy, Şu günüň hem ajy hem süýji örän. Ýolagçy otlusy ugrajak ýaly, Dyklyşyk hem-de zog, bagt, agy, perron. Gelnalyjy barýar. Alan ýaly uçgyraksyz dünýäni, Maşynlaryň kerweni hem gygyryp, ýitip barýar. Ol hatary köp eller ugratdylar ýüzlerine sylyşyp. Gelnalyjy barýar. Sen-ä gidip barýaň mährem öýüňden, Çykyp barýaň özge bilen birigip. A meen bolsa edil şojagaz pursat, Çykyp barýan gözleriňden syrygyp. Damjalar ýaňaga siňenok, taýýar, Sebäbi ýol bilen galnaljy barýar. Ahmet Arazow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |