16:55 Esger boljak şahyra | |
Haýry näme aýdylmadyk sözleriň, Ahyr - soň-da adam için dökmel-ä! Şonuň üçin şygyr ýazýan sen hakda, Käbir sözler menziline ýetmel-ä! Bir azajyk çekinjeňräk diýmeseň, Ýogsa sözler göwünlere azyk-la. Pespäl hemem sada göwnüň bardygny. Bir wagtlar sertirleňden aňdym-la. ,,Degişdim-le" diýen bolup käteler, Ýogam-a däl ýalanjykdan gülmäňem. Belki meniň göwnümedir bilmedim, Soňky wagt köpeldi maňa degmäňem. Bilýäň-ä sen, hopuganyňda munda Ýetişýänler galam bilen depder-ä! Ganatlaryn galgatmany uçýar ol, Özüň belet wagt atly kepderä Täze bir sahypa açylar nesip, Çünki borjuň, Kasam kabul etmeli. Bilýän şonda galkynjagny ruhuň Bolaňda Watanyň şahyr esgeri! 23:18 06.06.2023 © Enemähri GUWANOWA | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |