22:17 Ikimiziň aramyz. | |
,,Özgelere seretme" Diýsem gabanýamyşym. ,,Gabanamok men seni" Diýsem aldaýamyşym. ,,Boýnunajyk al indi... " Diýip başlaýar olam. ,,Gabanmaklyk aýypmy, Söygä berýär-ä tagam?!." Ine, şeýdibem başlar, Biziň köne dawamyz. Soňy öýkä-de ýa:zýar, Bozaýmasyn aramyz! Gabanjy ýok söýgini, Deňäp duzsuz nahara, ,,Bilýan, Gülüm, utanýaň..". Diýip goýýar gahara. Bilýär gabanýanymy, Emma aýdyp bilemok. Menem biraz kejirje Boýnuma-da alamok. -Gabanamok! -Gabanýaň! Çözülmedik dawamyz. Garaz nätjek şeýleräk Ikimiziň aramyz. 2020 © Enemähri GUWANOWA | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |