13:03 Her pursatdan bir setir | |
Ýüregim pianinonyň sazyny çalýar, ak-gara düwmejiklere basýan kimkä?... *** Ondan kebelejikleriniň ýagdaýlaryny soradym, ol: ,,Mende güljagazlar bar" diýdi... *** Öňler owadan ýylgyryşymyň bardygyny bilemokdym... *** Içime salan zatlarym dagynyk bolup gitdi, gel, maňa ýygnaşsana! *** Wendyden Piter Penini gysganýan Jaňjagaz men... *** Kagyz. Galam. Ümsümlik. Senli pikirler... *** Özümi ruh ýaly duýýan. Men olary görýän, olar meni görenok. *** Gyzyň näzini galam bilen çekmekdir şahyr bolmak... *** Şemally günde saýawanly ýöräsim gelýär... *** Ruhy dünýämde ýyldyrym çakýar, içimdäki duýgularyň galmagala sesi eşdilenok... *** Maňa saýaban beriň aýagymyň aşagyndaky ataş öçmesin *** Duýgularymy ele aljak bolma, gyzgyndyr, elini bişiräýme! *** Daşymdaky ýarganatlar içimdäki kebeleklerimi ürküzýär. © Enemähri GUWANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |